0878
09.07.2024 14:47
Dowamy

Döwran alaç tapyp bilmeýärdi. Maral bolsa gyjalady bilen ýykýardy. Ýuwaş-ýuwaşdan Döwran Maraly alanyna ökünip başlady. Oňa nämede bolsa söýgi ýetmeýärdi. Öýde bolanyndan işde bolanyny gowy görýädi. Sebäbi öýüne gelse Maralyň äsgermezlik, göwni ýetmezlik edişine gahary gelýärdi. Döwranyňa bir depesi bir dabany, Maralyň bolsa piňinede däl, pul diýilen zady oýunjak edip sowýar. Maralyň asyl pikirem şody, baýyň ogluna gelip puluny sowmakdy... Bu zatlardan bolsa akmak Döwranyň habary ýok. Ýöne pula gerek, bar alada şondady. Öň baý ýaşan oglan teňňä ýaşap bilenok, dagy teňňede däl, ýöne ýetenok. Işinden bolsa wezipä çekildi. Indi aýlygam köp welin bergiden nädip çykmalydygy alada boldy. Ýuwaş-ýuwaşdan baý dostlary onuň bilen arasyny kesip başladylar. Döwran hakyky dostynyň ýokdygyny indi bilip başlady. Ähli dostlaryna bergisini berdi, diňe bir dostyna bergisi galdy. Gapyda bolsa dekabryň aýaklary. Bir gün ýaňky dostyny öýüne çagyryp oňa bergisini berip, beýleki dostlaryny ýamanlaýar. Elbet bu baý dostlaryň sany köp. Olaram biri-birinden beter... Ýaňky dosty beýleki dostlaryna Döwranyň aýdan sözlerini ýetirýär. Baý oglanlar bu zady ýöne ýerde goýmaýarlar. Döwrany bir gün öldir ýaly edip urýarlar. Döwran hassahana düşýär. Hatda hassahanadan çykandada yzyndan “sen barmyň, gowumy ýagdaýlaryň” diýip gelen bolmaýar. Eli döwük Döwran täze ýylyny eli gipsli geçirýär. Bu saparky gelen täze ýyl geçen ýylky ýaly däldi. Maral bilen aragatnaşygy düzeltjek bolup synanşýar, ýöne bolmaýar. Fewral geldi. Maral bilen Döwran it bilen pişik ýalydy. Öýde her gün uruş, her gün dawa. Maral Döwrana gahar eden bolup hatda oglunada seretmeýärdi. Çagajyk sallançakda ýadaýança aglaýardy. Hatda aglap syrkawlabam gitdi, Maralyň gözi gorkaýjak ýaly emme tersine.Mart aýy başlady. Döwran doly derejede pikir edip başlady. Bir ýaşuly işgärinden maslahat sorady:—Döwranjan oglum, men seniň kim bilen ýaşaýandygyňy bilýän. Sen belkem pikir edýänsiň, ýöne men saňa bir zat aýtjak, ol gyza sen är däl, tersine ol gyz saňa är, şu zatlara düşün jan ogul. Ataň pahyr şonuň üçin seni öýden kowup eşikleriňi gapa zyňdy.—Duruň hany Mämmet aga, siz ýaňy ataň pahyr diýdiňizmi?—wah ogul, seniň o zatlardanam habaryň ýok... geçen ýylyň dekabrynda ataň pahyr boldy. Onuň erbet keseli ony alyp gitdi... gowy adamdy bende... ýatan ýeri ýagty bolsun... ejeňem ep-esli sapar hassahana girip çykdy. Adamsy üçin aglajagynam seniň üçin aglajagynam bilmedi. Oglum näme diýseňem ol seniň eneň ahyry, baraý indi ýanyna biderek özüňi kösäp ýörsiň, ýeri alan aýlygyň heý hözirini görýäňmi?..Bu sözlere Döwran çydamady. Öýüne gelip Marala jaýy boşatmalydygyny aýtdy. Şonda Maral:—Indi nirä göçýäs?—Gabra.. nirä gitseň şoňa git, bizar boldum senden.Elbet mundan soň gykylyk asmana galdy.Bu gün 8-nji mart. Daş töwerekde baýramçylyk. Her kim aýal- gyzlary gutlmaga howlukýady. Döwran ýüzüni ýere salyp ellerine sowgatlar. Öýlerine eli gülli girende ejesi ylgap oglum diýip ony gujaklady... Döwrana şu wagt älem jahan gaty giň bolup göründi we şol älem jahanda ýekeje baýlyk bardygny bildi... Elbetde ejesi ogluny kabul etdi. Döwranam bolan zatlary boluşy ýaly ejesine aýtdy. Bu ýagdaýa ejesi begendi, ýöne Döwran kakasyny narazy edeni üçin bolsa özüni bagyşlap bilmedi.Düşen günlerini gürrüň berende, ejesi aglamasyny goýup bilmedi. Ýöne indi Döwran ýola geljekligi söz berdi. Şonda Döwran “aglasa ejem aglar, galany ýalan aglar” diýen sözüň manysyna düşündi.
