Aika_
31.08.2020 03:49
Eliñden gidirip mähriban Käbäñ,
Ene mährin küýsäp aglap gördüñmi?
Boljak iş bolansoñ, peýdasyz tobañ,
Gijeden daña çenli aglap gördüñmi?

Eneñ aglan wagty ýanyna baryp,
"Näme derdiñ bar" diýip sorap gördüñmi?
Garranda el berip ýanynda durup,
Saña gerşi ýaly gujak gerdiñmi?

Çaga wagtyñ sallançakda ýatañda,
Gözün gyrpman oturşyny gördüñmi?
Käte oñ danlary sensiz atanda,
Eneñ hal-ýagdaýyn duýup bildiñmi?

Çagalykdan ýigitlige geleniñe,
Kim sebäp bolanyn oýlap gördüñmi?
Eden yalñyşyñy ejeñ görende,
Edeniñe ökünip, aglap gördüñmi?

Ejesiz-kakasyz ýetimler ýaly,
«Balam» sözini küýsäp gördüñmi?
Eneleñ yüregi mähirden doly,
Pikirlenip bir netija geldinmi?

Çagalykda mähir berişi deýin,
Senem öz Eneñe mähir berdiñmi?
Ýa-da "Eje bar öz hasaña söýen"
Diýip, aglamagyna sebäp boldyñmy?

Enesin agladýan zalym perzentler,
Eneñi agladyp abraý aldyñmy?
Belki täsir eder size şu bentler,
Eneden aýrylan ýetim gördüñmi?!
8
88
Myhman Myhman
9 Sentýabr 2020
gaty onat gosgy manyly yazylan
Myhman Myhman
7 Sentýabr 2020
Gaty gowy

Gaty gowy
Aika_
4 Sentýabr 2020
@Doctor,?
Doctor
4 Sentýabr 2020
? ? ? ? ?
Aika_
4 Sentýabr 2020
Myhman,hava
Myhman Myhman
4 Sentýabr 2020
gaty gowy goşgy enañ gadyryny barka bilmeli
Bts
2 Sentýabr 2020
Eliňden gidirip arzyly zadyn, Dunyan derdi bn aglap gordunmi? Gozden gam inende soralsa halyň," Aý gowula" diyp aldap gordunmi?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.