AlphaProxima
31.03.2023 00:34
Mümkin, durmuş bir adamyň özüni satmagyndan ybaratdyr? Eger gymmat baha satyp bilseñ, sen üstünlikli, bay, eger arzan baha satsañ, onda sen üstünliksiz we garyp.


Hemme zada ynanmak we hemme zada şübhe bilen garamak, ikisi hem şol bir rahatlygy döredýär: her iki ýagdaý hem bizi logiki pikirlenmekden azat edýär.


Nadan bir dostdan erbet zat yokdur. Akyldar bir duşman has ýagşy.


Ýalanyñ iki görnüşi bar:

• Biri hereketler bilen baglanyşykly bolan, geçmişi örtyän ýalan

• Ikinjisi pikirler bilen baglanyşykly bolan, geljegi örtyän ýalan


Senden hakykaty gizlän dostuña gahar etmek manysyz, sebabi biz özümize ol kişilerden has hem köp ýalan sözleyaris.


Öz erkini elde saklap bilmeýän kişi, diňe gul bolup ýaşamaly bolar.


Aklyndan aýyrylan güýjüñ öz özi ýok bolar


Hoşniýetli bir kişä gaýgy, akyldar bir kişi allanmak, mert bir kişi gorkmak uzakdyr.


Özüňi günäli duymak duygusy we eli açyklyk göni proprosional baglanyşykly diyen pikir bar.


Hemişelik ýok bolmakmy, ýa-da hemişe otda azap çekmekmi?
9
116
AlphaProxima
21.01.2023 15:45
Wyždan, ahlak we empatiýa (garşyñdaky kişiñ duygularyna düşünmek we özüñde duymak ukyby). Olar, adamy halas ediji faktorlardyr. Bu üçüsi adamlaryñ daşky gurşaw bilen aragatnaşygyny kadalaşdyrýar. Adamlaryñ adamkarcilik diyilýan sypatlaryny emele getiryar. Adamlaryñ çäklerini bu ikisi çyzýar.

Emma, bu üçüsiniñ işi bir adamda bozulsa name bolar?



Bu yerde biz eyyam antisosyal häsiýetli wekillerden söz açýarys. Antisosyal kişiligi iki görnüşde tapawutlandyrýarlar. Sosiopat we psikopatlar. Olar bir-birinden özüne erk etmek ukyplaryna görä tapawutlandyrylýarlar. Sosiopatlar jenaýat işlemage has meyilli, impulsiw (özüne erk edip bilmez) bolyarka, psikopatlar özüne erk etmegi başarýan, planly we manipulatiw bolyarlar. Emma olaryñ ikisinde hem şol bir aýratynlyk bar, ya-da, şol bir zatlar yok hem diysek bolar. Bular bolsa yokarda aýdylan, adamyñ üç sany esasy düzüm bölegi.



Bu kişiler Dünyäniñ adam populyasiyasynyñ 1-3%-ni düzyarler. Bu kişilik erkek adamlarda 6 esse köpdür. Genetiki we psihiki trawmatiki faktorlar ynsanlarda bu kişiligiñ emele gelmeginde esasy roly oýnaýar diyip aýdylýar.


DSM-de (diagnostic and statistical
manual of mental disorders) antisosyal kişiligiñ kriteriýalary aşakdaky ýaly:

- Başga wekilleriñ haklaryny hiç saýmak;

- Tussag edilmage getiryan hereketleri gaytalamak bilen kanunlary bozmak;

- Başgalara gayta-gayta yalan sozlemek, yalan atlar ulanmak we başgalary öz keypi we gazanjy üçin ulanmak bilen özüni görkezýan aldawçy häsiýet;

- Impulsiw hereketler, öñünden taýýarlyk we planlar gurup bilmezlik;

- Köp fiziki uruşlara girmek we başgalaryna topulmak arkaly özüni görkezýan agressiwlik we añsat gaharlanmak;

- Gaytalanyan bir şekilde öz we başga ynsanlaryñ howpsuzlygyny äsgermezlik;

- Birden işini başga bir iş üçin taşlamak we salgyt tolemezlik ýaly yzygiderlikli jogapkarçiliksiz hereketler;

- Başgalaryny ynjytmagy rasýonallaşdyrmak (bir zat barada logiki taydan pikirlenmek) we ynjytma prosesinden lezzet almak bilen özüni görkezýan wyždan duygusynyñ kemligi.

Munuñ bilen bile, kişä antisosyal kişilik diagnozyny goymak üçin bu wekilleriñ 15 ýaşlarda (çagalyk/yetginjeklik dowrunde) jemgyýetiñ kadalaryny bozyan hereketler edendigi baradaky maglumat bolmaly.


Statistiki we kliniki maglumatlary bir tarapa goysak, bu kişilikdaki bozuklugyñ sebabini 2-ä bölmek bolar.

- Organiki

- Inorganiki

Organiki sebaplere kelle beynisiniñ kesgitli bölekleriniñ işiniñ bozulmagyna getirip biljek fiziki-himiki taýdan şikesler we täsirleriñ hemmesi girýär.

Inroganiki sebapler bolsa daşky gurşawyñ psihiki täsirleridir. Daşky täsirler bolanda, maşgala durmuşy, irki cagalyk döwri, mekdep ýyllary, dostlary we ş.m. bolýar. Ynsanyñ ilki doglan wagtyny ak kagyz diyip pikir etsek, ol kagyz ölýänçä garalanmak bilen bolýar. Kagyzda dörän garalary bolsa añsat-añsat yzyna alyp yada düzedip bolmayar. Garalar diymegimi erbet hasiyetler diymek diyip pikir etmañ, garalar diymek bilen adamyñ tejribesini, başdan geçirenlerini we şoña gorä kämilleşen kişiligini añladýaryn. Elbetde, genler-de bu yerde rol oynayar. Emma, bu bir geniñ bolup bolmazlygy, ynsanyñ psihopat yada sosýopat bolup bolmazlygy bilen göni baglanyşygy ýok. Bu geniñ (ýa-da genleriñ) täsiri, diñe adamy ol yada bu psihiki bozukluga has meyilli bolmagy yada bolmazlygyna täsirinden ybaratdyr. Meselem, kakasynyñ sosýopat bolmagy oglunyñ hem hokman şeyle boljakdygyny añlatmaýar, emma bu bozukluga duçar bolmaga genetiki taydan has meyilli bolup, daşky şertleriñ täsirleri bilen birleşip, bozuklugyñ döremegine sebap bolup biler.


