Arslan_Alaýew
07.12.2024 09:01
"MAWJUDA"

3-nji bölümi...



- ýok beý diýjek dal

- öýkeledim

- öýkelede ertir iliň telefony eltip ber

- ýok bermen, ol meniň bilen boldy eýýam

- Ogulşat utananokmy, her ýigit bilen bolyp ýörmage, sen gyzlygyň 14-15 ýaşamankaň aldyrdyň, beýtme indi bir, şu işiň goý

- seni hiç kim soýenok welin senem gorupçilik edýaň, senden men owadan hemme ýigitler men diýip ölşik

- olar sen diýip ölenok, seniň bilen wagt geçirýar

- kisesine newsi agyrmasa geçiribersin,işim ýok

- wah seniň gowniň bir ýalyda

- sebabi men senden owadan

- hawa sen owadan, ondada has owadan

Ogulşat ýatmaga ýerine geçdi

Onyň nadip guldanyň ýanyna baryp hälki zyňylan haty alanyny Mawjuda üns bermedi

Ogulşat

- Mawjuda, bu ýigdiň owadanlygyn duran ýerinde söýdimaý şuny, kimaý bu

- hiç kim

- dur, dur hat bar

- Ogulşat okamaýda äpişgeden zyňaý  haty

- yok

- Ogulşat haýyş

- ýok  diýildimi ýok, Mawjuda telefon nomer hem bar, boldy uraaaaa men jaň etjek

- yooooook

- yitsenaý sen

Mawjuda gozune ýaş aýlap tikini bilen bolyberdi.

 Ogulşat diwana geçip şol nomera jaň etdi. Ol ýigit bilen uzyn gije gürleşdi, Yone özini tanatmady Ol men Mawjuda diýip gürleşdi. Ol ony söýdi. Indi onyň bar aladasy diňe şol ýigitdi

Aradan bir aý toweregi geçdi. Ogulşat bolsa onyň bilen gurleşýardi. Mawjuda bolsa sesin çykarmady. Aradan 6 aý geçensoň ol oglan bulara gudaçylyga ejesin ugratdy. Ol gelip Mawjudany sorady. Bu hawary eşdip Ogulşat Mawjudany ýene sesiň çykarma goý guda bolsunlar diýdi. Mawjudaň bolsa için it ýyrtýardy kime aýtjagyn bilmedi, ejesi hem bilýardi ol öz gyzyny bilgeşleýin şolara berjek bolýardy. Ahyr toý sähedi bellenildi. Ýenede toý. Toý guninde gelinalyjy gelende Mawjudany ejesi gizledi we oňa derek Ogulşady gelin edip olara berip goýberdi, nika gyýyljak wagt onyň Mawjuda dalde Ogulşatlygyn ýigit bilip ala goh tuzurdy ýone Ogulşat hem ezber gyz bolansoň 6 aýlap gepleşen her bir gürrüňlerin onyň ýuzine basdy, hemme edilen gurruňler harpma-harp  ýuzbeýuz basyp duransoň  ol Mawjuda diýip gepleşen gyzy Ogulşadyň özidigni bildi we bialaç oňa öýlenmeli boldy. Toýdan soň Ogulşat ol öýde kan uzak ýaşamady, ol öňki endigin ýene edip başlady we şahere gidende ony başga bir ýigit bilen dogany Daýanç tutdy we şo ýerde ony öler ýaly uryp agyr  ten şikesini berdi. Ogulşat Daýanjy   gaty erbet urandygy üçun ýerli  polisýa arza  berdi we Daýanjy üç ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Adamsy onyň ozal hem gyz daldigin içine salyp gezip ýörşüne buda onyň ustune urna boldy we ony paty putysy bilen atasy öýine eltip gaýtdy. Kakasy bu masgaraçylyga çydaman ýurek agyrdan aradan çykdy. Ogulşadyň maşgalasy  dargady. Mawjuda bolsa köçäň aňry ujunda ýaşaýan, öz klasdaş ýigdine durmyşa çykdy. Mawjuda durmyşa çykan gününiň ertesi Ogulşat olara bardy. Toý gününiň edil ertesi özuni gormage gelmedigni Mawjuda aňdy ýöne sesin çykarmady. Täze gelniň dogany geldi diýip ony lezzetläp çaý çörek berip ony halatlap goýberdi

Ol gaýdansoň Mawjuda üç açylýan aýnaň öňinde goýan ýoldaşy Begmyradyň toý gunde sowgat eden kiçijik gyzyl ýüzügin tapmady, ony irden yuwunjak bolanda şol aýnaň öňinde sandyjygyň içinde goýypdy, soň hem Ogulşat gelensoň dakynmak ýatdan çykypdy. Dogany gidensoň ol ýuzijigi gözlap öýiň içini elek etdi. Ony Ogulşadyň alany aýdyň bilýardi ýöne Begmyrada elime çala uly bolýady  elimden gaçypdyr öýtýan diýdi. Aý gün hatar tutyp geçip durdy. Mawjudaň täze gelinlik döwri geçdi we ony  öýlerine gaýtaryp getirdiler. Ol gelen guni Ogulşadyň elinde şol ýuzigini gordi we adamlaryň azalyp agşam ýeke galan wagty ol

- Ogulşat bir zat sorajak

- sora

- eliňdaki ýuzik kimiňki

- kimiňki bolar menki

- Ogulşat beý diýmesene ol ýuzik menki .Ony Begmyrat maňa toý gunume sowgat berdi. Ol seniň baryp gaýdan guniň ýitdi. Men öýi ony gözlap elek etdim.


Dowamy bar...
10
56
okyyjy
7 Dekabr 2024
👍🏻👍🏻👍🏻
alma___
7 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýas
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.