Arslan_Alaýew
20.04.2024 07:14

"MENIŇ JORAM RUH"
2-nji jemleýji bölimi...



Soň kakam ýarawsyzlyk tapyp aradan çykdy, ol dowur ejem meniň ýaşymda ýaly eken, kakam aradan çykansoň ony enem dagy mamamlara akidipdir menem ýanda. Biz soň mamamlarda ýaşap başladyk. Mamamam ejemi kan saklaman başga birne durmyşa çykardy. Meni bolsa alyp galdy. Soň mamama ejeme meni äkit diýemde taze kakalygym iliň tohymy gerekdal diýip meni akelaýme diýipdir, şeýdip ejem meni oz ýanyna äkitmedi
Mamamlaryň hem gelni bolansoň meni mamam öz ýogalan kakamlara äkitdi, baryp eneme meni berip gaýdypdyr. Öz çagaň çagajygy öziňiz eýe çykyň diýip berip gaýtdy
Men ondan soň eneme eje, atama kaka diýip başladym Indi men ol öýiň agtygy däl-de gyzy ýaly ulandym
Aý gün basym salymda geçip gitdi. Men 20 ýaşadym orta mekdebi gutaryp orta hunarmen mekdebe okuwa girdim. Ol taýda men bir ýigit bilen tanyşdym. Ikimiz bir almany ika bölen ýaly meňzeşdik, bize kursdaşlarmyz ekiz hem diýerdi. Men ol ýigdi gowy gördüm, oda meni, biz gunde duşuşup başladyk goruşýardik, bile sapaklarmyza taýynlanýardyk
Ol meni öz ene atasy bilen tanyşdyrdy. Men onyň ejesin goremde ol eje meniň üçin iň mahriban ejedi
Wagt bolsa geçip durdy bir gun ol ýigit meniň telefonym görjek diýip aldy we onyň ýuzindaki kiçijek çagajygy gorup sorady
Men bolsa bu men, men ol wagtlar bolsam iki üç ýaşymdadym diýdim. Ol ýigit ol suraty alyp portret etdirjek diýdi, menem alaý diýdim...
Birden gapy ýene jygyldady. Gorkmasana. Soň Meniň ruh joram gorkma ol meni salmaga gelen ýigitdir diýdi
Men
- nämeeeeeeeeeee
- gorkmasana
- Gorkmaz ýalymy, öýi garyndaşlarňyzdan doldyrdyňa
Yzyny çaltjak aýtda ol ýigdiň hem alda meni terk et
Ýogsa-da ol ýigit barde name işleýar ýa oda ruhmy
- hawa, ruh oda bu ýagty dunýani menden sahel sagat öň terk etdi.
Aýtsana oňa näme boldy
Meniň ýigdimi awtomobil kakdy
- dolygyna aýt bolmasa men duşunemoga
- bolýa
- Ol meniň suratym portret etdirip öýlerine eltýär we maňa görkezmänkä ony ejesine görkezýar
-Eje geljekki gelinligiň çagalyk dowrine seret, mosalajyk ekeni diýýar
Ejesi suraty eline alyp göni ýykylýar we
- jan oglym, başga haýsy gyzy saýlasaň saýla ýone bu gyz diýme, diýip özelenip ýalwarýar, bu bolsa alsama şo gyzy alaryn bolmasada hiçem öýlenmen diýýar
- ýöne ol gyzy alma
- eje suraty gorup ýone alma diýip dursyňla duýnjik öziň oňa okuwňyz gutar gudaçylyga barjak, oglym sen ýaly gyzy saýlanyna begenýan diýip durdyňa, a bu gün name boldy
- oglym bu gyz seniň uýaň, bu gyz meniň gyzym, men muny 20 ýyl mundan öň öz aradan çykan kakasynyň öýine zyňyp gaýtdym, seniň kakaň iliň tohymy gerekdal diýensoň taşlamaly boldym, senem duşun senem indi uly oglana, saňa öz uýaňy gelin edip alyp berip bilmena
- eje, meniň ömrümiň kulin asmana sowurdyňa, men indi bu wakany gyza nadip aýdaýyn diýip eline portredi alyp gelip, maňa bar zady aýtdy we okuwy taşlap daşary ýurda gitjekligin bu namysa çydap bilmeýänini aýdyp ýanymdan ýola ýöredi, uly ýolyň gyrasy bolansoň kelle başaýlowda ýoldan gelýan uly ýük maşyny gorman maşynyň aşagyna duşdi, gözimiň alynda gowy gören ýigdimi maşyn kakdy.
Men onsyz ýaşap biljek däldim, ol diri hem bolsa bize bu dunýede ak pata berjek ýok
Soň menem dükandan banka ýapýas diýip uksus aldymda ýüzim ugryna ony içdim
Galan zady bolsa sen öziň bilýäň
— indi men näme etmeli
Sen öýe bar we men hiç hili oglan üçin içmedim, meniň gowy gören ýigdim maňa barmagyny hem degirmedi, men guldende päk, we ol saýlan ýigdim meni aljak diýip aldamady ol bar zada meniň üçin taýyndy, uly toý tutyp gelinalyjy maşyny gygyrdyp, at çapdyryp, göreş tutdyryp hatda it ýaryşyn hem gurnap ulydan toý tutmagy meýilleşdirýadik, ýöne maňlaýmyza ýazylan keç ykbal bizi aýra saldy
Sen öýe barda bar zady ejeme kakama aýt, goý olar bilsinler, meniň arassalygym
- seni almaga gelen hossarlaryň içinde bir gyz gaty erbet çirkin ses bilen aglady ol gyz kim
- ol gyz meniň joram, ol bar zady bilýar, joramyň meni ölüme elten sebaplerden hem azda kande habary bar, sebabi men uksus almaga gidemde oňa jaň edip - menden razy bol, meniň saýlap seçen ýigdim öz doganym bolyp çykdy, bize bu dunýede birleşmek ýok men onyň ýanyna barýan diýdimde trupkamy goýypdym
Sen meniň haýyşymy ýerine ýetirermiň!?
- hawa
- minnetdar
104
125
Arslan_Alaýew
19.04.2024 13:12

