AlphaProxima
14.10.2022 14:58
Cagalar we ulularyñ arasynda name tapawut bar? Köplenç, ulular kici zatlara (detallara) uns bermeyarler. Hemishe umumylaşdyrýarlar. Emma cagalar dünya taze indi. Olar her bir kici zada uns beryarler we bu dunyani indi-indi owrenyarler. Hemishe howes we şadyýanlyk doly bolyarlar. Bu dowurde, olaryñ bilesigelijilik duygusy esasy orny tutyar. Emma ulular olaryñ bu hereketlerinde artykmaclyk goryarler, dushunmeyarler we islemeyan hereketleri bolanda olary ozleriniñ (ulularyñ kici wagty) hem edilişi ýaly jemgyýetiñ goyan kadalary we duzgunleri galybyna sokjak bolyarlar. Cagalar halanmayan işleri edenleri ucin jezalandyrylýarlar, terbiyelenyarler, halanyan işleri edenligi üçin bolsa öwülyarler, sowgatlar alyarlar we muña owrenishyarler. Sonra uly adamlara owrulyarler. Oz hereketlerini, pikirlerini we planlaryny şol öwrenen ahlak kadalaryna gora edyarler. Sonra olar bu başagaylykda detallary we kici ownuk zatlary gormegi basharmayarlar. Dünya ala hasyrdy bolup gecip baryarka, öñki uytgeşik gelyan, bilesigelijilik doredyan zatlar indi olar üçin yönekeyje zatlar bolup gidyar. Olar jemgyýetdaki ornuna, geljek planlaryna we hazirki bolup gecyan alada we wakalara şeyle bir giryarler welin, indi öz cagalarynyñ özleriniñ kicilikde eden zatlaryny gaytalan wagtlary name ücin edyanine dushunmeyarler. Şol sebapli olar hem öz cagalaryny ahlak we jemgyýet galybyna sokjak bolyarlar. Hazirki nesil, "Z guşagy", bu galyplara, geçen nesiller ýaly sorag-sowalsyz girmek pikirine garşy cykýarlar. Mundan 50 ýyl öñ, cagalar, ene atanyñ aydanyny soraga cekmek beylede dursun, olaryñ garşysyna ses hem cykaryp bilmeyardiler. Hazirki dowriñ getiren arkaýynlygy, yurdumyzyñ parahatcylygy we dertleriñ az bolmagy, ene-atanyñ awtoritediniñ hem pese gacmagy bilen, ene atalaryñ aydan zatlaryny soraga cekmek olara añsat bolup duryar. Olar "men näme ücin beyle etmeli", "men name ücin şeyle etmelimişin?" yaly soraglar beryarler. Ozal hem awtoritedy pes bolan ene ata muny baş galdyrma ýaly kabul edip, oda ot bilen jogap beryarler. Şeylelikde, ene-ata we cagalarynyñ arasy daşlaşyar. Soñra cagalar ulalyar, öz durmuşlaryny guryar we dowam etdiryarler, olar hem durmuşyñ aladasy bilen uly masştabda pikirlenmani owrenyarler, muña owreniship, detallaryñ tasinligini, kiciligi unudyarlar. Bu zynjyr şu şekilde dowam edyar.

Netijede, ulular we kicileriñ tapawudy şeydip emele gelyar. Cagalary aslynda jogaplarcilik we durmuş uytgedyar. Bu yerde, öñki makalamda aydyp geçen "Persona" (Carl Jung'uñ nazaryýeti ;) terminini ulanmak bolar. Persona erkek we aýal kişiniñ jemgyýetiñ talabyna laýyk gelyan maskasydyr. Bu maskanyñ doremegi diymek caganyñ ulalmagy diymekdir. Ara ýyllaryn hem girmegi bilen Uly adam akly we caga akly arasynda ara-tapawut ulalýar we uly adam bu yere nädip yetenini hem bilman galyar. Arka garasa giden ýyl, oñe seretse gara topraga yuwash yuwash yakynlaşyan ýol...
Uly adamlar bagt diyen zady jemgyýetiñ toslan "baylyk", "soygi", "mashgala" we ş.m. umumylaşdyrylan "üstünliklerinde" gozleyarler. Elbetde men bu yerde caga bolmaly diymeyarin, bolup hem bilmeyaris, emma biraz oylanyñ we özüñize, durmuşuñyza, cagalaryñyza, geciren ýyllaryñyza üns beriñ. Edyan zadyñyza, bu dünya jemgyýetine, bizi sokjak bolyan galyplaryna düşüniñ, düşünmeseñiz, gözi bolup hem gormeyan korleriñ durmuşyny yaşarsyñyz. Durmuşuñyz bolsa, uly wezipä girmek, bay bolmak, meşhur bolmak, iñ gowy jayda yaşamak, täze awtomobil almak ýaly yasama maksatlar bilen gecer.

Bagt netijede däl, netijä gidyan yolda serpilgi yatandyr. Yagny, bagty awtomobili almakda däl-de awtomobili almagyňyza getiryan yolda gözlaň. Bu ýoluň dowamynda, maksada gönükdirilen her bir işiňize many goşuň, ony sungat derejesinde etmage synanyşyň. Şonda hem yoluňyz, hem-de netijaňiz ajaýyp bolar. Siz bolsa, ýaşyňyz gartyşan wagty, gecmişe seredeniňizde, "men bagtly bir ömür geciripdim" diyip bilersiňiz...
9
121
🌺E🌺
15 Oktýabr 2022
👍👍👍
Perishdejik
14 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
AlphaProxima
14 Oktýabr 2022
Bitter, dogrudyr, emma persona has hem, uly, yagny durmusha garaşsyz bir kişi hokmunde gowy aralaşansoñyz özüni gorkezip başlayar.

sofii, Minnetdar, Hokman!
AlphaProxima
14 Oktýabr 2022
Bitter, pikiriñiz örän ozboluşly we çeper. Teswriñiz ücin sag boluñ!

angelinka, Minnetdar!
angelinka
14 Oktýabr 2022
Berekella gaty gowyy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.