Saýlawlar-durmuşymymyzda kompas ýalydyr. Her saýlaw, bizi täze bir ýola tarap alyp gider.
Antoni Robbins
Men güýçlimi? Ýok. Men öz oýlanymdanam ejiz. Durmuş maňa agyr saýlawlar etdirende muňa göz ýetirdim. Bir tarapda näçe ýyllyk arzuwlarym, beýleki tarapda ene-atamyň arzuw-islegleri. Men bu iki saýlawyň, iki ýoluň ortasynda galdym. Bu hakykatdan hem agyr saýlawdy. Men arzuwlaryma tarap barýan ýoldan kä ýöräp, käte-de ylgap barýardym, maksadyma ýetmegim üçin birje ädim ýeterlikdi, ýekeje ädim...Emma saklandym. Bu ýola çykanymda meni hiç bir güýç saklap bilmez diýip oýlaýadym (muňa doly ynanýadym). Ýöne ýene-de, öňden netije çykarmalarym maňa ters geldi, ýene ýalňyşdym. Hiç zada seretmän soňky ädimi basmalydym, ýöne hiç bir güýç, hiç bir maksadym meni herekete getirip bilmedi. Sebäbi, garşymda ejem we onuň çäresizlikden ýaşa dolan gözleri. Hawa saklanmagyma ejemiň gözündäki çäresizlik gözýaşlary sebäp boldy. Şeýlebir ejizledim,ol gözden dökülen her damja çäresizligiň sebäbi men bolmakdan gorkdym. Çäresizlige çäre tapmak isledim. Munuň çözüwi ýeke we anyk. Men ol basan kynçylykly ýolumdan yzyma dolanmalydym, ol ýoldan şeýlebir uzaklaşmalydym welin, hatda yzyma dolanmak islänimde bu ýol we basan yzlarym maňa nätanyş bolmalydy. Bu meň üçin agyr ýagdaý emma başga ýolumam ýokdy. We men şeýle-de etdim...
Özümi şeýlebir kynçylyksyz, howpsuz ýolda gördüm. Elbetde bu ene-atamyň isleglerinden dörän ýoda. Bu ýoda şeýlebir kynçylyksyzdy welin bir zada ýetmek üçin hiç hili kynçylyk çekmek hökman däldi. Ol eýýäm seniň eliňdedi. Elbetde maşgalam hem meniň arzuw isleglerimi amala aşyrmagymy isleýärdi, emma kynçylyk çekmegim olary biynjalyk edýärdi.
Men häzir maksatlaryma bütinleý nätanyş ýolda, emma ene atam isleglerine ýetdi. Belki men maksadyma ýetenimde, özümi beýle bagtly duýmazdym, sebäbi ene-atamam meniň çeken kynçylyklarymy çekerdi
Biziñ durmuşda köp planlarymyz bolsa-da, käwagt durmuşyñ biziň üçin başga planlary bolýar. Durmuşda bolup geçen özgerişliklere kaýyl bolmaly we hemişe öňe tarap hereket etmeli. Şeýle bolanda adam bagtly bolýar we özgerýär, durmuşda öz ýoluny tapýar.
#Maşgalasynyň garşylygy sebäpli, öz bilim güýji bilen gazanan ýokary okuwda okamak mümkinçiliginden ýüz öwüren, bir ynsanyň durmuşyndan.
__Sunshine__