AlphaProxima
15.10.2022 22:31
Size bu wagta cenli diñe maglumat berdim. Indi men sizden özüñiz, maksatlaryñyz, gündelik durmuşyñyz, hyýallaryñyz we pikirleriñiz ýaly maglumatlary soramakçy. Sizi tanamak, täze zehinleri we indiwiduallary tapmak isleyarin.

Bu günüñ soragy:
Meşhur bolmak isleyarsiñizmi? Eger "hawa" bolsa näme ücin we haysy ýol bilen? Eger "yok" bolsa näme üçin?
10
202
AlphaProxima
15.10.2022 19:05
Aslynda haywanlara ya da osumliklere pasgelcilik bolmasa we kopelip gitseler olar eyyam bir yylda dunyanin yüzüni örter we dunyade yer galmazdy. Emma olar kesellere yyrtjylara we beyleki faktorlara ducar bolyarlar. Beyle bolsa, adamlar name üçin beyle kan? Name ucin bir tejribede adamlar eger hazir yitip gitse birnace yyl soñ dünya güllap öser diyen netije aldylar?
Munuñ başy aslynda adamlaryñ akyllanmagyndan, yagny, şol beyinleriniñ işlemeginden bashlady. Şondan son ozlerine rahat we lyuks bir durmuş, yaşayyş gurdular we kopelip gitdiler. Indi bolsa hem tebigata hem ozlerine zyýan yetiryarler. Eger dunyaden yekeje jandary alsak, dünyanin sistemasy bozulyar. Emma, adamy alsak ol has güllap osyar. Aslynda adamlar hem bir wagtlar tebigatyñ bir bolegidi, emma olara akyl gelensoñ uytgedi. Bu ilkinji, payhasly adamyñ yüze cykan wagtyny anladyp biler. Ilkinji akyllanan, beyin ewolyusiyasy geciren adam. Belki. Adam bedeni aslynda dunyaniñ bir bolegi, emma, adam ruhy başga bir dunyaden,
başga bir yerden...
12
122
AlphaProxima
14.10.2022 14:58
Cagalar we ulularyñ arasynda name tapawut bar? Köplenç, ulular kici zatlara (detallara) uns bermeyarler. Hemishe umumylaşdyrýarlar. Emma cagalar dünya taze indi. Olar her bir kici zada uns beryarler we bu dunyani indi-indi owrenyarler. Hemishe howes we şadyýanlyk doly bolyarlar. Bu dowurde, olaryñ bilesigelijilik duygusy esasy orny tutyar. Emma ulular olaryñ bu hereketlerinde artykmaclyk goryarler, dushunmeyarler we islemeyan hereketleri bolanda olary ozleriniñ (ulularyñ kici wagty) hem edilişi ýaly jemgyýetiñ goyan kadalary we duzgunleri galybyna sokjak bolyarlar. Cagalar halanmayan işleri edenleri ucin jezalandyrylýarlar, terbiyelenyarler, halanyan işleri edenligi üçin bolsa öwülyarler, sowgatlar alyarlar we muña owrenishyarler. Sonra uly adamlara owrulyarler. Oz hereketlerini, pikirlerini we planlaryny şol öwrenen ahlak kadalaryna gora edyarler. Sonra olar bu başagaylykda detallary we kici ownuk zatlary gormegi basharmayarlar. Dünya ala hasyrdy bolup gecip baryarka, öñki uytgeşik gelyan, bilesigelijilik doredyan zatlar indi olar üçin yönekeyje zatlar bolup gidyar. Olar jemgyýetdaki ornuna, geljek planlaryna we hazirki bolup gecyan alada we wakalara şeyle bir giryarler welin, indi öz cagalarynyñ özleriniñ kicilikde eden zatlaryny gaytalan wagtlary name ücin edyanine dushunmeyarler. Şol sebapli olar hem öz cagalaryny ahlak we jemgyýet galybyna sokjak bolyarlar. Hazirki nesil, "Z guşagy", bu galyplara, geçen nesiller ýaly sorag-sowalsyz girmek pikirine garşy cykýarlar. Mundan 50 ýyl öñ, cagalar, ene atanyñ aydanyny soraga cekmek beylede dursun, olaryñ garşysyna ses hem cykaryp bilmeyardiler. Hazirki dowriñ getiren arkaýynlygy, yurdumyzyñ parahatcylygy we dertleriñ az bolmagy, ene-atanyñ awtoritediniñ hem pese gacmagy bilen, ene atalaryñ aydan zatlaryny soraga cekmek olara añsat bolup duryar. Olar "men näme ücin beyle etmeli", "men name ücin şeyle etmelimişin?" yaly soraglar beryarler. Ozal hem awtoritedy pes bolan ene ata muny baş galdyrma ýaly kabul edip, oda ot bilen jogap beryarler. Şeylelikde, ene-ata we cagalarynyñ arasy daşlaşyar. Soñra cagalar ulalyar, öz durmuşlaryny guryar we dowam etdiryarler, olar hem durmuşyñ aladasy bilen uly masştabda pikirlenmani owrenyarler, muña owreniship, detallaryñ tasinligini, kiciligi unudyarlar. Bu zynjyr şu şekilde dowam edyar.

