AlphaProxima
25.10.2022 11:17
2-nji bölüm
(Doly düşünmek ucin 1nji bölümi oka)



Bu kir diñe şu şekilde arassalanyp biler, ol hem başga bir arassa yere göçmek. Hawa, başga bir yer. Häzirki hapa meydanyñyzda bir umyt ýok. Bu sistema asyl kiriñ köki. Kapitalizm adamyñ egoist isleglerini, lyuks ýaşaýyşy, baýlyga we güyje bolan islegi kanagatlandyrmaga taýyn. Emma güycli diyen söz ejiz diyen söz bolmasa bolmaz. Hemmeler güycli kişiler bolsa onda "güycli" diyen adalga bolmaz bolmaz. Hemme bay bolsa onda "bay" diyen söz hem bolmaz. "Garyp", "ejiz" diyen sözler olaryñ antonimleriniñ bar bolmagy üçin möhümdir. Yagny häzirki sistema şonuñ ýaly, hemme kişä bay bolup biljekdiklerini aytyarlar, emma, iş yüzünde, diñe bellibir adamlar bay bolup bilyar. Olaryñ hem aglabasyny öñden bay bolan we bu baylygy nesilden nesle gecyan gatlaklar düzyar.

Meniñ "täze yere göçmek" diyip aytjak bolyan zadym, bu sistemany taşlap täze sistema geçmek. Ya da sistemasyzlyga gecmek diysek has dogry bolar. Täze yaşaýyş, öñki sistema tazeden doremez ýaly, şu şertleri özünde saklamaly:

- Adamlar lyuks diyen zady yatdan cykarmaly. Diñe gerekli zatlar bilen oñmagy owrenmeli.

- Öz iyjek, içjek we geyjek zatlaryny we başga-da gerekliliklerini bolup bildiginden özleri taýýarlamaly. Galan zatlary pul gatnaşygy bolmazdan, bir birleri bilen paýlaşmaly. Bu kommunizme meñzeýar emma men bu şerti her musulmanyñ parzlaryndan bolan Zekatdan esaslanýaryn.

- Adamlar ownuk-ownuk gornuşde, oba-oba bolup yaşamaly we obalar birek-birege minimum şekilde bagly bolmaly (Gereklilik bolmasa baglanyşygyñ yada gatnaşygyñ bolmazlygy). Şaherler, megapolisler diyen zat asla bolmaz. Adamlary üzñeleşdirmek hokmany.

- Her kişiñ hojalygy aýratyn bolmaly we bu hojalyklary dolandyrýan bir kişi bolmaly däl. Bu obany dolandyrýan bir başlygyñ bolmazlygyny añladýar. Her kim öz pikirini aýdyp, bile bir karara gelip bilemeli. (Umuman dolandyryjy topar diyip zat yok)

- Pul diyen zat aslada bolmaly däl. Pul yok. Alyş çalşyk diñe paylaşmak, sadaka bermek islegi bilen bolup biler.

- adamlaryñ bir obadan başga oba göçmegi bolup biler, emma iki obanyñ goşulyşmasy bolup bilmez.

- Bu sistema bütin dünya bilelikde, deñ gecmeli, yogsam öñki hapa täze sistema hem yokuşar.

Bular esasy şertler diysek hem bolar

Emma bu hem doly gutarnykly däl. Esasy aýdylmak islenyan zat şu, adamlar bu dünya keyp etmage, bay bolmaga, güyc gazanmaga gelenok, bu dünya bir synag, synagy gecip gitmek esasy möhüm zat.

Maña bu ýaşaýyş şekliñ sizi kanagatlandyrmjakdygyny aydyp bilersiñiz. Elbetde, öñki lyukslaryñyzdan el cekmek kyn bolar, emma yatda saklañ, bu dünya keyp yeri däl. Elbetde adamyñ özüne üns bermegi we isleglerini kanagatlandyrmagy zerur. Emma her zadyñ bir çägi bar.

Täze sistemada (yada sistemasyzlykda) internet, radio we telefon ýaly aragatnaşyk enjamlary minimum dereja yetiriler. Internet hic bolmaz diyen ýaly. Bu zatlaryñ bolmazlygyny eşitmek elbetde adama hoş yakmayar. Emma hemmäniz hem bilyarsiñiz bu zatlar gereksiz we elpe-şelpelikdir. Onuñ yerine gol we akyl zahmeti bilen meşgullanyp, wagtyñy özüñ we hakyky durmuş işleri üçin peydalanmak gerek.

Bu sistema gecmek üçin dünyadaki ähli adamlaryñ bu sistema doly düşünmegi we razylygy gerek. Diñe şu şekilde asyl maksada yetip bolar. Eger yekejede düşünmedik we razy bolmadyk bir kişi bar bolsa näme boljagyny aýdaýyn:

