AlphaProxima
12.10.2022 00:48
Gysgaça:
Owadan, güycli, akylly, bäşlikci we ş.m. sypatlar. Bu sypatlar hemmaniñ özünde isleyan zatlary. Bulara eye bolmak üstünlik hasap edilyar. Eye bolan adamlar jemgyýetde yokarda duryar we has añsat yol alyar, eye bolmadyklar bolsa itilyär, uzaklaşdyrylýar. Emma bu itilen adamlar özlerine bolan trawmatiki hadysalaryñ tasirinden halas bolup bilse, "esasy suraty" görme ukybyny gazanyarlar. Aslynda, olar dünyadaki sistemanyñ tasirinden halas bolup, esasy suraty gormegi basharyarlar. Otnositel obyektiw (adam asla absolyut bir obyektiwlige yetip bilmez) bir görüş gazanyarlar. Emma bu diñe geçmişiñ we duygularyñ tasirinden cykyp, sistema bln baglaryña göz yetirmek bln mumkin bolyar.

Trawmany yeñen adam elbetde zehin taydan kämilleşýär, ol bu kämilleşen zehinini ulanyp, duygularynyñ we ajy gecmişiniñ tasirinden cykyp, sistema yokardan seredip bilmese, subyektiw gorüşlerinden halas bolup bilmez. Meselem, ony uran oglanlar bln trawmasy sebapli hemme oglanlary yazgarmak we olaryñ mashgalasy we doslarynyñ hem özleri ýaly ejize ganym adamlardygyna ynanmak.

Beyleki "owadan", "akylly", "güycli" we ş.m. sypatlaryñ diñe jemgyýetiñ öz toslan "gowy" sypatlarydygyna we adamlary bellibir zada unsuni bölmek we gereksiz zatlara ugrukdyrmaga yarayandygyna goz yetirip bolar.
Adamlaryñ hicisi hem añ taydan bir basgancak yokarda dogmayar. Dogabitdi owadan, guycli, akyllylaryñ, hakyky añ basgancaklary öñünde awantažlary yokdur. Hatda, bular dezawantaždadyr. Sebabi, aydyşym ýaly, sistemanyñ bolegi bolan we emeli yasalyp toslanan bu "gowy" sypatlar aslynda jemgyýetde sistemany sazlamak ucn ugrukdyryjy bolup hyzmat edýär. Tik Togy, Instagramy, umuman sosial platformalary mysal alsak, her kim owadan, guycli, akylly we yene bashga birnace sypatlarynyñ barlygy bilen owunyarler (bu aç-açan ya da üsti yapyk bir şekilde bolup biler). Olaryñ añy şol ýaşaýyş şeklinde yaşamaga uygunlaşýar. Emma, gel gör, gelşiksiz, ejiz hasaplanyan we sosial toparlardan (meselem, dostlarynyñ, synpdaşlarynyñ yanyndan) göni we gytaklaýyn şekilde gysylyp cykarylan oglanjyk, özüni, yeke dostlary bolan, kitaplarda tapyar. Ol Jemgyýetiñ narkotiki (ukladyjy, köreldiji) tasirinden özüniñ gelşiksizligi, ejizligi esasynda gutulyar. Eger daş-towereginiñ beryan stresine çydap, sistema göz yetirip bilse ol, bütin bu bolup gecyanlere akyl yetirmek we bulara yokardan seretme ukybyny yagny yaşayşa obyektiw garamagy owrener, trawmasyny hem ýeñer. Eger trawmanyñ tasirinden halas bolup bilmese we duygulary bilen yalnysh pikirler goşulyşyp ýalñyş kararlar almak arkaly örän yalnyş yollara girmegi mumkin. Meselem, gahar we gazaba munen oglan kinesini icinde ulaldyp, ýetişende, bu gaharyny daş toweregine saçsa we jenayat işlese, durmuşyny zayalasa, oglanjyk heläk bolar. Dert adamy çuññur pikirlenmage mejbur edyar, rahatlygyñ bolsa beyle hasiyeti yok. Emma dert hem iki taraply bir gylyç saña girip hem bilyar, saña komek hem edip bilyar. Goryan bolsañyz, adamlaryñ arasynda dezawantaž hasaplanyan yagdaýy, oglanyñ awantažy bolup cykyş etdi. Netijede, owadanlyk diyip hasaplanyan sypat aslynda geciji howesden bashga zat bermedi, oglanyñ gelşiksizligi bolsa oña dert boldy, şol sebapli öz saylawlaryna baglylykda özgerdi. Elbetde, bu yerde oglanyñ awantajy tayyar derdiniñ bolmasy. Obyektiwlige yetip, bir basgançak ätlemek we ardyñda galan dünýa we onuñ sistemasyna beyikden seredip bilmek öz yhlasyña bagly. Ondan daşary, yol görkeziji bolmasa azaşýarsyñ. Dezawantažda oturan "üstünlikli" hasaplanyan kişiler, sistema gömülip, ol yerde kör-körüne yaşamaga dowam edyar. Elbetde, bu adamlar ücin hem umyt yok diymek däl. Olaryñ önünden şular ýaly makala cykyp olary oyanmaga cagyryp biler. Ya da bir şahs, bir kitap, bir hadysa olara oyanmaga mumkicilik berer, yol görkeziji bolar. Umuman aydanymyzda, dert bu özgerdiji faktor. Rahatlyga getiryan artykmaclyklar bolsa (owadanlyk, guyç we ş.m.) adamy ukladyar. Dert duygylar bilen doly bolany üçin saña uly itergi bolyar, emma, yalnyş yola itilmek howpy hem bar. Rahatlykda bu itergi bolmayar, rahatlykdan cykmak, rahatlykdakañ özgermek añsat däl. Bu halatda özüñe dert tapmaly, rahatlygyñy bozmaly (özgermek isleyan bolsañ). Şeylelikde, baýlyk, garyplyk, owadanlyk, gelşiksizlik, guyclilik, ejizlik we başga sypatlar, hemmesi hem jemgyýetiñ narkotikleri bolup adamlary synplara aýyrýar. Adamlar bir synpdan has gowy synpa gecmage cemeşyarler, 20-30 ýyl ömrüni gidiryarler soñra bolsa bir firmanyñ naçe ýyllap kör we ker guly bolanlygyny añyarlar. Näme ücin garry adamlar köp dasharda aylanyar, yalnyz galyp pikir edyar, bir zat aydansoñ sessiz sessiz pikir edyardir oytyarsiniz? Sebabi olar bir durmuş goydular yzlarynda. Olar yzlaryna dolanyo köp bakyarlar. Kabirisi bolsa, iñ soñunda şol yaşlarda, obyektiw görüş gazanyar. Aslynda ol añsat bolyar, çünki ellerinde, ortaça, 60-70 ýyllyk ömür tejribesi, yatlamalary bar. Olar onsob nädip cuñ pikirlere batmasyn? Umuman, bularyñ barysy hazirki dünya sistemasyny emele getirya. Adam bolsa muña akyl yetirmegi basharmaly.
Dünýa awçy we awlardan duryar diyyarler. Emma 3njiler hem bar. Olar pasifistdir. Olar awcy we awyñ gatnaşygyna goşulmayar, diñe uzakdan seredyar.