MENIŇ JORAM RUH"
1-nji bölimi...



Işden öýe gelenim hem şoldy welin, renimasiýada işleýan tanyş gyzlaň biri jaň etdi
- Agyz öýdemi?
- hawa şu wagt gelip durşym
- joramjan şu gün gaýrat  etde ýekeje gün maňa derek gijeki nobotçy duryp beraýdä, müdürim jogap berenok, kursdaş joram toý edýar şoňa gitjek
- ýadowdym nadip gije smene durarkam
- şonsyz hem ýatyp baraňok, gaýrat edaý, soň menem işiň çyksa duryp bererindä
- erte bolanokmy
- ýok şu gun
- bolýa
Täzeden eşiklerim geýip işe ýöredim
Smenin alyp, işleri bir laý edip çykyncam gije 11 töwerek bolypdyr
Asuda işde otyrdyk welin daşardan agy gatyşykly sesler gelip başlady.
Ýerimizden turyp nasagy kabul etdik.
Bu günki nasag 19-20 ýaşlaryndaky gyzdy. Ol gyz sirke(uksus)  içip ölümiň bari ýanynda hasahana getirlipdir.
Derrew aşgazanyny yuwyp etmeli zatlaryn etdik, nasag damjaň aşagynda demin sanap ýatyrdy, sagat gije 2-3 töwerekläpdi. Renimasiýanyň içi dymdyrslykly.
Bu gyzyň elinden tutyp damaryndaky ukolyn edip durdym. Ýadow bolamsoň aralygynda irkilenim duýman galdym.
Birden gulagyma ses eşdildi
- Agyz jora, ukol edip hem otyrma, peýdasy ýok,
Ziňkillap gitdim
- waý sen kim
- men seniň ukol edip otyran gyzyň ruhy
- goý kellani çaşyrma, ýadowlyk düýşe ornaşdy öýtýan
- ýok duýş däl, sen maňa kömek etmeli
- ruhamy
- bedeni ruhy terk etdi, indi peýdasy ýok, sen meniň öýmize gitde meniň aýdan zadym etsene
- agyz men siziň öýüňizi nirden tapaýyn, onsoň hem nameüçin uksus içdiň ejeň kakaňa ýuregiň gyýlanokmy, oglan üçin dagy uksus içip
- siz lukmanlar derrew ýaş gyz uksus içse ýa ölse oglan badyr diýip düşunýäňiz, durmyşda ondan beter zatlar hem  bar ahyry
- hany maňa başdan gurruň ber...
- bolýa, aýdaýyn ýöne, soň maňa kömek edermiň
- howa soň kömek etjek: —diýenim hem şoldy welin kärdeşim girip
- ukollaryny aýyr, boljak iş boldy, nebir gyzy elden gidirdik azajyk irräk getiren bolsalar beýle bolmasa bolmazdam welin gaty giç getirdilerdä ...
- ýok lukman bu gyz ölenok men ýaňja-da gepleşip durdym, Alla bar gepleşip durdym
Lukman ýylgyrdy-da
- onyň endamy sowyk, onyň ýogalandygy eliňe bildirip dur, dem ýok, pulsy ýok
Hany taýynla ölini hossarlary alyp gitjek bolýar
Lukman bu gyz maňa bir zat gurruň berip durdy, siz girdiňiz welin ol symzyýat bolaýdyda
Lukman başyn ýaýkady-da bol onda çaltrak diýip çykyp gitdi
Ol gyzyň hossarlary gelip ala zenzele edip aglap alyp gitdi, olaryň içinde bir gyz has beter ýer bagyrtlap aglaýardy, göz ýaşym saklap bilmedim, ýaş ölüm bolansoň adam bary gelipdi.
Iş wagtym dolyp öýe gaýtdym gelip hiç  ynjalmadym, ol ruh maňa name aýtjak boldyka onyň arman çeken zady nämekä?...
Uzyn gün hysyrdap öýiň işi bilen başagaý bolyp geçirdim
Garaňky gatlaşdy. Ýatar wagt boldy welin ir gözinden ýerime geçip ýataýynla diýip öz otagyma geçdim
Otagyma girip bulaşyp ýatan kagyz böleklerin ýygnaşdyrdym, olary eýläk beýlak saýhallaşdyrdym.
Ýöne men her hereket edemde golaýjykdan alynýan demi eştýardim, diňşirgäp durdym, ol dem ýok, ýene kagyzlaryma, kitabyma guýmenýan welin ol dem has hem güýjeýär
Ahyr
- hany görün, bukdaklap otyrmada, diýip oňa ýüzlendim
Ol dymdy
- ýeri ýeri bolýa, gorun gözime, demim bilen dem alyp durşyň eşdip durna
Ol ses ýene ýitdi
Ýerime geçdim
Kitaba guýmenip, ýadadym we elime telefonym aldym. Telefonyň ýagtysyna bir zadyň ustume awanyp duranyny aňdym
Aý senema çalt çyk näme meni gorkyzjak bolýamyň, birden işik çygyldady, ýerimden turyp işigi ýapyp ýerime ýöränim hem şoldy weli şalkyldap äpisgamiz giňden açyldy, öýe giren salkyn howa bilen bir kolegani ýene aňdym ýöne gygyrmadym, aý gorkmadym, nadip gorkjak görýanim wampirli ruhly kino, işim hem gunde gan we iriň, ýara, öli, diri.
Ýerime geçip ýatdym, irkilipdirin, birden golaýjygymda biri haşlap dem alýar, ýene ziňkillap turdym
- sen bara Ruh meni infarkt berdirýaň, hany gorunsene: - diýdim
107
172
Arslan_Alaýew
19.04.2024 07:04

SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA



Bu başdan geçirmeler bir ýigdiň söýgi taryhy. Men ony kagyz ýüzine geçirip bermegimi haýyş etdi. Men doga kemislikli bolamsoň koplenç wagtym hassahanada geçyadi. Öýde bolýan wagtymdan hassahanada bolýan wagtym örän köpdi. Öýe myhman diýen ýalydym. 2015-nji yylyň noyabr ayynyň ayaklarydy, men ýuregim gysyp line açdym we oňa girip başladym
Line daşary yurtda okaýan doganlarym bilen  habarlasmak uçin giripdim. Inede gunlerde bir gün, birden meni linede gruppa çakylyk geldi, ony kimiň ugradanny hem bilemokdym, özim taze giremsoň line içine kan duşunemokdym, oňa kimiň salanyny hem  bilemokdym. Men şol gruppada Medine diyen bir gyz bilen tanyş boldym. Men onyň bilen kan yazysmadym, we onyň nomuryny aldym soň men onyň bilen hat alyşman jaňda gepleşip başladym. Şeydip gunler geçip durdy. Aradan köp wagt geçmesede men eýýam ol gyza gowy öwrenişdim, oda maňa, birdenem men oňa
- Medine men seni gaty goresim gelyardä: diýip  aytdym
- menem seni göresim gelýara: - diýip jogap berdi
Dekabr ayynyň 18-ine irden, onyň bilen Aptegiň oňunde duşuşmaly etdik. Bellenlen gunimize çenli mende ýurek galmady diýen ýaly, hiç gunler, sagatlar  geçmeze döndi. Bellenşen gunumiz men yarym sagat dagy ir bardym, Medinä garasyp durdym. Men oňa garaşyp  durkam, birdenem yagys yagyp başlady. Men bir jaýyň ygyşykrak ýerine geçip  garaşmamy dowam etdim, men köp garaşmaly bolmadym, soňam ol geldi Ikimiz yagyşyň aşagynda bileje yorap, onyň okaýan mekdebine çenli bileje ýöräp gitdik soň men Medine mekdepden çykyança garasdym. Mekdepden çykansoň men ony oylerine çenli ugratdym. Ýolda biz  çalaja yorap, ýagyşdan soňky arassa howadan dem alyp çalaja ýöräp, ondan mundan gurruň edip ýöräp gaytdyk. Biziň duşuşygymyz gunde şeýle tertipde gaýtalanyp durdy. Indi menä onsyz, ol hem  mensiz oňyp bilenokdy Biz şeydip gunde diyen yaly goruşyardik
Bir gezek ony görmage baramda akja gar yagypdy, biz şonda Medine bilen soygimiz hem  akja gar yaly owadan bolmagyny dilapdik. Günlerem örän calt geçyadi. Söýgi adamyň ruhyna şatlyk paýlaýar diýseler öň ynanamokdym indi öz başyma duşdi welin guş ýaly asmanda gaýyp ýoren ýalydym
Men oňa bir gün oydakileri  ugratjagymy aytdym, ol hem  yok entak men mekdebi  gutaraýyn, ondan soň  ugraday diydi menem bolya diyip onyň bilen ylalaşdym
2016-njy yylyň may ayynyn 13-ine, men ýene hassahana girmeli boldym, men operasiya boldum. Operasiyam hem örän şowly geçdi. Medine günde bir  bahanajyk  tapyp yzymdan gelip  giderdi Iyul ayyna geçemizde men hassahanadan sagaman  çykdym. Men gelemsoň öyde kiçirajik huday yoly etdik Medinanem oňa çagyrdym oda geldi. Okaýan mekdebimiz aýra hem bolsa meniň Klasdaşlarym bilen bile gelipdi. Medine meniň klasdaslarymy, menem Medinaň bar klasdaşlaryny tanayadym. Ol geldi öydakiler menden Medinani soradylar menem olara bar zady aytdym, onyň bilen gurleşyandigimi ony halaýandygmy, halaşyp ýörenmizi aýtdym
Öýdakiler garşy bolyp durmady, gaýtam Medinani hemmesi halady, sebabi ol öran alcajykdy, hemde eýjejikdi, owadanja gözlerin guldurip gülende, ýuzine seredip ganyp bolanokdy. Men oňa mydama ýylgyryp gulup gez diýýadim Şondan köp wagt geçmanka Medinaniň ejesi biziň söýgumizi bildi, gurlesyanimize, halaşýanmyza ol garşy çykdy, ejesi biziň söýgumizi kesmegimizi Medina aýdypdyr, oda diňe şo ýigit diýip duransoň, Medinaniň meniň bilen duşuşmagyna biziň söýgumize garşy boldy. Onyň ejesine diňe baylyk yokarrakdan wezipelije ýigit gerekdi, mende bolsa olaň hiçisam ýokdy, yone mende Medinani bagtly edip biljek söýgi bardy ony bagtly etjegime mende ynamym bardy. Medinaň ejesi meniň yuregimiň agyrylydygyny bilip hasda bu işe çynlakaý garap başlady we bir gün ol maňa
-  senyaly mayyba, kesellä gyzymy dözemok, men ony saňa  bermen el çek  diyip maňa käýýäp käýýäp Medine meniň ýanyma duşuşyga gaýdany bilip ony yzarlap, ýanymyza gelip alyp gitdi
 Şo wakadan soň men hiç Medinäni  görmedim, jaň etsem "bu nomer ocurulendir diýip operatyr aýtýardy" Men naçe ony gözläp öýlerine barsam olaryň öýleri gulplydy,Men ondan soň Medinani ejesiniň nira akidenini bilemokdym, soň onyň okaýan mekdebinden gözledim, ony o taýdan hem çykarypdyrlar, onyň nira gidenni ne mugallymlar ne klasdaşlary maňa aýdyp bilmedi. Ýaşaýan ýerlerinden gaty uzak wagt geçmankä  goçupdürler. Men ony gozlemedik yerim galmady, iki ýana alakjap ýördüm,  öňumden çykandan diňe şony soraýardym Emma Medineden entagem habar yokdy
110
162
Arslan_Alaýew
18.04.2024 22:01

