Arslan_Alaýew
11.11.2024 01:11
Wagt näme? Eger menden hiç kim bu barada soramasa, men onuň nämedigini bilýärin, eger soranlara düşündirmek islesem, onda men wagtyň nämedigini bilemok. Wagt ýaralary bitirýär. Awreliý Awgustin
Wagt hemme gizlin zatlaryň üstüni açýar, anyk zatlary, bolsa gizleýär. Sofokl
Pursadyň eliňdekä, ömrüňi bihuda tutma.
Tygşytly wagtyň duşmany kararsyzlykdyr.
Ýitirilen baýlygy zähmet, unudylan bilimi gaýtadan okamak arkaly dikeldip bolar, emma ýitirilen wagty hiç zat yzyna getirip bilmez. Geljegimiziň kepili şu gündür. Şu gün düýne gider. Düýnüň hiç gelmez. Eger şu günümizi tygşytly ulanyp bilsek, geljegimizden gorkmasak hem bolar.
Wagta häkim bolmak üçin öz pikir we eradalarymyza häkim bolmagy, öz-özümizi dolandyrmagy başarmalydyrys.
Wagty ganymat bil, ötse dolanmaz.
Wagt ýerine goýulmagy, yzyna gaýtarylmagy, satyn alynmagy mümkin bolmadyk bir zatdyr.
Wagt elinden tutup barýan çagaňa meňzeşdir. Ol hemişe yzyna bakmagy halaýar. Hulio Kortasar
Wagtyň çaly geçýändigi meni gaty gynandyrýar. Sebäbi ol geçmişi uzldýar, geljegi gysgaldýar. Haruki Murakami
Wagt barlygyň ýokluga bolan gatnaşygydyr. Fýodor Dostoýewskiý
Bu günki bir sagat ertirki iki sagada deňdir. Tomos Fuller
Iň uly ýitgi wagtyňy ýitirmekdir. Grigoriý Sowiç
Bu dünýädäki baýlyklaryň iň gymmat bahalysy wagtdyr. Seneka
Bihuda geçirilen bir sagadyň öwezini ýyllarboýy hem dolup bilmersiň. Rus nakyly
Wagt her kim üçin bir hili hereket edýär. Uilýam Şekspir
Wagtyň gadyryny bilýän adam iň dana adamdyr. Wiktor Suhorukow
Barlyk wagtsyz oňmaz, wagt hem barlyksyz. Artur Şopengauer
5
31
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.