"Hiç kimiň durmuşy aňsat däl elbetde, emma meniň çagalygym yatdan cykmajak trawmalar bilen dolydy. Trawma ýarylan ýadro bombasyna meňzeýär. Şeýle ykbaly başdan geçiren sebit dikelip, edil öňkisi ýaly bolmagyny dowam etdirip bilermi? bu mümkinmi?
Durmuş tejribelerimiñ görkezişi ýaly, munuň diňe iki ýoly bar. Birinji, bu hadysanyñ täsirini ýeňip geçmek, üýtgemek we ösmek. Galan ýaralar howply yada utanç duýmaly bir zat däl, ol güýçli bolanlygyñyz we trawmaňyzyň sizi tussag etmegine ýol bermedigiñiziñ nyşanydyr. Emma nädip biri durmuşynda bir yadro bombasyny, yagny iki söýgüli adamlarynyñ ölümini ýeňip, güýçlenip biler? Elbetde bu ähli akyl päsgelçiliklerini ýeňip geçen bir akyl ussady bolsadyñyz, aňsat bolardy. Emma pida bir çaga, bary-ýogy 12 ýaşly gyz bolanynda, bu diñe şowlulyk meselesi. Mysal üçin, balyklar gury ýerde gezip bilermi? aýylar uçup bilermi? Žyraflar iki ayakda durup bilermi? ösümlik depip bilermi? jogap "ýok" elbetde. beden gurluşy bilen, gury ýerde gezip ýören balyklaryň bolmagy ýagdaýy örän manysyz. häzirki mümkinçilikleri bilen gülkünç bolup biler, ýöne ewolyusiya esasynda mümkin. Aýak ýaly täze häsiýetler balyga gury yerde gezmäge mümkincilik berip bilyar. Bu geçmişde hem bolupdy.
Adamlaryñ arasynda akyl ewolýusiýasy biologiki ewolýusiýadan has meşhurdyr. Emma azajyk hem ünsüňizi sowanyňyzda ýuwutmaga taýyn ägirt uly elhenç ýatlamalar we duýgular bilen söweşip durka, akyl nädip ösüp biler?
Daşky gurşawyñ faktorlary siziň üçin ýeke-täk umytdyr. Gowy dostlar, hyzmatdaş ýa-da hakykatdanam ynanyp, bil baglap biljegiñiz adamlar üýtgemegiň, ýeňmegiň we ösmegiň ýoludyr. Olar, betbagt, umytsyz we gorkýan wagtyňyz size kömek edýänlerdir. Bu adamlar, olary yollarynda haýalladýan hem bolsañyz, barybir sizi özleri bilen alyp gidýänlerdir. Şunuñ ýaly pursatlaryñ bar hem bolsa ösüp bilmeýän bolsaň, ykbalyň ömürlik tussaglyk bolar.
Mundan çykmagyň başga ýoly aç-açan ölümdir. Aýdyşym ýaly, ösüp bilmeýän bolsaň, sen öz trawmalaryñ tussagyndan başga biri däl. Ýöne muny añsat ýol üýtgedip bilersiňiz, munuñ üçin diñe durmuşyňyzdan el çekäýmeli. Ýöne muny etmek aýtmak ýaly aňsat däl. Köplenç adam ölmek hakda pikir etmekdenem gorkýar. Emma, durmuşyňyz ölümden has erbet bolsa, ol başga gürrüñ. Umytsyzlyk düşünjesi añyñyza täsir edip başlaýar, aklyñyzy ölümiň külleri bilen doldurýar we karary size goýýar. Stres faktory ýok bolýança bu şeýle dowam edýär. Ol faktor ölseň ýitip biler. Ýöne bu ýerde mesele, ölümden soň näme bolar? hiç zat? belki jennet? ýok. öz durmuşyňy gutarmak uly günä.
Onda..?
Ondasy şu, hakykatyň bu tarapynda ölersiň we soñy. Ömrüňi biderek geçirdiň. kynçylyklara çydap bilmedigiňiz üçinmi? ýa-da size kömek berilmedikligi üçinmi? ikisem? ikinji? Ýok, bu birinji. Päsgelçilikleriňizi ýeňip geçmek üçin ýeterlik güýç sarp etmediňiz. Adamlar elmydama kömek etmäge taýyn. Gygyrmak gerek. Kömek üçin gygyrmak. Özlerini gowy diýip hasap edýän adamlar hokman kömege geler, dogry dälmi? Ýok, gelmez diýmegiñ mümkin, emma ýeterlik gygyrmasaň bilmersiň. Ýuwaş, zordan eşdilýan ses bilen gygyrmak ýeterlik däl. biraz güýç sarp etmeli. Trawmadan halas bolmak biz ýalylar ücin diñe şowlulyk meselesi bolsa-da, elmydama edip biljek zadymyz bardyr. Ahyrynda, pikirlenip bilýän aňymyz bar. Islendik kiçijik zat siziň umydyňyz bolup biler. Islendik zat. Dost, güýmenje, öý haýwany, surat, ýatlamalar we başgalar. gözleriň, gulaklaryň, burun, dil we deriň bar. Bularyň hemmesi size signal bermäge taýyn. Edýän zatlaryňyzy duýmak üçin olaryň hemmesini, käbiri ýa-da diñe birini hem ulanyp bilersiňiz. Aýdym diňlemek üçin gulagyňyzy ulanyp bilersiňiz. Surat çekmek üçin gözüňizi ulanyp bilersiňiz. Başga zatlar edeniñizde, meselem, sport edeniñizde olaryň hemmesini ulanyp bilersiňiz. Görýäňmi? Hemmämiz birnäçe zada ukyply şahsyýetler. Sen gereksiz bir kişi däl, onsoň, näme üçin bu dünýä saňa mätäç däl ýaly ölümi saýlamaly?"
(Eserden bir bölek)