Özüñiziñ iñ gaharly wagtyñyzy göz öñüne getiriñ, ine şol wagt siz duygularyñ tasiri astynda bolyarsynyz, islendik impuls (isleg, bir zat etmage gereklilik duygusy) arkaýyn zehine syzyp, özüni görkezip bilýär. Bu yagdayda siz ne wyždan tanaýarsyñyz, ne-de ahlak. Eger ozuñiziñ kontrolyny ele alyp bilmeseñiz, negatiw pikir we duygularyñ golastynda yalnyş kararlar berip ýalñyş hereketler edersiñiz, bularyñ netijesi bolsa örän yykyjy bolup bilýär. Elbetde siz yene, gaharyñyz gecensoñ, ynsan tebigatyñyz boyunca, ahlagyñyz we wyždanyñyz size bozanyñyzy tazeden düzmegiñiz üçin basyş edýär we siz ötünç sorayarsyñyz, ýa-da şonuň ugrunda hereket edýärsiniz. Sosýopat we psikopatlar bolsa bütin ömrüni şeyle geciryar. Olar örän impulsiw (kella gelan zady etmeklik) we wyždan, ahlak, empatiýa ýaly düzüm böleklerine garyp kişilerdir. Siziñ iñ gaharly wagtyñyzdaky erksizlik we ynsapsyzlyk, wyždansyzlyk olaryñ bütin ömrüniñ normydyr. Bu olar üçin adaty. Size "bir garynjany öldürüp bilersiñmi" diylende arkaýyn hawa diyip bilyan bolsañyz, olara ynsanlara fiziki zeper ýetirmek, janlaryna kast etmek we başga wyždansyzlyk talap edýän işleri arkaýyn edip bilýärler. Bu mysallary diñe olaryñ nähili dereje rasyonal, impulsiw we wyždandan uzakdyklaryny añlatmak, size özüñizde bu duyguny duydurmak ucin berdim. Elbetde, bularyñ hicisi olaryñ sap erbetlik bilen gömülen we düzedip bolmajak ynsanlardygyny añlatmaýar. Wyždansyz diymek, wyždansyz diymek däldir. Yagny, olarda wyždan inaktiw bolyar. Bu wyždanyñ tazeden aktiwleşdirilmegi gerekli. Bu bolsa añsat iş däl. Size häzir dinimiz yalan, aslynda ölümden soñ yaşaýyş yok diyip, siziñ hazirki dünyagaraýşyñyzy bütinley uytgetmegim nähili kyn bolsa olarda hem şeyle. Siz elbetde meniñ dinimiz barada aydanlarymy manysyz hasap edersiñiz we meniñ dinsiz ya-da dinden cykandygyma ynanarsyñyz. Bu kişiler hem şeyle. Olara wyždany duyduryp, impulsiwlik, erbetlik we kanuny bozmak ýaly hereketleri etmage bolan isleg, ynsanlary diñe özüne bolan girdeji we cykdajysyna gorä tapawutlandyrmak we başgalardan ybarat bolan dünyagaraýyşdan ahlakly, salyhatly we pes gowunli, ynsanlara kömek etmek, ululary sylap, kicilere hormat goymak ýaly zatlardan ybarat bir dünyagaraýyşa gecirmek, birini yaşyl yapragyñ aslynda garadygyna ynandyrmak ýalydyr. Olaryñ empatiýa duygusynyñ yoklugy (azlygy) bolsa siziñ wyždan diyen duygyñyza düşünmeginiñ öñüni alýar.


Elbetde, käbirisi özüne erk etmegi başarýarlar. Bu kişiler, ol duygylary bilmesede, ynsanlaryñ nädip edişini kopyalap, ozleri hem, gynanmagy, aglamagy, kömek etmegi janlandyrýarlar. Emma bular, olar ücin diñe netijä eltyan yollar. Bu kişiler öz isleglerini soňundan kanagatlandyrmak üçin olara wagtlaýynça erk edip bilýärler, bu döwürde akyllaryny ulanyp rasional hereket edýärler. Öz impulslaryny we olar bilen bile gelýän duýgy ýagdaýlaryny (meselem, bit kişä yada zada fiziki zeper ýetirmek, öldürmek, ogurlamak we ş.m. islegler bilen gelýän gahar, sabyrsyzlyk, bagtlylyk, isleg ýaly duýgylary) wagtlaýyn gözegçilikde saklap olara erk edýärler. Başga bir kişi ony daşyndan göreninde tapawudy hiç hili syzmaýar. Bularyň hemmesini bolsa iň soňunda şol wagta çenli içinde saklan bütin duýgylaryny daşyna çykarmak maksady bilen edýärler. Käte özlerine erk edip bilmän içiniñ daşyna çykýan wagtlarya hem bolýar. Bu ýagdaýda şeýle kişileriň tanyşlary bu ýagdaýa örän geñ galyp bilerler, netijede, bu kişiler hemişe salyhatly, mylakatly we asyllydy. Elbetde, bu ýalňyşlygy düzetmekde gijä galmaýarlar. Dürli oýunlar we ýalanlar bilen bu ýalňyşlarynyñ öwezini dolýarlar. Şeýle-de bolsa, hemme antisosyal bozuklygy bolan adamlar beyle akylly we üstünlikli bolmaýar. Bu kişileriň köpüsi özüne erk edip bilmän türmä yada akyl hassahanasyna girýär. Käbirleri bolsa özüne erk edip jemgyýetiň içinde aramyzda ýaşap ýörler.


Häzire deňeç siz bilen diňe antisosial kişileriň umumy häsiýetnamasynyñ üstünde durduk. Ýokarda beýan eden häsiýetnamam "erbet" adamlary tanamagyñ gollanmasyna meňzeýär. Aslynda, munuň sebäbi bu kişiler we häsiýetleri bularyñ düzülmejek, akyllanmajak, gep-söz diñlemejek, Filmler we kitaplarda gabat gelýän erbet adam harakterlaryna meňzeş bolanlygyndan göz baş alýar. Emma, bu adamlar aslynda öz arkasynda agyr bir geçmişiñ yüküni daşaýarlar. Elbetde, hiç kim erbet bir kişi bolmak islemez, ýa-da jemgyýet tarapyndan oña "Waý haramzada" gözi bilen seredilmesini halamaz. Olar hem halamaýardy, emma bu wyždan duýgusy olarda bir eýýäm geçmişde galypdy. Ýaş wagtlary, durmuş ýagdaýynyñ erbetligi we bu durmuşa uýgunlaşmak üçin olaryň hem erbet bolmagy zerarly dörän bu kişilik bozulmasy olaryň günäsi bolup bilerdimi? Netijede olar ýaşdy we agy garany saýgaryp bilmeýärdi, ondan daşary durmuşyny üýtgetmäge güýji hem ýetmeýärdi, özüne abanýan howpdan nädip gaçjagyny bilmeýän bu çagalar özlerini gaýgy we hasratdan doly çuň bir guýyda ýaly duýýardylar. Olar guýydan hasratsyz, gaýgysyz ýaşap ýören adamlary görýärdiler we eşidýardiler. "Men näme üçin şeýle ýaşao bilemok?" diýip pikir edýärdiler. Iň soňunda, bir ýerde olaryň sabyr çanagy hem dolýar, özüne, gaharyna, gorkusyna we/ýada gaýgysyna erk edip bilmedik bu kişiler jenaýat işleýärler. Olar eden zadyna ökünüp, wyždan azaby diýilýän duýgynyñ täsirine duşsedi "adaty adam" bolmak bilen galardy. Emma olar ökünmeýärler, wyždan azaby çekmeýärler. Tersine bu bolan zatdan lezzet hem alyp bilerler. Olar iň soňunda özüne abanyp duran, durmuşyny hasrat bilen geçirmesine sebäp bolan meseläni çozüpdiler. Mundan uly şatlyk barmy? Eden zatlaryny bolsa "hak edýäni üçin öldi" ýaly sözler bilen aklaýardylar. Bu adamlarda wyždan ýok bolmaýar, emma ol içe tarap çuň bir şekilde basdyrylýar. Içeriden çykyp bilmedik wyždan bolsa öz täsirini ýetirip bilmeýär. Netijede biziň antisosial kişilik bozuklugy diýen adalgamyz we antisosial kişiler emele gelýär.


