AlphaProxima
13.10.2022 16:51

Erkek adam, adatça, animasy we personasy¹ bilen iç içe bolyar. Iş ýerinde (köp manyly iş), ösen personasy bolan erkek adam gowy niýetli, medeniýetli, mylaýym, akylly we ş.m wagty, öýde tersine bolup bilyar. Galyberse-de, anima² erkekleriñ garañkyda ýatan zenan bölegi bolup, jemgyýetde ejizlik hökmünde garalýan, basdyrylan impulslar³ we islegleriñ ýygnalýan yeridir. Persona nähili ajaýyp bolsa, anima hem şoñça ajaýyp bomaly bolyar. Başgaça aýdylanda, animada, personanyñ ösüşi bilen deñ wagtda, köp mazmun ýygnaldy we anima hem şol dereje güýçli ösdi. Garañkyda ýygnanan, basdyrylan impuls we islegler bu erkek adamda öýde gaharly, gödek adam bolmagy bilen yüze cykyar. Bu ýygnanma, köplenç, aýalyna geçirilýär. Bu adamlara özlerini, personalaryny we animalaryny nädip tapawutlandyrmalydygyny bilmek ýeterlikdir. Şeýle-de bolsa, adama özüni animasyndan tapawutlandyrmak kyn. Aýdyşym ýaly, olar wagt we durmuş dowamynda persona we animasy bilen baglanyşýarlar. Bir kişini biz el, burun, agyz ayak, gowre we ş.m. gornuşde däl-de, umumy adam bedeni hokmunde goryaris we kabul edyaris. Bu hem şeyle. Animany, personany we özlügiñi aýralykda görüp bilmek añsat däl.
Garañkyda yatan zatlar hemişe yagtylyga, daşyna cykmak isleyar. Olar bolsa hemişe, serpikdirilme, simwollaşdyrma arkaly daşary cykýar. Animasy daşary cykma islegi babatynda agyrlyk edyan ýagdaýlarynda (yagny hemişe diyen yaly) ene, soň bolsa aýaly içki howplardan goraýjy rol oýnaýar. Bu adamyň daşarky howplara⁴ garşy güýçli personasy bolyar, ony şol personasy gorayar. Bu ýagdaýda aýal, erkek adamyň durmuşynda möhüm rol oýnaýar. Kişiniñ Anima bolan düşünişi azaldygyça, persona bilen birleşme artar, personanyñ garşysyna bolan anima bolsa bütinley garañkyda galyar we aýaly üsti bilen simwollaşdyrylýar, şeylelikde erkek aýalynyñ boynunyñ aşagyna düşýär.
Boýnunyñ aşagynda bolmakdan diýjek bolýan zadym, aýalyň erkek kişini dolandyrmagy däl. Erkegiñ buýsanjy muňa ýol bermez. Has dogrusy, bu, aýalynyň isleglerine, haýyşlaryna garşy durup bilmezligidir. Netijede, jemgyýetiñ "gyz islegleri⁵" diyip arlandyryan isleglerini, özi ýerine ýetirip bilmeýändigi sebäpli, bu islegleri aýalynyñ üsti bilen kanagatlandyrýar. Aýry-aýry däl-de, doly seredenimizde, bu aýalyna mähirli garaýan adama meňzeýär.
Içerki howplar diydigim, daşary çykmaga synanyşýan animany göz öňünde tutýaryn (Sebabi ol cuñlukda, garañkyda basdyrylan) Animanyñ daşky simwoly hokmunde simwollaşdyrylan aýal model bolsa, beýleki tarapdan, erkekleriň öz-özüne garşy çykmazdan, animanyñ şekillendirilip (reformirlenip), daşary çykmagyna mümkinçilik berýär.
Bular her medeniyetde, jemgyýetd üýtgäp biler (meselem turkmen jemgyýetindaki we Hytay jemgyýetindaki tapawutlar), ýöne umuman birmeňzeşdir.
Aýallarda persona ejaniñ usti bilen elde edilyar. Eje bu yerde personanyñ nahili bolmalysyndaky rol modelidir. Animus⁶, ayallaryñ cunlugynda yatan "erkek islegleri⁷" bolup, kakanyñ üsti bilen simwollaşdyrylýar. Erkek hereketlerini jemgyýetiñ kabul etmejegi sebapli, erkeklerdaki yaly, aýalyñ özi muny yerine yetirip bilmeyär. Şol sebapli ol islegler, kakasynyñ, soñra bolsa ärinin usti bilen kanagatlandyrylýar.
