AlphaProxima
21.01.2023 15:45
Wyždan, ahlak we empatiýa (garşyñdaky kişiñ duygularyna düşünmek we özüñde duymak ukyby). Olar, adamy halas ediji faktorlardyr. Bu üçüsi adamlaryñ daşky gurşaw bilen aragatnaşygyny kadalaşdyrýar. Adamlaryñ adamkarcilik diyilýan sypatlaryny emele getiryar. Adamlaryñ çäklerini bu ikisi çyzýar.

Emma, bu üçüsiniñ işi bir adamda bozulsa name bolar?



Bu yerde biz eyyam antisosyal häsiýetli wekillerden söz açýarys. Antisosyal kişiligi iki görnüşde tapawutlandyrýarlar. Sosiopat we psikopatlar. Olar bir-birinden özüne erk etmek ukyplaryna görä tapawutlandyrylýarlar. Sosiopatlar jenaýat işlemage has meyilli, impulsiw (özüne erk edip bilmez) bolyarka, psikopatlar özüne erk etmegi başarýan, planly we manipulatiw bolyarlar. Emma olaryñ ikisinde hem şol bir aýratynlyk bar, ya-da, şol bir zatlar yok hem diysek bolar. Bular bolsa yokarda aýdylan, adamyñ üç sany esasy düzüm bölegi.



Bu kişiler Dünyäniñ adam populyasiyasynyñ 1-3%-ni düzyarler. Bu kişilik erkek adamlarda 6 esse köpdür. Genetiki we psihiki trawmatiki faktorlar ynsanlarda bu kişiligiñ emele gelmeginde esasy roly oýnaýar diyip aýdylýar.


DSM-de (diagnostic and statistical
manual of mental disorders) antisosyal kişiligiñ kriteriýalary aşakdaky ýaly:

- Başga wekilleriñ haklaryny hiç saýmak;

- Tussag edilmage getiryan hereketleri gaytalamak bilen kanunlary bozmak;

- Başgalara gayta-gayta yalan sozlemek, yalan atlar ulanmak we başgalary öz keypi we gazanjy üçin ulanmak bilen özüni görkezýan aldawçy häsiýet;

- Impulsiw hereketler, öñünden taýýarlyk we planlar gurup bilmezlik;

- Köp fiziki uruşlara girmek we başgalaryna topulmak arkaly özüni görkezýan agressiwlik we añsat gaharlanmak;

- Gaytalanyan bir şekilde öz we başga ynsanlaryñ howpsuzlygyny äsgermezlik;

- Birden işini başga bir iş üçin taşlamak we salgyt tolemezlik ýaly yzygiderlikli jogapkarçiliksiz hereketler;

- Başgalaryny ynjytmagy rasýonallaşdyrmak (bir zat barada logiki taydan pikirlenmek) we ynjytma prosesinden lezzet almak bilen özüni görkezýan wyždan duygusynyñ kemligi.

Munuñ bilen bile, kişä antisosyal kişilik diagnozyny goymak üçin bu wekilleriñ 15 ýaşlarda (çagalyk/yetginjeklik dowrunde) jemgyýetiñ kadalaryny bozyan hereketler edendigi baradaky maglumat bolmaly.


Statistiki we kliniki maglumatlary bir tarapa goysak, bu kişilikdaki bozuklugyñ sebabini 2-ä bölmek bolar.

- Organiki

- Inorganiki

Organiki sebaplere kelle beynisiniñ kesgitli bölekleriniñ işiniñ bozulmagyna getirip biljek fiziki-himiki taýdan şikesler we täsirleriñ hemmesi girýär.