Gynansakda bu kişiler ýalňyş ýoly saýlaýarlar we şeýle adamlara öwrülýärler. Elbetde, muňa sebäp bolup biljek kän faktor bar. Beýnide şikes, genler hem muňa täsir edýän sebäplerden. Esasan hem beýnide çiş emele gelmegi, beýniň wyždan duýgusy we empatiýa jogap berýän bölegine şikes ýetmegi bu kişilik bozuklugyna eltip biljek esasy organiki faktorlardyr. Emma, hemme zat bir ýana, bu kişilere ellerinde bolmadyk geçmişiñ netijesinde ýerine ýetiren zatlary üçin günäkärläp bolarmy? Günäli h bolsalar olary "erbet" we düzelmejek wagşy adamlar hökmünde umumylaşdyryp, ýa-da däli adyny dakyp, kömek eli uzatmazlyk bolarmy?

...

________________________________________


Wagt aýryp okanyñyz üçin minnetdar, arada işlerim köpelip, birnäçe wagt aktiw bolup bilmedim, umyt edýän meni eýýäm ýatdan çykaran dälsiñiz? :)
13
329
AlphaProxima
25.10.2022 11:17
2-nji bölüm
(Doly düşünmek ucin 1nji bölümi oka)



Bu kir diñe şu şekilde arassalanyp biler, ol hem başga bir arassa yere göçmek. Hawa, başga bir yer. Häzirki hapa meydanyñyzda bir umyt ýok. Bu sistema asyl kiriñ köki. Kapitalizm adamyñ egoist isleglerini, lyuks ýaşaýyşy, baýlyga we güyje bolan islegi kanagatlandyrmaga taýyn. Emma güycli diyen söz ejiz diyen söz bolmasa bolmaz. Hemmeler güycli kişiler bolsa onda "güycli" diyen adalga bolmaz bolmaz. Hemme bay bolsa onda "bay" diyen söz hem bolmaz. "Garyp", "ejiz" diyen sözler olaryñ antonimleriniñ bar bolmagy üçin möhümdir. Yagny häzirki sistema şonuñ ýaly, hemme kişä bay bolup biljekdiklerini aytyarlar, emma, iş yüzünde, diñe bellibir adamlar bay bolup bilyar. Olaryñ hem aglabasyny öñden bay bolan we bu baylygy nesilden nesle gecyan gatlaklar düzyar.

Meniñ "täze yere göçmek" diyip aytjak bolyan zadym, bu sistemany taşlap täze sistema geçmek. Ya da sistemasyzlyga gecmek diysek has dogry bolar. Täze yaşaýyş, öñki sistema tazeden doremez ýaly, şu şertleri özünde saklamaly:

- Adamlar lyuks diyen zady yatdan cykarmaly. Diñe gerekli zatlar bilen oñmagy owrenmeli.

- Öz iyjek, içjek we geyjek zatlaryny we başga-da gerekliliklerini bolup bildiginden özleri taýýarlamaly. Galan zatlary pul gatnaşygy bolmazdan, bir birleri bilen paýlaşmaly. Bu kommunizme meñzeýar emma men bu şerti her musulmanyñ parzlaryndan bolan Zekatdan esaslanýaryn.

- Adamlar ownuk-ownuk gornuşde, oba-oba bolup yaşamaly we obalar birek-birege minimum şekilde bagly bolmaly (Gereklilik bolmasa baglanyşygyñ yada gatnaşygyñ bolmazlygy). Şaherler, megapolisler diyen zat asla bolmaz. Adamlary üzñeleşdirmek hokmany.

- Her kişiñ hojalygy aýratyn bolmaly we bu hojalyklary dolandyrýan bir kişi bolmaly däl. Bu obany dolandyrýan bir başlygyñ bolmazlygyny añladýar. Her kim öz pikirini aýdyp, bile bir karara gelip bilemeli. (Umuman dolandyryjy topar diyip zat yok)

- Pul diyen zat aslada bolmaly däl. Pul yok. Alyş çalşyk diñe paylaşmak, sadaka bermek islegi bilen bolup biler.

- adamlaryñ bir obadan başga oba göçmegi bolup biler, emma iki obanyñ goşulyşmasy bolup bilmez.

- Bu sistema bütin dünya bilelikde, deñ gecmeli, yogsam öñki hapa täze sistema hem yokuşar.

Bular esasy şertler diysek hem bolar

Emma bu hem doly gutarnykly däl. Esasy aýdylmak islenyan zat şu, adamlar bu dünya keyp etmage, bay bolmaga, güyc gazanmaga gelenok, bu dünya bir synag, synagy gecip gitmek esasy möhüm zat.

Maña bu ýaşaýyş şekliñ sizi kanagatlandyrmjakdygyny aydyp bilersiñiz. Elbetde, öñki lyukslaryñyzdan el cekmek kyn bolar, emma yatda saklañ, bu dünya keyp yeri däl. Elbetde adamyñ özüne üns bermegi we isleglerini kanagatlandyrmagy zerur. Emma her zadyñ bir çägi bar.

Täze sistemada (yada sistemasyzlykda) internet, radio we telefon ýaly aragatnaşyk enjamlary minimum dereja yetiriler. Internet hic bolmaz diyen ýaly. Bu zatlaryñ bolmazlygyny eşitmek elbetde adama hoş yakmayar. Emma hemmäniz hem bilyarsiñiz bu zatlar gereksiz we elpe-şelpelikdir. Onuñ yerine gol we akyl zahmeti bilen meşgullanyp, wagtyñy özüñ we hakyky durmuş işleri üçin peydalanmak gerek.

