0878
09.08.2024 02:32
Men_ä begenip ýatyryn şumat bi bolsa ... Goý how.
_Begenjimden aglaýan _da men.
ol Kyýasy ogşady çem gelen erinden Maňlaýyndan gözünden ýaňagyndan boýnundan
4 Bäş günden soň Nürtáç geldi " Baldyzjygymyň içi gysýandyr, bir göreýinle diýip gaýdaberdim " Humaý begenmedem gynanmadam
_Gowy edipsiň diýdi.
Nürtäj jibrinip gepledi :
Nähili edenim_ä gowy bilýen_le oň bilmändirin bilen bolsam gaýtmazdym Atam direlip gelen bolsadam gaýtmazdym .
_Näm boldy, gyz beýle?
_wah bilmedik bolan bolaý_da Öldüm_ä, men sen tünegiňi tapjak bolup Hakyt masgara bolaýdym_da ,gyw Görmedigim görde galandyr_la özüňiz bir kösenmen tapýaňyzmy gyz? ýa daşyragam çykaňzokmy? çykýanam dälsiňiz siz ýaýdanyp dursansyňyz Bir çyksaň münmek işdir münseňem düşmek. Ýaňy özüm itiň günini gördüm_ä
Humaý ýeňňesine çaý berdi Nurtäç täzeden tükezzibana tutdurup ugrady.
_ Goňuşlaryňyzy bir tanaýaňyzmy gyz ?
tanaýan dälsiňiz-le siz_á tanaýan yok ekeni şu töwerekde. Ýaňy gelýákäm öňümden çykandan soraýan soraýan welin birem bilenok-da, " Kyýas bilen Humaýdyr göçüp gelenlerine bir ýylam bolanok ýaş maşgaladyr" diýip näler aýdýan welin, gyran degenleň birem bilenok. "Göçüp gelen eriň gürsün" diýip arasynda saňa_da gargynýan "Aýnadan dagyň kellesini çykarmazmyka diýip aýakgaldygyna äpişgelere seredişdirýän . Eger eger... Ýeňňesi Humaýyň ýüregine dagyn düşdi onuň için it ýyrtdy çydamady.
_ onsoň nätdiň diýdi
_ wiý nätmekden Hudaýjanyň özi saklasyn. Gapjygymda allaname adres ba. Seň ýazyp beren adresiň. Şo ýadyma düşäýdi.Bir gyzjagazyň eline tutdurdym welin şart murt derw getiräýdi. Men aňkasy aşan aýlanyp ýörüpdirin-dä şu jaýyň daşynda . Biläýmändirin_dä... ynansaň bar_a gyz şu kösenişime tapmadyk bolsam göni gaýtjakdym yzyma Ikiňizem ýüzüňizi Babaly görsün diýjekdim Kyýasyňam Seňem ...
Nurtäç dymyp oturup bilmez Obadan ýöritälep gelensoň burny deşilen ýaly sesini çykarman otursa niçik bor?! Onda gep kändir. ol entek gepler Näçe ýokuş görse_de, ýeňňesini diňlámäge Humaý boýun boldy "Mugt gürrüň diňleýin oturaýyn diýdi kalba giňlik salmagyň iň arzan emeli şu
_ Etaž jaýyň tuwaledem içinde bormuş " diýip kän eşidipdim Heýç ynanamokdymda şonda. Ine gözüm bilenem görüp otyryn ind_ä Bolsa_da gyz mynyňyzdan ysa gelenok Ýa gireňzogammy?... Aý ýok tüwalede girmán_ä, onuň bilmersiňiz ä? yöne ys gelmez ýaly bir zat edensiňiz siz ...
ýeňňesi gürrüňden gürrüň ýasaýar. Asyl sepinem bildirenok bildirmezem Nurtäjiň şondan başga işi gaýynlary bilen äriniň onsoňam çagalarynyň nanyny naharyny bişirmek kirini ýuwmak .Galan işi _ gybat . Gybat bolmasa dünýä onuň gözüne türmeden enaýy görünmez, Ýanynda adam bolmasa bı aýdyp oturan gürrüňleri onuň gursagyna sygmaz, içini byjyklar. Nurtäç Çydamaz öler. Şu gütülgysyz hakykat
_ Astyňyz Üstüňiz dört tarapyňyz Bitonla gyz,siziň Ölmän nädip ýaşaýaňyz ?! Sadagasy gitdigim adam pahyryň jany gaty berkden_ow Hiý, gör,myny, bitonyň içinde-de ýaşap ýör_dä gyz birenaýy bolup .
Nurtäç aladasyz aýal Náme diýse_de ondan geň däl gelişip dur ondan kine saklamak aňy ýukalygyň alamaty. şuňa akly çatyp durka, Humaý ýeňňesinden göwün etmez Humaý aňynyň ýuka bolanyny islánok .
_Hakyt pilite_dä gyz! bir seret myňa ...