Hemme indi bu sistema (sistemasyzlyga) gecmegiñ bagty icinde. Hemme öz zadyny ekip özi iyyar öz zadyny tikip özi geyyar. Hic kim hic kime garaşly hem däl. Yokarky gatlaklara cykmaga gatlak hem yok. Aşak gatlak diyip zat hem yok. Garyp galmak, ac bolmak ýaly bir yagday-da yok. Sebäbi adamlar bir-biri bilen zatlaryny paýlaşyp duryar. Bu oba öz icinde bir birleri bilen dostlukly, agzybir yaşap yör. Beyleki obalar hem şeyle (oba manysynda adamlaryñ kici, bile yaşayan toparyny añladýaryn). Obalar bir-birleri bilen gatnaşýar, zat alyş calyş edyar (yagny gerek zatlar bar bolsa paýlaşylýar), emma birleşip bir şaher emele getirmel ýaly niyetleri yok, sebabi bu şekilde obanyñ ulalyp, adamlaryñ köpelip, kontrolyñ elden gitjekdigini bilyarler. Şeylelikde, birnäçe nesil dowam edyar, indi bütin dünya oñki sistemany yatdan cykarýar we şu bolşuna yaşaberyar. Adamlaryñ osmek diyen islegi yok, sebabi gerek däl. Barybir ölmeli, barybir bu dünya bir synag. Ösüp yene hapacylyk doretmek gerek däl. Her kim özi bilen başagay. Emma aralaryndan biri cykyar (bu şol oñki sistemanyñ tarapdary). Bu kişi adamlara "Gel sen bar bolan zadyñy ber, men bolsa saña (meselem) üzümlerimi diyyar". Bu yerde bolsa üzüm osmeyardi şol sebapli adamlar özleri we cagalary ücin üzüm almak isleyar. Olar ellerinde bar bolan zatlardan beryarler we üzüm alyarlar. Kabiri ekin meydanyndan bir bölek, kabiri haywanlaryny, kabirleri önümlerini. Şeydip bu adaml beylekilerden zatlarynyñ sany boyunca saylanyar. Ol şeydip bütin obanyñ köp bolegini özi eyelap adamlary özüne tabyn edýär. Tasirini beyleki obalara hem yetirip başlaýar. Ol yerleriñ hem köp bolegini alyp olary birleşdiryär. Bu edenleriniñ soñy name bolardyr öýtýarsiñiz? Elbetde, önki sistema. Gynansakda... Yene bir bay, guycli bolmak we yokaryk cykmak howesi, yene de önki hapa siñen sistema. Elbetde adamlar yene añsat yol bilen bayamak usulyny gözlap başlar we adam öldürmek, yarag söwdasy we ş.m. bilen dowam eder. Yzyny eyyam özüñiz göz önüne getirip bilersiñiz.

Şular sebapli bu täze sistemanyñ (sistemasyzlygyñ) döremesi ücin her bir adamyñ gatnaşmagy we doly düşünüp, razy bolmagy möhüm.

ABŞ-nyñ öñki prezidentleriniñ biri bolan Franklin Delano Ruzweltiñ bir sözi bar, bu söz adam tebigaty we täze sistemanyñ gerekliligini acyk ayan gorkezyar.

"Hemme kişiñ islänini edýän bir dünyade hiç kim islänini edip bilmez"
F. D. Ruzwelt.

"Bu elhenç we gorkunc uzynlykdaky makala ücin meni bagyşlañ... :') halandygyñyzy umyt edýarin!"
Alpha Proxima.
10
295
AlphaProxima
30 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, Dogry emma 30 adam göz önüne getiriñ. Şolaryñ 29sy bir pikirde bolup 1 başga pikirde bolsa hem 29 kişi 1 kişiniñ düşünjesini uytgedip bilýär.
Myhman Myhman
28 Oktýabr 2022
Postuňuz haladym örän gowy maslahat.Ýöne gynansagam Pygamberlemmizem käbir keçjallary ýola salyp bilmändirä!Aýdanlarma oňat düşünensiňiz diýip umyt edýän.Ahyrynda temmilerini alýalarla welin,düzelmän ölüp gidiberýälerdä.
AlphaProxima
25 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, adamda kirli düşünje barda şol
Myhman Myhman
25 Oktýabr 2022
AlphaProxima seret meniñ diýjek bolýanym has kyn adamlaryñ pikirinde kellesinde diñe gowulyk erbet pikir bolmaly däl. Hemme zady 0dan başlamaly bolýa. Internet islendik zat bolandada adam şo zady erbet niýet bn ulanmasa hiç zadam kirlemeýä...adamlarda kirli düşünje bolmasa
AlphaProxima
25 Oktýabr 2022
Myhman Myhman, Adamlaryñ düşünjesini arassaladyñyz diyeli, emma yene internet, ýarag, neşe, we başgada hapa döredip biljek çeşmalar barka adamlaryñ düşünjesi kirlenmek bilen bolyar. Adamlarda hapa boomagyñ duşunjesi hemişe bolyar, edil bütin adamzadyñ beynini arassalap tazeden başlatmasañ bu düşünjeler aýrylmaz. Şol sebäpli düşünje bolsada mümkincilik bolmaz ýaly etmeseñ bolmayar. Adamlary bolsa aýra ýaşatmak hemme zatdan hem zerur. Sebäbi adamlar birleşende osyar. Osmek bolsa yene önki gurluşa getiryar.

Elbetde, okan we tejribe eden zatlaryma esaslanyp yazýaryn
Myhman Myhman
25 Oktýabr 2022
Bir ýeri gidip düzedip bolmaýamyka diýýän... adamlaryñ düşünjesini arassalamaly

Soñunda aýdypsyñ okan wagtym ýazmasam ünsim başga zatlara gidýä. Sen bu ýazanlaryñy bir zat okap ylhamlandyñmy
AlphaProxima
25 Oktýabr 2022
LORD, Gyzykly maglumatlar. Emma meniñ aytyan zadym kommunizm däl, ýalnyş düşünmäñ
AlphaProxima
25 Oktýabr 2022
LORD, Bu kommunizm däl, meñzeya, emma dal. Aytmana näme bolsa aydyberiñ diñleyan we jogap bermane tayyar.
gozelka
25 Oktýabr 2022
👍👍👍👍
Myhman Myhman
25 Oktýabr 2022
😉🤝😌👍👍👍👍👍🙋
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.