Netijede, ulular we kicileriñ tapawudy şeydip emele gelyar. Cagalary aslynda jogaplarcilik we durmuş uytgedyar. Bu yerde, öñki makalamda aydyp geçen "Persona" (Carl Jung'uñ nazaryýeti ;) terminini ulanmak bolar. Persona erkek we aýal kişiniñ jemgyýetiñ talabyna laýyk gelyan maskasydyr. Bu maskanyñ doremegi diymek caganyñ ulalmagy diymekdir. Ara ýyllaryn hem girmegi bilen Uly adam akly we caga akly arasynda ara-tapawut ulalýar we uly adam bu yere nädip yetenini hem bilman galyar. Arka garasa giden ýyl, oñe seretse gara topraga yuwash yuwash yakynlaşyan ýol...
Uly adamlar bagt diyen zady jemgyýetiñ toslan "baylyk", "soygi", "mashgala" we ş.m. umumylaşdyrylan "üstünliklerinde" gozleyarler. Elbetde men bu yerde caga bolmaly diymeyarin, bolup hem bilmeyaris, emma biraz oylanyñ we özüñize, durmuşuñyza, cagalaryñyza, geciren ýyllaryñyza üns beriñ. Edyan zadyñyza, bu dünya jemgyýetine, bizi sokjak bolyan galyplaryna düşüniñ, düşünmeseñiz, gözi bolup hem gormeyan korleriñ durmuşyny yaşarsyñyz. Durmuşuñyz bolsa, uly wezipä girmek, bay bolmak, meşhur bolmak, iñ gowy jayda yaşamak, täze awtomobil almak ýaly yasama maksatlar bilen gecer.

Bagt netijede däl, netijä gidyan yolda serpilgi yatandyr. Yagny, bagty awtomobili almakda däl-de awtomobili almagyňyza getiryan yolda gözlaň. Bu ýoluň dowamynda, maksada gönükdirilen her bir işiňize many goşuň, ony sungat derejesinde etmage synanyşyň. Şonda hem yoluňyz, hem-de netijaňiz ajaýyp bolar. Siz bolsa, ýaşyňyz gartyşan wagty, gecmişe seredeniňizde, "men bagtly bir ömür geciripdim" diyip bilersiňiz...
9
121
AlphaProxima
13.10.2022 21:55
Hemmanize uly hoşallyk bildirmek isleyarin! Çünki siziñ saýañyzda trende bir makalam girdi we höwesjeñ derejesini aldym.
Bütin yuregim bilen MINNETDAR!
17
280
AlphaProxima
13.10.2022 16:51

Erkek adam, adatça, animasy we personasy¹ bilen iç içe bolyar. Iş ýerinde (köp manyly iş), ösen personasy bolan erkek adam gowy niýetli, medeniýetli, mylaýym, akylly we ş.m wagty, öýde tersine bolup bilyar. Galyberse-de, anima² erkekleriñ garañkyda ýatan zenan bölegi bolup, jemgyýetde ejizlik hökmünde garalýan, basdyrylan impulslar³ we islegleriñ ýygnalýan yeridir. Persona nähili ajaýyp bolsa, anima hem şoñça ajaýyp bomaly bolyar. Başgaça aýdylanda, animada, personanyñ ösüşi bilen deñ wagtda, köp mazmun ýygnaldy we anima hem şol dereje güýçli ösdi. Garañkyda ýygnanan, basdyrylan impuls we islegler bu erkek adamda öýde gaharly, gödek adam bolmagy bilen yüze cykyar. Bu ýygnanma, köplenç, aýalyna geçirilýär. Bu adamlara özlerini, personalaryny we animalaryny nädip tapawutlandyrmalydygyny bilmek ýeterlikdir. Şeýle-de bolsa, adama özüni animasyndan tapawutlandyrmak kyn. Aýdyşym ýaly, olar wagt we durmuş dowamynda persona we animasy bilen baglanyşýarlar. Bir kişini biz el, burun, agyz ayak, gowre we ş.m. gornuşde däl-de, umumy adam bedeni hokmunde goryaris we kabul edyaris. Bu hem şeyle. Animany, personany we özlügiñi aýralykda görüp bilmek añsat däl.
Garañkyda yatan zatlar hemişe yagtylyga, daşyna cykmak isleyar. Olar bolsa hemişe, serpikdirilme, simwollaşdyrma arkaly daşary cykýar. Animasy daşary cykma islegi babatynda agyrlyk edyan ýagdaýlarynda (yagny hemişe diyen yaly) ene, soň bolsa aýaly içki howplardan goraýjy rol oýnaýar. Bu adamyň daşarky howplara⁴ garşy güýçli personasy bolyar, ony şol personasy gorayar. Bu ýagdaýda aýal, erkek adamyň durmuşynda möhüm rol oýnaýar. Kişiniñ Anima bolan düşünişi azaldygyça, persona bilen birleşme artar, personanyñ garşysyna bolan anima bolsa bütinley garañkyda galyar we aýaly üsti bilen simwollaşdyrylýar, şeylelikde erkek aýalynyñ boynunyñ aşagyna düşýär.
