Abat_
11.09.2023 21:36

Salam gadyrdanym.

Bügün ýalançy dünýäni gözelleşdirmek üçin dünýä inen günüň,has dogrusy meniň reňksiz,manysyz dünýäme reňk,ýaşamagyma sebäp döretmek üçin dünýä indiň we muny dolulygyna başardyň. Men söýmegi saňa seredip,seniň suratyňy çekmege meňzedýän. Söýgi bu-\"Sen\". Muňa başgaça iň gowy şekilde jogap bermek mümkin däl. Sebäbi men söýmegi saňa duşamdan soň öwrendim. Başgaça söýmegi başaramok men. Ömrüňden gidiren 20 ýylyň her bir pursadyna aýratyn hormatym bardyr. Sebabi bu wagt aralygynda özüňi akyl taýdan bütinleý kämilleşdireniňe ynanýan we muňa şüphe gözi bilen seretmegiňem geregi ýok,munuň sözsiz beýany-sensiň. Bügün ikinji ýubileýiňi garşy aldyň, bu möwsüm täze tanyşlaryň,dostlaryň sanyny hasam artdyrar. Olaryň arasynda seni söýjekler bolar,belkem olaryň söýgüsi seni \"Senden\" alarlyk derejede täsirli bolar. Belki senem şu möwsümde öz söýgiňe duşarsyň. Ýöne unutma, saňa bütinleý ömrüni bagş edip barlygy bilen söýjek ýekeje aşygyň men bolaryn,muňa ynanýan. Ikinji ýubileýiňi belläniňde maşgalaň bilen birlikde ýanyňda bolup şatlygyňa goşulmagyň wagty geldimi ýada ýok,bu ýeri meniň üçin garaňky.Emma mundan soňky ýubileýleriňde bile bolmaklyk bu meň üçin elýetmez arzuw... Edil sen ýaly. Hawa, sen meniň elýetmezim. Saňa gowuşmak aklyma gelende munuň ýerine elimi Aýa uzatsam ýetjek ýaly. Saňa \"söz\" bilen gowuşmaly bolýan bolsa günde bir kitap ýazardym we seni iň gowy şekilde saňa beýan ederdim,muňa doly ynanyp bilersiň. Saňa bolan söýgüm saňa \"sen\" diýip ýüzlenenimde \"Sen\" sözüniň baş harp bilen ýazylmagyny isleýär. Hawa ol söýgi şeýle päk. Seniň saýaňda dörän her bir duýgym,elbetde päk bolar.

Ýadyňdamy?Sen maňa:\"Ruh ýoldaşym\" diýipdiň.Şunça ýyllyk söýgüme jogap hökmünde mundan gowy söz tapylmaz. Belki din,resmi taýdan ýoldaş bolmarys. Emma sen hakykatdanam meniň \"Ruh ýoldaşym\". Muny hiç bir hakykat üýtgedip bilmez...Belki maňa:\"şunça sözleri sen ýazdyňmy? Sen meni şeýle söýýäňmi?\" diýen soragy bermek aklyňdan geçer. Hormatlym seni söýýänimi duýan günim ýaşaýanymy,dem alýanymy bildim. Sen meniň garaňkylygymy ýagtylyk bilen kimsesizligimi-barlygyň bilen,duýgusyzlygymy-duýgularyň bilen doldurdyň. Şeýlebir girdiň durmuşyma, durmuşymdaky ähli zat derbi dagyn boldy we täzeden gurdym durmuşymy,arzuwlarymy,hyýallarymy we hemmesinde sen bardaryň,barsyň,bolarsyňam.

__sunshine__

36
473
ruslan03
10 Dekabr 2023
😊çok güzel
okayjy
12 Sentýabr 2023
"Bilinmeyen kadinin mektuby" kitabyndaky oýlanma ýakyn eken...🤔.
ahgg
11 Sentýabr 2023
bir ynsanyñ başga bir ynsana şeýle täsir etmegi öte geçmeklik bolaymasa şahsy pikirim ýalnyş bolup biler yone ýazylyş yzygiderligi täsirli çeper ýazylypdyr👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.