9
82
0878
09.07.2024 00:30
Döwran dostlary bilen täze ýyldan soňky günlerde göwünlerini hoş geçirýärdiler. Her gün bir ýere oturmana gidýän oglanlar öýlerini hatda küýsemeýärdilerem. Köp gezmekligem gowy zat däl, ýöne bular çenden geçdiler. Günleriň birinde bularyň arasyna gyzlaram goşulýar. Şol gyzlaryň arasynda Maral atly bir gyza Döwran aşyk bolýar. Belkem oglan çyny bilen söýendir, ýöne şol gyzy sypdyrmajak bolup jan edýär. Döwran we Maral, bularyň arasyndaky başlanan söýgä 1 aý hem geçenok, emma Döwran ene-atasynyň ýanyna gelip şol gyza öýlenesiniň gelýändigini aýdýar. Ýöne näme ene-ata hem çagasynyň bagtly bolanyny isleýär. Şol sebäplem gyzy onuň töweregindäki adamlardan sorag ideg edýärler. Ýöne Maral hakda gowy zat eşidilmeýär, ýagny öwen bolmaýar. Bu zatlary bilen ene-atasy Döwrana garşy gitmeli bolýar. Kellesine haram keýpiň tüssesi siňen Döwran bolsa olary diňlemeýär. Ýanwar aýnyň aýaklary, howa öňkisinden birneme gowulandy. Bu gün Döwran özüne timar berip, bezenip-beslenip bir ýere gitjek bolýardy. Ejesi ýanyna gelip: —Oglym nirä şaýlandyň? —Seniň ýigrenýän gyzyň ýanyna... Şu sözleri diýdide, alan aýlygynyň baryny alyp gapyny güýç bilen ýapyp çykyp gitdi. Yzyndan ejesi näme etjegini bilmedi. Sebäbi Döwran eýýäm 22 ýaşyndady, akly özüne ýetik bolmaly oglan näme üçindir ters hereketler edýär, mundan öň beýle däldi, Marala sataşyp üýtgedi. Eline uly buket gül alyp Maralyň ýanyna geldi we ene-atasynyň Marala öýlenenine garşydygyny oňa ýetirdi. Maral bolsa gyjalat gylyjyny çykardy, ýagny: “eger meni söýýän bolsaň alyp gaçarsyň” diýdi. Marala tapawudy ýok, ol bir ýetim galan gyz. Öýünde ne eje ne-de ata, ýeke agasy bar olam her gün içgili. Gepiň keltesi Maralyň maşgala ýagdaýy o diýen däl. Oňa kim bolsada tapawudy ýok biri başyna eýe çyksa bolýardy. Özem 25 ýaşyndaky gyz... Döwran bu gün ýene bir sapar ýalňyşlyk etdi, ýagny gyz alyp gaçdy. Gyzy alyp ony ilki daýzalaryna eltdi, daýzasy kabul etmedi, şol sebäplem dostynyň öýüne getirdi. Nika gyýyldy. Ertesi ene-atasynyň öýüne gelip öten agşam bolup geçen wakalar hakda aýtdy. Döwran kakasyndan gorkýardy, şol sebäplem bu zatlary ýuwaşlyk bilen zordan aýtdy. Kakasyna bolsa Maralyň ýagdaýy belli, sebäbi ol Maralyň garry atasyny tanaýardy. Kakasy gaharyna ogluna: “şu öýden göter ökjäňide itden çyk, gaýdybam şu tarapa bakyp şu ýerde meniň öýüm bardy diýip dolanaýma” diýdi. Elbetde ejesi muňa garşy çykdy, ýöne kakasynyň ýarawsyzlygy sebäpli zat diýip bilmedi. Döwran bolsa gitmejekligini aýtdy: “men ýeke ogul, şol sebäpli men öýde galmaly” diýdi, kakasy bolsa: “indi meniň oglum ýok, bar nirä gitseň şoňa git”... bu sözlerden soň Döwran şu öýe gaýdyp gelmejekligini aýtdy. Ýaşaýyş dowam edýär. Näme Maraljanam gelin boldy emma dereje görmedi. Ýaşarada ýerleri ýokdy. Maral bolsa ulumsyja gyzdy, şonuň oňa ýaranmak kyna düşýärdi, ulumsy bolsada gaty owadandy, belkem owadanlyk Döwrany aldandyr, kim bilýär. Gyz aýtmyşlaýyn kreýyna jaý almaly boldylar. Ol jaýyň bahasy bolsa Döwranyň aýlygyndan köp. Indi iýmelimi ýa-da jaýyň owadanlygyna seredip açh oturmalymy? Döwran işinden çykyp başga işe girdi. Dostlary bu ýagdaýda oňa kömek etdiler. Indi Döwran işewir oglan, onuň gerşinde maşgalasy bar. Daň şäher bilen çykan Döwran gije ýary öýüne gelýär. Elmydama ýadaw. Maraljan bolsa gelin bolup her gün joralary bilen. Öň pul diýilen zat oýunjak bolup görünýär baý oglan üçin indi edil altyn ýalydy. Maralyň pul sowuşyna bolsa gahary gelýärdi. Şeýdip wagt geçip başlady. Maral bolsa eýýäm göwreli boldy. Indi alada hasam artdy. Öňkije ulumsyja gyza ýene bir ulumsylyk goşulan ýaly. Döwranyň pikirinde: “şunuň ýüzüne seredeniňden itiň ýüzüne seredeniňem gowy”.... wagt geçdi noýabr aýynda Döwran bilen Maralyň ogly boldy. Döwran indi durmuşa düşünip başlady. Kakasy öňki ulagynam bermedi, emma ähli dostlarynda bolsa ulag bardy, elbet olam küýseýärdi. Ýöne ulag almalymy ýa-da jaý almalymy, çagalarada pul ýetişdirip bolanok, durşy bilen bergide bolan Döwran alaç tapyp bilmeýärdi.


Dowamy bar
8
110
0878
08.07.2024 21:28
DOWAMY.

Ol daýzada beter azgyrlyp gygyrdy şerraý daýzaň gohundan ýaňa Gülnaryň diýäni ýalan bolup görünýärdi tasdan masgara edipdi. Bir adam gelip:”daýza näçe gaýtargy almalydyň?!” diýdi. Daýza:”Palança manat” ol: “Ine, alyň” diýip öz jübisinden çykaryp gaýtargysyny berdi. Daýza ümsüm gitdi. “Uýam, hemme zat ýerbe-ýermi?!” diýip Gülnara ýüzlendi ol diňe “hawa” diýip jogap berdi. Ol adamyň ady Selimdi köpçilik ýerinde gürleşip, geljek müşderileriňde öňünde durmany birhili görüp ýoluny dowam etdi. Iş wagty gutaryp öýüne gaýtmak üçinhas dogrusy mazarystana ýaňy ýola düşende ýene şol adam(Selim) öňünde durdy. Gülnar görüp sägindi soň ýanyna baryp ilki salam berdi soňrada:” şu günki eden ýagşylygyňyz üçin Taňry ýalkasyn, aljyrap sag bolsun aýtmany undupdyryn”diýdi. Selim:”hiçle” diýenden Gülnar:” bolýa sag boluň” diýip ýoluny dowam etmekçi boldy. “biraz aýak çekseňizläň, siziň bilen tanyşyp bolmazmy?!” diýip Selim soze başlady ýol ugra gürleşibem gitdiler. Gülnar özüni känbir tanatmandy öýüne çenli ugratmak isledi Gülnar garşy bolup mazarlyga ýetiberende sag bollaşyp daşlaşmakçy boldy, Selim:”siz şu ýerde ýaşaýaňyzmy?!” “howwa” diýip jogap berdi we derrew arany açmak bilen boldy. Ertesi ýene şol ýagdaý. Işden gaýdyşyn ýene Selim öňünde maşynyň öňki bamperine bir aýagyny goýup ýaplanyp, elinide bir birine geçirip garaşyp durdy. Gülnar golaýlaberende turdyda:
-Salam Gülnar bu ýene men
-Salam, a bu gün näme boldy?!
