0878
05.07.2024 18:18
Dowamy

şol minutyň özünde yzyna hyrra öwrülip, ýene ýola düşmeli diýip buýruk beripdir hem tä öz doganynyň bolýan şäherine barýança, äginmän ýol ýöräpdir. Şähere ýakynlaşan wagtynda bolsa, özüniň gelýändigini doganyna habar bermek üçin öňden çapar iberipdir, onsoň Şähriýar hem onuň öňünden çykypdyr, biçak begenip, gujak açyp salamlaşypdyr. Doganynyň hormatyna bütin şäheri bezepdir, onuň bilen oturyp, şadyýan gürrüň edipdir, emma Şahzamanyň weli aýalynyň eden etmişi ýadyna düşüp duransoň, ol biçak tukat bolupdyr, ýüzi saralypdyr, bedeni gowşap ysgyndan gaçypdyr. Uly dogany onuň bu hili ýagdaýyny gören wagtynda, ol öz ýurdundan hem patyşalygyndan aýra düşeni sebäpli tukatlanýandyr öýdüp, gel şuňa azar bermäýin diýipdir-de, ondan hiç bir zat soraşyp-da durmandyr. Emma soň, başga bir gün uly dogany inisine: «A-how. dogan, görýän weli, seniň bedeniň gowşap, ysgyndan gaçyp, ýüzüňem saralypdyr-la?» diýipdir. Şahzaman bolsa oňa: «Doganym, meniň ýürekde derdim bar» diýip jogap beripdir-de, aýalynyň etmişi barada özüniň çekýän derdini oňa aýtmandyr. Onda Şähriýar oňa: «Gel ikimiz awa-şikara gideli, belki, seniň göwnüň açylyp şatlanarsyň» diýýär. Emma Şahzaman göwnemändir, şonuň üçinem onuň dogany awa ýeke gidipdir. Patyşanyň köşgündäki jaýlaryň baga bakan açylýan penjirelerem bar ekeni. Şahzaman şol penjirelerden seredip otyrka, görse, birdenkä köşgüň gapylary açylýar-da, ol ýerden ýigrimi gyrnak bilen ýigrimi gul çykýar. Onuň doganynyň aýaly-da şolaryň arasy bilen gelýär eken, özi-de tapylgysyz gözelligi hem zyýadalygy bilen olardan aýyl-saýyl tapawutlanyp duranmyş. Olar suwly howzuň başyna gelipdirler-de, eşiklerini çykaryp, aýal-erkek gatyşyp oturypdyrlar welin, birdenkä patyşanyň aýaly: «Aý, Masud!» diýip gygyrypdyr. Ine, onsoň bir gara (negr) gul aňyrdan gelýär-de, ony garsa gujaklaýar, patyşanyň aýalam ony gujaklaýar. Onsoň gul onuň bilen bile ýatýar, beýleki gul-gyrnaklar hem olara eýerip şeýdýärler, olar öpüşýärler hem guçuşýarlar, sypalaşýarlar hem oýnaşýarlar, tä gün ýaşara golaýlaýança, aýşy-eşretde bolup keýpden çykýarlar. Patyşanyň inisi bu zatlary görenden soň, öz-özüne: «Eger walla, şermisarlyga garanda, meniň başymdaky külpet has ýeňil!» diýip içini gepledipdir, şondan soň onuň gabanjaňlygy-da, gaýgy-gussasy-da aýrylypdyr. «Bu asla meniňkiňem çeni däl!» diýip, öz-özüne göwünlik berip, iýmän-içmän ýörmesini-de bes edipdir. Ondan soň dogany awdan gaýdyp gelipdir, olar saglyk-amanlyk soraşypdyrlar, onsoň Şähriýar patyşa öz dogany Şahzaman patyşanyň ýüzüne seredip görse, onuň gaýgy-gussasy aýrylyp, reňki düzelip, ýüzi gyzarypjyk duranmyş, ozal hiç zat iýmeýän bolsa, indi berenini ýalmap otyrmyş. Şondan soň onuň uly dogany Şahzamana ýüzlenip: «A-how, dogan, ilki göremde seniň ýüzüň saralyp durdy, indi bolsa seniň reňkiň düzelip, ýüzüň gyzarypjyk dur. Saňa näme bolan bolsa aýdyp ber ahyryn» diýipdir. Şahzaman: «Meniň gam-gussa düşmegimiň sebäbi hakynda diýseň, men ol barada saňa aýdyp bereýin, emma reňkimiň ýerine gelip, ganymyň ýüzüme çykmagynyň sebäbini aýtmakdan weli meni halas et» diýip jogap beripdir. Onda Şähriýar: «Ilki bilen sen görküň üýtgäp, haldan düşeniň sebäbini aýdyp ber, menem eşideýin» diýipdir.
5
54
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.