Ata pendi. Bolan waka.



Gadym zamanlarda bir goja iň soňky demini sanap ýatan pursatlary ýeke dikrary bolan ogluny ýanyna çagyryp, pent beripdir:
— Oglum, saňa üç wesýetim bar, durmuşda şolary berjaý etseň, hor bolmarsyň. Ilkinji nesihatym, hiç haçan hiç kime öňürdip salam bermegin, ikinjisi, her gün agşamlyk gandu-şeker ýaly süýji tagamlary iýgin, üçünji pendim, her gün saba säher öýden çykanyňda täze köwüş geýip — aýakgabyňy täzeläp çykgyn.
Goja bu sargytlary perzendine aýdyp, „ýurduny täzeläpdir“. Oglan atasynyň maslahatlaryny geňräk görse-de, aýdyşy ýaly etmäge başlapdyr. Adamlara ilki bolup salam bermändir, agşamlaryna nogul-nabat süýji zatlary iýipdir, her gün täze köwüş geýipdir. Ýöne näme üçindir, bu ýagdaýlar ony hor bolmazlykdan halas etmeg-ä beýlede dursyn, asla ähli babatda kyn ýagdaýa salypdyr. Goňşy-golamlar bilen sylag-salamly gatnaşygy kesilipdir, agşamlaryna iýýän süýji tagamlary saglygyna ýaramaz täsir edipdir, her gün täze aýakgap çalyşmagy bolsa, onuň „jürüni dikip“ barýarmyşyn.
Ahyry ol ýigit bu zatlardan irip, ejesiniň ýanyna baryp derdinipdir:
— Eje, meniň-ä ile çykarlygym galmady, saglygymyň hem ugry ýok, indi täze köwüş almak üçinem bergä giräýmesem, özümiň-ä gurbum çatjak däl. Kakam näme üçin meni beýle hala saldyka? Ýa bir göwnüne degen ýerim barmyka?
Şonda ene bir uludan demini alypdyr-da, şeýle diýipdir:
— Oglum, he-ýem bir kakaň saňa ýamanlyk islärmi? Ol özüniň sargytlary bilen bagly tä gelip soraýançaň, seniň işiňe goşulmazlygy tabşyrypdy. Menem onuň sözünden hiç haçan çykmanymdan soň, seniň işleriňe goşulyp bilmedim. Men saňa kakaň sargytlarynyň ýordumyny açyp bereýin: Ol „Öňürdip hiç kime salam bermegin“ diýeninde, saňa hemmeden ir turup, mellegiňde işlemegi tabşyrypdy. Şeýle etseň, sen hiç kime öňürdip salam bermeli bolmarsyň, işine ugran adamlaryň ählisi seniň gabadyňa gelenlerinde ilki bilen salam bererler. Ol:“Her agşam süýji zatlary iýginiň“ diýeninde uzynly gün mellegiňde deriňi döküp, zähmet çekseň, agşamlyk aryp geleniňde iýlen islendik naharyň hem juda süýji bolýanlygyny sargyt etmek isläpdi. Onuň üçünji sargydy bolsa, günde täze köwüş satyn alyp geý diýdigi däldi. Kakaň bu pendi her gije ýatmazdan öň köwşüňi süpürip, ýalpyldadyp goýgun, şonda irden öýden çykanyňda täze aýakgap geýen ýaly bolarsyň diýdigidir, oglum.
Şol günden başlap oglan kakasynyň pent-nesihatlaryny ejesiniň düşündirişi ýaly berjaý edip başlapdyr. Gün-günden il-içinde abraýy artyp, zähmetden hem bereket tapypdyr. Öý-işikli bolup, perzent terbiýelemeli bolanynda öz çagalaryna hem kakasynyň pent-nesihatlaryna eýermegi tabşyrypdyr...
106
115
Arslan_Alaýew
18.04.2024 07:28