-sizi öýüňize çenli uradyp bilerinmi? Gülnar garşy bolsada göwnüni ýykmazlygy sorap razy etdi. Ulaga mündirip gürleşip barýardylar. Ulag başga bir taraba öwrülende Gülnar:”Duruň, meň öýüm bu tarapda dälä” diýdi. Selim:
-mazarystanda dünýaden ötenler ýaşaýar o ýeri heniz seniň öýüň dal diýip ýylgyrdy. Gülnar geň galyp:
-siz nireden bildiňiz?!
-hawa düýn men sizi yzarladym
-Näme uçin?
- sebäp nirede ýşaýanyňyzy bilesim geldi, şol gün mazaryň başynda uklap ýatyrkaňyz oýaranda mendim tanadyňyzmy?! Düýn siz ýene şol mazaryň ýanyna bardyňyz
-asyl.... men şonda sizden gorkupdym tanamadym.
- meniň aýalym dünýaden gaýdypdy toý edenmize heniz bir ýylam bolmandy. Şol gün aýralyga çydap bilmän onuň ýanynda boldum. Serhoş bolup aglapdyryn söýüşip alypdym näçe arzuwlar etdik ýetmedik onuň dünýäden öten güninden bäri men hem öli ýaly. A siziň baran mazaryňyzdaky siziň nämäňizdi?
-oglum, men ikisindende jyda düşdüm men eýýäm bir wagt öldüm.
-ondada mazarda ýaşamak gelişmez diýip Selim çala ýylgyrdy
-Inede biz geldik
-nirä?
-meniň öýüme. Gülnar gorkdy girmejek boldy ýöne näme üçindir göwni rahatdy. Ahyry razy boldy. Selim uly jaýda ýeke özi ýaşaýardy. Ýetim önüp ösensoň hiçkimi ýokdy. Gowja käri bardy öýlerine aýal maşgaladan diňe ejesi ýaly görýän goňşusy Altyn daýza nahar bişirip bermäne girerdi. Ýyljak çaý başynda Selim oňa özi hakda gürrüň berdi ana şonda ilkinji gezek Gülnarda öz durmuşyny dogry gürrüň beripdi. Olar gowy tanyşdylar. Wagt geçdi Selim Gülnara öýlenmegi teklip etdi. Durmuş gurdylar indi Gülnar bir öý hanymydy. Ýyllar geçdi olaryň ogul perzentleri boldy (durmuş Gülnara ogluny gaýdyp beripdi). Gülnär bir gün obasyna, dogduk mekanyna aýlanyp gaýtmak isläp Selime alyp gitmegni haýyş etdi. Oba gitdiler, köp zat öňki bolşy ýalydy. Gülnaryň ýüregi birhili bolup agysy tutdy. Oba gelen del maşyna herkim geň galyjylyk bilen seredýärdi. Öýleriniň deňine ýetip durdy. Düşüp gapyny kakanda ejesi çykdy. :”salam, size kim gerekdi?” saçyna düşen agy, maňlaýyna düşen ýygyrdy synlap Gülnar hiç zat diymän aglady. Ejesi ony tanady gujaklady, ejeside aglady. Ejesiniň saçyny, başyny ellerini ogşap aglaýardy Selim gyrada näme diýjegni bilmän durdy. Onýançada kakasy:”Palany, kim ol gelem?!"diýip gapydan çykdy.Kakasy gyzyny tanamady,ejesi "bu gyzymyz" diýdi Gülnar Salam berdi elini öpmekçi bolanda elini çekdi, öpdürmedi ol barmana ejesi durup bilman "gel gyzym öýe gir" diýdi.Gülnar kakasynyň ýüzüne seretdi we ýüzünden aňdy, ol gyzynyň ýüzünedem seretmen gapdala bakyp durdy. "meni bagyşlaň Kakajan eje, sizem bagyşlaň meni" diyip gözýaşlary bilen ýuwaşjadan öwrülip gaýtdy.Şol sözleride dolup duran damagyndan çykaryp zordan aýtdy.
11
106
0878
08.07.2024 15:44
başy bolmaly ýöne tapamok

Arany açansoň bir gyrada durup iç içine sygman aglady. Dünýe şeýlebir basýardy ony, il gözünede görünip bilenokdy.
