Arslan_Alaýew
07.12.2024 13:11
"MAWJUDA"
4-nji bölümi...
- sen maňa ogurlyk ýapýamyň, name onyň ýaly ýuzik diňe sende barmy, müň sany meňzeşçe ýuzik bar onda olaryň bary hem senkimi
- beý diýjek bolmadym birhili ýuregim şo ýuzik senki diýip duransoň aýtdym
- bula senki dal ony maňa sowgat berdiler, sen maňa ogurlyk ýaparca kim bolypsyň, diýip diýip koýnek ölçenilýan santimetr taýagyn alyp onyň sür depesinden ýelmap goýberdi. Bu gezek şunça wagtlap eneli gyzyň kemsitmelerinden bizar bolan Mawjuda hem el galdyrdy. Ogulşat uly ili bilen gygyrdy. Bularyň gohyna ejeligi ylgap gelip ýerli ýerden Mawjudany galmaz edip urdylar. Ol çalam çaş bolyp ýatyşyna özinden gitdi. Naçe wagt ýatanyna bilemok welin ol daň saz berende gözin açdy. Öýiň içindakiler ýatyrdy, ol ýuwaşjadan Ogulşadyň barmagyndaky ýuzugy çalasynlyk bilen aldy, ol maslyk ýatan ýaly çälerip ýatyrdy, namede bolsa turmady, ol surenip köça çykdy. Atan satan bolyp kellebaş açyk, şol öý köýnegi bilen göni gaýyn öýne gitdi. Namaza turan Begmyrat özine ýakynlap gelýani ilki, alagaraňkyda aňşyrmady. Ol garany ýakynnadygyca Mawjuda meňzeşligin bilip ylgap öňunden çykdy
- ezizim näme boldy janym
— meni ol öýe iberme, ölmeli hem bolsa şu öýde öljek, ýuzugumi hem aldym ol albassydan
- ýuzukli meselani goý, ondan has gowsyn alyp bererin nesip bolsa, ölmersiň gulum arkaýyn bol. Soň bolsa ejeeee diýip gygyrdy
Daňdan ukuda ýatan ejesi ylgap çykdy näme boldy oglym. Mawjuda gözi düşup
— ihhhhhhh, bu çagany nädaýipdirler, gelinjan eşikleriň ýyrtym ýyrtymla, elem tas bolyp gidipsiňa. Mawjudadan ses çykmady ol diňe gaýynenesini gujaklap aglady...
Mawjudany öýe saldylar. Az salymdan ejeligi ylgap geldi
-Guda, bu nä boluş, bu nä etdigiň boldy .
Gyzy duýn eltip agşam adam ýatansoň oglyň alyp gaýtmalymy, toba. Begmyrat saklanyp bilmedi: - siz şeýle pikir etýamiň gaýyn, ol indi size degişli ýeri ýok, hazir hem Mawjudadan minnet çekaý bu edenjaň üçin göziňizi gözenekden açdyrjakdym welin, sakladyda, şonyň sözi üçin hyrçyny dişlap otyryn
—Goýaweri çagam biz oňa el degirmedik, ol özi ýykyldy
- Goýsanaý gaýyn: - diýdide öýe girdi
Ejeligi Mawjudanyň gaýynna ýalbaryp, ýalbaryp alyp gaýtdy we il gun bilmankä öýe getirip, derrew gaýtarma etdi. Mawjuda soň asylha öý diýip agzalmady. Ogulşat bolsa edeni edip ahyr bir baý adamyň zandyýaman heleýiniň eline ildi we ogurlyk sebapli gözenegiň aňyrsyna duşdi
Ondan soň Mawjuda ejeligine özi çaý nahar berip başlady ýöne ejeligi indi ýanyn ýere beripdi, guýç kuwwady ýokdy. Mawjudaň bir oguljygy boldy. Yegen daýa meňzar diýilşi ýaly Daýanjyň ediljek özidi. Ol indi bagtlydy.