Aýallarda käbir kompleksler⁸ bolyar. Aslynda kompleksler hemmede-de bolyar, emma diñe ayallara (gyzlara-da, umuman urkacy jynslylara) yorite kompleks bolyar. Ol soygini ýitirmek gorkusy. Bu esasan yoldaşynyñ yada kakasynyñ soygusi bolup cykyş edyar. Şeylelikde, muňa garşy käbir çäreleri görýär. Bu çäreler adamsyna gözegçilik etmek, soraga cekmek (hasabat soramak, ol ya da beyleki eden zady/zatlary ucin) ýa-da islän zadyny etmek bilen söýginiň ýitmezligini üpjün etmek, gabanjaňlyk we başgalar bolup biler. Görşümiz ýaly, çäreleriň köpüsi aýalyň, erkegiñ soygusini, özi islemeýän ýaly edip, yitmezligini upjun etmage gönükdirilendir. Bu, aýallaryň ýanýoldaşlaryna söýgüsini ýitirmek gorkusyny dogry aýdyp bilmezligi bilen baglanyşykly. Yagny muny özlerine sorasañ aslyýetindaki yaly aydyp bilmeyarler we ozlerinin erkekleriñ soygusini yitirmage gorkyandyklaryny 40 böker yöne boynuna almaz. Bu olaryñ ejizlik diyip pikir edyan zatlarydyr (yagny, erkegin soygisini yitirmekden gorkmak we ş.m. ejizlik hokmunde). Erkek adamy özünde saklamak we söýgini ýitirmezlik synanyşygynyň iň ýokary nokady newroz ýa-da psihoza çenli baryp biler. Mysal üçin, erkek henizem söýýänligi barada illüziya, masohizm (islan zadyny etmek we özüni (egosyny) pida etmek arkaly) ýa-da şizofreniýa. Elde saklamagyñ egoistçe görnüşi hem ulanylyp bilner (meselem, zorluk ulanmak)
Erkeklerdaki gorky bolsa erkek buysanjy (Türkçe, "erkeklik gururu") bilen baglanyşykly. Taryhy sahnada, erkekleriñ yitirme, yenilme gorkusy bilen sepleşikdaki buysanjyny şeyle beyan edip bolar: Erkekler we ayallaryñ gadym dowurdaki derejlerini bilyarsiniz. Şoña laýyklykda, Erkek ozüne degişli zatlara eyecilik edyar we olary gorayar. Goramak bu erkek ucin icden gelyan borç ýalydyr. Aýaly we cagalary (has hem gyz cagasy) bu nobatda ilkinji goralmaly zatdyr. Bu olaryñ ozuni gorap bilmeyanligi ucin däl, eysem, başga olaryñ ellerindaki bu gymmatlyklary alyp biljek başga howplaryñ (köplenç başga erkekleriñ)bolmagyndadyr. Erkekler şol sebapli güycli bolmak, guycli gorunmek bilen kellani bozandyr. Muny ozlerine sorasañ kabul etmezler belki, emma bir birlerine bolan garşylyklary, sähel zat bolsa uruşmaklyklary, olaryñ guyc derejesinde bir birini yeñmek isleginden ybarat. Yogsam, meselem, hapa sogunmek fiziki urşy doredip biljek bir sebap däl. Olarda yeñilme we erkeklik derejañ peselmegi yaly gorkular hem bolanlygy sebapli, munuñ ýaly (hapa sogunme meselem) yagdaylarda, diñe, uly bolmadyk itiş-kakyş we soguncler bilen boldy edilyar. Ayallarda-da garşydaşlyk bolyar. Gyzlaryñ, "owadan bolmak", "estetika" bolan islegleri ozara garşydaşlygy oyaryar duryar. Emma bu garşydaşlyklar absolyut bolmayar elbetde. Potansiyal bir howp döremese, bu kişiler bir biri bilen dos, jora bolmagy bilen galyar. Emma, meselem, bir otaga, bir synpa, umuman, adamlaryñ toplanan yerine girenlerinde iki jynsda-da otagdaky kişileri özleri bilen deñeşdirmek, garşy jynslaryna göz gezdirmek we saylamak ýaly ýarym özygtyýarly (türkçe: bilinçli) zehin hereketlerini başdan geciryarler. Umumylykda, bularyñ barsy, hazirki dowrebap dünya jemgyýetine hasiyetli, indi bolsa muny gadymy, jemgyýet şahs uztunden has hem täsirli, has hem basgyn bolan dowurlerine yerleşdirip görüñ. Elbetde, gylyç çekip uruşmaly, aýallaryñ oydek ikinji orunda durmasy, erkekleriñ gyzmalygy, aýallaryñ gysganclygy manyly bolup duryar.
Erkeklerde-de öñüni alma çäreleri newroz we psihoza çenli baryp biler. Tapawut erkek adamyň buýsanjynda bolup biler. Mysal üçin, aýallaryny egoistlik bilen elde saklamak, erkeklerde, masohizmden has ähtimal bolup biler. Elbetde, olary kesgitleýän başga faktorlar hem bar. Mysal üçin, aýallaryň özüni alyp barşy, (hasiyeti) mysal bolup biler ( yagny, erkekleriñ ayalynyñ özüni alyp barşyna gorä çare tapmagy we ş.m.).
Erkekleriň we aýallaryň ikisinde-de "goragçy" ýok bolsa-da, impulslaryny basyp, içerki (erkek) we daşarky (aýal) howplardan goranyp bilyarler. Daşyna cykarmagyñ başga görnüşleri-de ulanylyp bilner.