Özüni heläkläsi geldi tasdanda şeýdipdi ýöne özüňi öldürmegiň nähili günäligni ejesi öwredip gowy gulagna guýupdy. Dogduk obasyny taşlap şähere tarap gitdi. Allah her kimin yrsgyny ýetirip durşy ýaly ol bendesinide unutmady bir ýerlerden yrsgyny hokman ýetirýärdi. Adamlardan gorkýardy, kän köp adamly ýere barmazdy. Bir gün onun ýagdaýy has agyrlaşdy. Ony gören ýoldan geçip barýanyn biri kömek etdi, hassahana alyp gitdiler. Hawa, onuň ogly bolupdy, ol indi bir ene. Ilkinji perzendine gözi düşende biraz derdi ýeňlän ýaly boldy. Heniz hassahanadan çykmaly wagty bolmankada ol ýerden gaçyp gaýtdy. Indi gijelerne yeke daldi, ogluny bagryna basa öpüp, misli behişdiň(Jennetdaki ys ýaňy dogulan çagajygyň ysy ýalydyr) ysy ýaly ýakymlyja ysyny ysgap ýatyp galardy. Gülnaryň ogluna bolan söýgüsi juda uludy. Ol Gülnara geçmişdäki ýowuz günleri azda-kände bolsada unutmana kömek edýärdi. Daşarda, balasyny bagryna basa uklap galşyna ir bilen oýandy. Gözleri ýumuk, edil Gülnaryň ozüne meňzeşje owadanja çagajykdy. Gülnar, balasyny synlap onuň maňlaýyndan öpdi, ýöne gujagynda yssy mähri bilen ýylatsada çagajygnyň maňlaýy sowukdy. Ýüzi üýtgäp birhili bolup howsala düşdi, çaga demem alanokdy. Çaga üçin gerekli şertleriň bolmany, we ýoksuzluk içinde ýaşany üçin ol bu dünýä bilen ebedi hoşlaşypdy. Onuň bu jahanda ýaşap başlanyna heniz bir aý hem bolmandy. Gülnar, buňa ynanman tas aklyny ýitiripdi. Däli ýaly bagryna basyp ogşap aglady. “ Bir bagtymy elimden aldyň, ýeke goýduň, indi ikinji bagtymy näme üçin menden aýyrýan eý Hudaý, meň beýle etmişim näme?! Näme üçin meni beýle jezalandyrýan?! “ diýip iç içine sygman aglady. Özüniňde bu dünýäden gidäýesi geldi. Emma bu işiniň ýalňyş boljagna weli akly ýetip durdy. (Allah derdi söýen gullarna berer, bigünä bolup dünýäden öten çaga o dünýäde jennede ilki ejem girsin diýer şonuň üçin çagasy jenneti bolup ýogalan, perzent ajysyny çeken enä merhemet ediljekdir) Bu Gülnara jeza däldi göýberen ýalňyşlygny düzetmäne berilen bir pursatdy. Şol gün ony dine bagryna basyp, sypalap, gujaklap ogşap aglady, aglamakdan gözleri gurapdy. Ertesi bir mazarystana baryp öz elleri bilen oglunyň jaýyny gazdy. Mazaryň içine goýmakçy bolanda ony soňky gezek gujaklady ýere dözmedi dözer ýalam däldi ýöne başga alaç ýokdy. Ol gün mazaryň başynda oturdy şol ýerde-de uklap galdy. Ir bilen ony biri yralap oýarmakçy boldy. “uýam, uýam” diýlen ses gulagyna eşdilip gitdi. Gözleri açylandan hasyr-husyr ýerinden turup, bir gyra çekildi. Görse bir erkek adam. Onuň haly bir gensidi zordan gürleýärdi. Ondan gorkup Gülnar gaçyp gitdi. Şäher içine aýlanyp iş gözlemäne başlady bir zatlar edip gününi görmelidi. Üsti-başy siganlara çalym edýärdi. Baran ýerinde iş ýokdy bolsada hiçkim işe alasy gelmedi. Ahyry kafeda gap-gaç ýuwujy bolup işe girdi. Indi onuň işi bardy gün güzeranny gorýärdi, gijelernede mazarystana baryp oglunyň ýanynda gijesini geçirerdi. Şol wagtlar howa gijelernede o diýen sowuk däldi. Öňiniň gyşlygna garamazdy diňe şol gününi alada edýärdi. Durmuş ony bar zatdan irizipdi. Özüne birlaý eşik alyndy, iýjek içjegi arkaýyn bir özüne ýetýärdi. Işleýän ýerindäki afisantlaryn uluragy onuň kimsesizligini eşdip niýeti üýtgedi, ol kim, näme, nireli, ol zatlar bilen işi bolmady özüniň haram keýpi onuň kellesini gaplap aldy. Bir gün Gülnar işi bilen gümra bolup ýörkä päli azan pursatdan peýdalanjak boldy. Yzyndan baryp oňa topulmakçy bolanda Gülnar ony itip ýykdy-da gaçyp gaýtdy. Soňrada ol ýerik gaýdyp barmady. Gülnar mert hem çydamlydy hiç kime durmuşy hakda dil ýarmazdy durmuşyndan şikaýat hem etmezdi, kimsesizligni aýtsada dogry ýagdaýny weli aýtmaýardy. Bazarda aýlanyp ol, bazardan bir iş tapdy. Bir satyjy daýza kömekçi. Ol ýerde ymykly işe ýerleşdi eýýäm iki aý töweregi işleýärdi. Bir gün bir daýza söwdasyny edip bolup birazdanam ýene yzyna gelip gaýtargysyny sorady.Gülnar berenligni aýtsada ol almadym diýip ala goh turuzyp barýardy, aslyýetinde welihakykatdan-da beripdi. Gaýtargysy ummasyzda däldi berip göýbersede boljakdy ýöne Gülnarda satan zatlarynyň hasabyny geçmelidi. Näme jogap berjegni bilman aglanjyrap durdy.


Dowamy bar
10
100
0878
08.07.2024 00:27
Dowamy.



GYZ SÖÝGİSİ. Ýunus gaty gynandyr, gullugyna zeper ýetmän dursa" ýaly pikirler gyzda at salýardy. Mamasy agtygynyñ üýtgänini duýýardy.
Ol agtygynyñ bagtyny görmek isleýärdi. Näme diýseñem amanat çaga, başdan sowulany ýagşy. Zeýnebe gelýän gudalaryñ biriniñ hen sözi alynmandy. Zeýnep garşy çykypdy. Ol mamasyna "seni taşlap nirä gideýin, seni ýeke goyup bilmeýän" diýerdi. Her gezek gudalar gelende, Zeýnep bir bahana tapardy we mamasyny yrardy. Mamasy ilki garşy çykan hem bolsa, soñ agtygyna gaty-gaýrym zat diýmedi. Gyz Ýunus gullukdan gelýänça garaşmagy ýüregine düwdi. Arzyly günem geldi. Ýigit sag-aman gullugyny dynyp geldi. Zeýnep "Gözün aýdyña" baranda, ony görüp haýran galdy. Onuñ daş-keşbi üýtgäpdir: daýawlanyp, ine -gana gelipdir, hakyky türkmeniñ gerçek goç diýilýän ýigidine öwrülipdir. Ýüzi gülýän hem bolsa, gözlerinde gamgy bardy. Muny Zeýnep bada-bat duýdy, sebäbini bilýärdi. Ýanyna baryp:
-Gözüñ aýdyñ- diýdi.