Durmyşyň agyr ezýetli gunleri onyň ýuzine ýyllaryň gasynlary salsada ol özine gowy üns berýardi, şol ykjamlygyn gowşarman gelýardi
Oguljygyndan soň ýene bir ogly dunýa indi, goşa diregi ha diýman ýetişip arkasyna söýeg berjekdi. Daýanç barada aýtsak , ol özine berlen geçmesi kyn ýyllary sagaman otyryp geldi, we öz ojagyna dolandy. Gelip öz ýerlerinde obada işlap başlady. Ýyla ýetmän bolsa Mawjuda öz baldyzyn öz jigsine durmyşa çykmaga razy etdi. Şeýdip öz eziz jigsiniň maşgala ojagyn ile meňzeş edip duzäp, il hataryna goşdy. Olar indi öz durmyşlaryndan razydy. Ejeligi bolsa öz görkezen ezýetleri üçin Mawjudadan, haçanda jan berjek wagty ýanyna çagyryp
- eziz gyzym, meni bagyşla, öz dogran gyzymdan görmedim seniň edenleriň, saňa gun gorkezmesemde, sen menden el çekmediň, aşyma suwyma seredip, perzentlik borjyn doly ýerine ýetirdiň. Meniň wagtym azalýar Ogulşadyň didaryn görüp bilmesemde ol gelse eýe çyk, senden başga kim oňa eýe çyksyn, balam haýyştym ýerine ýetir. Mawjuda:
- bor ejejan arkaýyn bol: - diýip diýmanka ejeligi jan berdi. Ol bu ýagty jahan bilen hoşlaşdy
Ogulşat bolsa gözenegiň aňyrsynda ejesiniň ýogalan gunine gelip bilmedi. Ol bu habary eşdip ol taýda seretýan işgarleriň birin agyr ýagdaýda uryp, özine kesilen ýylyň ustune ýene ýyl mündürdi, indi onyň haçan gelip, haçan çykjagy welin belli däldi....
Soňy.
Uns berip okanynyz ucin kop sag bolun!
11
88
Arslan_Alaýew
07.12.2024 09:01
"MAWJUDA"
3-nji bölümi...
- ýok beý diýjek dal
- öýkeledim
- öýkelede ertir iliň telefony eltip ber
- ýok bermen, ol meniň bilen boldy eýýam
- Ogulşat utananokmy, her ýigit bilen bolyp ýörmage, sen gyzlygyň 14-15 ýaşamankaň aldyrdyň, beýtme indi bir, şu işiň goý
- seni hiç kim soýenok welin senem gorupçilik edýaň, senden men owadan hemme ýigitler men diýip ölşik
- olar sen diýip ölenok, seniň bilen wagt geçirýar
- kisesine newsi agyrmasa geçiribersin,işim ýok
- wah seniň gowniň bir ýalyda
- sebabi men senden owadan
- hawa sen owadan, ondada has owadan
Ogulşat ýatmaga ýerine geçdi
Onyň nadip guldanyň ýanyna baryp hälki zyňylan haty alanyny Mawjuda üns bermedi
Ogulşat
- Mawjuda, bu ýigdiň owadanlygyn duran ýerinde söýdimaý şuny, kimaý bu
- hiç kim
- dur, dur hat bar
- Ogulşat okamaýda äpişgeden zyňaý haty
- yok
- Ogulşat haýyş
- ýok diýildimi ýok, Mawjuda telefon nomer hem bar, boldy uraaaaa men jaň etjek
- yooooook
- yitsenaý sen
Mawjuda gozune ýaş aýlap tikini bilen bolyberdi.
Ogulşat diwana geçip şol nomera jaň etdi. Ol ýigit bilen uzyn gije gürleşdi, Yone özini tanatmady Ol men Mawjuda diýip gürleşdi. Ol ony söýdi. Indi onyň bar aladasy diňe şol ýigitdi
Aradan bir aý toweregi geçdi. Ogulşat bolsa onyň bilen gurleşýardi. Mawjuda bolsa sesin çykarmady. Aradan 6 aý geçensoň ol oglan bulara gudaçylyga ejesin ugratdy. Ol gelip Mawjudany sorady. Bu hawary eşdip Ogulşat Mawjudany ýene sesiň çykarma goý guda bolsunlar diýdi. Mawjudaň bolsa için it ýyrtýardy kime aýtjagyn bilmedi, ejesi hem bilýardi ol öz gyzyny bilgeşleýin şolara berjek bolýardy. Ahyr toý sähedi bellenildi. Ýenede toý. Toý guninde gelinalyjy gelende Mawjudany ejesi gizledi we oňa derek Ogulşady gelin edip olara berip goýberdi, nika gyýyljak wagt onyň Mawjuda dalde Ogulşatlygyn ýigit bilip ala goh tuzurdy ýone Ogulşat hem ezber gyz bolansoň 6 aýlap gepleşen her bir gürrüňlerin onyň ýuzine basdy, hemme edilen gurruňler harpma-harp ýuzbeýuz basyp