Bu saňa soňky hatym ÝEKEJAM



Bu saña soñky hatym YEKEJAM!
Her setirimde sen ysyn, sen gözlerin peyda bolyp ýazyljak soñky hat ezizim.
Önem birnäçe hatlar yazypdym her setirimde saña bolan söygimi mährimi, yylylygmy
bermek isledim. Buhaty ilkinji dususan yerimize baryp bir cilim otlap yazdym. Cilim
cekmesem bolmayardy gaharym seylebir sakladanakdy. Käte bir gül boldyn, käte-
de bagt guşumyn ganatyndaky umytlar, käte bolsa göz yaş boldyn. Emma indi sen
has uzakda. Elimi uzatsamda yetmez ellerim. Sen özge gujaga, özge duygulara
gitdin elimden. Men bolsa sol gidişin yesiri bolyp galdym yzynda. Henizem ol
bakyşlan gyzgyn tenin aklymdan çykanok. Henizem sonky duşuşygmyz
gözönümde dur. Sol wagt sen görmesin diyip aglamandym. Indi gözlerim hem ol
gün hem gownüm üçin, söögim üçin aglayar. Çünki umytsyz galdym. Söygimden
ayryldym. Bilmedim nirede yalñysdym. Goparlan bir güle döndim solmana az galan.
Gel yene bagryna bas meni, sonky gezek alaýyn ysyny, Gel yüregmi al yarala meni.
Razy ynjytsanda, razy ýandyrsanda. Yalanam bolsa gelsene, gitmesene. Goý menin
yüregim paralansyn, parçalansyn. Senli yatlamalar doñsyn, wagt geçmesin,
akmasyn. Güller solsyn, güneş dogmasyn. Dag başyndaky eremeýän gar yaly bu
yalñyzlyk hiç gitmesin başymdan. Diñe yalnyzlyk bolsyn kysmatym. Goy gozlerim
senden başgasyn görmesin. Ellerim elleriñe, bedenim bedenine gözlerim gözlerine
zar bolsyn Senden başgasyny söymek haram bolsyn yüregime. Bu sana soñky
hatym ezizim, soñky sözüm. Unutma seni seyle söýen, seni arzuwlan, saña
garasan, senin bilen aglap seniñ bilen gülen bir jan bar, men bar, men bar
uzaklarda...

111
254
Arslan_Alaýew
17.04.2024 11:10

Jomartlygyň peýdasy



Elli üç ýaşynda bolsa-da, ilki gören wagtyňyz ony ýetmiş ýaşlaryndadyr öýderdiňiz. Sebäbi alada-gaýgydan ýaňa juda horlanypdy. Gijelerine dowamly aşgazany agyrýardy. Saçy, kirpikleri dökülipdi. Baýlygynyň bolsa hetdi-hasaby ýokdy, has takygy 38 milliard dollara ýetýärdi. Ol tüçjar baýdygyna garamazdan, käte bir dollaryňam gürrüňini edip bilýärdi. Berhiz tutup, günlerini lapykeç geçirýärdi. Hawa, öz hasaby boýunça durmuş ony entek ýaş halyna gabryň gapysyna eltip goýupdy.

Günlerde bir gün şereketine degişli gämi bilen 40 müň dollarlyk bugdaýy äkidip barýardy. Gymmat görüp puluna dözmänligi üçin, gäminiň 150 dollarlyk ätiýaçlandyryş işlerini geçirmändi. Şol gün agşam deňizde güýçli gaý turdy. Gämini alada etmekden ýaňa hakyt dünýäden doýana dönüpdi. Bary-ýogy ýüz elli dollara durýan ätiýaçlandyryş işlerini geçirmänligi zerarly ýük daşaýan gäminiň islendik wagt batmagy ahmaldy. Gämi batan ýagdaýynda kyrk müň dollar zyýana galjakdy. Wagt ýitirmän şereketiň paýdary bolan hyzmatdaşyny gijäniň bir wagty hem bolsa ätiýaçlandyryş işlerini düzetsin diýip şähere iberdi. Hyzmatdaşy eýdip-beýdip gäminiň ujypsyz pula durýan ätiýaçlandyryş işlerini geçirdi.

Paýdar hyzmatdaşy meseläni çözüp, begenjinden uçaýjak bolup yzyna dolandy. Emma ol bu ýagdaýy eşidip, begenmeli halyna begenmedi, tersine gaty gynandy. Sebäbi deňizdäki tupan sowlup, sag-aman porta baryp gowşupdy. Şonuň üçinem özüni 150 dollary köçä zyňan adam ýaly hasap etdi. Şeýdip, dünýäniň iň baý adamy birden ýere ýykyldy ýatyberdi.

Saglygyna seretdirmek üçin hassahana gitdi. Lukmanlar oňa ajy hakykaty aýtdy. Saglyk ýagdaýynyň gowulanmagy üçin çäre gözlemese, 3-4 ýyldan köp ýaşamajakdygyny aýdyp, lukmanlar oňa ýa iş ýa-da jan saglyk – ikisinden birini saýlamalydygyny çürt-kesik düşündirdiler.

