Abat_
29.08.2023 18:15
#düşnüksiz içgepletmelerimden düşünip bolaýjaklary)

Adamlaryň köpüsinde nätanyş adamlara,nätanyş zatlara ynanmak gorkusy bar we başgalara hem bu barada berk duýduryşlary maslahat berýäler.Beýle häsiýetli adamlar biziň daş töweregimizde gaty köp. Bu gorky olarda näme üçin barka? Olar \"Nätanyş\" sözünden ejir çekenlermi? olaryň tanaýan adamlara bolan ynamy güýçlidigindenmi? Ýa-da ynanmak duýgusynyň adamlaryň arasynda barha gowşaýanyndanmy?
Pikirimçe biz köplenç nätanyş adamlara(zatlara) ynanmak islemesek hem özümiz bilmedik (ýada mejbury) ýagdaýda ynanýarys. Meselem: siz bir ýere gitmekçi. Emma ýol uzak. Elbetde niýetlän menziliňize ýetmek üçin size awtoulag gerek we garşyňyzda taksi sürüjisi durdy.Siz awtoulag sürüjisini tanaňyzok. Onuň sürüjilik şahadatnamasy barmy?ulag tehniki howpsuzlyk gözegçiliginden geçenmi?sürüji alkagol içgilerini ulanýarmy?ol hemmetaraplaýyn sagdynmy? näçe ýyllyk sürüjilik tejribesi bar? ş.m soraglaryň hiçisine jogabyňyz ýok.Belli bolşy ýaly ol \"Nätanyş\". Siz şu soraglaryň jogabyny bilmeseňiz hem oňa janyňyzy ynanyp, töwekgellik edil ol awtoulagda menziliňize ýetersiňizmi ýada uzak menzil bolsada, wagt ýitirseňiz hem howpsuz ýoly saýlap pyýada gidersiňizmi?
Ýa-da hassahana baranyňyzda, siz lukmany tanaňyzok. Emma siz hökman lukman gözegçiliginden geçmeli. Sebäbi bedeniňizdäki agyrylar lukmanyň näçe ýyllyk iş tejribesiniň bardygyny,adyny halk arasynda nähili lukman diýip tanalýanyny oýlamaga pursat(ýagdaý) goýanok we siz lukmana ynanmaly bolýaňyz we onuň ýazyp beren dermanlaryna görä bejergi almaly bolýaňyz.
Lukman,süriji ýada başga kesp eýesine hem kämahal ynanmakdan başga ýol ýok bolup galýar. Emma(köplenç ýagdaýda) olara berlen ynamyň netijesi ynamsyzlyk bilen gutarmaýar. Adamlara ynanmak hiç bolmasa ynanmaga synanşmak bu pozitiw adamyň ýörelgesi pikirimçe. Elbetde bu diýildigi nätanyş adamlara hemmetaraplaýyn: maşgala syrlar,şahsy durmuş ş.m iň esasy duýgular babatda ynanmak dogry bolmaz.(hatda bular tanyş adamlaryň aglaba bölegine hem ynanylmaýan zatlar). Elbetde her kimiň öz düşünjeleri, öz ýörelgeleri bolýar.
Bu barada siziň pikiriňiz nähili?
Siz öziňizi pozitiw adamlaryň hatarynda görýäňizmi ýada ýokarda agzalan adamlaryň häsiýeti size has ýakynmy?
Siziň pikiriňizçe haýsy häsiýetli adamlaryň ýörelgeleri dogry?
Her bir agzaň düşünjesine ynanan ýagdaýda, teswirlerde manyly jogaplara garaşýan(⁠•⁠‿⁠•⁠)
35
250
Dusia
30 Awgust 2023
Hatda ýakynlaryma içimi açyp bilemok 7 ýat bn dertleşenimi gowy görýän... Hany diýýärä "ilkinji hüjümi özüňki eder" diýip....
amanmyrat
29 Awgust 2023
@ahgg, siziň pikriňizçe içgysgynçdyr başgalaryna ynanmazlyk, ýöne meñ pikirimçe, adamlara ynanmazlyk gyzykly. Sebäbi yalňysmak mümkinçilgiñ azalýar we analitik pikirlenip durýan beýnä eýe boleň. Sebäbi ynanmaýan adamyň bilen gepleşende, sözleri dogry saýlamaly bolýar hem-de adamlardan şüphelenseň köp zatlary anyklap bilýäň.
ahgg
29 Awgust 2023
Men pikirimce ynanmaly diyip hasap edyan ozinem bellap gecipsiñ maşgala yagdaylar yada ka bir duygy meseleleri bolmasa galan yagdaylarda ynansa bolar iñ yonekey mysal adam biososial jandar birek birek bn soz alyşmaly iş salyşmaly garaz yeke yaşap bolanok daş towregine ynamsyz göz bn garamak iç gysgynç birhili men ucina men şahsy pikirim başgalañam pikirne hormat goyyan
amanmyrat
29 Awgust 2023
@Sunshine lady, bir dostum maňa şeýle diýip aýdypdy: "Adamlaryñ ynamlaryny gazanmak aňsat, saklamak kyndyr. Näme üçin saklamak kyn? Sebäbi 1-je gezek ynamyndan gaçsaň, gaýdyp saňa hiç haçan ynanmaýarlar!". Körem hasasyny bir gezek aldyrar, meniň gowy görýän nakylym.
amanmyrat
29 Awgust 2023
@Sunshine lady, Makalany gowy ýazypsyň. Menem pikirimi ýazaýyn. Meň pikrimçe, hemma ynanmazlyk gowymyka diýýän. Sebäbi durmuş erteki däl we her hili adamlar bar. Adamlary synagdan geçirip görüp ynanmak, has gowymyka diýýän.
amanmyrat
29 Awgust 2023
Ynam-aragatnaşykda möhüm rol oýnaýar. Ýöne ynam hem garşylykly bolmaly we ynamyňy ödäp biljek adamlara ynanmaly.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.