duransoň ol Mawjuda diýip gepleşen gyzy Ogulşadyň özidigni bildi we bialaç oňa öýlenmeli boldy. Toýdan soň Ogulşat ol öýde kan uzak ýaşamady, ol öňki endigin ýene edip başlady we şahere gidende ony başga bir ýigit bilen dogany Daýanç tutdy we şo ýerde ony öler ýaly uryp agyr ten şikesini berdi. Ogulşat Daýanjy gaty erbet urandygy üçun ýerli polisýa arza berdi we Daýanjy üç ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Adamsy onyň ozal hem gyz daldigin içine salyp gezip ýörşüne buda onyň ustune urna boldy we ony paty putysy bilen atasy öýine eltip gaýtdy. Kakasy bu masgaraçylyga çydaman ýurek agyrdan aradan çykdy. Ogulşadyň maşgalasy dargady. Mawjuda bolsa köçäň aňry ujunda ýaşaýan, öz klasdaş ýigdine durmyşa çykdy. Mawjuda durmyşa çykan gününiň ertesi Ogulşat olara bardy. Toý gününiň edil ertesi özuni gormage gelmedigni Mawjuda aňdy ýöne sesin çykarmady. Täze gelniň dogany geldi diýip ony lezzetläp çaý çörek berip ony halatlap goýberdi
Ol gaýdansoň Mawjuda üç açylýan aýnaň öňinde goýan ýoldaşy Begmyradyň toý gunde sowgat eden kiçijik gyzyl ýüzügin tapmady, ony irden yuwunjak bolanda şol aýnaň öňinde sandyjygyň içinde goýypdy, soň hem Ogulşat gelensoň dakynmak ýatdan çykypdy. Dogany gidensoň ol ýuzijigi gözlap öýiň içini elek etdi. Ony Ogulşadyň alany aýdyň bilýardi ýöne Begmyrada elime çala uly bolýady elimden gaçypdyr öýtýan diýdi. Aý gün hatar tutyp geçip durdy. Mawjudaň täze gelinlik döwri geçdi we ony öýlerine gaýtaryp getirdiler. Ol gelen guni Ogulşadyň elinde şol ýuzigini gordi we adamlaryň azalyp agşam ýeke galan wagty ol
- Ogulşat bir zat sorajak
- sora
- eliňdaki ýuzik kimiňki
- kimiňki bolar menki
- Ogulşat beý diýmesene ol ýuzik menki .Ony Begmyrat maňa toý gunume sowgat berdi. Ol seniň baryp gaýdan guniň ýitdi. Men öýi ony gözlap elek etdim.
Dowamy bar...
10
59
Arslan_Alaýew
06.12.2024 20:25
"MAWJUDA"
2-nji bölüm
-Mawjuda, salam siz meni tanamarsyňyz, sizde el telefon bar bolsa şu nomere aýlap öçuraýiňda, siz bilen has ýakyn tanşyp, öz ýüregimden size ýer beresim gelýar. Men sizi iki üç aýdan bari yzarlap gelýan, ýone hiç siz bilen gurleşmaniň ugryn tapmadym. Siz öýden ýeke ýere hem su iki uç aýyň dowamynda daş çykmadyňyz. Kejebam daşa degensoň, men size hat ýazmaly boldym, bagyşlarsyňyzda
Ine bu surat men, suratyň arkasynda meniň telefon nomerim bar. Öz pikirňizi aýtmagyňyza garaşýan, eger sizde mümkinçilik bolmasa, haty äpişgeden daş zyňyň, men duşunerin eger hatym daş zyňylmasa, onda men sizden geljek jaňa garaşaryn, men göni on baş minit garaşýan, şo on baş minudyň dowamynda hatym äpişdeden daşa zyňylmasa onda bu gun siziň jaňyňyza uzyn gije garaşaryn Sagbolyň
Mawjuda haty okap titrap başlady. Ol ejeligi biler öýtdip öler ýaly gorkýardy we haty eline alyp äpişgeden daşaryk zyňjak bolyp durka, şarka gapy açyldy....
— äpişgäň agzynda näme etýaň, geç ýeriňe tikiniň bilen bol, maňa pul gerek, öweý çaga saklan öziň bolma aýdanyň etdirmek iş bolýar: diýip ejeligi içere girdi. Mawjuda, sandyraklap gorkysyna elindäki haty duran ýerindäki guldana zordan taşlap ýetişdi we bor eje diýdide ýerine geçdi. Ejeligi onyň ýanda otyryp gelen koýnekleri sanaşdyrdy.
- şu gije ýatman şulary tikip dyn. Ogulşada hem öwret tikmani. Şol seniň boýnyňadyr. Şoňa bir zat bolsa sen jogap berersiň
- bor eje
- özam hazir geldigi, göni meniň ýanyma eltgin, klasdaşym toýy diýip gidenine naçe wagt boldy.