Boýnunyñ aşagynda bolmakdan diýjek bolýan zadym, aýalyň erkek kişini dolandyrmagy däl. Erkegiñ buýsanjy muňa ýol bermez. Has dogrusy, bu, aýalynyň isleglerine, haýyşlaryna garşy durup bilmezligidir. Netijede, jemgyýetiñ "gyz islegleri⁵" diyip arlandyryan isleglerini, özi ýerine ýetirip bilmeýändigi sebäpli, bu islegleri aýalynyñ üsti bilen kanagatlandyrýar. Aýry-aýry däl-de, doly seredenimizde, bu aýalyna mähirli garaýan adama meňzeýär.
Içerki howplar diydigim, daşary çykmaga synanyşýan animany göz öňünde tutýaryn (Sebabi ol cuñlukda, garañkyda basdyrylan) Animanyñ daşky simwoly hokmunde simwollaşdyrylan aýal model bolsa, beýleki tarapdan, erkekleriň öz-özüne garşy çykmazdan, animanyñ şekillendirilip (reformirlenip), daşary çykmagyna mümkinçilik berýär.
Bular her medeniyetde, jemgyýetd üýtgäp biler (meselem turkmen jemgyýetindaki we Hytay jemgyýetindaki tapawutlar), ýöne umuman birmeňzeşdir.
Aýallarda persona ejaniñ usti bilen elde edilyar. Eje bu yerde personanyñ nahili bolmalysyndaky rol modelidir. Animus⁶, ayallaryñ cunlugynda yatan "erkek islegleri⁷" bolup, kakanyñ üsti bilen simwollaşdyrylýar. Erkek hereketlerini jemgyýetiñ kabul etmejegi sebapli, erkeklerdaki yaly, aýalyñ özi muny yerine yetirip bilmeyär. Şol sebapli ol islegler, kakasynyñ, soñra bolsa ärinin usti bilen kanagatlandyrylýar.
Aýallarda käbir kompleksler⁸ bolyar. Aslynda kompleksler hemmede-de bolyar, emma diñe ayallara (gyzlara-da, umuman urkacy jynslylara) yorite kompleks bolyar. Ol soygini ýitirmek gorkusy. Bu esasan yoldaşynyñ yada kakasynyñ soygusi bolup cykyş edyar. Şeylelikde, muňa garşy käbir çäreleri görýär. Bu çäreler adamsyna gözegçilik etmek, soraga cekmek (hasabat soramak, ol ya da beyleki eden zady/zatlary ucin) ýa-da islän zadyny etmek bilen söýginiň ýitmezligini üpjün etmek, gabanjaňlyk we başgalar bolup biler. Görşümiz ýaly, çäreleriň köpüsi aýalyň, erkegiñ soygusini, özi islemeýän ýaly edip, yitmezligini upjun etmage gönükdirilendir. Bu, aýallaryň ýanýoldaşlaryna söýgüsini ýitirmek gorkusyny dogry aýdyp bilmezligi bilen baglanyşykly. Yagny muny özlerine sorasañ aslyýetindaki yaly aydyp bilmeyarler we ozlerinin erkekleriñ soygusini yitirmage gorkyandyklaryny 40 böker yöne boynuna almaz. Bu olaryñ ejizlik diyip pikir edyan zatlarydyr (yagny, erkegin soygisini yitirmekden gorkmak we ş.m. ejizlik hokmunde). Erkek adamy özünde saklamak we söýgini ýitirmezlik synanyşygynyň iň ýokary nokady newroz ýa-da psihoza çenli baryp biler. Mysal üçin, erkek henizem söýýänligi barada illüziya, masohizm (islan zadyny etmek we özüni (egosyny) pida etmek arkaly) ýa-da şizofreniýa. Elde saklamagyñ egoistçe görnüşi hem ulanylyp bilner (meselem, zorluk ulanmak)
Erkeklerdaki gorky bolsa erkek buysanjy (Türkçe, "erkeklik gururu") bilen baglanyşykly. Taryhy sahnada, erkekleriñ yitirme, yenilme gorkusy bilen sepleşikdaki buysanjyny şeyle beyan edip bolar: Erkekler we ayallaryñ gadym dowurdaki derejlerini bilyarsiniz. Şoña laýyklykda, Erkek ozüne degişli zatlara eyecilik edyar we olary gorayar. Goramak bu erkek ucin icden gelyan borç ýalydyr. Aýaly we cagalary (has hem gyz cagasy) bu nobatda ilkinji goralmaly zatdyr. Bu olaryñ ozuni gorap bilmeyanligi ucin däl, eysem, başga olaryñ ellerindaki bu gymmatlyklary alyp biljek başga howplaryñ (köplenç başga erkekleriñ)bolmagyndadyr. Erkekler şol sebapli güycli bolmak, guycli gorunmek bilen kellani bozandyr. Muny ozlerine sorasañ kabul etmezler belki, emma bir birlerine bolan garşylyklary, sähel zat bolsa uruşmaklyklary, olaryñ guyc derejesinde bir birini yeñmek isleginden ybarat. Yogsam, meselem, hapa sogunmek fiziki urşy doredip biljek bir sebap däl. Olarda yeñilme we erkeklik