"MAWJUDA"
2-nji bölüm
-Mawjuda, salam siz meni tanamarsyňyz, sizde el telefon bar bolsa şu nomere aýlap öçuraýiňda, siz bilen has ýakyn tanşyp, öz ýüregimden size ýer beresim gelýar. Men sizi iki üç aýdan bari yzarlap gelýan, ýone hiç siz bilen gurleşmaniň ugryn tapmadym. Siz öýden ýeke ýere hem su iki uç aýyň dowamynda daş çykmadyňyz. Kejebam daşa degensoň, men size hat ýazmaly boldym, bagyşlarsyňyzda
Ine bu surat men, suratyň arkasynda meniň telefon nomerim bar. Öz pikirňizi aýtmagyňyza garaşýan, eger sizde mümkinçilik bolmasa, haty äpişgeden daş zyňyň, men duşunerin eger hatym daş zyňylmasa, onda men sizden geljek jaňa garaşaryn, men göni on baş minit garaşýan, şo on baş minudyň dowamynda hatym äpişdeden daşa zyňylmasa onda bu gun siziň jaňyňyza uzyn gije garaşaryn Sagbolyň
Mawjuda haty okap titrap başlady. Ol ejeligi biler öýtdip öler ýaly gorkýardy we haty eline alyp äpişgeden daşaryk zyňjak bolyp durka, şarka gapy açyldy....
— äpişgäň agzynda näme etýaň, geç ýeriňe tikiniň bilen bol, maňa pul gerek, öweý çaga saklan öziň bolma aýdanyň etdirmek iş bolýar: diýip ejeligi içere girdi. Mawjuda, sandyraklap gorkysyna elindäki haty duran ýerindäki guldana zordan taşlap ýetişdi we bor eje diýdide ýerine geçdi. Ejeligi onyň ýanda otyryp gelen koýnekleri sanaşdyrdy.
- şu gije ýatman şulary tikip dyn. Ogulşada hem öwret tikmani. Şol seniň boýnyňadyr. Şoňa bir zat bolsa sen jogap berersiň
- bor eje
- özam hazir geldigi, göni meniň ýanyma eltgin, klasdaşym toýy diýip gidenine naçe wagt boldy.
Onyň gunde klasdaşynyň toýy gutarmady
- bor eje, geldigi ýanyňa elterin, siz ýatyberiň
Ejeligi çykyp gidensoň, koýnekleriň hyzyrdysy bilen hat ýatdan çykdy. Ogulşat gije ikiden işlände işikden girmage gorkyp Mawjudaň äpişdesinden öýe girdi we
- uýam, ejem seniň ýanyňa naçede geldi
--8-9 lara gelendir
- sen ejeme Ogulşat sen giden badyňa geldi we siz ýataňyzsoň oýatmaga dozmedim diý
- bolýa
- saňa doneýin, men owadan gerek, senden has owadan, hemmeleriň gözi gider ýaly üýtgeşik koýnek tikip bersene
- ejem saňa koýnek tikmani öwren diýdi
- ýok, sen tikýaňa boldyda, men tikin tikmani halamok, maňa tans et diý, aýlan diý şoňa ökde, wi dogrydanda saňa bir zat aýdaýynmy
- aýt
- men bir oglan bilen tanyşdym, soň ol meni kafe äkitdi, onyň ýanyndaky puly uffff newozmožno onça pul ýanyňda götermek, ol daş çykyp gidende koşulogy ýanymda durdy, zordan ýapylýar, menem onyň içinden çildim bir bölegin bilip durasy ýokla diýipjik
- Ogulşat ogurlyk gowy zat dal ahyry, elt-de ber ony
- nameüçin bermeli, ol eýýam meniň bilen bile boldy, maňa onyň söýgusi derkar dal puly gerek, soňam -sen gyz däl ekeniň diýen bolyp maňa, menem etjegiň edeňsoň gyz borynmy men diýdim we gyzlygym aldyň sen diýip galan pulyn hem aldym bermedik bolsa onyň maşgalasyna aýdaryn diýdim
- ol name öýlenenmi
- howwalaý, samsyk gelni barlaý
- samsygam bolsa onyň gelni bu edip ýormaň bolanok, Daýanja newsiň agyrsyn ol oglan dogany, öýlenenler bilen gezip ýorse name etsin
- ölsün gyrandegen, ömur meni halanok, basyp bilmezi men onyň doganym hem bolsa ýigrenýan ony
- Daýanja hiç zat diýme, indam geçip ýat meniň zakazym kan
- Mawjuda, men ol oglanyň gowy gymmat baha telefonyn hem aldym, ejem ýa Daýanç bilse zakaz edilen koýnekleriň pulyn berip bilman biri goýyp gitdi diýaý sen diýseň olar ynanarlar
- ýok beý diýjek dal...
Dowamy bar...