Onyň gunde klasdaşynyň toýy gutarmady
- bor eje, geldigi ýanyňa elterin, siz ýatyberiň
Ejeligi çykyp gidensoň, koýnekleriň hyzyrdysy bilen hat ýatdan çykdy. Ogulşat gije ikiden işlände işikden girmage gorkyp Mawjudaň äpişdesinden öýe girdi we
- uýam, ejem seniň ýanyňa naçede geldi
--8-9 lara gelendir
- sen ejeme Ogulşat sen giden badyňa geldi we siz ýataňyzsoň oýatmaga dozmedim diý
- bolýa
- saňa doneýin, men owadan gerek, senden has owadan, hemmeleriň gözi gider ýaly üýtgeşik koýnek tikip bersene
- ejem saňa koýnek tikmani öwren diýdi
- ýok, sen tikýaňa boldyda, men tikin tikmani halamok, maňa tans et diý, aýlan diý şoňa ökde, wi dogrydanda saňa bir zat aýdaýynmy
- aýt
- men bir oglan bilen tanyşdym, soň ol meni kafe äkitdi, onyň ýanyndaky puly uffff newozmožno onça pul ýanyňda götermek, ol daş çykyp gidende koşulogy ýanymda durdy, zordan ýapylýar, menem onyň içinden çildim bir bölegin bilip durasy ýokla diýipjik
- Ogulşat ogurlyk gowy zat dal ahyry, elt-de ber ony
- nameüçin bermeli, ol eýýam meniň bilen bile boldy, maňa onyň söýgusi derkar dal puly gerek, soňam -sen gyz däl ekeniň diýen bolyp maňa, menem etjegiň edeňsoň gyz borynmy men diýdim we gyzlygym aldyň sen diýip galan pulyn hem aldym bermedik bolsa onyň maşgalasyna aýdaryn diýdim
- ol name öýlenenmi
- howwalaý, samsyk gelni barlaý
- samsygam bolsa onyň gelni bu edip ýormaň bolanok, Daýanja newsiň agyrsyn ol oglan dogany, öýlenenler bilen gezip ýorse name etsin
- ölsün gyrandegen, ömur meni halanok, basyp bilmezi men onyň doganym hem bolsa ýigrenýan ony
- Daýanja hiç zat diýme, indam geçip ýat meniň zakazym kan
- Mawjuda, men ol oglanyň gowy gymmat baha telefonyn hem aldym, ejem ýa Daýanç bilse zakaz edilen koýnekleriň pulyn berip bilman biri goýyp gitdi diýaý sen diýseň olar ynanarlar
- ýok beý diýjek dal...
Dowamy bar...
9
61
Arslan_Alaýew
06.12.2024 08:26
"MAWJUDA"
1-nji bölümi...
Ejesiniň aradan çykmagy 6 ýaşly Mawjuda örän agyr degdi. Ol name etjegin bilman ýuzjagazyn ýere berip kan ýatdy. Il gun bu çaga sarygetirme bolarla diýip Mawjudaň enesine
-Orazjemal, oglyňy, gelniň 40- y geçmankä derrew öýer, öýe gelin gelse agtygyň tiz öwrenşer gider, bu ýagdaý gaýtalanyp dursa Mawjuda uly gyz çykansoň gownetmek kyn bolar, gaýtam şu wagt pille. Orazsoltan dymmakdan başga olara hiç zat jogap bermedi. Ykbaly keç bolansoň oňa olar bilen ylalaşmakdan başga alajy ýokdy. Mawjudaň ýetim galanyna welin ene ýuregi gyýyldy
Ogluna gelniň gözlegine çykdy. Bu ýagdaýda il gun bir gowy zat derrew ondan mundan sorap eli bir çagaly gelin tapdy. Çagaly hem bolsa alaýyn garyşyp gidaýadida diýip pikir etdi
Taze eje gelensoň Mawjuda bu seniň taze ejeň diýip ony oňa öwrenişdirjek boldylar. Ol öz ejesiniň ýerine gelen öweý ejesin hiç sulhy almady we enesiniň ýanynda bolyberdi. Öweý ejeligi ilki gelen gunleri birenaýy ejedi Mawjuda bilen öz gyzy Ogulşadyň birmeňzeşje geýdirip başlady. Bulary daşyndan gören ekizje gyzjagazlar ýaly bolyp ýöruşlerine guwandylar