Bir lukman oňa sagalmagyň gyzyldan gymmatly çözgüdini aýtdy: paýlaşmak. Aslynda bu çözgüt gaty aňsatdy. Milliardlarça dollarlyk gazanjynyň bir bölejigini mätäçlere paýlaýmalydy.

Gysga wagtdan soň ol ähli işlerinden el çekdi. Ilki bilen töweregindäki ybadathanalara, soňra bolsa pul ýetmezçiligi zerarly ýapyljak bolup duran bilim edaralarynyň birine millionlarça dollaryny bagyş edip, olara hemaýatkärlik etdi. Batyp barýan bilim edarasy bu jomart adamyň eden hemaýatynyň netijesinde soňy bilen dünýäde barmak basyp görkeziljek uniwersitetleriň biri bolan häzirki Çikago uniwersitetine öwrüldi.

Diňe bular bilenem çäklenmän, ol jemgyýete peýda getirjek ýüzlerçe gazna döretdi. Gaznalaryň biri bilen dünýäniň çar tarapyna şypa paýlap, şol sanda rak keselini hem bejermegiň ýollaryny gözledi. Lukmanlaryň üç-dört ýyldan öler diýen adamsy görkezen jomartlygy bilen ýene-de 45 ýyl ýaşap, 98 ýaşynda aradan çykdy.

Ine, dünýäniň öňler ýamanlykda ýatlap, soňra ýagşylykda ýatlamaga başlan şol jomart kişisi «Standard Oil» we Rokofeller gaznasynyň esaslandyryjysy Jon Dewid Rokofellerdi.

Elli üç ýaşyndaka puluň yşgynda diwana bolup, nerw ulgamy bilen aşgazanynda näsazlyk dörän Jon Dewid Rokofeller ömrüniň bir bölegini haýyr-sahawat işlerine bagyş edenden soň, manyly hem bagtly durmuşyň hözirini görüp başlady. Sebäbi ol jomartlygyň hakykatyna, durmuşdaky peýdasyna, nähili uly güýçdügine, ençeme maddy we ruhy kesellere dermandygyna, paýlaşmagyň bereket getirýändigine magat göz ýetirdi.
115
65
Arslan_Alaýew
17.04.2024 07:52

Zulum içinde gizlenen adalat



“Alla olara zulum etmedi, olar öz-özlerine zulum edýärler”, (Tewbe suresi,9/70).
Bir gün Musa Pygamber daşyndan seredeniňde adalatsyzlyk we zulum ýaly görünýän syrly wakalaryň iç tarapyndaky adalaty görmek isleýär. Munuň üçin bolsa Allaha ýalbarýar. Alla onuň bu dilegini kabul edýär. Oňa dört ýoluň çatrygynda ýerleşýän bir çeşmäniň gabadynda gizlenip, bolup geçjek wakalara üns berip seretmegi buýurýar.
Hezreti Musa salgy berlen çeşmäniň gabadyndaky agaçlygyň içinde oturýar, gelip-geçýänleri üns bilen synlamaga başlaýar.
Birnäçe wagt soňra bir atly ala-tozan bolup, atyny çapdyryp gelýär. Çeşmäniň ýanynda bir salym dynç alýar. Soňra atyna atlanyp ýoluny dowam ediberýär. Ýöne atly dynç alýan wagtynda içi altyndan doly guşagyny çözüp, agajyň aşagyna goýupdy. Gideninde bolsa, guşagyny ýatdan çykarypdy. Altynlar çeşmäniň boýunda galýar. Atlydan soňra gelen ýetginjek bolsa, çeşmeden suw içip, gitjek bolup duran wagty içi altyndan doly şol guşagy görýär. Ol hem tolgunyp guşagy alan badyna başga bir ýola tarap gidýär.
Köp wagt geçmänkä iki gözi hem kör bir garry adam çeşmäniň başyna gelýär. Sowuk suwdan bir ýuwdum içip, dynç alyp otyrka, altyny ýadyndan çykaran atly howlukmaçlyk bilen dolanyp gelýär. Guşagyny çözen ýerini gözleşdireninden soňra, garry adama:
- Şu ýerde unudan pul guşagymy sen aldyň. Ýa pulumy berersiň, ýa-da men seniň boýnuňy sograryn – diýip hemle atýar.
Garry adam:
- Oglum! Meniň iki gözüm hem sokur kör. Seniň puluňy almadym – diýse-de atly ony diňlemeýär. Garryny gylyç bilen ilkinji zarbada ýere serýär. Soňra bolsa atlanyp, ol ýerden daşlaşýar.
Bu wakany synlan Musa Pygamber:
- Eý Rebbim! Bu wakalaryň içinde men-ä adalat görmedim. Atlynyň puluny ondan soň gelen bir oglan aldy. Emma ol iki gözi hem görmeýän bir biçäräni öldürdi?! - diýýär.
Hakyky hikmet we adalat eýesi bolan Alla bu sowala şeýle jogap berýär:
- Adamlaryň bolşy şeýledir, eý Musa! Wakalaryň daşyna üns bererler, zulum bardyr öýderler. Iç ýüzüni welin bilmezler.
- Bu wakalaryň iç ýüzi nämedir, eý Rebbim?
- Puluny çeşmäniň boýunda ýatdan çykaran adam bir wagtlar ýanynda işlän bir garyba zähmet hakyny bermändi. Puly tapan ýigit şol garybyň ogly. Çeşme boýundaky puly tapdy we alyp gitdi. Alan puly kakasynyň alyp bilmedik iş muzdudy. Ol oglan kakasyndan özüne miras bolup geçen hak algysyny aldy.
Ölen kör adam bolsa öňler eli ganly zalymdy. Öz eli, öz ýakasydy. Hat-da gözleri kör bolmanka, puluny ýadyndan çykaryp giden şol atlynyň kakasyny nähak ýere öldüripdi. Şu güne çenli eden zulumlary üçin hiç hili jeza çekmändi. Indi bolsa öň özüniň öldüren adamsynyň ogly gelip, puluny alandyr öýdüp kakasynyň ganhoryny öldürdi. Bu görnüşe görä (daşyndan adalatsyzlyk bar ýaly görünse-de) hakykatda adalat ornuny tapdy.
105
101
Arslan_Alaýew
16.04.2024 11:01

