Jomartlygyň peýdasy
Elli üç ýaşynda bolsa-da, ilki gören wagtyňyz ony ýetmiş ýaşlaryndadyr öýderdiňiz. Sebäbi alada-gaýgydan ýaňa juda horlanypdy. Gijelerine dowamly aşgazany agyrýardy. Saçy, kirpikleri dökülipdi. Baýlygynyň bolsa hetdi-hasaby ýokdy, has takygy 38 milliard dollara ýetýärdi. Ol tüçjar baýdygyna garamazdan, käte bir dollaryňam gürrüňini edip bilýärdi. Berhiz tutup, günlerini lapykeç geçirýärdi. Hawa, öz hasaby boýunça durmuş ony entek ýaş halyna gabryň gapysyna eltip goýupdy.
Günlerde bir gün şereketine degişli gämi bilen 40 müň dollarlyk bugdaýy äkidip barýardy. Gymmat görüp puluna dözmänligi üçin, gäminiň 150 dollarlyk ätiýaçlandyryş işlerini geçirmändi. Şol gün agşam deňizde güýçli gaý turdy. Gämini alada etmekden ýaňa hakyt dünýäden doýana dönüpdi. Bary-ýogy ýüz elli dollara durýan ätiýaçlandyryş işlerini geçirmänligi zerarly ýük daşaýan gäminiň islendik wagt batmagy ahmaldy. Gämi batan ýagdaýynda kyrk müň dollar zyýana galjakdy. Wagt ýitirmän şereketiň paýdary bolan hyzmatdaşyny gijäniň bir wagty hem bolsa ätiýaçlandyryş işlerini düzetsin diýip şähere iberdi. Hyzmatdaşy eýdip-beýdip gäminiň ujypsyz pula durýan ätiýaçlandyryş işlerini geçirdi.
Paýdar hyzmatdaşy meseläni çözüp, begenjinden uçaýjak bolup yzyna dolandy. Emma ol bu ýagdaýy eşidip, begenmeli halyna begenmedi, tersine gaty gynandy. Sebäbi deňizdäki tupan sowlup, sag-aman porta baryp gowşupdy. Şonuň üçinem özüni 150 dollary köçä zyňan adam ýaly hasap etdi. Şeýdip, dünýäniň iň baý adamy birden ýere ýykyldy ýatyberdi.
Saglygyna seretdirmek üçin hassahana gitdi. Lukmanlar oňa ajy hakykaty aýtdy. Saglyk ýagdaýynyň gowulanmagy üçin çäre gözlemese, 3-4 ýyldan köp ýaşamajakdygyny aýdyp, lukmanlar oňa ýa iş ýa-da jan saglyk – ikisinden birini saýlamalydygyny çürt-kesik düşündirdiler.
Bir lukman oňa sagalmagyň gyzyldan gymmatly çözgüdini aýtdy: paýlaşmak. Aslynda bu çözgüt gaty aňsatdy. Milliardlarça dollarlyk gazanjynyň bir bölejigini mätäçlere paýlaýmalydy.
Gysga wagtdan soň ol ähli işlerinden el çekdi. Ilki bilen töweregindäki ybadathanalara, soňra bolsa pul ýetmezçiligi zerarly ýapyljak bolup duran bilim edaralarynyň birine millionlarça dollaryny bagyş edip, olara hemaýatkärlik etdi. Batyp barýan bilim edarasy bu jomart adamyň eden hemaýatynyň netijesinde soňy bilen dünýäde barmak basyp görkeziljek uniwersitetleriň biri bolan häzirki Çikago uniwersitetine öwrüldi.
Diňe bular bilenem çäklenmän, ol jemgyýete peýda getirjek ýüzlerçe gazna döretdi. Gaznalaryň biri bilen dünýäniň çar tarapyna şypa paýlap, şol sanda rak keselini hem bejermegiň ýollaryny gözledi. Lukmanlaryň üç-dört ýyldan öler diýen adamsy görkezen jomartlygy bilen ýene-de 45 ýyl ýaşap, 98 ýaşynda aradan çykdy.
Ine, dünýäniň öňler ýamanlykda ýatlap, soňra ýagşylykda ýatlamaga başlan şol jomart kişisi «Standard Oil» we Rokofeller gaznasynyň esaslandyryjysy Jon Dewid Rokofellerdi.
Elli üç ýaşyndaka puluň yşgynda diwana bolup, nerw ulgamy bilen aşgazanynda näsazlyk dörän Jon Dewid Rokofeller ömrüniň bir bölegini haýyr-sahawat işlerine bagyş edenden soň, manyly hem bagtly durmuşyň hözirini görüp başlady. Sebäbi ol jomartlygyň hakykatyna, durmuşdaky peýdasyna, nähili uly güýçdügine, ençeme maddy we ruhy kesellere dermandygyna, paýlaşmagyň bereket getirýändigine magat göz ýetirdi.