Bu sistema gecmek üçin dünyadaki ähli adamlaryñ bu sistema doly düşünmegi we razylygy gerek. Diñe şu şekilde asyl maksada yetip bolar. Eger yekejede düşünmedik we razy bolmadyk bir kişi bar bolsa näme boljagyny aýdaýyn:

Hemme indi bu sistema (sistemasyzlyga) gecmegiñ bagty icinde. Hemme öz zadyny ekip özi iyyar öz zadyny tikip özi geyyar. Hic kim hic kime garaşly hem däl. Yokarky gatlaklara cykmaga gatlak hem yok. Aşak gatlak diyip zat hem yok. Garyp galmak, ac bolmak ýaly bir yagday-da yok. Sebäbi adamlar bir-biri bilen zatlaryny paýlaşyp duryar. Bu oba öz icinde bir birleri bilen dostlukly, agzybir yaşap yör. Beyleki obalar hem şeyle (oba manysynda adamlaryñ kici, bile yaşayan toparyny añladýaryn). Obalar bir-birleri bilen gatnaşýar, zat alyş calyş edyar (yagny gerek zatlar bar bolsa paýlaşylýar), emma birleşip bir şaher emele getirmel ýaly niyetleri yok, sebabi bu şekilde obanyñ ulalyp, adamlaryñ köpelip, kontrolyñ elden gitjekdigini bilyarler. Şeylelikde, birnäçe nesil dowam edyar, indi bütin dünya oñki sistemany yatdan cykarýar we şu bolşuna yaşaberyar. Adamlaryñ osmek diyen islegi yok, sebabi gerek däl. Barybir ölmeli, barybir bu dünya bir synag. Ösüp yene hapacylyk doretmek gerek däl. Her kim özi bilen başagay. Emma aralaryndan biri cykyar (bu şol oñki sistemanyñ tarapdary). Bu kişi adamlara "Gel sen bar bolan zadyñy ber, men bolsa saña (meselem) üzümlerimi diyyar". Bu yerde bolsa üzüm osmeyardi şol sebapli adamlar özleri we cagalary ücin üzüm almak isleyar. Olar ellerinde bar bolan zatlardan beryarler we üzüm alyarlar. Kabiri ekin meydanyndan bir bölek, kabiri haywanlaryny, kabirleri önümlerini. Şeydip bu adaml beylekilerden zatlarynyñ sany boyunca saylanyar. Ol şeydip bütin obanyñ köp bolegini özi eyelap adamlary özüne tabyn edýär. Tasirini beyleki obalara hem yetirip başlaýar. Ol yerleriñ hem köp bolegini alyp olary birleşdiryär. Bu edenleriniñ soñy name bolardyr öýtýarsiñiz? Elbetde, önki sistema. Gynansakda... Yene bir bay, guycli bolmak we yokaryk cykmak howesi, yene de önki hapa siñen sistema. Elbetde adamlar yene añsat yol bilen bayamak usulyny gözlap başlar we adam öldürmek, yarag söwdasy we ş.m. bilen dowam eder. Yzyny eyyam özüñiz göz önüne getirip bilersiñiz.

Şular sebapli bu täze sistemanyñ (sistemasyzlygyñ) döremesi ücin her bir adamyñ gatnaşmagy we doly düşünüp, razy bolmagy möhüm.

ABŞ-nyñ öñki prezidentleriniñ biri bolan Franklin Delano Ruzweltiñ bir sözi bar, bu söz adam tebigaty we täze sistemanyñ gerekliligini acyk ayan gorkezyar.

"Hemme kişiñ islänini edýän bir dünyade hiç kim islänini edip bilmez"
F. D. Ruzwelt.

"Bu elhenç we gorkunc uzynlykdaky makala ücin meni bagyşlañ... :') halandygyñyzy umyt edýarin!"
Alpha Proxima.
10
295
AlphaProxima
24.10.2022 22:51
Hazirler kime durmuş, dünya we onuñ sistemasy barada sorasañyz, elbetde hemmesi hem iñ azyndan bir kem tapyp galar. Soñra bolsa "Aslynda şu şeyle bolmaly, bu beyle bolmaly" diyip düzetmegiñ yollaryny aydarlar. Islendik bir global meselani alyp goräýiñ. Mysal üçin, hazirki rus-ukrain urşy. Ruslaryñ öñki rus imperiýasynyñ yerlerini dikeltmek üçin Ukraina garşy uruş yglan edendigini hemmämiz bilyaris. Russiya 2-nji Dünýä söweşinde hem Gitler bilen şu maksatly şertnama baglaşypdy. Elbetde, bu başa barman galypdy.

Asyl mesele bu yerde rus-ukrain urşy däl, asyl mesele bu yerde urşuñ sebäbi. "Öñki imperiýasynyñ yerlerini dikeltmek" sebäbi zerarly köp kişi gyzsyz, ogulsyz, yetim hem-de dul galdy. Birnäçe adam durmuşa gözüni yumdy, birnäçe adam durmuşa maýyp dowam etmeli boldy.

Bu uruş meselesini bir kenara oklaly. Başga bir global meselani alalyñ. Mysal üçin, diskriminasiya, yagny, milletparazçylyk. Adam populyasiyalary 6 materik boyunça ýaýrandyr. Olar her sebitiñ tebigy şertlerine gorä uygunlaşan bolup, hersinde özüne mahsus beden alamatlary bolyar. Emma gynansakda, käbir adam rassasynyñ wekilleri başga bir rassanyñ wekillerini göreninde olary üýtgeşik diyip kabul edyarler. Diñe munuñ bilen galman, bu adamlary teniniñ reñkine, gözüniñ şekline we başga alamatlaryna gorä ejizleýarler, kiçi goryarler. Hyýal ediñ, siziñ bir kemciligiñiz boyunca kemsidilmegiñiz we gul yada haywan diyip yglan edilmegiñiz. Muny tejribe etmedik doly düşünüp bilmez...

Bulardan başga hem birnäçe global meseleleri sanap bolar. Meselem, terrorizm, ekologiyanyñ hapalanmagy, ýarag söwdasy, çagalaryñ zorlap işledilmegi, ýadro bombalary we başgalar. Sanasañ sogaby bar, meseleler örän kän, emma hazire cenli doly çözüleni bolsa yok. Elbetde hersiniñ üstünde ol yada şu meseläni çözmek üçin işleýarler. Hawa işleyarler, emma hakykatdan hem bu meseleleri cozyarlermi? Muña şu sözler bilen jogap berip bolar: "Ähli zady hapa bir ýerde hemişelik arassacylyk döredip bolmaz". Bu sözleriñ manysy şu, sen naçe dyrjaşsañ dyrjaş peydasy yok, hapa süpürgüç bilen süpüren hapa zadyñ asla arassa bolup bilmez, elbetde arassa ýaly görnüp biler, emma arassa diyip bilmegimiz ücin ol yerde hic hili hapa bolmaly däl. Häzirki ynsanlygyñ yagdaýy hem şonuñ ýaly, hapany hapa bilen arassalajak bolýarys.

