Arslan_Alaýew
19.04.2024 13:12

MENIŇ JORAM RUH"
1-nji bölimi...



Işden öýe gelenim hem şoldy welin, renimasiýada işleýan tanyş gyzlaň biri jaň etdi
- Agyz öýdemi?
- hawa şu wagt gelip durşym
- joramjan şu gün gaýrat  etde ýekeje gün maňa derek gijeki nobotçy duryp beraýdä, müdürim jogap berenok, kursdaş joram toý edýar şoňa gitjek
- ýadowdym nadip gije smene durarkam
- şonsyz hem ýatyp baraňok, gaýrat edaý, soň menem işiň çyksa duryp bererindä
- erte bolanokmy
- ýok şu gun
- bolýa
Täzeden eşiklerim geýip işe ýöredim
Smenin alyp, işleri bir laý edip çykyncam gije 11 töwerek bolypdyr
Asuda işde otyrdyk welin daşardan agy gatyşykly sesler gelip başlady.
Ýerimizden turyp nasagy kabul etdik.
Bu günki nasag 19-20 ýaşlaryndaky gyzdy. Ol gyz sirke(uksus)  içip ölümiň bari ýanynda hasahana getirlipdir.
Derrew aşgazanyny yuwyp etmeli zatlaryn etdik, nasag damjaň aşagynda demin sanap ýatyrdy, sagat gije 2-3 töwerekläpdi. Renimasiýanyň içi dymdyrslykly.
Bu gyzyň elinden tutyp damaryndaky ukolyn edip durdym. Ýadow bolamsoň aralygynda irkilenim duýman galdym.
Birden gulagyma ses eşdildi
- Agyz jora, ukol edip hem otyrma, peýdasy ýok,
Ziňkillap gitdim
- waý sen kim
- men seniň ukol edip otyran gyzyň ruhy
- goý kellani çaşyrma, ýadowlyk düýşe ornaşdy öýtýan
- ýok duýş däl, sen maňa kömek etmeli
- ruhamy
- bedeni ruhy terk etdi, indi peýdasy ýok, sen meniň öýmize gitde meniň aýdan zadym etsene
- agyz men siziň öýüňizi nirden tapaýyn, onsoň hem nameüçin uksus içdiň ejeň kakaňa ýuregiň gyýlanokmy, oglan üçin dagy uksus içip
- siz lukmanlar derrew ýaş gyz uksus içse ýa ölse oglan badyr diýip düşunýäňiz, durmyşda ondan beter zatlar hem  bar ahyry
- hany maňa başdan gurruň ber...
- bolýa, aýdaýyn ýöne, soň maňa kömek edermiň
- howa soň kömek etjek: —diýenim hem şoldy welin kärdeşim girip
- ukollaryny aýyr, boljak iş boldy, nebir gyzy elden gidirdik azajyk irräk getiren bolsalar beýle bolmasa bolmazdam welin gaty giç getirdilerdä ...
- ýok lukman bu gyz ölenok men ýaňja-da gepleşip durdym, Alla bar gepleşip durdym
Lukman ýylgyrdy-da
- onyň endamy sowyk, onyň ýogalandygy eliňe bildirip dur, dem ýok, pulsy ýok
Hany taýynla ölini hossarlary alyp gitjek bolýar
Lukman bu gyz maňa bir zat gurruň berip durdy, siz girdiňiz welin ol symzyýat bolaýdyda
Lukman başyn ýaýkady-da bol onda çaltrak diýip çykyp gitdi
Ol gyzyň hossarlary gelip ala zenzele edip aglap alyp gitdi, olaryň içinde bir gyz has beter ýer bagyrtlap aglaýardy, göz ýaşym saklap bilmedim, ýaş ölüm bolansoň adam bary gelipdi.
Iş wagtym dolyp öýe gaýtdym gelip hiç  ynjalmadym, ol ruh maňa name aýtjak boldyka onyň arman çeken zady nämekä?...
Uzyn gün hysyrdap öýiň işi bilen başagaý bolyp geçirdim
Garaňky gatlaşdy. Ýatar wagt boldy welin ir gözinden ýerime geçip ýataýynla diýip öz otagyma geçdim
Otagyma girip bulaşyp ýatan kagyz böleklerin ýygnaşdyrdym, olary eýläk beýlak saýhallaşdyrdym.
Ýöne men her hereket edemde golaýjykdan alynýan demi eştýardim, diňşirgäp durdym, ol dem ýok, ýene kagyzlaryma, kitabyma guýmenýan welin ol dem has hem güýjeýär
Ahyr
- hany görün, bukdaklap otyrmada, diýip oňa ýüzlendim
Ol dymdy
- ýeri ýeri bolýa, gorun gözime, demim bilen dem alyp durşyň eşdip durna
Ol ses ýene ýitdi
Ýerime geçdim
Kitaba guýmenip, ýadadym we elime telefonym aldym. Telefonyň ýagtysyna bir zadyň ustume awanyp duranyny aňdym
Aý senema çalt çyk näme meni gorkyzjak bolýamyň, birden işik çygyldady, ýerimden turyp işigi ýapyp ýerime ýöränim hem şoldy weli şalkyldap äpisgamiz giňden açyldy, öýe giren salkyn howa bilen bir kolegani ýene aňdym ýöne gygyrmadym, aý gorkmadym, nadip gorkjak görýanim wampirli ruhly kino, işim hem gunde gan we iriň, ýara, öli, diri.
Ýerime geçip ýatdym, irkilipdirin, birden golaýjygymda biri haşlap dem alýar, ýene ziňkillap turdym
- sen bara Ruh meni infarkt berdirýaň, hany gorunsene: - diýdim
107
168
perijik
20 Aprel 2024
👍🏻👍🏻👍🏻dowamyna garaşÿas
Arslan_Alaýew
19 Aprel 2024
@geldiyevna, awtoryny menem bilemok
nabat_
19 Aprel 2024
@smiling_, tamam tatlişim🤗🤗🤗🤗🤗🤗
nabat_
19 Aprel 2024
@smiling_, nee olduu🤨🤦‍♀️mn nm eddim indi
nabat_
19 Aprel 2024
@Arslan_Alaýew,hezil yerinde kesýäñizdä dowamyna sabyrsyzlyk bilen gaty erved garaşyann👍👍👍👍
Arslan_Alaýew
19 Aprel 2024
@Imissyou, ertir bu günki iki posty goýdum
Arslan_Alaýew
19 Aprel 2024
Halan bolsaňyz like 👍❤ basyň dowamly bolmagy üçin
Arslan_Alaýew
19 Aprel 2024
- Men, ejem kakam bilen bile ýaşaýardym, ejem kakam gaty bagtlydylar men ol wagt iki üç ýaşymda ekenim, soň kakam... Dowamy bar....
Arslan_Alaýew
19 Aprel 2024
Ýüzune seredip durdym. Ýuwaşjadan enaýja gyz ýuze ilip başlady. Derrew tanadym. Hassahanadaky ruh. Waý sen bizde name işleýaň bar öz öýňize: - diýenim duýman galdym Seni bu gun jaýladylar ahyry - hawa meni jaýladylar, ýöne olar diňe tenim jaýladylar, ruhym bolsa armanly bu ýerde galdy, maňa kömek et, biziň öýmize git, meniň aýt diýen zadym aýt, soň men seniň göziňe görünmerin: - diýdi - bolýa men näme etmeli - men saňa başdan aýdyp bereýin - hany aýt göreýin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.