"MAWJUDA"
4-nji bölümi...
- sen maňa ogurlyk ýapýamyň, name onyň ýaly ýuzik diňe sende barmy, müň sany meňzeşçe ýuzik bar onda olaryň bary hem senkimi
- beý diýjek bolmadym birhili ýuregim şo ýuzik senki diýip duransoň aýtdym
- bula senki dal ony maňa sowgat berdiler, sen maňa ogurlyk ýaparca kim bolypsyň, diýip diýip koýnek ölçenilýan santimetr taýagyn alyp onyň sür depesinden ýelmap goýberdi. Bu gezek şunça wagtlap eneli gyzyň kemsitmelerinden bizar bolan Mawjuda hem el galdyrdy. Ogulşat uly ili bilen gygyrdy. Bularyň gohyna ejeligi ylgap gelip ýerli ýerden Mawjudany galmaz edip urdylar. Ol çalam çaş bolyp ýatyşyna özinden gitdi. Naçe wagt ýatanyna bilemok welin ol daň saz berende gözin açdy. Öýiň içindakiler ýatyrdy, ol ýuwaşjadan Ogulşadyň barmagyndaky ýuzugy çalasynlyk bilen aldy, ol maslyk ýatan ýaly çälerip ýatyrdy, namede bolsa turmady, ol surenip köça çykdy. Atan satan bolyp kellebaş açyk, şol öý köýnegi bilen göni gaýyn öýne gitdi. Namaza turan Begmyrat özine ýakynlap gelýani ilki, alagaraňkyda aňşyrmady. Ol garany ýakynnadygyca Mawjuda meňzeşligin bilip ylgap öňunden çykdy
- ezizim näme boldy janym
— meni ol öýe iberme, ölmeli hem bolsa şu öýde öljek, ýuzugumi hem aldym ol albassydan
- ýuzukli meselani goý, ondan has gowsyn alyp bererin nesip bolsa, ölmersiň gulum arkaýyn bol. Soň bolsa ejeeee diýip gygyrdy
Daňdan ukuda ýatan ejesi ylgap çykdy näme boldy oglym. Mawjuda gözi düşup
— ihhhhhhh, bu çagany nädaýipdirler, gelinjan eşikleriň ýyrtym ýyrtymla, elem tas bolyp gidipsiňa. Mawjudadan ses çykmady ol diňe gaýynenesini gujaklap aglady...
Mawjudany öýe saldylar. Az salymdan ejeligi ylgap geldi
-Guda, bu nä boluş, bu nä etdigiň boldy .
Gyzy duýn eltip agşam adam ýatansoň oglyň alyp gaýtmalymy, toba. Begmyrat saklanyp bilmedi: - siz şeýle pikir etýamiň gaýyn, ol indi size degişli ýeri ýok, hazir hem Mawjudadan minnet çekaý bu edenjaň üçin göziňizi gözenekden açdyrjakdym welin, sakladyda, şonyň sözi üçin hyrçyny dişlap otyryn
—Goýaweri çagam biz oňa el degirmedik, ol özi ýykyldy
- Goýsanaý gaýyn: - diýdide öýe girdi
Ejeligi Mawjudanyň gaýynna ýalbaryp, ýalbaryp alyp gaýtdy we il gun bilmankä öýe getirip, derrew gaýtarma etdi. Mawjuda soň asylha öý diýip agzalmady. Ogulşat bolsa edeni edip ahyr bir baý adamyň zandyýaman heleýiniň eline ildi we ogurlyk sebapli gözenegiň aňyrsyna duşdi
Ondan soň Mawjuda ejeligine özi çaý nahar berip başlady ýöne ejeligi indi ýanyn ýere beripdi, guýç kuwwady ýokdy. Mawjudaň bir oguljygy boldy. Yegen daýa meňzar diýilşi ýaly Daýanjyň ediljek özidi. Ol indi bagtlydy.
Durmyşyň agyr ezýetli gunleri onyň ýuzine ýyllaryň gasynlary salsada ol özine gowy üns berýardi, şol ykjamlygyn gowşarman gelýardi
Oguljygyndan soň ýene bir ogly dunýa indi, goşa diregi ha diýman ýetişip arkasyna söýeg berjekdi. Daýanç barada aýtsak , ol özine berlen geçmesi kyn ýyllary sagaman otyryp geldi, we öz ojagyna dolandy. Gelip öz ýerlerinde obada işlap başlady. Ýyla ýetmän bolsa Mawjuda öz baldyzyn öz jigsine durmyşa çykmaga razy etdi. Şeýdip öz eziz jigsiniň maşgala ojagyn ile meňzeş edip duzäp, il hataryna goşdy. Olar indi öz durmyşlaryndan razydy. Ejeligi bolsa öz görkezen ezýetleri üçin Mawjudadan, haçanda jan berjek wagty ýanyna çagyryp
- eziz gyzym, meni bagyşla, öz dogran gyzymdan görmedim seniň edenleriň, saňa gun gorkezmesemde, sen menden el çekmediň, aşyma suwyma seredip, perzentlik borjyn doly ýerine ýetirdiň. Meniň wagtym azalýar Ogulşadyň didaryn görüp bilmesemde ol gelse eýe çyk, senden başga kim oňa eýe çyksyn, balam haýyştym ýerine ýetir. Mawjuda:
- bor ejejan arkaýyn bol: - diýip diýmanka ejeligi jan berdi. Ol bu ýagty jahan bilen hoşlaşdy
Ogulşat bolsa gözenegiň aňyrsynda ejesiniň ýogalan gunine gelip bilmedi. Ol bu habary eşdip ol taýda seretýan işgarleriň birin agyr ýagdaýda uryp, özine kesilen ýylyň ustune ýene ýyl mündürdi, indi onyň haçan gelip, haçan çykjagy welin belli däldi....
Soňy.
Uns berip okanynyz ucin kop sag bolun!