-Sag bol, sag bol... Zeýnep jorañ... Gülälek... Gülälegiñ durmuşa çykany dogrumy?- diýip, naýynjar sorady. Zeýnep aşak bakdy. Ýunus düşündi. Ýigidiñ gama batanyny gören gyz:
-Pampaza iýjekmi?- diýip sorady. Ikisi bile ýylgyrdylar. Gülşüp, mekdep döwrüni ýatladyşdylar. Günler geçip durdy, Ÿunus mellek işi bilen meşgul boldy. Zeýnep şol Ýunusa garaşyp ýörşidi, arzuwlar ederdi. Ýöne, bu ýetim gyza hiç ykbal gülüp bakmady. Ýunus öz garyndaş gyzyna öýlendi. Bu habary eşidende gyzyñ ÿüreginden tutupdy, ony hassahana eltilende, gyzyñ ýagdaýyny gören lukman:-Geñ galmaly, bu ýagdaý ýaş gyzlarda gaty seýrek bolýar. Saglygam ýerinde- diýip aýtdy. Gyz tä Ýunusyñ toýy geçýänçä, özüni bilmän ýatdy. Zeýnep özüne gelende indi Ýunusdan el üzmelidigine düşündi. Ýöne, söýýän ýürek öz diýenini etdirýärdi. Ol diñe daşdan ýigide guwanyp bakardy.Ol Ýunusyñ ogluny oýnadyp otyrşyny görüp " Söýmek-söýýäniñi bagtly görmek" diýip pikir etdi. Olary synlap ýylgyrdy. Onuñ beýle durmuşa çykman gyz galanyny hiç kim düşünip bilmedi. Ol oba ýaşaýjylaryna kömek ederdi, öz melleginde işlärdi. Mamasy aradan çykandan soña, hasam il içine gaty çykman başlady. 60 ýaşy arka atan Ýunus aga aradan çykdy. Zeýnebiñ ýene ýüreginden tutdy, bu gezek gyz ony gaýdyp görmejegine bildi. Bir hepdeden hassahanadan çykanda, mazarystana tarap ylgady. Mazaryñ başynda aglap, ýuwaşlyk bilen "Ýunus, men seni söýýän" diýdi. Ol bu sözleri aýdan soñ, üstünden ýük aýrylana döndi. Öýüne gelibem, baka uka gitdi.
18
266
0878
07.07.2024 12:03
dowamy

Uly dogany onuň bu hili ýagdaýyny gören wagtynda, ol öz ýurdundan hem patyşalygyndan aýra düşeni sebäpli tukatlanýandyr öýdüp, gel şuňa azar bermäýin diýipdir-de, ondan hiç bir zat soraşyp-da durmandyr. Emma soň, başga bir gün uly dogany inisine: «A-how. dogan, görýän weli, seniň bedeniň gowşap, ysgyndan gaçyp, ýüzüňem saralypdyr-la?» diýipdir. Şahzaman bolsa oňa: «Doganym, meniň ýürekde derdim bar» diýip jogap beripdir-de, aýalynyň etmişi barada özüniň çekýän derdini oňa aýtmandyr. Onda Şähriýar oňa: «Gel ikimiz awa-şikara gideli, belki, seniň göwnüň açylyp şatlanarsyň» diýýär. Emma Şahzaman göwnemändir, şonuň üçinem onuň dogany awa ýeke gidipdir. Patyşanyň köşgündäki jaýlaryň baga bakan açylýan penjirelerem bar ekeni. Şahzaman şol penjirelerden seredip otyrka, görse, birdenkä köşgüň gapylary açylýar-da, ol ýerden ýigrimi gyrnak bilen ýigrimi gul çykýar. Onuň doganynyň aýaly-da şolaryň arasy bilen gelýär eken, özi-de tapylgysyz gözelligi hem zyýadalygy bilen olardan aýyl-saýyl tapawutlanyp duranmyş. Olar suwly howzuň başyna gelipdirler-de, eşiklerini çykaryp, aýal-erkek gatyşyp oturypdyrlar welin, birdenkä patyşanyň aýaly: «Aý, Masud!» diýip gygyrypdyr. Ine, onsoň bir gara (negr) gul aňyrdan gelýär-de, ony garsa gujaklaýar, patyşanyň aýalam ony gujaklaýar. Onsoň gul onuň bilen bile ýatýar, beýleki gul-gyrnaklar hem olara eýerip şeýdýärler, olar öpüşýärler hem guçuşýarlar, sypalaşýarlar hem oýnaşýarlar, tä gün ýaşara golaýlaýança, aýşy-eşretde bolup keýpden çykýarlar. Patyşanyň inisi bu zatlary görenden soň, öz-özüne: «Eger walla, şermisarlyga garanda, meniň başymdaky külpet has ýeňil!» diýip içini gepledipdir, şondan soň onuň gabanjaňlygy-da, gaýgy-gussasy-da aýrylypdyr. «Bu asla meniňkiňem çeni däl!» diýip, öz-özüne göwünlik berip, iýmän-içmän ýörmesini-de bes edipdir. Ondan soň dogany awdan gaýdyp gelipdir, olar saglyk-amanlyk soraşypdyrlar, onsoň Şähriýar patyşa öz dogany Şahzaman patyşanyň ýüzüne seredip görse, onuň gaýgy-gussasy aýrylyp, reňki düzelip, ýüzi gyzarypjyk duranmyş, ozal hiç zat iýmeýän bolsa, indi berenini ýalmap otyrmyş. Şondan soň onuň uly dogany Şahzamana ýüzlenip: «A-how, dogan, ilki göremde seniň ýüzüň saralyp durdy, indi bolsa seniň reňkiň düzelip, ýüzüň gyzarypjyk dur. Saňa näme bolan bolsa aýdyp ber ahyryn» diýipdir. Şahzaman: «Meniň gam-gussa düşmegimiň sebäbi hakynda diýseň, men ol barada saňa aýdyp bereýin, emma reňkimiň ýerine gelip, ganymyň ýüzüme çykmagynyň sebäbini aýtmakdan weli meni halas et» diýip jogap beripdir. Onda Şähriýar: «Ilki bilen sen görküň üýtgäp, haldan düşeniň sebäbini aýdyp ber, menem eşideýin» diýipdir.