Sözler:
Persona - jemgyýet adamlary bellibir rola zorlayar. Galan rollary we oña degişli hasiyetleri adamlara gadagan edyarler. Jemgyýetiñ bu basgysyna gorä adamlar ozlerinde, jemgyýetin isleyşi boyunce bir maska doredyarler. Bu bolsa olary, guycli, akylly, ustunlikli we ş.m. edip gorkezmage yarayar. Galan, jemgyýetiñ garşy cykjagy isleg we hereketler ice tarap basdyrylýar.
Anima - bu erkegiñ, ice basdyran gyz/ayal tarapyny añladyar. Adamlarda islegler, impulslar jynsa, yaşa, sosial dereja, wezipa we ş.m. garamazdan, daşary cykmaga ugrukýar. Emma, halki aydyşym yaly, jemgyýet her zada "bor" diyip duranok. Kim bolmanda yolda yaşyl koynek geyip yoren bir erkek gormek islär? Şol sebapli erkeklerde, jemgyýet tarapyndan ejizlik hasap edilyan ähli islegler we hereketler animada jemlenyar. Emma onuñ daşary cykmaga, özüni gorkezmage rugsaty bolmayar. Şol sebapli, bolşy yaly däl-de, reformirlenip, täze forma girip, şeydip cykyar. Munuñ esasysy bolsa eje yada ayalynyñ üsti bilen cykmagydyr.

Impuls - hyjuw. Meselem, nahar iymek impulsy, ac wagtyñ has hem täsirli bolyar. Impulslar (yada islegler) adamlar tarapyndan ilki bilen derñelyar, soñra hereket gornüşinde, kanagatlanmak ucn daşary cykyar. Derñelende jemgyýet görüşi we kişiniñ ahlak kadalary göz önünde tutulyar. Eger laýyk gelse daşary cykyar, laýyk däl bolsa, icerde galyar yada reformirlenyar.
Daşky howplar - bu jemgyýet tarapyndan jezalandyrylmak, masgaralanmak, gulunmek we ş.m. bolup duryar.
Icki howplar bolsa wyždan duygusy, gahar, impulsar we ş.m. agdyklyk edende doreyan huzyrsyzlyk. Iki durli howp hem bir duygyny, yagny gaýgyny oyaryar. Ol hem adamy bu meselani çözmage ugrukdyryjy bolup hyzmat edýär.
Gyz islegleri - munuñ bilen, islegleriñ, hereketleriñ gyzlaryñky diyip atlandyrylyan bolegini añladyaryn. Meselem halki ýaşyl koynekli oglan mysaly muña mysal bolup biler.
Şeyle hem erkek islegleri-de bar. Olar erkekleriñki diyip añladylyan islegler hereketlerdir. Olara mysal edip, futbol oynamak, jynsy geymek, maşyn sürmek we ş.m.
Animus - bu edil erkeklerdaki yaly, gyzlaryñ jemgyýet tarapyndan kabul edilmejek isleg we hereketleriniñ basdyrylýan yeri.
Kompleks - bu esassyz gorkular ýa-da aladalar sebäpli dörän emosional mesele. Bular koplenç kişiniñ hasiyetiniñ duzum bolegi bolyar.
28
877
AlphaProxima
14 Oktýabr 2022
SerdarMyradov, aydyberiñ, dört gulak bilen dinleyarin

Myhman Myhman, zyýany yok, wagt aýryp okanyñyz üçin sag boluñ!

