manysyz oýlanmalarymdan.
(okanyma degmedi diýip şikaýat etmezligiňiz üçin)
Tanşymyň ýoldaşy aradan çykdy. Elbetde adamkärçilik üçin menem barmaly we bardym. Garşymdakylaryň hemmesi nätanyş. Ýüzleri nätanyş,duýgulary nätanyş. Hatda aradan aýrylan adamam ýekeje gezek görmändim. Daş töweregimden: "gowy adamdy", "adama azary degmedik bende" ş.m sesler gelýär. Diýmek ölenden soň gadryňa ýetmegi başarýarlar. Merhumyň şunça ýyllyk ömrüne gysgaça taryplar gutarandan soň, ýakynlarynyň arasynda gürrüňler başga temalara öwrülip gitdi. Biri öýüne gitmek üçin awtoulag gözleýän bolsa,beýlekisi saglygy barada şikaýatlary gürrüň bermek bilen başagaý ýene biri gelininden näräzy. Eh adamlar...
Adamlar gaty düşnüksiz. Mundan beýläk näçe ýyllyk gandaşyny,tanşyny, goňşusyny, işdeşini görüp, duýup bilmejekleri aklynyň bir ujyndan geçmeýärmikä?görüşmek kyýamata galdy welin bularyň öz meseleleri. Ýogsam bügün ölen bugün unudylýamy. Ýogsam şol pahyr bolan bende şu oturan jemagat diýip ençeme ýere ylgandyr,janyny azara goýup alada edendir...Aglaýan gaty azdy. Her kim öz meselelerini gürrüň berýärkä, bir gyrada bir aýal çyny bilen sessiz aglaýar. Başgalar bolsa muňa edil başga planetaly adama sereden ýaly haýranlyk bilen seredýärler. Inede merhumy öýünden soňky menziline ugratmak wagty geldi. Birden Hiç hili ses ýok köpçilikden, aglamalar,iňlemeler, dat perýat edýän köpçülige öwrüldi. Bir iki sany aýala gowja edip üns berseň,olaryň gözünden hiç hili ýaş ýok,emma sesiniň ýetdiginden gygyryp dat-perýat edip otyrlar. Aýdýan sözlerem gazal aýdýan ýaly içinden çykyp dur. Soň bilsem olar ýörite taýýarlanan,çagyrylan artistler(başga näme diýip at berjegimem bilemok)eken. Merhumyň aýaly(ýagny tanyşym) çeken azaplaryna çydaman, birnäçe gezek huşundan gitdi. Elbetde ruhdaşyňdan, arkadaşyňdan,ömürdeşiňden aýrylmak dek düýn sagdyn, şadyýan ýagdaýda gezip,ertir öljegini asla aklyňa getirmeýän syrdaşyň bügün ýoklugyny aklyňa sygdyrmak aňsat işmi näme?
Bu gurşaw we ondaky adamlar ruhuma erbet täsir etdi. Näme sebäpden ýada haýsy ýagdaý öz täsirini ýetirdi bilemok, damagym dolup aglap başladym. Belki şol ýekeje bolsada çyn ýürekden sessiz aglaýan aýalyň gowy kalplylygy maňa täsir edendir, ýada ýasama gynançlar bilen iňläp oturan aýallara dörän garşylykly duýgularym täsirlendirdimikä, ýada merhumyň aýalynyň göterip bilmeýän azaplaryny, az hem bolsa düşünýanim sebäpmikä?
Dogrudanam öleniňden soň adamlaryň seni unutmagy köp wagt talap etmeýän eken. Her kim öz aladalary bilen gümra. Köp wagt geçmänkä iş ýeriňe täze işçi gelýär,doganlaryň,tanyşlaryň çagalary,maşgalasy, meseleleri bilen gümra bolýar. Şeýlelikde sen we seniň ýoklugyň azaplary unudylmaga başlaýar