Bir banka mürepbe



1933-nji ýyldy. Ýarym stawka aýlyga işläp ýören ýerimden kowlupdym. Indi meniň öýümize hiç hili kömegim degjek däldi. Öýümiziň ýeke-täk girdejisi ejemiň köýnek dikip gazanýan pulydy. Soň ejem hem ýaraman işden galdy. Onsoň, wagtynda tölegini töläp bilmändigimiz üçin, togumyzy kesip gitdiler. Soň gaz edarasyndan gelip, gazymyzy kesdiler. Iň soňunda bolsa, suw edarasyndan adam geldi. Ýöne her näme-de bolsa, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin halkyň agyz suwuny kesmeli däl diýen karar bar eken. Şonuň üçin suwumyza degmediler.

Öýümizde iýere üýtgeşik zat hem galmandy. Mellegimize aňry-bäri eken bolupdyk. Ana, mellegimizde näme ýetişse, daşarda ot ýakynyp, şondan nahar-şor edinen bolýardyk.

Bir gün gyz jigim mekdepden ýyljyraklap geldi-de şeýle diýdi:

– Ertir mugallym mekdebe geleniňizde garyplara paýlar ýaly öýüňizden zat getiriň diýdi.

Jigimiň aýdanlaryna ejemiň hyrra gahary geldi. Ol öz-özi bilen gepleşýän ýaly çala eşitdiribräk:

– Bizden garyp ýaşaýan ýokdurla bu ýurtda – diýdi.

Şonda, mamam ejemiň elini gysyp:

– Gyzym – diýdi. – Eger eýýäm kiçilikden garyp ýaşaýarys diýen pikiri çagaň aňyna guýýan bolsaň, onda ol galan ömrüne şol pikirde ýaşar. Şonuň üçin garyplara kömek etmekligiň ynsana nähili beýik duýgyny eçilýändigini çaga eýýäm kiçikä başdan geçirip görmeli. Ýogsa ulalansoň, käbir zatlary düşündirmek kyn bolar. Aşhanada açylmadyk bir banka mürepbämiz galypdy. Ertir okuwa şony alyp gidäýsin.

Mamam derrew bir ýerden kagyz bilen ýüp tapyp getirdi-de, bankanyň daşyny sorap daňdy. Jigim bolsa ertesi gün buýsanç bilen mektebe «garyplaryň sowgadyny» alyp gitdi.

Jigimiň adamzadyň gelejegine dahylly meselelere biparh garamaýan, hiç kimden kömegini gaýgyrmaýan adam bolup ýetişmeginde bu wakanyň uly täsiri boldymyka öýdýärin. Sebäbi ol bütin ömrüne şol düşünjä eýerip ýaşapdy.

  Edgar Bledso 
107
94
Arslan_Alaýew
16.04.2024 07:19

Seriň sag bolsun!



Beýni bedeniň dolandyryjy merkezi bolup durýar. Her bir hereket, pikir, arzuw-umytlar we duýgular ilki beýnide döräp, şol tarapyndan hem dolandyrylýar. Häzirki wagtda beýnini öwrenýän neýrobiologiýa iň meşhur ylymlaryň birine öwrüldi. Alymlaryň yzygiderli gözlegleri esasynda beýniniň aýratynlyklary barada täsin açyşlar edildi. Hünärmenler ynsan beýnisiniň ummasyz güýje, intellektual başarnyga eýedigini belleýärler. Häzirki ylmy-tehniki taýdan ösen döwrümiz hem muňa şaýatlyk edýär.

Ynsan beýnisinde 100 milliarda golaý neýron bar, mysal hökmünde getirsek, meduzanyň beýnisinde 800 neýron bar. Beýnä agyrynyň nämedigi belli däl, sebäbi onda nerw uçlary ýok. Eger beýnimize bir jisim galtaşsa, biz ony duýmarys. Kellagyryda, aslynda beýni däl-de, ony gurşap alýan dokumalar we gan damarlary agyrýar. Beýnide maglumat sagatda 440 km tizlik bilen hereket edýär. Beýni hemişe işleýär, ol gije has-da işjeň ýagdaýa eýe bolýar. Beýnide elektron enjamlarynyňky ýaly ýadyň belli möçberi ýokdur, ol tükeniksiz maglumatlary kabul edip, özleşdirip bilýär. Beýnide gysga we uzak ýat bolýar. Gysga ýatda maglumatlar, şekiller, görnüşler 25 — 30 sekuntlyk saklanýar. Şol arada biz başga zada üns bersek, biraz öňki zatlar ýadymyza düşmän biler. Beýni bedeniň iň güýçli myşsasy bolup, onuň işlemegi üçin, esasan, kislorod we glýukoza gerek. Ýaglar ýürek üçin zyýanlydyr, ýöne ol beýniniň doly derejede işlemegi üçin möhüm elementleriň biridir. Onda peýdaly ýaglaryň 60 göterimi saklanýar. Adatdan daşary ýagdaýlarda ynsan beýnisi 100 göterim derejede işlemäge ukyply, onuň netijesinde täze başarnyklar peýda bolup bilýär. Beýniniň işjeň ösýän döwri 2 ýaşdan 11 ýaş aralygy hasaplanylýar.

