Aika_
04.09.2020 13:14
Eneň gezip ýörkä ýeriň üstünde,
Ýaza barabardyr gyşyň howasy.
«Dogadan nep tapdym»
    diýýän bar bolsa,
Megerem şol doga – enäň dogasy.
 
Baky däldir, bir gün eneň hem gider.
Niräňe seretseň – eýmenç tekizlik.
Beýle ýalňyzlygyň ady hem ýokdur.
Ol gädiksiz-zatsyz Doly ýalňyzlyk:
                      ???
Ataňy sylamak – halky sylamak.
Mähri köpdür, şonça gazabam köpdür.
Käýýäp sapak bersin, söýüp öwretsin –
Atanyň mekdebi çirksiz mekdepdir.
 
Şol mekdebi oňat tamamlap bilseň,
Hemişe hemraňdyr Mertlik, Tämizlik.
Ýogsa senden hiç wagt är ata bolmaz –
Mydam gerşiňdedir Betbagt ýalňyzlyk.
10
85
Aika_
8 Sentýabr 2020
Myhman Myhman,Salam
Myhman Myhman
8 Sentýabr 2020
oran oran dogry salam Ayka
Aika_
4 Sentýabr 2020
@Selbinyyaz,hava
Selbiniyaz
4 Sentýabr 2020
Kerim Gurbannepesowyn Yalnyzlyk atly in sowly gosgularynyn biri. Gaty gowy gosgy
Aika_
4 Sentýabr 2020
Myhman,?
Myhman Myhman
4 Sentýabr 2020
??????????
Aika_
4 Sentýabr 2020
@Gülnar,?
guli_
4 Sentýabr 2020
?????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.