Inroganiki sebapler bolsa daşky gurşawyñ psihiki täsirleridir. Daşky täsirler bolanda, maşgala durmuşy, irki cagalyk döwri, mekdep ýyllary, dostlary we ş.m. bolýar. Ynsanyñ ilki doglan wagtyny ak kagyz diyip pikir etsek, ol kagyz ölýänçä garalanmak bilen bolýar. Kagyzda dörän garalary bolsa añsat-añsat yzyna alyp yada düzedip bolmayar. Garalar diymegimi erbet hasiyetler diymek diyip pikir etmañ, garalar diymek bilen adamyñ tejribesini, başdan geçirenlerini we şoña gorä kämilleşen kişiligini añladýaryn. Elbetde, genler-de bu yerde rol oynayar. Emma, bu bir geniñ bolup bolmazlygy, ynsanyñ psihopat yada sosýopat bolup bolmazlygy bilen göni baglanyşygy ýok. Bu geniñ (ýa-da genleriñ) täsiri, diñe adamy ol yada bu psihiki bozukluga has meyilli bolmagy yada bolmazlygyna täsirinden ybaratdyr. Meselem, kakasynyñ sosýopat bolmagy oglunyñ hem hokman şeyle boljakdygyny añlatmaýar, emma bu bozukluga duçar bolmaga genetiki taydan has meyilli bolup, daşky şertleriñ täsirleri bilen birleşip, bozuklugyñ döremegine sebap bolup biler.


Özüñiziñ iñ gaharly wagtyñyzy göz öñüne getiriñ, ine şol wagt siz duygularyñ tasiri astynda bolyarsynyz, islendik impuls (isleg, bir zat etmage gereklilik duygusy) arkaýyn zehine syzyp, özüni görkezip bilýär. Bu yagdayda siz ne wyždan tanaýarsyñyz, ne-de ahlak. Eger ozuñiziñ kontrolyny ele alyp bilmeseñiz, negatiw pikir we duygularyñ golastynda yalnyş kararlar berip ýalñyş hereketler edersiñiz, bularyñ netijesi bolsa örän yykyjy bolup bilýär. Elbetde siz yene, gaharyñyz gecensoñ, ynsan tebigatyñyz boyunca, ahlagyñyz we wyždanyñyz size bozanyñyzy tazeden düzmegiñiz üçin basyş edýär we siz ötünç sorayarsyñyz, ýa-da şonuň ugrunda hereket edýärsiniz. Sosýopat we psikopatlar bolsa bütin ömrüni şeyle geciryar. Olar örän impulsiw (kella gelan zady etmeklik) we wyždan, ahlak, empatiýa ýaly düzüm böleklerine garyp kişilerdir. Siziñ iñ gaharly wagtyñyzdaky erksizlik we ynsapsyzlyk, wyždansyzlyk olaryñ bütin ömrüniñ normydyr. Bu olar üçin adaty. Size "bir garynjany öldürüp bilersiñmi" diylende arkaýyn hawa diyip bilyan bolsañyz, olara ynsanlara fiziki zeper ýetirmek, janlaryna kast etmek we başga wyždansyzlyk talap edýän işleri arkaýyn edip bilýärler. Bu mysallary diñe olaryñ nähili dereje rasyonal, impulsiw we wyždandan uzakdyklaryny añlatmak, size özüñizde bu duyguny duydurmak ucin berdim. Elbetde, bularyñ hicisi olaryñ sap erbetlik bilen gömülen we düzedip bolmajak ynsanlardygyny añlatmaýar. Wyždansyz diymek, wyždansyz diymek däldir. Yagny, olarda wyždan inaktiw bolyar. Bu wyždanyñ tazeden aktiwleşdirilmegi gerekli. Bu bolsa añsat iş däl. Size häzir dinimiz yalan, aslynda ölümden soñ yaşaýyş yok diyip, siziñ hazirki dünyagaraýşyñyzy bütinley uytgetmegim nähili kyn bolsa olarda hem şeyle. Siz elbetde meniñ dinimiz barada aydanlarymy manysyz hasap edersiñiz we meniñ dinsiz ya-da dinden cykandygyma ynanarsyñyz. Bu kişiler hem şeyle. Olara wyždany duyduryp, impulsiwlik, erbetlik we kanuny bozmak ýaly hereketleri etmage bolan isleg, ynsanlary diñe özüne bolan girdeji we cykdajysyna gorä tapawutlandyrmak we başgalardan ybarat bolan dünyagaraýyşdan ahlakly, salyhatly we pes gowunli, ynsanlara kömek etmek, ululary sylap, kicilere hormat goymak ýaly zatlardan ybarat bir dünyagaraýyşa gecirmek, birini yaşyl yapragyñ aslynda garadygyna ynandyrmak ýalydyr. Olaryñ empatiýa duygusynyñ yoklugy (azlygy) bolsa siziñ wyždan diyen duygyñyza düşünmeginiñ öñüni alýar.


