Hawa, dogrudanam men üç ýyl mundan ozal ölüpdim , “Onda nähili ýazyp bilýärsiň?” diýýäňizmi? Üç ýyl mundan ozal meniň arzuwlarym, hyýallarym ölüpdi. Heý arzuwsyz adamam diri diýip kabul edip bolarmy? Eýsem adamy ýaşadýanam arzuwlar dälmidir? Arzuwlaryň ölümine sebäp bolýanam söýgi eken. Söýgi ölmeýär, ol ynsanlaryň arasynda iki ýana ygyp, arzuwlary öldürýän eken. Megerem şol söýgi Seni maňa duşurmadyk bolsa, menem bu wagt beýleki adamlar ýaly öz erkime gezer ýörerdim. Sen şäheriň merkezine golaýrakda, azyk harytlary dükanynyň gapdalyndaky dört gatly jaýyň birinji gatynda ýaşaýardyň. Işleýän ýerim şol azyk harytlary dükanyna golaý bolansoň, men ol dükanda gündelik söwda ederdim. Şol gün hem seni ilkinji gezek gördüm. Gyşyň aýazlyja günleriniň biridi . Agşamlyk öýe gaýtmakçy bolanymda, ejemiň sargydy boýunça 2 kg almadyr şol agyrlykdaky kartoşkanyň puluny töläp, gaba saldym-da , daşary çykmaga hyýallanam-da, seniň owadan gözleriňe gözüm düşdi. Sen maňa maral bakyşy bilen seretdiň-de, tizlik bilenem gapdalymdan geçip gitdiň. Şoldurda-şoldur, indi seniň bakyşyňy asla ýadymdan çykaryp bilemokdym, iş ýerimde-de sähel bahana bolsa, azyk dükanyna uly höwes bilen gaýdardym. Emma içiň ýansyn diýýän ýaly, sen maňa gabat geläýmediň. Ýöne gabatlaşmak hem bar eken, şonda sen eliňe iki sany çöregi alyp, maňa ünsem bermän gapydan çykyp gitdiň. Menem derrew almaly harydymy aldym-da, seniň yzyňdan ýetmek isledim. Emma seni ýer ýuwudan ýaly, men dükanyň içinde bir minudam eglenmändim ahyry. Seniň giden ugruňa tarap on ädim ýaly ädimläp, uzaklara seredip durdum. Sen ýokduň. Birdenem gapdalymdaky dört gatly jaýyň birinji gatynyň penjiresiniň tutusy iki ýana syrylyp gitdi. Ol ýerde seniň owadan gözleriňi göremde, nähili begenenimi bir bilsediň? Sen ol wagt mümkin meni görenem dälsiň, ýöne ýuwaşlyk bilen penjiräniň öňünde oturdyň. Birdenem sen ähli demiňi penjirä tarap üfläp göýberdiň. Şol wagt sen şol demiňi maňa üflän bolsadyň, onda bu köwsarlap urýan aýazly şemal salkynjak ýazyň şemalyna dönerdi . Emma penjiräniň aýnasy seniň demiňi daşary geçirenokdy, sen penjirä üfläniňden soň, inçejik barmaklaňy aýnada iki ýana gezmeletmäge başladyň. Haçanda sen barmaklaňy aýnadan aýraňda, seniň aýna üflän ýeriňde ýürejigiň şekili durdy. Sen birenaýy ýylgyrdyň, birdenem meniň saňa seredip aňk bolup durşumy gördüňde, çalasynlyk bilen ýeriňden turup, aýnanyň tutularyny hem ýapdyň. Uludan demimi aldym-da, ýuwaşlyk bilen ädimläp, penjirä golaýladym-da, ökjämi galdyryp menem aýna üfläp göýberdim. Şol üflän ýerime-de, “Salam” diýen ýazgyny galdyryp, bu ýerden uzaklaşmaga başladym. Arasynda yzyma , penjirä serederdim. Seniň penjiräni açyp, meniň ýazgymy okamagyňy isledim. Göýä sen meniň islegimi aňan ýaly, ýuwaşlyk bilen penjiräniň tutusyny açdyň-da, ýenede penjiräniň öňünde oturdyň. Meniň ýazgymy hem gördüň, sen ony näzijek eljagazlaň bilen bozmak islediň,emma başarmadyň, sebäbi olar penjiräniň daş ýüzünde ýazylgydy. Aramyz uzagragam bolsa, seniň ýylgyrýanyňy saýgarýadym. Seni ýylgyrdanym üçin şol wagt men özümi örän bagtly duýdum. Hatda aýaz hem maňa täsir etmeýän ýalydy. Şol wakadan soň men penjirä dürli ýazgyjyklary galdyrmaga başladym, käwagt güljagazyň, käwagt bolsa ýürejigiň şekilini hem goýardym. Seniň bu ýazgyjyklamy okaýanyňy aňýardym, sebäbi senem kämahal ýylgyryp duran smaýligiň şekiljigini goýup, jogaplaýardyň.
dowamy bar.