Mawjudada ejeliginiň mährine maýyl bolyp oňa eje diýip ýüzlenýärdi. Ogulşady hem dogan ýaly kabul etdi we gaty gowy görýardi. Öweý ejesiniň soň bir ogly hem boldy, oňa Daýanç diýip at goýdylar. Aý guniň geçmegi bilen bu gyzlar uly gyz bolup ýetişdi. Mawjuda Ogulşatdan owadan bolmasada ol özine gaty gowy seredensoň ykjamdy, barja zadyn arassaja geýnip gelşiklidi geýen zady özine ykjam geýip özine gelişip durdy. Ejeligi öz gyzynyň has owadanlygyna buýsanyp oňa owadandan owadan köýnekler alyp berip bezeýardi, onyň diýeni diýendi öýiň içinde. Ony halys läliksiredip öýde ýeke çöp başyn gymyldatmazmy. Öýiň bar işi Mawjudaň boýnyna ýüklenendi. Ol bolsa diňe öz boý syratyna seretýrdi, diňe özi bilendi, öý iç daş arassamy dälmi öý bilen däldi. Hyýalylda durli arzuwlar bilen ýatyp turýardy, onyň öýde towugyna tok diýýan ýokdy. Ol hema harzaldy, diňe özim diýip ýaşaýardy, onyň üstunede bir iki sany oglan bilen hem gepleşýardi, umuman söýişýardi. Munyň bu hereketi Mawjuda hiç ýaranokdy. Her gezek telefon jaňda tutulsa Mawjudaň ýigdi, ol ýigitler bilen söýuşýar we jaňlaşýar diýip ejesine ýamanlaýardy we ejesam gyzynyň aýdanyna ynanyp kakasyna aýdyp Mawjudany gowy edip urdurýardy. Muňa garamazdan Daýanç gany bir gyz uýasy bolsada Ogulşady dälde Mawjudany has gowy görýardi. Ogulşady bir iki gezek oglan bilen tutyp öýe urup uryp getirsede, ol bu hereketlerin hiç goýmaýardy. Ol her zat edýardi Mawjudaň dilsizliginden peýdalanyp Daýanç ejesine aýtmanka ol ony aýdyp ejesine urdyrýardy. Urgydan ýaňa halys bolan Mawjuda diňe öz otagyna girip ejesiniň ir özini taşlap aradan çykmagyna gynanyp köp aglaýardy, öziniň kemsitmelerinden halys doýupdy. Ol bu kemsitmelere çydaman günleriniň birinde öz janyna kast etjek hem bolypdy Ýöne dadyna ýene Daýanç ýetişipdi. Daýanjyň duýdansyz otagyna girmegi Mawjudany aljyratdy we onyň eli öz eline degip gujagyna gysyp
- doganjygym, meni ýeke goýma sende men bar diýmesi gyz ýüregin eretdi we elinde duran tabletkalary zyňyp goýberenini duýman galdy
- jigimjan, eziz jigim seniň üçin ýaşaryn, meniň Daýanjym sen diýip berk gujaklady. Mawjuda şondan soň janyna kast etjek bolmady. Aý aýlandy gun dolandy orta mekdebi sagaman gutaryp her kim çar ýana dargady. Mekdebi gutararyna garaşyp duran ýaly Mawjuda guda gelip başlady. Gelen gudalar diňe Mawjudany soraýardylar Ogulşady welin agzaýan ýokdy
Mawjudaň eli çeperdi ol şeýle bir ýaka gaýaýardy onyň elinden geçen ýakalary nepisdi we owadandy, durli durli koýnek tikýardi, erkek adamlaryň kastyum jalwaryny taze döwrebap biçüwde tikýardi. Onyň çeperligine, işeňirlige hemmeler guwanýardy. Obanyň ähli gyz gelinleriň diýen ýaly geýýan köýnekleri Mawjudaň tikip beren koýnekleridi. Ejeliginiň bolsa muňa gorup damarlary möwç urýardy. Onyň zakazlary köp bolsada öýiň işin diklem şoňa buýurýardy, onyň bolsa ýogy ýokdy.
Mawjuda Ogulşadyň geýýan köýneklerin has hem üýtgeşik tikýardi.
Ogulşat bolsa owadandan owadan üýygeşik biçüwde tikilen köýnekleri geýip diňe kaňkap ýordi. Muňa bolsa ejesiniň jany ýanýardy. Oňa senem otyrda öwren diýse, öwrenmekden geçen oknodan çykyp ýene şol bolşyny dowam etýardi. Günlerde bir gün Mawjuda giç agşam köýneklerin tikip otyrka äpişgeden bir bölek hat we oňa dolangy pasport surat zyňyldy. Ol tisginip gitdi we haty okamak üçin açdy Hatda
Dowamy bar...
9
64