Elbetde, käbirisi özüne erk etmegi başarýarlar. Bu kişiler, ol duygylary bilmesede, ynsanlaryñ nädip edişini kopyalap, ozleri hem, gynanmagy, aglamagy, kömek etmegi janlandyrýarlar. Emma bular, olar ücin diñe netijä eltyan yollar. Bu kişiler öz isleglerini soňundan kanagatlandyrmak üçin olara wagtlaýynça erk edip bilýärler, bu döwürde akyllaryny ulanyp rasional hereket edýärler. Öz impulslaryny we olar bilen bile gelýän duýgy ýagdaýlaryny (meselem, bit kişä yada zada fiziki zeper ýetirmek, öldürmek, ogurlamak we ş.m. islegler bilen gelýän gahar, sabyrsyzlyk, bagtlylyk, isleg ýaly duýgylary) wagtlaýyn gözegçilikde saklap olara erk edýärler. Başga bir kişi ony daşyndan göreninde tapawudy hiç hili syzmaýar. Bularyň hemmesini bolsa iň soňunda şol wagta çenli içinde saklan bütin duýgylaryny daşyna çykarmak maksady bilen edýärler. Käte özlerine erk edip bilmän içiniñ daşyna çykýan wagtlarya hem bolýar. Bu ýagdaýda şeýle kişileriň tanyşlary bu ýagdaýa örän geñ galyp bilerler, netijede, bu kişiler hemişe salyhatly, mylakatly we asyllydy. Elbetde, bu ýalňyşlygy düzetmekde gijä galmaýarlar. Dürli oýunlar we ýalanlar bilen bu ýalňyşlarynyñ öwezini dolýarlar. Şeýle-de bolsa, hemme antisosyal bozuklygy bolan adamlar beyle akylly we üstünlikli bolmaýar. Bu kişileriň köpüsi özüne erk edip bilmän türmä yada akyl hassahanasyna girýär. Käbirleri bolsa özüne erk edip jemgyýetiň içinde aramyzda ýaşap ýörler.


Häzire deňeç siz bilen diňe antisosial kişileriň umumy häsiýetnamasynyñ üstünde durduk. Ýokarda beýan eden häsiýetnamam "erbet" adamlary tanamagyñ gollanmasyna meňzeýär. Aslynda, munuň sebäbi bu kişiler we häsiýetleri bularyñ düzülmejek, akyllanmajak, gep-söz diñlemejek, Filmler we kitaplarda gabat gelýän erbet adam harakterlaryna meňzeş bolanlygyndan göz baş alýar. Emma, bu adamlar aslynda öz arkasynda agyr bir geçmişiñ yüküni daşaýarlar. Elbetde, hiç kim erbet bir kişi bolmak islemez, ýa-da jemgyýet tarapyndan oña "Waý haramzada" gözi bilen seredilmesini halamaz. Olar hem halamaýardy, emma bu wyždan duýgusy olarda bir eýýäm geçmişde galypdy. Ýaş wagtlary, durmuş ýagdaýynyñ erbetligi we bu durmuşa uýgunlaşmak üçin olaryň hem erbet bolmagy zerarly dörän bu kişilik bozulmasy olaryň günäsi bolup bilerdimi? Netijede olar ýaşdy we agy garany saýgaryp bilmeýärdi, ondan daşary durmuşyny üýtgetmäge güýji hem ýetmeýärdi, özüne abanýan howpdan nädip gaçjagyny bilmeýän bu çagalar özlerini gaýgy we hasratdan doly çuň bir guýyda ýaly duýýardylar. Olar guýydan hasratsyz, gaýgysyz ýaşap ýören adamlary görýärdiler we eşidýardiler. "Men näme üçin şeýle ýaşao bilemok?" diýip pikir edýärdiler. Iň soňunda, bir ýerde olaryň sabyr çanagy hem dolýar, özüne, gaharyna, gorkusyna we/ýada gaýgysyna erk edip bilmedik bu kişiler jenaýat işleýärler. Olar eden zadyna ökünüp, wyždan azaby diýilýän duýgynyñ täsirine duşsedi "adaty adam" bolmak bilen galardy. Emma olar ökünmeýärler, wyždan azaby çekmeýärler. Tersine bu bolan zatdan lezzet hem alyp bilerler. Olar iň soňunda özüne abanyp duran, durmuşyny hasrat bilen geçirmesine sebäp bolan meseläni çozüpdiler. Mundan uly şatlyk barmy? Eden zatlaryny bolsa "hak edýäni üçin öldi" ýaly sözler bilen aklaýardylar. Bu adamlarda wyždan ýok bolmaýar, emma ol içe tarap çuň bir şekilde basdyrylýar. Içeriden çykyp bilmedik wyždan bolsa öz täsirini ýetirip bilmeýär. Netijede biziň antisosial kişilik bozuklugy diýen adalgamyz we antisosial kişiler emele gelýär.