derejañ peselmegi yaly gorkular hem bolanlygy sebapli, munuñ ýaly (hapa sogunme meselem) yagdaylarda, diñe, uly bolmadyk itiş-kakyş we soguncler bilen boldy edilyar. Ayallarda-da garşydaşlyk bolyar. Gyzlaryñ, "owadan bolmak", "estetika" bolan islegleri ozara garşydaşlygy oyaryar duryar. Emma bu garşydaşlyklar absolyut bolmayar elbetde. Potansiyal bir howp döremese, bu kişiler bir biri bilen dos, jora bolmagy bilen galyar. Emma, meselem, bir otaga, bir synpa, umuman, adamlaryñ toplanan yerine girenlerinde iki jynsda-da otagdaky kişileri özleri bilen deñeşdirmek, garşy jynslaryna göz gezdirmek we saylamak ýaly ýarym özygtyýarly (türkçe: bilinçli) zehin hereketlerini başdan geciryarler. Umumylykda, bularyñ barsy, hazirki dowrebap dünya jemgyýetine hasiyetli, indi bolsa muny gadymy, jemgyýet şahs uztunden has hem täsirli, has hem basgyn bolan dowurlerine yerleşdirip görüñ. Elbetde, gylyç çekip uruşmaly, aýallaryñ oydek ikinji orunda durmasy, erkekleriñ gyzmalygy, aýallaryñ gysganclygy manyly bolup duryar.
Erkeklerde-de öñüni alma çäreleri newroz we psihoza çenli baryp biler. Tapawut erkek adamyň buýsanjynda bolup biler. Mysal üçin, aýallaryny egoistlik bilen elde saklamak, erkeklerde, masohizmden has ähtimal bolup biler. Elbetde, olary kesgitleýän başga faktorlar hem bar. Mysal üçin, aýallaryň özüni alyp barşy, (hasiyeti) mysal bolup biler ( yagny, erkekleriñ ayalynyñ özüni alyp barşyna gorä çare tapmagy we ş.m.).
Erkekleriň we aýallaryň ikisinde-de "goragçy" ýok bolsa-da, impulslaryny basyp, içerki (erkek) we daşarky (aýal) howplardan goranyp bilyarler. Daşyna cykarmagyñ başga görnüşleri-de ulanylyp bilner.

Sözler:
Persona - jemgyýet adamlary bellibir rola zorlayar. Galan rollary we oña degişli hasiyetleri adamlara gadagan edyarler. Jemgyýetiñ bu basgysyna gorä adamlar ozlerinde, jemgyýetin isleyşi boyunce bir maska doredyarler. Bu bolsa olary, guycli, akylly, ustunlikli we ş.m. edip gorkezmage yarayar. Galan, jemgyýetiñ garşy cykjagy isleg we hereketler ice tarap basdyrylýar.
Anima - bu erkegiñ, ice basdyran gyz/ayal tarapyny añladyar. Adamlarda islegler, impulslar jynsa, yaşa, sosial dereja, wezipa we ş.m. garamazdan, daşary cykmaga ugrukýar. Emma, halki aydyşym yaly, jemgyýet her zada "bor" diyip duranok. Kim bolmanda yolda yaşyl koynek geyip yoren bir erkek gormek islär? Şol sebapli erkeklerde, jemgyýet tarapyndan ejizlik hasap edilyan ähli islegler we hereketler animada jemlenyar. Emma onuñ daşary cykmaga, özüni gorkezmage rugsaty bolmayar. Şol sebapli, bolşy yaly däl-de, reformirlenip, täze forma girip, şeydip cykyar. Munuñ esasysy bolsa eje yada ayalynyñ üsti bilen cykmagydyr.

Impuls - hyjuw. Meselem, nahar iymek impulsy, ac wagtyñ has hem täsirli bolyar. Impulslar (yada islegler) adamlar tarapyndan ilki bilen derñelyar, soñra hereket gornüşinde, kanagatlanmak ucn daşary cykyar. Derñelende jemgyýet görüşi we kişiniñ ahlak kadalary göz önünde tutulyar. Eger laýyk gelse daşary cykyar, laýyk däl bolsa, icerde galyar yada reformirlenyar.
Daşky howplar - bu jemgyýet tarapyndan jezalandyrylmak, masgaralanmak, gulunmek we ş.m. bolup duryar.
Icki howplar bolsa wyždan duygusy, gahar, impulsar we ş.m. agdyklyk edende doreyan huzyrsyzlyk. Iki durli howp hem bir duygyny, yagny gaýgyny oyaryar. Ol hem adamy bu meselani çözmage ugrukdyryjy bolup hyzmat edýär.
Gyz islegleri - munuñ bilen, islegleriñ, hereketleriñ gyzlaryñky diyip atlandyrylyan bolegini añladyaryn. Meselem halki ýaşyl koynekli oglan mysaly muña mysal bolup biler.
Şeyle hem erkek islegleri-de bar. Olar erkekleriñki diyip añladylyan islegler hereketlerdir. Olara mysal edip, futbol oynamak, jynsy geymek, maşyn sürmek we ş.m.