Biz ynsanyň sagdyn ýaşaýşy üçin, ilki bilen, howanyň arassa, iýmitiň sagdyn, ukynyň, dynç alşyň ýeterlik bolmalydygyny bilýäris. Bu möhüm faktorlardyr. Şolaryň bozulmagy beýni bilen baglanyşykly intellektual ukyplaryň peselmegine, ýadyň bozulmagyna, gaharjaňlyga, aşa täsirlilige, bedeniň umumy ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup bilýär. Adamlar, daşky gurşaw, jemgyýet bilen aragatnaşyk beýni üçin möhümdir. Gyzykly gürrüňler, gezelençler, täze maglumatlar beýniniň ösmegine we işjeňligine oňaýly täsir edýär. Elektron enjamlary beýnini ýadatman, talabalaýyk ulanmaly. Elmydama kislorodyň ýeterlik bolmagyny gazanmaly.
108
18
Arslan_Alaýew
15.04.2024 12:07

Ýatkeşligi gowylandyrmagyň ýollary



Ýatkeşligiňizi gowulandyrmak üçin näme edip bilersiňiz? Beýniniň özboluşly ösüşine eýe bolmak we her işi has üstünlikli ýerine ýetirmek möhüm zat. Dogabitdi ukyplarymyzy äsgermezlik etsek, her bir adam, mümkinçiligine garamazdan, aşakda gürleşýän zatlarymyzy edip, ýadyny gowulaşdyryp biler.

1. Özümize ynam edijiligimizi ösdürmek: Bir zady öwrenmek ýa-da ýatlamak üçin güýçli islegiňiz ýok bolsa, onda özüňizi höweslendirmek üçin bir ýol tapsaňyz, öwrenmek we ýatlamak üçin az wagt sarp edip bilersiňiz.

2. Ýat endikleriňizi ýokarlandyrmak üçin üznüksiz tejribe: beýleki başarnyklar ýaly, ýat endiklerini güýçlendirmek üçin üznüksiz tejribe edilmeli. Hünärmenler jübüt tapmalar, anagramlar, tagta oýunlary (skrab, monopoliýa, ownuk yzarlama we ş.m.) ýaly maşklary etmegi maslahat berýärler. Materiallaryň üstünde yzygiderli işlemek, ýadyňy gowulaşdyrmaga kömek edip biler. Gözlegleriň köpüsi, hemişelik tejribäniň maglumatlary we materiallary ýatda saklamaga kömek edýändigini görkezýär.

3. Özüňize şübhelenmek aladany döredýär, alada bolsa maglumatlary ýatda saklamak ukybyna päsgel berýär. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, dynç alyş maşklary ýatda saklamak ukybyňyzy ep-esli ýokarlandyrýar.

4. Päsgelçilikleri azaldyň: Käbir adamlar synaglarda okaýarka aýdym diňleseler-de, köpler daşarky faktorlary öwrenmek we ýatda saklamak üçin päsgelçilik hökmünde görýärler. Bir zady ýada salmazdan ozal asuda gurşaw gurmaga synanyşyň.

5. Üns beriň: Jikme-jikliklere üns bermek, daş-töweregiňizdäki duýgulara we waka bilen baglanyşykly beýleki faktorlara üns bermek ýadyňyza düşer.

6. Öň öwrenenleriňiz bilen ýaňy öwrenenleriňiziň arasynda baglanyşyk guruň: Geçmişden öwrenen zatlaryňyz bilen ýaňy öwrenen zatlaryňyzyň arasynda baglanyşyk gurmak, ýaňy öwrenen zatlaryňyzy ýatda saklamaga kömek edýär. Ýatlamak isleýän mowzugyňyzy beýleki adamlar bilen ara alyp maslahatlaşyň, pikirleniň we bilýänleriňiz bilen nähili baglanyşýandygyny ýazyň.

7. Akyl şekillerini ulanyň: Akyl şekilleri maglumatlary ýatda saklamakda ajaýyp işleýär. Islän wagtyňyz hereketleriň, zatlaryň, adamlaryň, sözleriň akyl suratlaryny ulanyp ýatlap bilersiňiz. Ýatlamak isleýän zadyňyzy göz öňüne getiriň ýa-da onuň bilen iş salyşýandygyňyzy göz öňüne getiriň. Mysal üçin, stakany tutup ýa-da familiýasy aýna bolan birini ýatlamak üçin stakana seredip göz öňüne getirip bilersiňiz.

8. Diňe ýadyňyza bil baglamaň: ýatda saklamak isleýän zadyňyzy kagyzyň ýüzüne ýazyň we sowadyjynyň gapysyna ýa-da paneline ýapyň ýa-da senenama ýatda saklamak isleýän günleriňizi belläň we şol senenamany görýän ýeriňe asyň.
108
40