Sözler:
Subyektiw - bir hadysa, waka, zada, adama bolan bir taraplaýyn gorüş, garaýyş, pikir.
Obyektiw - bir hadysa, waka, zada, adama bolan her garaýyşyñ, pikriñ, gorşüñ jemi.
Absolyut obyektiwlik - bu obyektiwlige hic hili subyektiw pikir tasir edip bilmeyar (adama mahsus däl, bolup hem bilmez. Muña adamyñ akyl yetiriş çägi diysek hem bolar)
Otnositel obyektiwlik - her nä obyektiw bolsa-da adama mahsus bolan subyektiwlik cäginde galyan obyektiwlik.
7
117
angelinka
12 Oktýabr 2022
SerdarMyradov,Mnm gepine gosulyan
AlphaProxima
12 Oktýabr 2022
Hemmañizden ötünç soraýaryn, makalanyñ soñlarynda käbir harp yalnyşlaryny göyberipdirn.. :(
Perishdejik
12 Oktýabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
AlphaProxima
12 Oktýabr 2022
kyyas2017, Teswiriñiz üçin sag boluñ! Bu makalany öz pikir we ellerim bilen ýazdym. Haysy pikire eyeryandir diyyarsiniz?

SerdarMyradov, Teswiriñiz üçin minnetdar! Dogry, Haziriki yaşlar has hem daş-towereginiñ we sistemanyñ tasirinde.
SerdarMyradov
12 Oktýabr 2022
dogry we gowy matiwasiya!(yone su wagt gynansakda seyle makalalaryn cykmagy az we okayan yaslaryn yoklygy sebapli basyna dert dusse oglan gyz tapawudy yok reski ansat yoluny gozlap oz ozlerini awundyrjy we pese dusme bir yere getiryaler!(seyle pikirli matiwasiyalaryna garasyan!👍👍👍likeee👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.