Animus - bu edil erkeklerdaki yaly, gyzlaryñ jemgyýet tarapyndan kabul edilmejek isleg we hereketleriniñ basdyrylýan yeri.
Kompleks - bu esassyz gorkular ýa-da aladalar sebäpli dörän emosional mesele. Bular koplenç kişiniñ hasiyetiniñ duzum bolegi bolyar.
28
877
AlphaProxima
12.10.2022 00:48
Gysgaça:
Owadan, güycli, akylly, bäşlikci we ş.m. sypatlar. Bu sypatlar hemmaniñ özünde isleyan zatlary. Bulara eye bolmak üstünlik hasap edilyar. Eye bolan adamlar jemgyýetde yokarda duryar we has añsat yol alyar, eye bolmadyklar bolsa itilyär, uzaklaşdyrylýar. Emma bu itilen adamlar özlerine bolan trawmatiki hadysalaryñ tasirinden halas bolup bilse, "esasy suraty" görme ukybyny gazanyarlar. Aslynda, olar dünyadaki sistemanyñ tasirinden halas bolup, esasy suraty gormegi basharyarlar. Otnositel obyektiw (adam asla absolyut bir obyektiwlige yetip bilmez) bir görüş gazanyarlar. Emma bu diñe geçmişiñ we duygularyñ tasirinden cykyp, sistema bln baglaryña göz yetirmek bln mumkin bolyar.

Trawmany yeñen adam elbetde zehin taydan kämilleşýär, ol bu kämilleşen zehinini ulanyp, duygularynyñ we ajy gecmişiniñ tasirinden cykyp, sistema yokardan seredip bilmese, subyektiw gorüşlerinden halas bolup bilmez. Meselem, ony uran oglanlar bln trawmasy sebapli hemme oglanlary yazgarmak we olaryñ mashgalasy we doslarynyñ hem özleri ýaly ejize ganym adamlardygyna ynanmak.

Beyleki "owadan", "akylly", "güycli" we ş.m. sypatlaryñ diñe jemgyýetiñ öz toslan "gowy" sypatlarydygyna we adamlary bellibir zada unsuni bölmek we gereksiz zatlara ugrukdyrmaga yarayandygyna goz yetirip bolar.
Adamlaryñ hicisi hem añ taydan bir basgancak yokarda dogmayar. Dogabitdi owadan, guycli, akyllylaryñ, hakyky añ basgancaklary öñünde awantažlary yokdur. Hatda, bular dezawantaždadyr. Sebabi, aydyşym ýaly, sistemanyñ bolegi bolan we emeli yasalyp toslanan bu "gowy" sypatlar aslynda jemgyýetde sistemany sazlamak ucn ugrukdyryjy bolup hyzmat edýär. Tik Togy, Instagramy, umuman sosial platformalary mysal alsak, her kim owadan, guycli, akylly we yene bashga birnace sypatlarynyñ barlygy bilen owunyarler (bu aç-açan ya da üsti yapyk bir şekilde bolup biler). Olaryñ añy şol ýaşaýyş şeklinde yaşamaga uygunlaşýar. Emma, gel gör, gelşiksiz, ejiz hasaplanyan we sosial toparlardan (meselem, dostlarynyñ, synpdaşlarynyñ yanyndan) göni we gytaklaýyn şekilde gysylyp cykarylan oglanjyk, özüni, yeke dostlary bolan, kitaplarda tapyar. Ol Jemgyýetiñ narkotiki (ukladyjy, köreldiji) tasirinden özüniñ gelşiksizligi, ejizligi esasynda gutulyar. Eger daş-towereginiñ beryan stresine çydap, sistema göz yetirip bilse ol, bütin bu bolup gecyanlere akyl yetirmek we bulara yokardan seretme ukybyny yagny yaşayşa obyektiw garamagy owrener, trawmasyny hem ýeñer. Eger trawmanyñ tasirinden halas bolup bilmese we duygulary bilen yalnysh pikirler goşulyşyp ýalñyş kararlar almak arkaly örän yalnyş yollara girmegi mumkin. Meselem, gahar we gazaba munen oglan kinesini icinde ulaldyp, ýetişende, bu gaharyny daş toweregine saçsa we jenayat işlese, durmuşyny zayalasa, oglanjyk heläk bolar. Dert adamy çuññur pikirlenmage mejbur edyar, rahatlygyñ bolsa beyle hasiyeti yok. Emma dert hem iki taraply bir gylyç saña girip hem bilyar, saña komek hem edip bilyar. Goryan bolsañyz, adamlaryñ arasynda dezawantaž hasaplanyan yagdaýy, oglanyñ awantažy bolup cykyş etdi. Netijede, owadanlyk diyip hasaplanyan sypat aslynda geciji howesden bashga zat bermedi, oglanyñ gelşiksizligi bolsa oña dert boldy, şol sebapli öz saylawlaryna baglylykda özgerdi. Elbetde, bu yerde oglanyñ awantajy tayyar derdiniñ bolmasy. Obyektiwlige yetip, bir basgançak ätlemek we ardyñda galan dünýa we onuñ sistemasyna beyikden seredip bilmek öz yhlasyña bagly. Ondan daşary, yol görkeziji bolmasa azaşýarsyñ. Dezawantažda oturan "üstünlikli" hasaplanyan kişiler, sistema gömülip, ol yerde kör-körüne yaşamaga dowam edyar. Elbetde, bu adamlar ücin hem umyt yok