0878
04.07.2024 22:56
Külli älemi ýaradan gudratly Allatagalanyň at-owazasy belende galsyn, pygamberleriň pygamberi, biziň soltanymyz hem alyhezretimiz Muhammede salawat aýdalyň! Oňa Allanyň özi keremini eçilsin hem tä kyýamat-magşar günune çenli belent at-owaza bersin!
Ondan soň bolsa, hakykatda, adamyň özünden ozalky nesilleriniň başlaryndan nähili wakalaryň geçendigine göz ýetirip hem öwrenip bilmegi üçin, onsoň-da öten-geçenler hakdaky taglymatlara hem-de olara nämeler bolandygyna çuňdan düşünmek bilen adamyň günä etmekden saklanmagy üçin, ozalky nesiller hakyndaky rowaýatlar soňkulara öwüt-nesihat bolup galyberipdir. Gadymkylar hakyndaky rowaýatlary soňraky halklara sapak bolar ýaly etmegi başarana berekella!
«Müň bir gije» diýen hekaýalar-da, onuň içindäki bady belent namalar hem öwüt-ündewli gürrüňler-de şol hili rowaýatlardyr.
Halk rowaýatlarynda gadym zamanlarda bolan, birwagtlar geçen hem bireýýäm ötüp giden zatlar hakynda gürrüň berýärler (Allatagala bolsa pynhan syrly zatlardan hasam habarlydyr hem hemmeden pähimdardyr, onuň şan-şöhraty agdykdyr, perwerdigärlikde hem sahylykda oňa taý ýokdur, ol merhemetlidir hem rehimdardyr); gadym zamanlarda hem geçmiş asyrlarda ýüzlerçe ýyl mundan ozal, Hindistan hem Hytaý welaýatlarynda lek-lek goşunly, wezir-wekilli, saklawly-perraçly bir patyşa bolanmyş. Sasan taýpasyndan bolan bu patyşanyň iki ogly bar eken: ulusy kemsiz ýetişen uly adam ekeni, kiçisi bolsa heniz ýaňy jahyl çykan ýigit ekeni; ogullarynyň ikisi-de batyr hem pälwanmyş, ýöne kiçisindenem ulusy has edermen ekeni. Şu boluşda-da ol öz ýurdunda patyşa bolup, öz raýatlaryna adyl häkimlik edipdir, şonuň üçinem onuň topragyndaky hem patyşalyk edýän ýerindäki ilat ony gowy görýer eken, onuň adyna-da Şähriýar patyşa diýerler ekeni; onuň özünden kiçi doganyna bolsa Şahzaman patyşa diýerler ekeni, ol hem parsy Samarkandyna patyşalyk eder ekeni. Olaryň ikisi-de öz ýerli-ýerinde ýaşap ýören ekeni, her haýsy öz patyşalygynda ýaşap, öz raýatyndaky ilatyň üstünden ýigrimi ýyllap adalatly häkimlik sürüp, bol-telkilik hem şadyýanlyk içinde ýaşapdyr. Şeýdip ýaşap ýörkäler, olaryň ulusy bir gün öz inisini göresi gelipdir-de, ony gidip alyp gelmegi öz wezirine buýrupdyr. Wezirem onuň buýrugyny berjaý edip, ýola rowana bolupdyr-da, tä Samarkant şäherine sag-aman baryp ýetýänçä ýol ýöräpdir. Onsoň ol Şahzamanyň huzuryna baryp, patyşanyň salamyny gowşurypdyr hem-de ony öz doganynyň göresi gelendigini hem onuň öz ýanyna gelip gaýtmagyny isleýändigini habar beripdir. Şahzaman hem razylyk bildirip, ýol şaýyny tutupdyr. Ol öz çadyrlaryny ýola çykarmagy, düýeleriň, gatyrlaryň, hyzmatkärleriň hem nökerleriň ýola ugramaga taýýar bolmalydygyny buýrupdyr, özi gelýänçä, ýurda häkimdarlyk etmegi bolsa öz wezirine tabşyrypdyr, özi bolsa çykypdyr-da, öz doganynyň şalyk edýän welaýatyna bakan ugrapdyr. Emma gijäniň ýary bolanda, köşgünde bir zadyny ýadyndan çykaryp gaýdandygy birdenkä ýadyna düşüpdir-de, yzyna dolanypdyr, gelip köşge girip görse, aýaly özüniň gullaryndan biri bolan bir gara (negr) gul bilen öz düşeginde gujaklaşyp ýatan ekeni. Şahzaman patyşa bu ahwalaty görende, onuň gözleriniň öňi garaňkyrap, depe saçy syh-syh bolupdyr-da, öz ýanyndan: «Men heniz şäherden çykmankam, beýle-beýle zatlar bolýan bolsa, eger men esli wagt doganymyňkyda saklansam dagy, bu äteňenälet heleý gör nämeler ederdikä!» diýip, içini gepledipdir. Ol gylyjyny syraga-da, olaryň ikisini-de şol ýatan ýerlerinde çapyp öldüripdir, ondan soň bolsa şol sagadyň hem şol minutyň özünde yzyna hyrra öwrülip, ýene ýola düşmeli diýip buýruk beripdir.

dowamy bar
9
89
yolda
5 Iýul 2024
Hacan dowamy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.