Dyrnak ýaly umyt berseň ýeterlik,
Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men.
Şaýat boldum hol ullakan bagyňam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem.
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Ýok, ýok “birden aýrylaýsak” diýme sen.
Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmämizem aglap dogan bäbejik.
Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik.
Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,
Uran paltaň degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.