0878
09.07.2024 14:47
Dowamy

Döwran alaç tapyp bilmeýärdi. Maral bolsa gyjalady bilen ýykýardy. Ýuwaş-ýuwaşdan Döwran Maraly alanyna ökünip başlady. Oňa nämede bolsa söýgi ýetmeýärdi. Öýde bolanyndan işde bolanyny gowy görýädi. Sebäbi öýüne gelse Maralyň äsgermezlik, göwni ýetmezlik edişine gahary gelýärdi. Döwranyňa bir depesi bir dabany, Maralyň bolsa piňinede däl, pul diýilen zady oýunjak edip sowýar. Maralyň asyl pikirem şody, baýyň ogluna gelip puluny sowmakdy... Bu zatlardan bolsa akmak Döwranyň habary ýok. Ýöne pula gerek, bar alada şondady. Öň baý ýaşan oglan teňňä ýaşap bilenok, dagy teňňede däl, ýöne ýetenok. Işinden bolsa wezipä çekildi. Indi aýlygam köp welin bergiden nädip çykmalydygy alada boldy. Ýuwaş-ýuwaşdan baý dostlary onuň bilen arasyny kesip başladylar. Döwran hakyky dostynyň ýokdygyny indi bilip başlady. Ähli dostlaryna bergisini berdi, diňe bir dostyna bergisi galdy. Gapyda bolsa dekabryň aýaklary. Bir gün ýaňky dostyny öýüne çagyryp oňa bergisini berip, beýleki dostlaryny ýamanlaýar. Elbet bu baý dostlaryň sany köp. Olaram biri-birinden beter... Ýaňky dosty beýleki dostlaryna Döwranyň aýdan sözlerini ýetirýär. Baý oglanlar bu zady ýöne ýerde goýmaýarlar. Döwrany bir gün öldir ýaly edip urýarlar. Döwran hassahana düşýär. Hatda hassahanadan çykandada yzyndan “sen barmyň, gowumy ýagdaýlaryň” diýip gelen bolmaýar. Eli döwük Döwran täze ýylyny eli gipsli geçirýär. Bu saparky gelen täze ýyl geçen ýylky ýaly däldi. Maral bilen aragatnaşygy düzeltjek bolup synanşýar, ýöne bolmaýar. Fewral geldi. Maral bilen Döwran it bilen pişik ýalydy. Öýde her gün uruş, her gün dawa. Maral Döwrana gahar eden bolup hatda oglunada seretmeýärdi. Çagajyk sallançakda ýadaýança aglaýardy. Hatda aglap syrkawlabam gitdi, Maralyň gözi gorkaýjak ýaly emme tersine.Mart aýy başlady. Döwran doly derejede pikir edip başlady. Bir ýaşuly işgärinden maslahat sorady:—Döwranjan oglum, men seniň kim bilen ýaşaýandygyňy bilýän. Sen belkem pikir edýänsiň, ýöne men saňa bir zat aýtjak, ol gyza sen är däl, tersine ol gyz saňa är, şu zatlara düşün jan ogul. Ataň pahyr şonuň üçin seni öýden kowup eşikleriňi gapa zyňdy.—Duruň hany Mämmet aga, siz ýaňy ataň pahyr diýdiňizmi?—wah ogul, seniň o zatlardanam habaryň ýok... geçen ýylyň dekabrynda ataň pahyr boldy. Onuň erbet keseli ony alyp gitdi... gowy adamdy bende... ýatan ýeri ýagty bolsun... ejeňem ep-esli sapar hassahana girip çykdy. Adamsy üçin aglajagynam seniň üçin aglajagynam bilmedi. Oglum näme diýseňem ol seniň eneň ahyry, baraý indi ýanyna biderek özüňi kösäp ýörsiň, ýeri alan aýlygyň heý hözirini görýäňmi?..Bu sözlere Döwran çydamady. Öýüne gelip Marala jaýy boşatmalydygyny aýtdy. Şonda Maral:—Indi nirä göçýäs?—Gabra.. nirä gitseň şoňa git, bizar boldum senden.Elbet mundan soň gykylyk asmana galdy.Bu gün 8-nji mart. Daş töwerekde baýramçylyk. Her kim aýal- gyzlary gutlmaga howlukýady. Döwran ýüzüni ýere salyp ellerine sowgatlar. Öýlerine eli gülli girende ejesi ylgap oglum diýip ony gujaklady... Döwrana şu wagt älem jahan gaty giň bolup göründi we şol älem jahanda ýekeje baýlyk bardygny bildi... Elbetde ejesi ogluny kabul etdi. Döwranam bolan zatlary boluşy ýaly ejesine aýtdy. Bu ýagdaýa ejesi begendi, ýöne Döwran kakasyny narazy edeni üçin bolsa özüni bagyşlap bilmedi.Düşen günlerini gürrüň berende, ejesi aglamasyny goýup bilmedi. Ýöne indi Döwran ýola geljekligi söz berdi. Şonda Döwran “aglasa ejem aglar, galany ýalan aglar” diýen sözüň manysyna düşündi.
9
79
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.