Uruşlary saklamak üçin parahatcylyk şertnamasyny ulanyarlar. Emma munuñ näme manysy bar? Dowletler üçin parahatcylyk şertnamasy güyjüñi toplamak üçin alynýan arakesmeden başga zat däl.
Häzirler pul hemme zat. Hawa, hemme zat. Sen ya da meniñ ya da onuñ bu hakykaty red edenimiz bilen bu hakykat uytgemeýar. Häzirki wagtda dünyä kapitalizm ýolbaşcylyk we gozegcilik edýär. Kapitalizm bolsa puluñ daşyndan aylanyar. Yagny seniñ ya da meniñ puly gymmat saymazlygymyz bilen daşarky şertler bize pul gazanmaga, bu dünya sistemasyna boyun egmegimize mejbur edýär.

Aýdaly uruşlary, aclygy, gyrgyncylygy, milletparazçylygy we başga-da bar bolan kirleri bu hapa dunyaden soñuna cykmaga, syryp süpürmage girişdiñ. Muny etmek üçin elbetde çäreler görmeli bolarsyñ. Meselem, uruşlary gadagan etmek, çilim, arak we neşe maddalaryny yok etmek, yadro bombalaryny hem yok etmek, adamlara terbiye ahlak owretmek. Bular asylam edilyan zatlar. Emma, şeyle bir zat bar, siziñ yok eden, hapa döredip biljek maddalarynyz tazeden doredip bolmazdyr öytyarsiñizmi? Ya da owreden ahlagyñyz adamlarda yapyşyp galardyr öýtýarsiñizmi? Yok, nädip bu maddalary yasamaly, nädip ahlagyñy bozmaly, bular olaryñ kellesinde, beynisinde ornaşan maglumatlar. Olary siz nädip cykarmagy göz önünde tutyarsynyz? Entek siz haysy kişide bu pikirleriñ bardygyny haysysynda yokdugyny hem bilmeýarsiñiz.

Dünyaniñ bu göz agyrysy yagdaýyny häzirki kirli sistemada düzetmegiñ yoly yok. Bellap gecen yollar bilen arassalaýyş çareleriniñ netijeleri, diñe, başlarda arassa bolup görüner, soñra yene kirläp, öñki halyna gaydyp geler.

Emma, bu hapacylykdan bir cykyş yoly bar!

Yzy 2-nji bölümde...
18
243
AlphaProxima
21.10.2022 21:00
Durmuşyñyzy 2 sözlemde suratlandyryp bilersiñizmi?



(Meselem, "Meniñ durmuşym" diýeniñizde esasy göz öñüñize gelyan zatlar boyunca)
16
286
AlphaProxima
21.10.2022 19:14
"Hiç kimiň durmuşy aňsat däl elbetde, emma meniň çagalygym yatdan cykmajak trawmalar bilen dolydy. Trawma ýarylan ýadro bombasyna meňzeýär. Şeýle ykbaly başdan geçiren sebit dikelip, edil öňkisi ýaly bolmagyny dowam etdirip bilermi? bu mümkinmi?
Durmuş tejribelerimiñ görkezişi ýaly, munuň diňe iki ýoly bar. Birinji, bu hadysanyñ täsirini ýeňip geçmek, üýtgemek we ösmek. Galan ýaralar howply yada utanç duýmaly bir zat däl, ol güýçli bolanlygyñyz we trawmaňyzyň sizi tussag etmegine ýol bermedigiñiziñ nyşanydyr. Emma nädip biri durmuşynda bir yadro bombasyny, yagny iki söýgüli adamlarynyñ ölümini ýeňip, güýçlenip biler? Elbetde bu ähli akyl päsgelçiliklerini ýeňip geçen bir akyl ussady bolsadyñyz, aňsat bolardy. Emma pida bir çaga, bary-ýogy 12 ýaşly gyz bolanynda, bu diñe şowlulyk meselesi. Mysal üçin, balyklar gury ýerde gezip bilermi? aýylar uçup bilermi? Žyraflar iki ayakda durup bilermi? ösümlik depip bilermi? jogap "ýok" elbetde. beden gurluşy bilen, gury ýerde gezip ýören balyklaryň bolmagy ýagdaýy örän manysyz. häzirki mümkinçilikleri bilen gülkünç bolup biler, ýöne ewolyusiya esasynda mümkin. Aýak ýaly täze häsiýetler balyga gury yerde gezmäge mümkincilik berip bilyar. Bu geçmişde hem bolupdy.
Adamlaryñ arasynda akyl ewolýusiýasy biologiki ewolýusiýadan has meşhurdyr. Emma azajyk hem ünsüňizi sowanyňyzda ýuwutmaga taýyn ägirt uly elhenç ýatlamalar we duýgular bilen söweşip durka, akyl nädip ösüp biler?
Daşky gurşawyñ faktorlary siziň üçin ýeke-täk umytdyr. Gowy dostlar, hyzmatdaş ýa-da hakykatdanam ynanyp, bil baglap biljegiñiz adamlar üýtgemegiň, ýeňmegiň we ösmegiň ýoludyr. Olar, betbagt, umytsyz we gorkýan wagtyňyz size kömek edýänlerdir. Bu adamlar, olary yollarynda haýalladýan hem bolsañyz, barybir sizi özleri bilen alyp gidýänlerdir. Şunuñ ýaly pursatlaryñ bar hem bolsa ösüp bilmeýän bolsaň, ykbalyň ömürlik tussaglyk bolar.
Mundan çykmagyň başga ýoly aç-açan ölümdir. Aýdyşym ýaly, ösüp bilmeýän bolsaň, sen öz trawmalaryñ tussagyndan başga biri däl. Ýöne muny añsat ýol üýtgedip bilersiňiz, munuñ üçin diñe durmuşyňyzdan el çekäýmeli. Ýöne muny etmek aýtmak ýaly aňsat däl. Köplenç adam ölmek hakda pikir etmekdenem gorkýar. Emma, durmuşyňyz ölümden has erbet bolsa, ol başga gürrüñ. Umytsyzlyk düşünjesi añyñyza täsir edip başlaýar, aklyñyzy ölümiň külleri bilen doldurýar we karary size goýýar. Stres faktory ýok bolýança bu şeýle dowam edýär. Ol faktor ölseň ýitip biler. Ýöne bu ýerde mesele, ölümden soň näme bolar? hiç zat? belki jennet? ýok. öz durmuşyňy gutarmak uly günä.
Onda..?
Ondasy şu, hakykatyň bu tarapynda ölersiň we soñy. Ömrüňi biderek geçirdiň. kynçylyklara çydap bilmedigiňiz üçinmi? ýa-da size kömek berilmedikligi üçinmi? ikisem? ikinji? Ýok, bu birinji. Päsgelçilikleriňizi ýeňip geçmek üçin ýeterlik güýç sarp etmediňiz. Adamlar elmydama kömek etmäge taýyn. Gygyrmak gerek. Kömek üçin gygyrmak. Özlerini gowy diýip hasap edýän adamlar hokman kömege geler, dogry dälmi? Ýok, gelmez diýmegiñ mümkin, emma ýeterlik gygyrmasaň bilmersiň. Ýuwaş, zordan eşdilýan ses bilen gygyrmak ýeterlik däl. biraz güýç sarp etmeli. Trawmadan halas bolmak biz ýalylar ücin diñe şowlulyk meselesi bolsa-da, elmydama edip biljek zadymyz bardyr. Ahyrynda, pikirlenip bilýän aňymyz bar. Islendik kiçijik zat siziň umydyňyz bolup biler. Islendik zat. Dost, güýmenje, öý haýwany, surat, ýatlamalar we başgalar. gözleriň, gulaklaryň, burun, dil we deriň bar. Bularyň hemmesi size signal bermäge taýyn. Edýän zatlaryňyzy duýmak üçin olaryň hemmesini, käbiri ýa-da diñe birini hem ulanyp bilersiňiz. Aýdym diňlemek üçin gulagyňyzy ulanyp bilersiňiz. Surat çekmek üçin gözüňizi ulanyp bilersiňiz. Başga zatlar edeniñizde, meselem, sport edeniñizde olaryň hemmesini ulanyp bilersiňiz. Görýäňmi? Hemmämiz birnäçe zada ukyply şahsyýetler. Sen gereksiz bir kişi däl, onsoň, näme üçin bu dünýä saňa mätäç däl ýaly ölümi saýlamaly?"