diymek däl. Olaryñ önünden şular ýaly makala cykyp olary oyanmaga cagyryp biler. Ya da bir şahs, bir kitap, bir hadysa olara oyanmaga mumkicilik berer, yol görkeziji bolar. Umuman aydanymyzda, dert bu özgerdiji faktor. Rahatlyga getiryan artykmaclyklar bolsa (owadanlyk, guyç we ş.m.) adamy ukladyar. Dert duygylar bilen doly bolany üçin saña uly itergi bolyar, emma, yalnyş yola itilmek howpy hem bar. Rahatlykda bu itergi bolmayar, rahatlykdan cykmak, rahatlykdakañ özgermek añsat däl. Bu halatda özüñe dert tapmaly, rahatlygyñy bozmaly (özgermek isleyan bolsañ). Şeylelikde, baýlyk, garyplyk, owadanlyk, gelşiksizlik, guyclilik, ejizlik we başga sypatlar, hemmesi hem jemgyýetiñ narkotikleri bolup adamlary synplara aýyrýar. Adamlar bir synpdan has gowy synpa gecmage cemeşyarler, 20-30 ýyl ömrüni gidiryarler soñra bolsa bir firmanyñ naçe ýyllap kör we ker guly bolanlygyny añyarlar. Näme ücin garry adamlar köp dasharda aylanyar, yalnyz galyp pikir edyar, bir zat aydansoñ sessiz sessiz pikir edyardir oytyarsiniz? Sebabi olar bir durmuş goydular yzlarynda. Olar yzlaryna dolanyo köp bakyarlar. Kabirisi bolsa, iñ soñunda şol yaşlarda, obyektiw görüş gazanyar. Aslynda ol añsat bolyar, çünki ellerinde, ortaça, 60-70 ýyllyk ömür tejribesi, yatlamalary bar. Olar onsob nädip cuñ pikirlere batmasyn? Umuman, bularyñ barysy hazirki dünya sistemasyny emele getirya. Adam bolsa muña akyl yetirmegi basharmaly.
Dünýa awçy we awlardan duryar diyyarler. Emma 3njiler hem bar. Olar pasifistdir. Olar awcy we awyñ gatnaşygyna goşulmayar, diñe uzakdan seredyar.

Sözler:
Subyektiw - bir hadysa, waka, zada, adama bolan bir taraplaýyn gorüş, garaýyş, pikir.
Obyektiw - bir hadysa, waka, zada, adama bolan her garaýyşyñ, pikriñ, gorşüñ jemi.
Absolyut obyektiwlik - bu obyektiwlige hic hili subyektiw pikir tasir edip bilmeyar (adama mahsus däl, bolup hem bilmez. Muña adamyñ akyl yetiriş çägi diysek hem bolar)
Otnositel obyektiwlik - her nä obyektiw bolsa-da adama mahsus bolan subyektiwlik cäginde galyan obyektiwlik.
7
117
AlphaProxima
11.10.2022 00:20
Kabir adamlar, gelip cykyşy boyunca adamlary synplara aýyrýarlar. Yagny, beyik dolandyryjy gatlak we yonekey gatlak. Bular hem oz icinde bolunyar. Yonekey gatlaklardan gelip cykanlar öz sebitlerinde galmaly we bashga, ya da has dogrusy uly, güycli gatlaga goshulmaly däl. Name ucin? Sebabi ezilmek howpy bar. Hemme zadyñ yetip durka howply gatlaklara goshulmak nama gerek? Yza galmaly däl, emma öñe saylanyp hem durmaly däl. Bay biznesmen, gowy doktor we ş.m. bolsañ boluber emma dolandyryjylara goshulma.


Aslynda bu ideologiýany deryada yashayan we denizde ya da okeanda yashayan balyklara menzedip bolar. Manysy: "Deryadaky balyk nace guycli bolsa bolaysyn denizde ya da okeanda ondan apet we has guycliler bar, shol sebapli synanyshmak hem gerek däl". Emma derya balygy, haksyzlyk barka diñe derya bilen yetinip, denize ya okeana girmekden gaca duryan bolsa onda ol durmushynyñ manysyny yitirer. Ha bolya, eger hemme gatlak gulalegulluk bolsa-da, ol balygyn beyleki suwlara acylmak isleyshi, özüni gorkezmek, has güycli bolmak we ş.m. yaly diñe nebis isleglerini kanagatlandyrmak ucn edyandigini anladyar. Emma haksyzlyk garshysyna goreşmek we eger gerek bolsa yupleri oz eliñe almak hokmandyr. Eger ol etmese, sen ya men etmesek kim eder? Asyl sorag shu. Ol balyk has uly suwlara cykansoñ yzyna dolanasy gelyarmi? Niyeti name muny edende? Meselem dolanasy gelmeyan bolsa ol ozuniñ yoklugynda ol suwlarda yene haksyzlyk yuze cykmagyny pikirlenmesinden bolp biler. Ya da ol denizde uly balyk bolmagyñ deryada uly balyk bolmakdan has gowydygyny görendir we hemishe sheyle bolmak isleyandir. Bularyñ hemmesi hem erbet niyet dal, yagny erbet zatlara yol acmaz. Hacan erbet bolyandygyny sheyle aydyp bolar, "haksyzlygy düzeltmek ucn cykan yoluñda iñ soñunda haksyzlyk doredyan sen boljak bolsañ onda ol yola cykmagyñ manysy yok".
