Arslan_Alaýew
16.04.2024 11:01

Bir banka mürepbe



1933-nji ýyldy. Ýarym stawka aýlyga işläp ýören ýerimden kowlupdym. Indi meniň öýümize hiç hili kömegim degjek däldi. Öýümiziň ýeke-täk girdejisi ejemiň köýnek dikip gazanýan pulydy. Soň ejem hem ýaraman işden galdy. Onsoň, wagtynda tölegini töläp bilmändigimiz üçin, togumyzy kesip gitdiler. Soň gaz edarasyndan gelip, gazymyzy kesdiler. Iň soňunda bolsa, suw edarasyndan adam geldi. Ýöne her näme-de bolsa, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin halkyň agyz suwuny kesmeli däl diýen karar bar eken. Şonuň üçin suwumyza degmediler.

Öýümizde iýere üýtgeşik zat hem galmandy. Mellegimize aňry-bäri eken bolupdyk. Ana, mellegimizde näme ýetişse, daşarda ot ýakynyp, şondan nahar-şor edinen bolýardyk.

Bir gün gyz jigim mekdepden ýyljyraklap geldi-de şeýle diýdi:

– Ertir mugallym mekdebe geleniňizde garyplara paýlar ýaly öýüňizden zat getiriň diýdi.

Jigimiň aýdanlaryna ejemiň hyrra gahary geldi. Ol öz-özi bilen gepleşýän ýaly çala eşitdiribräk:

– Bizden garyp ýaşaýan ýokdurla bu ýurtda – diýdi.

Şonda, mamam ejemiň elini gysyp:

– Gyzym – diýdi. – Eger eýýäm kiçilikden garyp ýaşaýarys diýen pikiri çagaň aňyna guýýan bolsaň, onda ol galan ömrüne şol pikirde ýaşar. Şonuň üçin garyplara kömek etmekligiň ynsana nähili beýik duýgyny eçilýändigini çaga eýýäm kiçikä başdan geçirip görmeli. Ýogsa ulalansoň, käbir zatlary düşündirmek kyn bolar. Aşhanada açylmadyk bir banka mürepbämiz galypdy. Ertir okuwa şony alyp gidäýsin.

Mamam derrew bir ýerden kagyz bilen ýüp tapyp getirdi-de, bankanyň daşyny sorap daňdy. Jigim bolsa ertesi gün buýsanç bilen mektebe «garyplaryň sowgadyny» alyp gitdi.

Jigimiň adamzadyň gelejegine dahylly meselelere biparh garamaýan, hiç kimden kömegini gaýgyrmaýan adam bolup ýetişmeginde bu wakanyň uly täsiri boldymyka öýdýärin. Sebäbi ol bütin ömrüne şol düşünjä eýerip ýaşapdy.

  Edgar Bledso 
107
94
tmyigit76
16 Aprel 2024
Manyly 👍🏻
ideallider
16 Aprel 2024
Tmcarsda "Mugt=Даром" diýip goýýan adamlary Gudraty Özi güýçli görýär👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.