5
89
0878
05.07.2024 22:51
Hawa, dogrudanam men üç ýyl mundan ozal ölüpdim , “Onda nähili ýazyp bilýärsiň?” diýýäňizmi? Üç ýyl mundan ozal meniň arzuwlarym, hyýallarym ölüpdi. Heý arzuwsyz adamam diri diýip kabul edip bolarmy? Eýsem adamy ýaşadýanam arzuwlar dälmidir? Arzuwlaryň ölümine sebäp bolýanam söýgi eken. Söýgi ölmeýär, ol ynsanlaryň arasynda iki ýana ygyp, arzuwlary öldürýän eken. Megerem şol söýgi Seni maňa duşurmadyk bolsa, menem bu wagt beýleki adamlar ýaly öz erkime gezer ýörerdim. Sen şäheriň merkezine golaýrakda, azyk harytlary dükanynyň gapdalyndaky dört gatly jaýyň birinji gatynda ýaşaýardyň. Işleýän ýerim şol azyk harytlary dükanyna golaý bolansoň, men ol dükanda gündelik söwda ederdim. Şol gün hem seni ilkinji gezek gördüm. Gyşyň aýazlyja günleriniň biridi . Agşamlyk öýe gaýtmakçy bolanymda, ejemiň sargydy boýunça 2 kg almadyr şol agyrlykdaky kartoşkanyň puluny töläp, gaba saldym-da , daşary çykmaga hyýallanam-da, seniň owadan gözleriňe gözüm düşdi. Sen maňa maral bakyşy bilen seretdiň-de, tizlik bilenem gapdalymdan geçip gitdiň. Şoldurda-şoldur, indi seniň bakyşyňy asla ýadymdan çykaryp bilemokdym, iş ýerimde-de sähel bahana bolsa, azyk dükanyna uly höwes bilen gaýdardym. Emma içiň ýansyn diýýän ýaly, sen maňa gabat geläýmediň. Ýöne gabatlaşmak hem bar eken, şonda sen eliňe iki sany çöregi alyp, maňa ünsem bermän gapydan çykyp gitdiň. Menem derrew almaly harydymy aldym-da, seniň yzyňdan ýetmek isledim. Emma seni ýer ýuwudan ýaly, men dükanyň içinde bir minudam eglenmändim ahyry. Seniň giden ugruňa tarap on ädim ýaly ädimläp, uzaklara seredip durdum. Sen ýokduň. Birdenem gapdalymdaky dört gatly jaýyň birinji gatynyň penjiresiniň tutusy iki ýana syrylyp gitdi. Ol ýerde seniň owadan gözleriňi göremde, nähili begenenimi bir bilsediň? Sen ol wagt mümkin meni görenem dälsiň, ýöne ýuwaşlyk bilen penjiräniň öňünde oturdyň. Birdenem sen ähli demiňi penjirä tarap üfläp göýberdiň. Şol wagt sen şol demiňi maňa üflän bolsadyň, onda bu köwsarlap urýan aýazly şemal salkynjak ýazyň şemalyna dönerdi . Emma penjiräniň aýnasy seniň demiňi daşary geçirenokdy, sen penjirä üfläniňden soň, inçejik barmaklaňy aýnada iki ýana gezmeletmäge başladyň. Haçanda sen barmaklaňy aýnadan aýraňda, seniň aýna üflän ýeriňde ýürejigiň şekili durdy. Sen birenaýy ýylgyrdyň, birdenem meniň saňa seredip aňk bolup durşumy gördüňde, çalasynlyk bilen ýeriňden turup, aýnanyň tutularyny hem ýapdyň. Uludan demimi aldym-da, ýuwaşlyk bilen ädimläp, penjirä golaýladym-da, ökjämi galdyryp menem aýna üfläp göýberdim. Şol üflän ýerime-de, “Salam” diýen ýazgyny galdyryp, bu ýerden uzaklaşmaga başladym. Arasynda yzyma , penjirä serederdim. Seniň penjiräni açyp, meniň ýazgymy okamagyňy isledim. Göýä sen meniň islegimi aňan ýaly, ýuwaşlyk bilen penjiräniň tutusyny açdyň-da, ýenede penjiräniň öňünde oturdyň. Meniň ýazgymy hem gördüň, sen ony näzijek eljagazlaň bilen bozmak islediň,emma başarmadyň, sebäbi olar penjiräniň daş ýüzünde ýazylgydy. Aramyz uzagragam bolsa, seniň ýylgyrýanyňy saýgarýadym. Seni ýylgyrdanym üçin şol wagt men özümi örän bagtly duýdum. Hatda aýaz hem maňa täsir etmeýän ýalydy. Şol wakadan soň men penjirä dürli ýazgyjyklary galdyrmaga başladym, käwagt güljagazyň, käwagt bolsa ýürejigiň şekilini hem goýardym. Seniň bu ýazgyjyklamy okaýanyňy aňýardym, sebäbi senem kämahal ýylgyryp duran smaýligiň şekiljigini goýup, jogaplaýardyň.
dowamy bar.