(Eserden bir bölek)
18
302
AlphaProxima
20.10.2022 19:05
Bu günüñ soragy:

Eger yene bir ýyldam öljegiñizi bilsediñiz, onda häzirki ýaşaýyş şekliñizi üýtgetmek islärdiñizmi? (jogap hawa bolsada, yok bolsada) Näme ücin?
11
164
AlphaProxima
19.10.2022 19:41
Şu günüñ soragy:

Eger bir hrustal şar size özüñiz, durmuşyñyz, geljegiñiz yada başga bir zat barada dogryny aydyp bersedi näme bilmek islärdiñiz?
9
294
AlphaProxima
19.10.2022 00:48
1100 gün

Geliñ siz bilen hyýal güýjümizi ulanalyñ.
Bir ada hyýal etmegiñizi isleyan. Daş töweregini uç gyrkasyz umman gaplap duran bir ada. "hawa, hyýal etdim, indi?"
Bu adada 1100 adam bar. Hyýal ediñ, bu adamlar dürli materiklerden bu yere getirilipdir. Şu wagt hemmesi yatyr, özlerine nämeler garaşyandyklaryndan habarsyz.
Ynha adamlar bir-birden özüne gelşip başlayarlar. Her kim bir birine seredýär, emma nätanyş adamlar, nätanyş ýüzler, her kim hem bu yerde yeke özi, dosty, garyndaşy, tanyşlary yok. Şol sebapden hem bir birleri bilen gurleşmage gaýrat etmeyarler. Birden, adanyñ ortasyndaky bu adamlar, adanyñ ortasynda hälden bäri hereketsiz duran, gara, uzyn tablisanyñ yüzünde "sany: 1100" diyen yazgy doreyandigini goryarler. Elbetde, bu sanyñ adada bar bolan adamlaryñ jemi sanydygyna düşünyarler. Soñra ýene bir san gorkezilýar. Emma, bu san beylekiden tapawutlylykda, azalýardy. Onda 1099:23:58:11 diyen sanlar bardy. Bu sanlar galan 1100 güni adamlara görkezip durdy. Asyl hem, adamalar, bu yere gelmanka bolan durmuşlaryny pikirlenip, gaygylanyp oturdy. Hersi öz aladasyny pikir edýärdi. Biri "bu gün meniñ wajyp yygnagym bardy!", yene biri "gyzyma näme bolduka?! men bolmasam yaşap bilmeza ol!", yene biri bolsa "bu gün gutardyş synagym bardy, men indi ony nadip tabşyrmaly?!" ýaly we başga pikirleri edyardiler. Ýañy pikir bulaşyklygyny we çekinjeñligini yeñip, bir-birleri bilen gurleship başlan, gaýgy, gorky we aladaly bu adamlara bu tablisanyñ gorkezilmegi olarda yenede birnace soraglary yüze cykardy, adamlar bu tablisa bilen aragatnaşyk edip bolar diyen, gaýgy we gurşawyñ täsiri astynda yüze cykan manysyz bir düşünje bilen tablisa tarap soraglar yagdyryp başladylar. "biz nirde?", "maksadyñyz näme?", "bizi nirä getirdiñiz, bu bolyan zatlar nämäni añladýar?!" emma, jogap yok.
Bu şeyle 5 minut ýaly dowam etdi. mundan derek yokdugyna düşünen bolsalar gerek, adamlar indi bir-birine öz düşünjelerini yañzydyp başladylar. kimi gaharly, kimi gaygyly, kimisi bolsa hic zat diyip hem bilenok. birnace wagtyny öz duygylaryny bir birine aydyp, netijä yetmage däl-de özüniñ nähili gaharlydygy, özleriniñ ýarym galan aladalarynyñ nähili uludygny aytmaga sarp etdiler. birnace wagtdan soñ bu hem peyda etmeyardi. indi olar logiki pikirlenmage girişdiler. olaryñ elinde bu tablisa we uly bir ada bardy. adada, şaherdäkä meñzeş binalar, oteller, yaşaýyş jaylary bardy. emma, bu yerde ne yol bardy, ne-de koçe.
adamlar, "eger bu yerde bina bar bolsa onda ony guran adamlar hem bardyr!" diyen düşünja geldiler we bu adany aýlanmaga, adam yzy gozlemegi yureklerine düwdiler
birnace wagt soñ dolanyp gelen adamlar bir birine seredişip durdy. olar birnace gerekli maglumat toplapdy, emma adam yzyna duş gelmandiler. olaryñ toplan maglumatlary bu adada iymit, derman, arassacylyk önümleri we ş.m. ýaşaýyş ücin gerekli zatlaryñ bir uly binada bardygy we ol binada bir düwme arkaly bu zatlaryñ tazelenilip bolunyandygyndan ybaratdy. muny eşiden adamlar, özleriniñ aclykdan ölmejekdigine begenişdiler. emma bir mesele bardy, bu zatlar hemma doly yeterlik daldi. elbetde, garnyñy doyurmaga, arassalanmaga zatlar we yaşamaga jaýlar yeterlikdi, emma her kime deñ derejedaki hilli zatlar we yaşaýyş şertleri yetmeyardi. adamlar bu meseläñ üstünde kän durmadylar. hiç kim entek zatlar paylanmanka tarap tutmak islemeyardi belki.
hemmeler özüne yaşamaga yer tapyp ol yerde yaşap başladylar. bir birleri bilen tanyşdylar. aralarynda iymit, jay we önümler üstünde oñuşyksyzlyklar hem bolupdy, emma bu dawalary uly derejelere yetirmandiler. ynsanlaryñ bu yere gözüni açan gününden 2 hepde gecipdi. eyyam toparlar, dostlar, duşmanlar we yeke yaşaýan adamlar bilen özboluşlyja bir jemgyýet dörapdi. olar iymitde adalatsyzlyk meselesini muny paylayan yorite topar bellemek bilen çözdüler. bu toparlarda ynamdar hasap edilyan adamlar goyulyardy. ondan daşary iymit öñünden ölcenilyardi. adam yene adam bolyada, aklyny ulanyp meseleleri cozyar. emma, yene adam bolany üçin çözgüt yeterlik däldi. aralaryndan iymiti ogurlajaklar ya da iymit ogurlanmasada, öz hakynyñ iyilyandigini pikir etjek paranoýaly adamlar bardy. bu adamlaryñ arasyndaky ynamda jaýryklar döretdi.