Nadira,,,
Myhman Myhman
14 Oktýabr 2022
Gowy erbet dal yone yaryny okadym
SerdarMyradov
14 Oktýabr 2022
AlphaProxima,dos bir sorag bar sana?
AlphaProxima
14 Oktýabr 2022
SerdarMyradov, teswir üçin minnetdar
SerdarMyradov
14 Oktýabr 2022
yzyna dowam post like!👍👍👍👍(salam dostym gouwymyn bir sorag yuze cykdyda bersem cynlakay jogap berip bilersinmi???
AlphaProxima
14 Oktýabr 2022
ylham_gurbanaly, koşeşiñ, siziñ pikriñize zat diyemok, emma siz yola, men baradayalnyş pikir bilen başlap yalnyş pikir bilen hem dowam etyarsiniz. Bir salkym oturyp pikirleniñ, eger men özümden tazecil, Carl Jung'uñ nazaryýetiniñ yaryça bir pikir tapan bolsam men ony name üçin bu yerde paylaşaýyn, beyle bir zady yazan bolsadym gidip kitabyny cykarardym, elbetde bu munuñ üstünde işlemeyandigimi añlatmayar. Bu makalañ maksady Carl Jung'uñ nazaryýetini öz pikrim bilen turkmence añlatmakdy. Oz pikrim diymegim hem bu makala terjime däl-de oz dilim bilen yazylandygy sebaplidir. Özüñiziñ üstün bilgirligiñizi gorkezmek yerine bilmeyan zatlaryñyz owrenmage synanyşyñ, bu mesela hem başga tarapdan garap görüñ.

Elbetde Carl Jung'uñ adyny bellemegi yatdan cykaranlygyma özüm hem okunyarin..

:(
ylham_gurbanaly
14 Oktýabr 2022
AlphaProxima, ".... mendäki türkçe wariandy örän pikire garypdy..." şu ýerinde saklanalyň. Baýlaşdyransyňyz. Baýlaşdyrmak gowy zat. Ýöne şolardan düýpli pikirde, täzecil ideaýany orta atmak gowy bolmazmy, eýsem?! Biriniň işine goşulmak islamok, ýöne bu edişiňizi, öňem biriniň rus goşgyny terjime edip, kapyýa sazlap, täze bent goşdumyna meňzetdim* (Isleseňiz inkär edip bilersiňiz. Bu meň şahsy pikirim. Men diňeje şahsy pikirimi orta atdym!)
AlphaProxima
14 Oktýabr 2022
ylham_gurbanaly, Aytdym, bellap gecmek yada dushmandir. Ilki turkce yazyaryn sebabi ilki öz-özume dushundiryarin, şeyle etmesem okan zatlaryma doly dushunmeyarin. Türkçe we inlis çeşmelerinden okayanlygym sebapli kabir ylmy adalgalaryñ turkmence terjimesini doly bilmeyarin. Şu sebapden dilleri garyşdyryp yazmak yerine, gönümel, Türkçe ya da inlisce yazyaryn. Elbetde, turkmence yazyan wagtlam hem bolyar. Meselem, bu makalañ mendaki turkce warianty örän pikire garypdy we siz ýaly okyjylaryñ añsat dushunip biljek zady daldi, şol sebapli dushundirişler ulanmak, temany giñden acmaga karar berdim. Hazirki turkmence warianty has kamil we dushnukli bolany sebapli, ozumdaki, has az maglumatly turkcesini pozdum, şeylelik bilen turkmence wariantyny ulanyaryn (saklayaryn).
ylham_gurbanaly
14 Oktýabr 2022
AlphaProxima, Ogurlyk diýip bolmaz, elbetde. Sebäbi Ýung Zigmundy belläp geçdi. Şonuň esasynda täze teoriýany orta atandygyny aýtdy. Yzyny aýtmak hökmanmy? A näme üçin makalany ilki türkçe ýazmaly?
AlphaProxima
14 Oktýabr 2022
ylham_gurbanaly, Dogry, aytmadym, sebabi bu onuñ nazaryýeti däl, bu meniñ sap pikirim, dogrymy aytsam yekeje sozlemi hem Carl Jung'a degişli däl. Size düşünyarin, belkide siziñ tarapyñyzdan aldawçy ýaly gorunyandirin, emma şeyle pikirleniñ, Carl Jung öz nazaryýetiniñ bazasyny Sigmund Freudyñ panalitik nazaryýetinden aldy diyip onuñ bu pikirleri ogurlanma diyip bolmaz

Men diñe pikiri duşundirmek islanim üçin Carl Jung'y bellap gecmek aklyma gelmandir, bu etmişim üçin ötünç soraýaryn.

ylham_gurbanaly, Türkçe sozler bolsa bu makalany ilki turkce yazyp soñ turkmenca gecirenim ucin. Mende makalalar turkce we turkmence yazylgy dur, şolarda. Her gün birini ugratyaryn. Türkçeden bolsa terjime edenimde kabir sozleri turlmence hem şol bir manyny añlatyandygy ucn bolşy ýaly goyyaryn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.