Aika_
02.09.2020 22:59
Hasrat ýekelikde çekilýär eken,
Ýalñyzlyk aýdymyn öwrenipdirin.
Ykbal batyransoñ kalbyma tiken,
Öñkimden üýtgäp, özgeripdirin.

Öwrenşipdir kalbym sensizlige-de,
Sessizlige-de men öwrenşip barýan.
Wysalyñ tapmadyk arzuw, hyýallam,
Şemalyñ ugryna sowrulýar, gaýýar.

Akýar gözlerimden ahmyrly göz ýaş,
Bir wagt bagtdan gülen ýüzümem tukat.
Sorag belgisideý egreýlip galdym,
Soñlanmadyk söýgä goýlansoñ nokat.

Ykbal batyransoñ kalbyma tiken,
Öñkimden üýtgäp, özgeripdirin.
Hasrat ýekelikde çekilýär eken,
Ýalñyzlyk aýdymyn öwrenipdirin.
12
122
Myhman Myhman
5 Noýabr 2020
Özüň düzdiňmi Aika_
Aika_
3 Sentýabr 2020
????
Özüñe_ynan
3 Sentýabr 2020
Tuweleme ?
Aika_
3 Sentýabr 2020
@Maysa mm bolia
guli_
3 Sentýabr 2020
Gowja gosgy
Ahally123
3 Sentýabr 2020
Üçinji bent ýazylmadyk bolsa hasam kämil şygyr bolardy...
MaysaJaparowa
3 Sentýabr 2020
Aika men marydan
Kartanesi
3 Sentýabr 2020
Aika_, Sen gitdin men galdym shol onki yerde.Gark bolup duman dey bosh hyyallara.yanyar yürek gezenine aldanyp .Cyn söýgidir oydup yalan allara.
Aika_
2 Sentýabr 2020
@Maysa Ag siz nirden

@Kartanesi,??
Kartanesi
2 Sentýabr 2020
???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.