elbetde, hemme jemgyýetde bolşy ýaly, bu jemgyýetde hem guyclenmek isleyanler, hemme zat ozuniñki bolmasyny isleyanler bardy. adamlaryñ aralarynda güyclisi-de, gowşagy-da bardy. ilkinji ölüm bolsa gyz üstünde yüze cykdy.
erkek we ayallaryñ esasy tapawudy olaryñ fiziki gurluşydyr. aslynda, bu olaryñ yeke täk tapawudydyr, dogabitdi bir tapawut. galan aýratynlyklar durmuşyñ dowamynda yüze cykýar. meselem erkek hasiyeti we aýal hasiyeti hem doly dogabitdi däldir. muña hazirki homoseksuallygy, transseksuallygy mysal berip bolar. bu adadaky jemgyýetde eyyam toparlar dörapdi. adamlar elbetde, yene, daş sypaty boyunca tapawutlandyrylýardy. sypaty boyunca gowşak bolan adamlaryñ elbetde zenanlar bilen uly bir mümkinciligi yokdy. "görmegey" erkekler köp zenanlary özüne monopoliyalaşdyrýardy (yeke özi eyecilik edyardi). bu zenanlar üçin hem şeyledi. Owadan we däl gyzlar tapawutlandyrylýardy. netijede, itilip kakylyp yören bir oglan indi sabyr-takadynyñ soñuna yetipdi. ol eline pycagy aldy we özünden söýýän kişisini ogurlandyr oydyan oglanyny deşim deşim etdi. bu waka bilen adamlar bu yerde, başdan bäri, hiç hili adalatyñ yokdugyna doly göz yetirdiler. "elbetde! biz näme edip yörs?! bu yerde kanun yada polisiya yoga! islan zadymyzy edip bileris!" diyip iclerini gepletyardiler. bu bolsa geljekde elhenç wakalara yol acjak düşünjelerdi.
öz guyjini ulanyp, hemme zada eye boljak bolyan adamlar şondan soñ birnace gezek döredi. emma, olar çalt yerine sokuldy. bu bolsa olaryñ diñe guyjune dayanyp, guramaçylykly hereket etmandigini gorkezyardi. emma, bu yene, hem güycli hem guramaçylykly biriniñ öz şalygyny doretjekdigini eyyam güwä gecyardi. guramaçylykly hereket bolmasa, arkaña adam toplamasañ, öz şalygyñy doredip bolmajakdygyna düşünyardiler. käbir adamlar bolsa elindakiler bilen gecinyardiler. elbetde bu adamlar hem mümkinciligi bolsa öz şalygyny doretmekden yüz döndermezdi, yöne olaryñ yeterlik özüne ynamy, gaýraty ya da guyji yokdy. her nä, bu osmedik jemgyýetde, fiziki güyc birinji orunda duryardy.
köp wagt gecmanka öz toparlanyşyklaryny doreden adamlar iymit, jay we başga zatlar babatda bir birleri bilen uruşa girdiler. elbetde uruşy edyanler erkeklerdi, çünki ayallaryñ fiziki güyc taydan yetersizligi olaryñ ikinji plana itilmegine sebap boldy. ayallar indi gural, baýlyk, obyektden başga zat däldi. elbetde bu hemme üçin şeyle bolmasada olara umumylykda şeyle garalyardy. sistema añsatdy: guyclimi? hawa. onda sen yokary gatlakdan. eger jogap "yok" bolsa onda ol aşaky gatlakdandy. şeylelikde sosial gatlaklar, yazylmadyk kanunlar emele geldi. indi birnace şalyklar döredi. bular bir birleri bilen uzak wagtly uruşlar dowamynda şertnama baglaşmagy owrendiler. şertnama gorä her "şalygyñ" aljak iymit we beyleki onümleri, yerleri (toprak, meydan manysynda) kesgitlenyardi.
her şalygyñ icinde, elbetde bir dolandyryjy bardy. ol hökmürowandy. güyclilik bilen saylanypdy we islanini edyardi. iymit zynjyrynyñ iñ yokarsyndady. aşaky gatlaklaryñ hersiniñ naçe mocberde iymit we ýaşaýyş yeri aljakdygyna olaryñ özleri karar beryardi. zenanlaryñ işi bu uly wezipelerdaki adamlara yaranmak we gowy şertde yaşamaga mümkincilik gazanmakdy. käbir ayallaryñ bolsa mundan yüregi bulanyardy, emma edere zat yok, hazır gapydan biri girip, elinden tutup alyp gitse etjek hic zady yok. şol sebapli olar hem şol yorelgä eyermeli bolyardylar.
umumylykda, gün guycliniñkidi.
şalyklaryñ içinde hem "tagta" yakyn adamlar has gowy yaşayardy. aralaryndan bu sistemany uytgetmek isleyanler, bu sistemany soýýanler, patyşa yakynlaşmak isleyanler we patyşa bolmak isleyanler bardy. goryarsiñiz, jemgyýet diñe iki aýyñ icinde şu dereje çylşyrymlaşdy, ewolyusiya gecirdi.
wi, ewolyusiya diyenimize gorä rewolyusiya barada hem aýdalyñ. şübhesiz, bu sistemany yigrenyan we uytgetmek isleyan köpdi. bu adamlar esasan aşaky gatlaklardy. elbetde olary goldayan yokary gatlaklar hem bardy. bularyñ kopusi hakykatdan hem rewolyusiyany isleyanler, yene bir koplugi bolsa pursatçylardy. pursatçylar rewolyusiya bahanasy bilen tagta gecmek isleyardiler. emma başda aydyşym ýaly, mumkicilikleriñ we guramaçylygyñ pesligi zerarly rewolyusiyalar hem çalt basyrylyp yatyrylýardy. patyşalyklar bir-birlerini yakyndan yzarlaýardylar. iñ gowy pursatda basyp almaga tayyardylar. sistemada guycliler köplenç yokary gatlaga münyandikleri ücin gowşaklardan duryan rewolyusiya kän tasirli bolmayardy. olar gaytam öz aralarynda dawalaşyp, öz özlerini yeñlişe sezewar etyardiler. birnace wagt gecensoñ, adalatyñ tarapyny tutujy, guycli, akylly hem-de guramaçylykly hereket edip bilyanler öñe cykdy. bu köp şalykda döredi. Rewolyusiyanyñ bu gezekdakisi öz tasirini yetirip monarhiya düzgünini ep-esli gowşadypdy. hemme bu bolup gecyan hadysalaryñ yanynda yeke zat şol bir durşuna dowam etyardi. ol hem tablisa.
