Arslan_Alaýew
06.12.2024 08:26
"MAWJUDA"

1-nji bölümi...



Ejesiniň aradan çykmagy 6 ýaşly Mawjuda örän  agyr degdi. Ol name etjegin bilman ýuzjagazyn ýere berip kan ýatdy. Il gun bu çaga sarygetirme bolarla diýip Mawjudaň enesine

-Orazjemal, oglyňy, gelniň 40- y geçmankä derrew öýer, öýe gelin gelse agtygyň tiz öwrenşer gider, bu ýagdaý gaýtalanyp dursa Mawjuda uly gyz çykansoň gownetmek kyn bolar, gaýtam şu wagt pille. Orazsoltan dymmakdan başga olara hiç zat jogap bermedi. Ykbaly keç bolansoň oňa olar bilen ylalaşmakdan başga alajy ýokdy. Mawjudaň ýetim galanyna welin ene ýuregi gyýyldy

Ogluna gelniň gözlegine çykdy. Bu ýagdaýda il gun bir gowy zat derrew ondan mundan sorap eli bir çagaly gelin tapdy. Çagaly hem bolsa alaýyn garyşyp gidaýadida diýip pikir etdi

Taze eje gelensoň Mawjuda bu seniň taze ejeň diýip ony oňa öwrenişdirjek boldylar. Ol öz ejesiniň ýerine gelen öweý ejesin hiç sulhy almady we enesiniň ýanynda bolyberdi. Öweý ejeligi ilki gelen gunleri birenaýy ejedi Mawjuda bilen öz gyzy Ogulşadyň birmeňzeşje geýdirip başlady. Bulary daşyndan gören ekizje gyzjagazlar ýaly bolyp ýöruşlerine guwandylar

Mawjudada ejeliginiň mährine maýyl bolyp oňa eje diýip ýüzlenýärdi. Ogulşady  hem dogan ýaly kabul etdi we  gaty gowy görýardi. Öweý ejesiniň soň bir ogly hem boldy, oňa Daýanç diýip at goýdylar. Aý guniň geçmegi bilen bu gyzlar uly gyz bolup ýetişdi. Mawjuda Ogulşatdan owadan bolmasada ol özine gaty gowy seredensoň ykjamdy, barja zadyn arassaja geýnip gelşiklidi geýen zady özine ykjam geýip özine gelişip durdy. Ejeligi öz gyzynyň has owadanlygyna buýsanyp oňa owadandan owadan köýnekler alyp berip bezeýardi, onyň diýeni diýendi öýiň içinde. Ony halys läliksiredip öýde ýeke çöp başyn gymyldatmazmy. Öýiň bar işi Mawjudaň boýnyna ýüklenendi. Ol bolsa diňe öz boý syratyna seretýrdi, diňe özi bilendi, öý iç daş arassamy dälmi öý bilen  däldi. Hyýalylda durli arzuwlar bilen ýatyp turýardy, onyň öýde towugyna tok diýýan ýokdy. Ol  hema harzaldy, diňe özim diýip ýaşaýardy, onyň üstunede bir iki sany oglan bilen hem gepleşýardi, umuman söýişýardi. Munyň bu hereketi Mawjuda hiç ýaranokdy. Her gezek telefon jaňda tutulsa Mawjudaň ýigdi, ol ýigitler bilen söýuşýar we jaňlaşýar diýip ejesine ýamanlaýardy we ejesam gyzynyň aýdanyna ynanyp kakasyna aýdyp  Mawjudany gowy edip urdurýardy. Muňa garamazdan Daýanç gany bir gyz uýasy bolsada  Ogulşady dälde Mawjudany has gowy görýardi. Ogulşady bir iki gezek oglan bilen tutyp öýe urup uryp getirsede, ol bu hereketlerin hiç goýmaýardy. Ol her zat edýardi Mawjudaň dilsizliginden peýdalanyp Daýanç ejesine aýtmanka ol ony  aýdyp ejesine urdyrýardy. Urgydan ýaňa halys bolan Mawjuda diňe öz otagyna girip ejesiniň ir özini taşlap aradan çykmagyna gynanyp köp aglaýardy, öziniň kemsitmelerinden halys doýupdy. Ol bu kemsitmelere çydaman günleriniň birinde öz janyna kast etjek hem bolypdy Ýöne dadyna ýene Daýanç ýetişipdi. Daýanjyň duýdansyz otagyna girmegi Mawjudany aljyratdy we onyň eli öz eline degip gujagyna gysyp

- doganjygym, meni ýeke goýma sende men bar diýmesi gyz ýüregin eretdi we elinde duran tabletkalary zyňyp goýberenini duýman galdy

- jigimjan, eziz jigim seniň üçin ýaşaryn, meniň Daýanjym sen diýip berk gujaklady. Mawjuda şondan soň janyna kast etjek bolmady. Aý aýlandy gun dolandy orta mekdebi sagaman gutaryp her kim çar ýana dargady. Mekdebi gutararyna garaşyp duran ýaly Mawjuda guda gelip başlady. Gelen gudalar diňe Mawjudany soraýardylar Ogulşady welin agzaýan ýokdy

Mawjudaň eli çeperdi ol şeýle bir ýaka gaýaýardy onyň elinden geçen ýakalary nepisdi we owadandy, durli durli koýnek tikýardi, erkek adamlaryň kastyum jalwaryny taze döwrebap biçüwde tikýardi. Onyň çeperligine, işeňirlige hemmeler guwanýardy. Obanyň ähli gyz gelinleriň diýen ýaly geýýan köýnekleri Mawjudaň tikip beren koýnekleridi. Ejeliginiň bolsa muňa gorup damarlary möwç urýardy. Onyň zakazlary köp bolsada öýiň işin diklem şoňa buýurýardy, onyň bolsa ýogy ýokdy.

Mawjuda Ogulşadyň geýýan köýneklerin has hem üýtgeşik tikýardi.

Ogulşat bolsa owadandan owadan üýygeşik biçüwde tikilen köýnekleri geýip diňe kaňkap ýordi. Muňa bolsa ejesiniň jany ýanýardy. Oňa senem otyrda öwren diýse, öwrenmekden geçen oknodan çykyp ýene şol bolşyny dowam etýardi. Günlerde bir gün Mawjuda giç agşam köýneklerin tikip otyrka äpişgeden bir bölek hat we oňa dolangy pasport surat zyňyldy. Ol tisginip gitdi we haty okamak üçin açdy Hatda





Dowamy bar...
9
64
alma___
6 Dekabr 2024
Gyzykly eken , dowamyna garaşýas
okyyjy
6 Dekabr 2024
👍🏻👍🏻👍🏻 ,Garaşýas dowamyna
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.