7
167
AlphaProxima
10.10.2022 06:52
Adam bedenindaki öyjükler. Olar bir birine baglylykda hersi bir ishi yerine yetiryar. Bilelikde olar adam organizmini tamamlayarlar. Bu nadip bolyar? Bu dushunjesiz, ruhsuz, pes derejeli janly bedenler nadip beyle kompleks bir ulgamy emele getiryar? Bu sorag kyn däl. Olar hersi öz DNKsynda bolan etmeli buyruklaryny yerine yetirip yashayar, wagty gelende bolsa olyarler..
Adamlara serediñ. Adamlar sheylemi? Nace akylly, nace dushunjeli we nace yokary gurlushly, iymit zynjyrynyñ yokarsynda, iñ yokarsynda bolsak hem biz bu jandarlar yaly bile hereket edip bilemzok. Tersine her bir ynsan öz yagdaýyndan nägile. Hersi yokary dyrmaşasy gelyar. Beyikde bolasy gelyar.
Adam bedeninde de hiyerarhiya doredip bolyar elbetde. Has mohum we has az mohum organlar bar. Emma, beyleki organlaryñ oyjukleri bu oyjuklere owruljek bolmayar. Olar oz ishini etse boldy. Eger oz ishini etman yokarlara dyrmashjak bolsady, meselem, beyin oyjugi ya da ş.m. boljak bolasady, wah ol adamyñ halyna..
Mohum oyjukler hem oz yerini erbede ullanmayar. Has dogrusy, ullanmaly däl. Olar etmeli has wajyp ishleri bar. Eger bu ishleri etmese, wezipesini oz keypine ulansa, wah ol adamyñ halyna..
Adamlar hem sheyle etse bolmayarmy? Bir-biri bilen dogru gatnashygyñ jemgyýetiñ peydasynadygy dushnukli. Pul, mal, baylyk, has gowy eshik, has gowy telefon. Emma gerek zat bar we lyüks bar. Eger adama gerek bolsa we alsa bu gerekliligi kanagatlandyrmak bolyar. Eger adama shol yagdaýynda gerek däl bolsa we alsa ol keypi kanagatlandyrmak bolyar.
Emma shu wagtky dunyade gereksiz zat hem gerekli ýaly. Almasañ zorlayarlar. Meselem, dünya dowletleri osmek ucn hemme zady etmane kaýyl. Olarda, syýasat meydancasynda, ahlak ya da prinsip diyip zat yok. Hemme zat diñe girdeji we cykdajy terezisine gora bahalanyar. Halyna tamakin bolp, geregi bln yashasa bolmayarmy? Yok. Sebabi beyleki dowletler hem osyar. Eger osmese ozune howp abanar. Shol sebapli hereketsiz hem hereketlenmeli bolyar.
Shu wagtky 8 milyardlyk dunya jemgyyetini doly we butinley uytgetmek, bulary dushundirmek we ol nebis isleglerinden döndermek kyn. Emma özüñi uytgetmek bln bashlasañ hem bolup dur.
Yeke etmeli zadyñ gözüñi acmak we cyn yaly gorunyan yalanlañ añyrsyny, has ötesini görmek. Adam oyjukler ýaly bile ishlap bilmese-de, nebis diyen bulanyklashdyryjy, ukladyjy faktory hem bolsa, olar-da beyleki jandarlarda bolmadyk, Beyik Allanyñ peşgeşi bar. Ol hem akyldyr.
Bu akyly ulanmak bln ilki özüne soñ dash toweregine soñ bolsa umumylykda bu sistema akyl yetirip biler her ynsan. Shonda Alla Tagallanyñ yeke cyndygyny beyleki zatlaryñ geciji bir yalandygyny hem görer. Dünya soñky menzil däl. Ol biziñ bu ruhlarymyz ucn synag, taze bashlangyja bolan synag. Bu synagy gowy tabshyr. Beyige cykmak, baylyk toplamak, adamlar tarapyndan halanmak bln tabshyrylmayar bu synag. Öyjukler ýaly öz wezipañi doly we dogry yerine yetirmek bln tabshyrylýar.
Elbetde her Allanyñ guly yalnyshyp biler. Öyjukler hem yalnyshyar. Emma bozanyny tazeden duzmegi hem bilyarler.