indi 2 ýyl gecipdi. tablisa ep-esli azalypdy.
tablisa 308 gün galanyny gorkezyardi. adamlar elbetde muña üns berjek yagdayda däldi. bolup gecyan hadysalar olaryñ her birini öz tasirine alypdy. olar hatda tablisany gün sanamak ücin ulanyardy. elbetde, bu sanlaryñ wajypdygyna akyl yetiryanler hem bardy, yöne kän däldi. elbetde sanyñ 1100den 308-e cenli barmagy köp adamy gaygylandyrmaga yetyardi. yene-de üns bermezlik bilen jogap beryardiler.
galdy 60 gün. adamlar gorky duygusyny başdan gecip başlapdylar. bu san 0-a baranda näme bolmaly? biz ölmelimi yada bu zatlar gutarmalymy. şeylelikde her hili ynançlar dörap başlady. "bizi halas ederler" we "bizi öldürerler" bularyñ esasylarydy. "hic zat uytgemez", "ukydan oyanarys", "san tazeden başlar" ýaly ynançlar hem bardy. arasyndan haysy dogrudygyny bilip bilmeyaris elbetde. ynançlardan başga, adamlaryñ arasynda bu yerden cykmak üçin cykyş yoly gozleyanleri hem bardy. bu adamlaryñ bu gün tablisasy barada indi indi pikirlenmeleriniñ sebabi olar sistemada gereksiz detallara üns berip, asyl meselani görüp bilmezlikleridir. indi bolsa tablisa az galan sany burnuña burnuña her gün sokup dur. nädip üns bermejek?
galan 5 gün.
adamlar gorkuda. ynsan rassasynyñ iñ uly gorkusy kesgitsizlikdir. belli bolmadyk zatlardan gorkyarlar. meselem, ölüm. onuñ añyrsy belli däl. gorky bolsa ynsana her hili zatlary etdiryar. günleri sanalgydygyny bilyan adamlaryñ käbirsi öz ynançlaryna berk yapyşýardylar. käbirsi cykyş tapmak üçin cyrpynyardy. öñ cykyş gozlejek diyenleriñ kopusi cykyş tapyp bilmandi, kabirsi bolsa yitip gidipdi we yzyna dolanyp gelmandi. käbir adamlar bolsa bu bolyan zatlary kabullanyp, iñ soñky günlerini keyp bilen gecirmek isleyardiler. köpüsi eden yalnyşlyklary üçin okunyardi. "käşkä"ler kopelipdi. käbirsi bolsa öz durmuşyna göz aylaryardy.
galdy 1 sagat. köp kişi bu gaygy duygusyna dayanyp bilman ozleriniñ janyna kast edipdi. köp kişi bolsa ynanýanlaryñ yanyna goşulyp gorkularyny basdyrýardy.
galan 10 sekunt. hemme el tutuşyp, aglap, gujaklaşyp durdy. hemmaniñ kellesi bir pikire jemlenen: "indi näme bolar?"
galan soñky 1 sekunt, hemme gaýym gözüni yumdy. san bolsa iñ soñunda 0-a bardy we...
......................................................................
bu makaladaky hekaya biziñ dunyamiziñ gelip cykyşy, işleyşi baradadyr. hekayanyñ dowamynda bolup gecyan wakalar biziñ dunyamiziñ taryhynda bolup gecen wakalardyr. iñ azyndan olaryñ bir aýnasy. bu yerdaki ynançlar biziñ dunyamizdaki dinler diysek bolar. tablisa bolsa elbetde ömürdir. hekayanyñ soñy yokdur, sebabi entek ölümden soñuny görmedik. elbetde dinimizden ugur alsak biz tazeden direldilip, hasabat bermeli. emma bu hekayada her hili bolup biler. bu ynsanlar ölüp, hemişelik bir yokluga hem owrulip bilerler, olary halas hem edip bilerler. ya da hic zat bolmadyk ýaly san tazeden hem başlap bilerdi ya da tablisa ocerdi we soñy. uytgeşme yok. ya da adamlar uzyn bir ukydan oyanyp, "bäh, nähili uzak bir düyşdi diyer we durmuşyna dowam ederdi". bu belli däl. siziñ bu barada pikirlenmegiñizi isleyarin. meniñ pikirimce bolsa, isle biziñ dunyamiz bolsun, isle bu hekayada, adam özüni aldap yörmek yerine asyl meselani gormegi başarmaly. ölümden soñy bilinmeyar. ölümden soñy yok ya da bar diyenimiñ meniñ ömrüme name tasiri bar? hic zat elbetde. onda men näme ücin özümi ölümden soñunyñ yokdugyna we biziñ bir hic boljakdygymyza ynanyp öz ömrümi gorkuda gecireyin? Men gaytam ömrümiñ manysyz daldigine, eden yalnyşlyklarymyñ we dogrularymyñ bir manysynyñ bardygyna, erbetleriñ jezalandyrylyp, gowularyñ sylaglanyandygyna ynanmagy saylaryn elbetde. Size bu hekaya barada pikir etmegiñizi we hekaýanyñ "we..." diyen yerinden dowam edip öz soñuñyzy doretmegiñizi hem-de muny teswirlerde paylaşmagyñyzy isleyarin. Göreli bakaly, kimiñ icinde nahili bir yazyjy uklap yatyrka!

Awtor: Alpha
16
180
AlphaProxima
17.10.2022 14:05
Bu günüñ soragy:

Eger çagalygyñyzda yetişdirilişiñiz barada bir zady uytgedip bilsediñiz ol näme bolardy?
8
144