Aika_
08.09.2020 14:10
Köz galdyryp gursagynda bu gijäň,
Sen gidip barýarsyň... Salgym deý galgap.
Ýüregim üzülip-üzülip gitdi,
Bir demde reňkini üýtgetdi bar zat.
Seň yzyňdan garap durun heýkel deý,
Ne-hä soragym bar, ne-de haýyşym.
Ýöne ynan, hanjar sünçdi kalbyma,
Taýgançak ýodada
Öňküler ýaly Daýanara meni tapman, taýyşyň...
„Ýollaryň ak bolsun“ diýýän deý asman,
Henizem seçip dur ap-ak garyny.
Menem mydam ak ýol diläpdim saňa,
Men nirden bileýin,
täsin durmuşda Käte ak ýollaňam taýdyrýanyny...
8
103
Aika_
05.09.2020 00:08
Dyrnak ýaly umyt berseň ýeterlik,
Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men.
Şaýat boldum hol ullakan bagyňam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem.
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Ýok, ýok “birden aýrylaýsak” diýme sen.
Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmämizem aglap dogan bäbejik.
Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik.
Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,
Uran paltaň degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.
8
198
Aika_
02.09.2020 22:59
Hasrat ýekelikde çekilýär eken,
Ýalñyzlyk aýdymyn öwrenipdirin.
Ykbal batyransoñ kalbyma tiken,
Öñkimden üýtgäp, özgeripdirin.
Öwrenşipdir kalbym sensizlige-de,
Sessizlige-de men öwrenşip barýan.
Wysalyñ tapmadyk arzuw, hyýallam,
Şemalyñ ugryna sowrulýar, gaýýar.
Akýar gözlerimden ahmyrly göz ýaş,
Bir wagt bagtdan gülen ýüzümem tukat.
Sorag belgisideý egreýlip galdym,
Soñlanmadyk söýgä goýlansoñ nokat.
Ykbal batyransoñ kalbyma tiken,
Öñkimden üýtgäp, özgeripdirin.
Hasrat ýekelikde çekilýär eken,
Ýalñyzlyk aýdymyn öwrenipdirin.
12
122
Aika_
31.08.2020 03:49
Eliñden gidirip mähriban Käbäñ,
Ene mährin küýsäp aglap gördüñmi?
Boljak iş bolansoñ, peýdasyz tobañ,
Gijeden daña çenli aglap gördüñmi?
Eneñ aglan wagty ýanyna baryp,
"Näme derdiñ bar" diýip sorap gördüñmi?
Garranda el berip ýanynda durup,
Saña gerşi ýaly gujak gerdiñmi?
Çaga wagtyñ sallançakda ýatañda,
Gözün gyrpman oturşyny gördüñmi?
Käte oñ danlary sensiz atanda,
Eneñ hal-ýagdaýyn duýup bildiñmi?
Çagalykdan ýigitlige geleniñe,
Kim sebäp bolanyn oýlap gördüñmi?
Eden yalñyşyñy ejeñ görende,
Edeniñe ökünip, aglap gördüñmi?
Ejesiz-kakasyz ýetimler ýaly,
«Balam» sözini küýsäp gördüñmi?
Eneleñ yüregi mähirden doly,
Pikirlenip bir netija geldinmi?
Çagalykda mähir berişi deýin,
Senem öz Eneñe mähir berdiñmi?
Ýa-da "Eje bar öz hasaña söýen"
Diýip, aglamagyna sebäp boldyñmy?
Enesin agladýan zalym perzentler,
Eneñi agladyp abraý aldyñmy?
Belki täsir eder size şu bentler,
Eneden aýrylan ýetim gördüñmi?!
8
88
Aika_
30.08.2020 02:22
Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam –
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan,
«Ýa» harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek –
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet
Duşdumy entek?
Iň bagtly günümde duşupdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim. Giňäpdi göwün.
Işimem şowludy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün...
Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm.
Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle.
Diňe özüm bilen
Gepleşmek gerek.
14
130
Aika_
23.08.2020 13:30
Ýönekeý hakykat
Bu eýýamda saňa beýik diýmezler
Dagyň depesine çykanyň bilen.
Ynanyň, şahyram bolup bolanok,
Diňe bir edebi lakamyň bilen.
Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy,
Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy.
Il-gün saňa bermez pälwan adyny,
Özüňden ejizi ýykanyň bilen.
Dag däl-dä — bolmasa, dag göwresem bar,
Bagşy däl-dä — ýogsam ýetik sesem bar,
Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý,
Guwdurap bihada bökeniň bilen.
Ullakan däl zady ulaldyp bolmaz,
Aýdan-günden bölüp ýyl edip bolmaz.
Il-günüň göwresin ýyladyp bolmaz,
Ýol üstünde tezek ýakanyň bilen.
Daş depäňe gaçar ýokaryk atsaň,
Yzyňa göz aýla, öňe-de gitseň.
Kerwenbaşy bolmaz ahyr her keseden,
Boýnuna näçe jaň dakanyň bilen.
Bir agsagyň ile bildermez süri,
Çopan çaşy bolsa — şol ýaman ýeri. Şunça yhlas edip dökseňem deri —
Depizde zat bitmez ekeniň bilen.
14
70