Gynansakda bu kişiler ýalňyş ýoly saýlaýarlar we şeýle adamlara öwrülýärler. Elbetde, muňa sebäp bolup biljek kän faktor bar. Beýnide şikes, genler hem muňa täsir edýän sebäplerden. Esasan hem beýnide çiş emele gelmegi, beýniň wyždan duýgusy we empatiýa jogap berýän bölegine şikes ýetmegi bu kişilik bozuklugyna eltip biljek esasy organiki faktorlardyr. Emma, hemme zat bir ýana, bu kişilere ellerinde bolmadyk geçmişiñ netijesinde ýerine ýetiren zatlary üçin günäkärläp bolarmy? Günäli h bolsalar olary "erbet" we düzelmejek wagşy adamlar hökmünde umumylaşdyryp, ýa-da däli adyny dakyp, kömek eli uzatmazlyk bolarmy?

...

________________________________________


Wagt aýryp okanyñyz üçin minnetdar, arada işlerim köpelip, birnäçe wagt aktiw bolup bilmedim, umyt edýän meni eýýäm ýatdan çykaran dälsiñiz? :)
13
330
AlphaProxima
2 Fewral 2023
Myhman Myhman, Dogry aýtyarsynyz, goşandyñyz üçin minnetdar
Myhman Myhman
22 Yanwar 2023
adamda ahlak, wyždan, onsaňam beýleki aslynda şol adamda bar.bolsa birden ýitmez. ol haçan ýitip biler haçanda şol adam öz erkine däl wagty ýitip biler.(mysal. aşa peýan ýene şoň ýaly ýagdaýda bolsa.
AlphaProxima
22 Yanwar 2023
Maýa06, Teswiriñiz üçin minnetdar!
Maýa06
22 Yanwar 2023
Gowy post bolupdyr ýene şunuň ýaly postlara garaşýan ☺️
Relax
21 Yanwar 2023
AlphaProxima,onda türkmen diline täze söz goşulýança garaşaýmasañ başga kybap gelýän söz ýok oña
AlphaProxima
21 Yanwar 2023
Relax, bir kişilik adamdaky birnäçe durnukly häsiýetleriñ birleşmeginden emele gelýär. Şol sebäpli bu "häsiýet" sözi "kişilik" sözüne kybap gelmeýär.
Relax
21 Yanwar 2023
AlphaProxima,harakteram=häsiýet bolýar näme üçin dogry gelmesin ol🤔
AlphaProxima
21 Yanwar 2023
Relax, menem şony pikirlendim emma edil şol manyny berenokda, has dogrusy harakter bolýa, emma ol hem türkmen söz däl :/
AlphaProxima
21 Yanwar 2023
Bitter, siziñ aýtýanyñyz asosial bolýar, antisosial "jemgyýetiñ tersine, garşysyna diýmek" bu bolsa jenaýata ýatgynlyk barada habar berýär. Elbetde, hemmamizde bir bölek bolsada bir antisosial yatyr. :) Bellik: garynja ýönekeý bir mysaldy. Bu mysal şol kişilere duşunmegiñiz üçin berildi. Emma beren mysalym maksadyna onçakly laýyk bolup bilmedi öýtýän, bagyşlañ, teswiriñiz üçin minnetdar!
Relax
21 Yanwar 2023
AlphaProxima,kişilik=häsiýet bolýa dämi🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.