14
153
0878
05.07.2024 18:18
Dowamy

şol minutyň özünde yzyna hyrra öwrülip, ýene ýola düşmeli diýip buýruk beripdir hem tä öz doganynyň bolýan şäherine barýança, äginmän ýol ýöräpdir. Şähere ýakynlaşan wagtynda bolsa, özüniň gelýändigini doganyna habar bermek üçin öňden çapar iberipdir, onsoň Şähriýar hem onuň öňünden çykypdyr, biçak begenip, gujak açyp salamlaşypdyr. Doganynyň hormatyna bütin şäheri bezepdir, onuň bilen oturyp, şadyýan gürrüň edipdir, emma Şahzamanyň weli aýalynyň eden etmişi ýadyna düşüp duransoň, ol biçak tukat bolupdyr, ýüzi saralypdyr, bedeni gowşap ysgyndan gaçypdyr. Uly dogany onuň bu hili ýagdaýyny gören wagtynda, ol öz ýurdundan hem patyşalygyndan aýra düşeni sebäpli tukatlanýandyr öýdüp, gel şuňa azar bermäýin diýipdir-de, ondan hiç bir zat soraşyp-da durmandyr. Emma soň, başga bir gün uly dogany inisine: «A-how. dogan, görýän weli, seniň bedeniň gowşap, ysgyndan gaçyp, ýüzüňem saralypdyr-la?» diýipdir. Şahzaman bolsa oňa: «Doganym, meniň ýürekde derdim bar» diýip jogap beripdir-de, aýalynyň etmişi barada özüniň çekýän derdini oňa aýtmandyr. Onda Şähriýar oňa: «Gel ikimiz awa-şikara gideli, belki, seniň göwnüň açylyp şatlanarsyň» diýýär. Emma Şahzaman göwnemändir, şonuň üçinem onuň dogany awa ýeke gidipdir. Patyşanyň köşgündäki jaýlaryň baga bakan açylýan penjirelerem bar ekeni. Şahzaman şol penjirelerden seredip otyrka, görse, birdenkä köşgüň gapylary açylýar-da, ol ýerden ýigrimi gyrnak bilen ýigrimi gul çykýar. Onuň doganynyň aýaly-da şolaryň arasy bilen gelýär eken, özi-de tapylgysyz gözelligi hem zyýadalygy bilen olardan aýyl-saýyl tapawutlanyp duranmyş. Olar suwly howzuň başyna gelipdirler-de, eşiklerini çykaryp, aýal-erkek gatyşyp oturypdyrlar welin, birdenkä patyşanyň aýaly: «Aý, Masud!» diýip gygyrypdyr. Ine, onsoň bir gara (negr) gul aňyrdan gelýär-de, ony garsa gujaklaýar, patyşanyň aýalam ony gujaklaýar. Onsoň gul onuň bilen bile ýatýar, beýleki gul-gyrnaklar hem olara eýerip şeýdýärler, olar öpüşýärler hem guçuşýarlar, sypalaşýarlar hem oýnaşýarlar, tä gün ýaşara golaýlaýança, aýşy-eşretde bolup keýpden çykýarlar. Patyşanyň inisi bu zatlary görenden soň, öz-özüne: «Eger walla, şermisarlyga garanda, meniň başymdaky külpet has ýeňil!» diýip içini gepledipdir, şondan soň onuň gabanjaňlygy-da, gaýgy-gussasy-da aýrylypdyr. «Bu asla meniňkiňem çeni däl!» diýip, öz-özüne göwünlik berip, iýmän-içmän ýörmesini-de bes edipdir. Ondan soň dogany awdan gaýdyp gelipdir, olar saglyk-amanlyk soraşypdyrlar, onsoň Şähriýar patyşa öz dogany Şahzaman patyşanyň ýüzüne seredip görse, onuň gaýgy-gussasy aýrylyp, reňki düzelip, ýüzi gyzarypjyk duranmyş, ozal hiç zat iýmeýän bolsa, indi berenini ýalmap otyrmyş. Şondan soň onuň uly dogany Şahzamana ýüzlenip: «A-how, dogan, ilki göremde seniň ýüzüň saralyp durdy, indi bolsa seniň reňkiň düzelip, ýüzüň gyzarypjyk dur. Saňa näme bolan bolsa aýdyp ber ahyryn» diýipdir. Şahzaman: «Meniň gam-gussa düşmegimiň sebäbi hakynda diýseň, men ol barada saňa aýdyp bereýin, emma reňkimiň ýerine gelip, ganymyň ýüzüme çykmagynyň sebäbini aýtmakdan weli meni halas et» diýip jogap beripdir. Onda Şähriýar: «Ilki bilen sen görküň üýtgäp, haldan düşeniň sebäbini aýdyp ber, menem eşideýin» diýipdir.
5
55
0878
04.07.2024 22:56
Külli älemi ýaradan gudratly Allatagalanyň at-owazasy belende galsyn, pygamberleriň pygamberi, biziň soltanymyz hem alyhezretimiz Muhammede salawat aýdalyň! Oňa Allanyň özi keremini eçilsin hem tä kyýamat-magşar günune çenli belent at-owaza bersin!
Ondan soň bolsa, hakykatda, adamyň özünden ozalky nesilleriniň başlaryndan nähili wakalaryň geçendigine göz ýetirip hem öwrenip bilmegi üçin, onsoň-da öten-geçenler hakdaky taglymatlara hem-de olara nämeler bolandygyna çuňdan düşünmek bilen adamyň günä etmekden saklanmagy üçin, ozalky nesiller hakyndaky rowaýatlar soňkulara öwüt-nesihat bolup galyberipdir. Gadymkylar hakyndaky rowaýatlary soňraky halklara sapak bolar ýaly etmegi başarana berekella!
«Müň bir gije» diýen hekaýalar-da, onuň içindäki bady belent namalar hem öwüt-ündewli gürrüňler-de şol hili rowaýatlardyr.
Halk rowaýatlarynda gadym zamanlarda bolan, birwagtlar geçen hem bireýýäm ötüp giden zatlar hakynda gürrüň berýärler (Allatagala bolsa pynhan syrly zatlardan hasam habarlydyr hem hemmeden pähimdardyr, onuň şan-şöhraty agdykdyr, perwerdigärlikde hem sahylykda oňa taý ýokdur, ol merhemetlidir hem rehimdardyr); gadym zamanlarda hem geçmiş asyrlarda ýüzlerçe ýyl mundan ozal, Hindistan hem Hytaý welaýatlarynda lek-lek goşunly, wezir-wekilli, saklawly-perraçly bir patyşa bolanmyş. Sasan taýpasyndan bolan bu patyşanyň iki ogly bar eken: ulusy kemsiz ýetişen uly adam ekeni, kiçisi bolsa heniz ýaňy jahyl çykan ýigit ekeni; ogullarynyň ikisi-de batyr hem pälwanmyş, ýöne kiçisindenem ulusy has edermen ekeni. Şu boluşda-da ol öz ýurdunda patyşa bolup, öz raýatlaryna adyl häkimlik edipdir, şonuň üçinem onuň topragyndaky hem patyşalyk edýän ýerindäki ilat ony gowy görýer eken, onuň adyna-da Şähriýar patyşa diýerler ekeni; onuň özünden kiçi doganyna bolsa Şahzaman patyşa diýerler ekeni, ol hem parsy Samarkandyna patyşalyk eder ekeni. Olaryň ikisi-de öz ýerli-ýerinde ýaşap ýören ekeni, her haýsy öz patyşalygynda ýaşap, öz raýatyndaky ilatyň üstünden ýigrimi ýyllap adalatly häkimlik sürüp, bol-telkilik hem şadyýanlyk içinde ýaşapdyr. Şeýdip ýaşap ýörkäler, olaryň ulusy bir gün öz inisini göresi gelipdir-de, ony gidip alyp gelmegi öz wezirine buýrupdyr. Wezirem onuň buýrugyny berjaý edip, ýola rowana bolupdyr-da, tä Samarkant şäherine sag-aman baryp ýetýänçä ýol ýöräpdir. Onsoň ol Şahzamanyň huzuryna baryp, patyşanyň salamyny gowşurypdyr hem-de ony öz doganynyň göresi gelendigini hem onuň öz ýanyna gelip gaýtmagyny isleýändigini habar beripdir. Şahzaman hem razylyk bildirip, ýol şaýyny tutupdyr. Ol öz çadyrlaryny ýola çykarmagy, düýeleriň, gatyrlaryň, hyzmatkärleriň hem nökerleriň ýola ugramaga taýýar bolmalydygyny buýrupdyr, özi gelýänçä, ýurda häkimdarlyk etmegi bolsa öz wezirine tabşyrypdyr, özi bolsa çykypdyr-da, öz doganynyň şalyk edýän welaýatyna bakan ugrapdyr. Emma gijäniň ýary bolanda, köşgünde bir zadyny ýadyndan çykaryp gaýdandygy birdenkä ýadyna düşüpdir-de, yzyna dolanypdyr, gelip köşge girip görse, aýaly özüniň gullaryndan biri bolan bir gara (negr) gul bilen öz düşeginde gujaklaşyp ýatan ekeni. Şahzaman patyşa bu ahwalaty görende, onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, depe saçy syh-syh bolupdyr-da, öz ýanyndan: «Men heniz şäherden çykmankam, beýle-beýle zatlar bolýan bolsa, eger men esli wagt doganymyňkyda saklansam dagy, bu äteňenälet heleý gör nämeler ederdikä!» diýip, içini gepledipdir. Ol gylyjyny syraga-da, olaryň ikisini-de şol ýatan ýerlerinde çapyp öldüripdir, ondan soň bolsa şol sagadyň hem şol minutyň özünde yzyna hyrra öwrülip, ýene ýola düşmeli diýip buýruk beripdir.

