Lukmanlar kakama bir zatlara diýdi. Lukman erbet söz aýdan bolmaly,kakam aglady. Men kakamyň aglanyny hiç görmändim, ony güýçli diýip oýlaýadym. Aglamak ejizlik dälmi näme? Men çaltrak öýe baryp bolan zatlary,lukmanyň kakama erbet söz aýdanyny,kakamyň aglanyny ejeme aýtmak üçin howlugýardym. Ýöne bu dünýä meni sensiz goýanyndan habarym ýokdy eje.Maňa muny goňşymyzyň şol sen garagolja diýýän ogly aýtdy: "indi seniň ejeň ýok" diýdi. Olar ýalan sözleýä şeýle dälmi?Ýadyňdamy eje çagalar meni tigrim ýoklugy üçin oýunlaryna goşmanda, öýe aglap gelipdim. Maňa tigir alyp berýänçäň öýkeläp, gürleşmän gezipdim. Ejejan maňa tigir gerek däl, sen özüň gelseň boldy. Öýümize gelen adamlar düşnüksiz zatlar diýýärler, olar maňa: "görgülijik" diýýäler soňra" üç ýaşly çagasy üçin bolsa-da ýaşamalydy" diýip aglaýarlar.
Men kakama: "ejem maňa tigir gerek diýip öýlekelänim aglanym üçin menden gaty gördümi? Şoň üçin meni taşlap gitdimi? Indi ol meni gowy görmeýämi?"diýdim. Kakam meni gujaklady we:"ýok oglum, ol seni gowy görýär. Ol mydama saňa asmandan seredip durýar" diýdi. Nädip beýle bolýanyna düşünmedim ýöne kakamyň aýdanlary meni begendirdi. Ejejan sen häzirem meni görýäňmi? Men indi oýnawaçlarymy tertipli saklamagy, aýakgabymy arassa tutmagy öwrendim. Öňräk enem maňa dilegleriň kabul bolýan ýeri bu Allanyň öýidir diýdi. Men bir gün hiç kime bildirmän köçämiziň başynda ýerleşýän metjide bardym. Ol ýerde bir ýaşuly bar eken. Men ondan "şu ýer dilegleriň kabul bolýan ýermi?" diýip soradym. Ol maňa şeýle jogap berdi: "hawa ogul,sen dogry ýerde. Allanyň keremi giňdir. Oňa isledigiňçe dileg edip bilersiň" diýdi we sözüniň ahyrynda: "emma dilegiň haýyrly bolsa" diýip goşmaça goşdy. Men "haýyrly"sözüniň manysyna kän düşünmesem hem onuň bilen ylalaşdym we gaty ses bilen dileg etdim. "Allahym bilýän ejem seniň ýanyňda,muny maňa enem aýtdy.Ejeň Allahyň ýanynda şady-hürrem ýaşaýar diýdi. Allahym senden haýyşym bar men ejemi göresim gelende ony düýşime girizäý. Oňa meniň sanamany öwrenenimi, oýnawaçlarymy, eşiklerimi tertipli saklaýanymam aýt. Men hemişe Seniň ýanyňa gelerin.Doga ederin". Men dileg edip bolansoň, ýaşuly adamyň gözünde ýaş gördüm. Ol maňa bildirmejek boldy. Soňra maňa "Seniň dilegleriň Allaha hökman gowşar. Men saňa nähili dilege gol açmalydygyny, nähili aýat-töwür okamalydygyny öwrederin, şonda ejeň hasam şat bolar" diýdi. Men gaty begendim. Ejejan men seniň ýanyna ýene gelerin.
_Sunshine_