SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA
Bu başdan geçirmeler bir ýigdiň söýgi taryhy. Men ony kagyz ýüzine geçirip bermegimi haýyş etdi. Men doga kemislikli bolamsoň koplenç wagtym hassahanada geçyadi. Öýde bolýan wagtymdan hassahanada bolýan wagtym örän köpdi. Öýe myhman diýen ýalydym. 2015-nji yylyň noyabr ayynyň ayaklarydy, men ýuregim gysyp line açdym we oňa girip başladym
Line daşary yurtda okaýan doganlarym bilen habarlasmak uçin giripdim. Inede gunlerde bir gün, birden meni linede gruppa çakylyk geldi, ony kimiň ugradanny hem bilemokdym, özim taze giremsoň line içine kan duşunemokdym, oňa kimiň salanyny hem bilemokdym. Men şol gruppada Medine diyen bir gyz bilen tanyş boldym. Men onyň bilen kan yazysmadym, we onyň nomuryny aldym soň men onyň bilen hat alyşman jaňda gepleşip başladym. Şeydip gunler geçip durdy. Aradan köp wagt geçmesede men eýýam ol gyza gowy öwrenişdim, oda maňa, birdenem men oňa
- Medine men seni gaty goresim gelyardä: diýip aytdym
- menem seni göresim gelýara: - diýip jogap berdi
Dekabr ayynyň 18-ine irden, onyň bilen Aptegiň oňunde duşuşmaly etdik. Bellenlen gunimize çenli mende ýurek galmady diýen ýaly, hiç gunler, sagatlar geçmeze döndi. Bellenşen gunumiz men yarym sagat dagy ir bardym, Medinä garasyp durdym. Men oňa garaşyp durkam, birdenem yagys yagyp başlady. Men bir jaýyň ygyşykrak ýerine geçip garaşmamy dowam etdim, men köp garaşmaly bolmadym, soňam ol geldi Ikimiz yagyşyň aşagynda bileje yorap, onyň okaýan mekdebine çenli bileje ýöräp gitdik soň men Medine mekdepden çykyança garasdym. Mekdepden çykansoň men ony oylerine çenli ugratdym. Ýolda biz çalaja yorap, ýagyşdan soňky arassa howadan dem alyp çalaja ýöräp, ondan mundan gurruň edip ýöräp gaytdyk. Biziň duşuşygymyz gunde şeýle tertipde gaýtalanyp durdy. Indi menä onsyz, ol hem mensiz oňyp bilenokdy Biz şeydip gunde diyen yaly goruşyardik
Bir gezek ony görmage baramda akja gar yagypdy, biz şonda Medine bilen soygimiz hem akja gar yaly owadan bolmagyny dilapdik. Günlerem örän calt geçyadi. Söýgi adamyň ruhyna şatlyk paýlaýar diýseler öň ynanamokdym indi öz başyma duşdi welin guş ýaly asmanda gaýyp ýoren ýalydym
Men oňa bir gün oydakileri ugratjagymy aytdym, ol hem yok entak men mekdebi gutaraýyn, ondan soň ugraday diydi menem bolya diyip onyň bilen ylalaşdym
2016-njy yylyň may ayynyn 13-ine, men ýene hassahana girmeli boldym, men operasiya boldum. Operasiyam hem örän şowly geçdi. Medine günde bir bahanajyk tapyp yzymdan gelip giderdi Iyul ayyna geçemizde men hassahanadan sagaman çykdym. Men gelemsoň öyde kiçirajik huday yoly etdik Medinanem oňa çagyrdym oda geldi. Okaýan mekdebimiz aýra hem bolsa meniň Klasdaşlarym bilen bile gelipdi. Medine meniň klasdaslarymy, menem Medinaň bar klasdaşlaryny tanayadym. Ol geldi öydakiler menden Medinani soradylar menem olara bar zady aytdym, onyň bilen gurleşyandigimi ony halaýandygmy, halaşyp ýörenmizi aýtdym
Öýdakiler garşy bolyp durmady, gaýtam Medinani hemmesi halady, sebabi ol öran alcajykdy, hemde eýjejikdi, owadanja gözlerin guldurip gülende, ýuzine seredip ganyp bolanokdy. Men oňa mydama ýylgyryp gulup gez diýýadim Şondan köp wagt geçmanka Medinaniň ejesi biziň söýgumizi bildi, gurlesyanimize, halaşýanmyza ol garşy çykdy, ejesi biziň söýgumizi kesmegimizi Medina aýdypdyr, oda diňe şo ýigit diýip duransoň, Medinaniň meniň bilen duşuşmagyna biziň söýgumize garşy boldy. Onyň ejesine diňe baylyk yokarrakdan wezipelije ýigit gerekdi, mende bolsa olaň hiçisam ýokdy, yone mende Medinani bagtly edip biljek söýgi bardy ony bagtly etjegime mende ynamym bardy. Medinaň ejesi meniň yuregimiň agyrylydygyny bilip hasda bu işe çynlakaý garap başlady we bir gün ol maňa
- senyaly mayyba, kesellä gyzymy dözemok, men ony saňa bermen el çek diyip maňa käýýäp käýýäp Medine meniň ýanyma duşuşyga gaýdany bilip ony yzarlap, ýanymyza gelip alyp gitdi
Şo wakadan soň men hiç Medinäni görmedim, jaň etsem "bu nomer ocurulendir diýip operatyr aýtýardy" Men naçe ony gözläp öýlerine barsam olaryň öýleri gulplydy,Men ondan soň Medinani ejesiniň nira akidenini bilemokdym, soň onyň okaýan mekdebinden gözledim, ony o taýdan hem çykarypdyrlar, onyň nira gidenni ne mugallymlar ne klasdaşlary maňa aýdyp bilmedi. Ýaşaýan ýerlerinden gaty uzak wagt geçmankä goçupdürler. Men ony gozlemedik yerim galmady, iki ýana alakjap ýördüm, öňumden çykandan diňe şony soraýardym Emma Medineden entagem habar yokdy