dowamy bar
9
89
0878
04.07.2024 20:02
Häzir ikimiz ajaýyp seýilgähde bileje oturyp şäher gözelligini höwes
bilen.synlaýarys.Sen hem men,aramyzda ikimizi birleşdirýän söýgi dur.Ýöne oña garaýşymyz deñmikä?!
Men söýgi ùçin,ondada saña söygim üçin ähli zada taýyn,men muny zenan maşgalanyñ söýgä hakyky garaýşy hasap edýän,zenan maşgalanyñ kalby söýgi bilen dem alanda ol tutuş dünýäni gözellik saýyp,başardygyndan şol gözellikden paý almana çalyşýar,sebäbi zenanyñ kalby diñe söýülende onda ùýtgeşik ýakymly duýgular döreýar.Sen duydansyz ünsümi böldüñ.
-Seretsene o gyzyñ owadanlygyny,uz basyp seýkin yöreýşini,edil bir guba gazyñ barda..
Men salgy beren tarapyña seretdim,o taýdaky gyz çyndanam owadandy,ol seredilýänini bildimi,nämemi aljyrap seretdi,şonda oñ gözlerinde söýgiñ uçgunlaryny gördüm,oña çenli gyzyñ ýanyna,bir ýigit geldi,indi olar üç boldy-gyz,ýigit hem söýgi.Men señ yüregiñdäkini bilmek ùçin başga tarapdan gopdum,
-gyza söz ýok,Hudaýyñ gudraty bilen dörän ýaly,sen gözelligä görüp bilýäñ Merdan.Meniñ kinaýama üns bermän oturşyñ,seniñ ol gyz hakda göwün ýüwürdýäniñi gizläp bilmedi,onsoñ o gyza hyrydar seredip oturşyñdan aramyzdaky söýgi tebil tapan ýaly boldy.Meni alasarmyk duýgy gaplady,indi näme etmeli?! Ýa kùştdäki ýaly garşylyklaýyn göçüm etmelimi ýa söýgiñ hatyrasyna señ bujagaz sözleriñe ünsem bermeli dälmikäm? Bilesigelijiligim üstün çykdy.
-Merdan o gyzam owadan welin,gapdalyndaky ýigdem görmegeýje eken,onuñ görki gyzyñka-da gaýra dur diýa,gyzyñ owadanlygy kalbyndaky söýgo bolsa gerek,sen oñ gözlerine seret ,onuñ nazaryndan ýigdiñ ýüregine barýan uçgunlary synla,ine gözelligiñ gözbaşy,a sen daşky ýylpyldyny görýäñ..!!!
Şolbada señ reñkiñ üýtgäp gitdi.Eý Allam meñ kiçi dilden aýdanlarymy çyndyr öýdüp zähräñ ýarylaýdy öýdýän,gözüñ agyny köpeldip: -Jeren señ diýýäniñ näme? Ýanyñda men otyrkam ýaş yigide göz dikmañ nämañ alamaty diýdiñ.
Men degişmä salyp :-men señ söýgüli gelinjigiñ bolup gapdaljygyñda otyrkam ,sen o gyza seredeñde ,men ýigde seretmek bolanokmy diýdim.Sen öz dünýäñe görä jogap gaytardyñ:- men erkek kişi ,sen aýal maşgala.
Menem özümiñkini gögertmek isledim:-söýgi ikimizede deñdirä.
-Men ony diýjek bolamok.Oglanlar heniz öýlenmänkäler owadan gyz görse özünki saýasy gelip durýar.
-Men seniñ ýanyñda otyryn,öýleneniñede bir ýyl bolup barýar.
-Seniñem göwnüñe alýan zadyñy,señ yeriñi tutjak barmy? Ýöne "göz derýa" diýipdirler,gözelligi gözleýädä.
-Osoñ näme?
Meniñ özùni barlamakçy bolanymy duýansoñ Merdan birneme ynkaldy,onuñ ýazykly nazaryndaky ötünç duygusy gelip meñ kalbyma ornady,şu pursat biz ýene üç bolduk-Mersan hem men,aramyzdaky söýgi.Göwnüme bolmasa ,häzir men Merdany söýgi terezisinde çekip gören ýalydym.Onuñ ýap-ýañam yrañ atyp duran söýgüsi terezä münensoñ öz agramyny aldy.Indi ikimiz aramyzdaky söýginiñ tebil tapmazlygy üçin çalyşmalydyk.Bu diñe Merdanyñ küýsegi ýa, meniñ islegim däldi,ol iki adamyñ arasynda şinelän bir dünýäniñ-söýginiñ TALABYDY.

Awtory Ussaýewa Ogulgerek
9
52