104
AlphaProxima
09.10.2022 21:01
Mojek, tilki, akula, garynja, gurcuk, towşan we ş.m. öz yaşaýyş şekli, yaşamak ucn name etyandiklerine gora sypatlara we hasiyetlere eyedirler. Meselem mojek, ol ýyrtyjy haywan bolup gowresi aw awlamaga uygunlashan. Morfologik gornushi hem awyna we dushmanyna gorky salmaga yarayar. Hasiyeti, sesi hem şol ugurda. Akly aw awlamaga ishleyar.
Towşan. Daşky keşbi, bedeni, ýyndamlygy, yaşaýyş şekli onuñ gaçgak, ot iyyan haywandygyny gorkezyar. Olar öz yagylaryndan (meselem mojekden) gacyarlar. Olaryñ hasiyeti, akly hem şol ugurda işleyar.
Beyleki haywanlary hem meselem getirip bolar. Kabir haywanlar, meselem gaçgak haywanlar ýyrtyjy, ýyrtyjy haywanlar gaçgak haywanlar ýaly gorunyar we hereket edyarler. Emma bu awlamagyñ ya da gacmagyñ bir gornushidir. Muña ylmy dilde mimikriya diyilýar.
Indi şulary adamlar bln deñeşdiriñ menzanokmy? Elbetde menzeyar. Menzemesiniñ sebabi adam bu hasiyetleriñ hemmesi hem bolp bilyar. Adam ine şoñ yaly cylşyrymly bir haywan. Olaryñ akly hemmesine işleyar. Bu olaryñ terbiyelenishi we daşky gurşawyna, şeyle hem genetiki materiyalyna bagly. Adamlar maymyndan adama gecenlerinde yany bln hacan eyyam biologik ewolyusiyadan jemgyýet we zehin ewolyusiyasyna gecipdiler. Zehin we jemgyýet ewolyusiyasy esasynda adamlar yaşaýyş gurşawyna we bilyan maglumatlaryna baglylykda haywanlaryñ hali sanap gecen hasiyetlerini gorkezyarler. Meselem turkmen jemgyýetinde, Hytayda, Britaniýada, Awstraliya we Afrikada yetishen cagalar meñzeş bolmayarlar. Olar durli yerde önüp ösup, durli kişiler boldular. Olaryñ hasiyetleri de, sypaty da menzesh däl. Emma adam bolandyklary sebapli ýyrtyjy da, gaçgak da, parazit hem, mimikriyacy we bashgalary hem bolp bilyarler. Adamlar bularyñ hemmesini hem belli mocberde ulanyar. Emma olary islan şeklinde ulanyp bilmeyaler. Her kimde bu hasiyetleriñ kesgitlileri agdyklyk edip kesgitlileri hic yok ya da oran az. Bu hem kişilik, harakter diyyan zadymyzyñ esasyny duzyar. Adamlar şeylelik bln cagalykdan ulalyanca geciren wakalary arkaly belli bir kişiligiñ eyesi bolyarlar. Şoña gora de yashayarlar. Emma dashky gurshaw uytgap adamy uytgemage zorlasa adam ya "kicijik" zehin ewolyusiyasy gecirip uytgeyar ya da uytgeshma dayanyp bilman gacyar ya da olyar.
Adam zehini özüni bir kişilik diyip saymaga öñden owrenishipdir. Belkide zehiniñ yuze cykmagy bln adamlar bir birini has takyk tapawutlandyrmagy owrenendirler. Kabirsiniñ edyan we kabirsiniñ etmeyan zady arkaly olary belki kişiliklere bolendirler. Soñra hazirki arketipler yuwash yuwash yuze cykyp bashlandyr. Gowy we erbet kişilik yuze cykyp adamlar gowy we erbet diylip atlandyrylandyr belki. Erbediñ "erbet" sypaty bln sypatlandyrylmagyna bolsa halanmayan we islenmeyan hereketleriñ, pikir we islegleriñ jezalandyrylmagy we yazgarylmagy getirendir belki. Şeydip şeydip ruhy gymmatlyklar, eje, kaka, gyz, oglan, gowy, erbet, Tañry, akylly, samsyk, garry, yaş, caga we başga arketipler yuze cykan bolmagy mumkin. Soñra adamlar arasynda bu sistema gowy akyp, adamlaryñ ahlak we ruhy gymmatlyklar sistemasy we ş.m. dorandir. Bu sistema adamlary gowy adam bolmaga, erbetden gaca durmaga we oña garshy goreshmage motivlendiriji bolp hyzmat etmage bashlandyr belki. Şeydip tehnika, tehnologiya we ylmyñ osmegi we taze maglumatlaryñ gelmegi bln jemgyýet ewolyusiyasy gecip gecip şu wagtky haly alandygy ahtimal.
Adamlar bir biri bilen simbiozyñ (mutualizm, sinoykiya, protokooperasiya we başg.), antibiozyñ (bäsdeşlik, ýyrtyjylyk, parazitizm we başg.) we neýtralizmiñ aragatnashyklaryny da yuze cykaryarlar. Elbetde, bu gatnashyklaryñ hayw.lardan tapawutlylykda, adama aýratyn hasiyeti bolyar. Sebabi adam halki aydyşym yaly, cylsyrymly bir janly.
243