Hökümet diýýeniňä, şuň dagyn alajyny tapyp bilenokmyka?! Adamlara ýamanlyk diýib-ä edýän dáldira ýogsa şony çig kerpiçden salmal_a şuňňaly jaýy dagyn . Ana obada gül ýaly jaýlary dikeldip ýörler_ä çig kerpiçden. Ýa arzan düşäymika şu hazan almyş beton piliteler .Aý. ýok , arzana düşmeli däl. Düýn dálmidi Magtym çekimçiň sement diyip ulukjyn alıp ýöreni sementden ýasalýandyr_da şu pilitelerem . Gyran degenleň höküwmediňem ugry gaçyp ýör öýüden Nurtäç biriniň körpe oglunyň keýwanysy Äri iýjegini giýjegini gitirip dur . Dört çagasy bar dördüsem ogul Gaýynlary bilen agzyny alartman ýaşaşyp bilýär . Äri bilen harçaňlaşyp duranyny gören yok Emma ärinden nadylsyrýan bolýar. Oňam Sebábi belli.Ile öýkünýär. Hemme erkekler şeýledir öýdýär. onuň gyzyl ýaly äri bar.

Dowamy bar
15
71
0878
07.08.2024 13:40
kim Kyýas gelendir öýtdi. Mergeni görübem içini çekdi.
- Ertirden bäri daş çykmadyň-la bir gezegem. Häliden bäri saňa garaşdym men. Içiň gysanokmy öýde?
Humaý ýakasyny tutup, oňa git diýdi.
- Kowmasana, seni görmesem ýüregim gysyp, ölüp barýan.
Humaý pyşyrdap gepledi:
- Utanaňokmy biriniň heleýiniň üstüne atalap durmaga... Bar, git, şu ýerden abraýyň barka. Ärim ýatyr öýde.
- Aldama! Ol-a işe gitdi häli. Öýlän bäşden bärde gelmeýä. Bilýän-ä men.
Mergen gapyny iç ýüzünden ýapdy. Arkasyny diwara ýaplady-da, Humaýa çiňerilip seretdi. Humaý dagy nätjegini bilmedi. Ýüzüni kese sowdy. Şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykanda näme etmelidigi barada öňünden pikir edip Göwrede çaga galany çyn. Humaý muny Kyýasa ýorganyň aşagynda aýtdy. Gorka aýtdy: - Kyýas! - Hm? - Çaga galypdyr... - Ä?
Näme diýdiň?
Gara-gara, ümmülmez pikirler Kyýasyň ynjalyksyz beýnisinden bada-bat sypyrylaýyp bilmediler. Bilniksiz terk etdiler. Onuň ini jümşüldedi. Begenjinden. Görmese-de Humaý şuny duýdy.
Kyýas:
- Goýsan-aý, çynyňmy? – diýdi. – Çaga galypmy hakyt? Bildirýämi? Hany menem göreýin... Bir gatyja zat ba welin, şumy? Şudur. Bilýädim-ä men. Oglanjykmyka?
- Bilmedim men-ä.
- Oglandyr, men-ä oglan bolsa gowy görjek. Sen?
- Menem.
Kyýas Humaýy gujagyna gysdy. “Oglanjykdyr. Öňünden bilýän-ä men. Çaga galjakdygynam öňünden bildim. Mynam bilýän. Oglanjykdyr. Ine, gör-de duruber, meň diýenim dogry bolar” diýip, düşnüksiz hümürdi bilen aýtdy. Humaý oýkanjyrady:
- Gysmasana gaty. Demim gysýa.
Göwrede çaga galany hak. Sag-salamt ýaşalyp ýörülse, ol Humaýa çeker. Humaýa çekse-de, oglan bolar. Olaryň tohumynda gyz dogurýany seýrek. Şujagaz pikir onuň kalbyna umyt saldy, beýnisine ynjalyk berdi.
- Birden gyzjagaz bolaýsa.. Bu-uw, ejem bilen kakamyň-a gözüne görnübilmen. Birhili görülýä-dä birinji çagaň gyz bolsa. Utanylýamy, nämemi? Seň üçinem şeýlemi?.. Zyýany ýok, gyz bolsa-da. Bir zat bolup dursa boldu-da. Bu gezek gyz bolar, ikinji gezek ogul. Dogry dämi?.. Senem ýöne-e gyz dogrup ýörmersiň-ä. Arasynda... hany entek şuny bir göreli. Belki, Hudaý, ogul bolaýady-da. Süýşsene bärik!
Humaý gyz dogranda-da, oglan dogranda-da tapawudy ýok, onuň kakasy Mergen. Ýöne çaga dil açansoň, Mergene kaka diýmez, Kyýasa diýer. Ähtimal, ol Mergeni tanamazam.
Kyýas bu zatlary bilmez. Humaý bu barada hiç kime hiç zat aýtmaz. Içinde saklar.
Bu syry günä göteren kimin göterip ýörmek oňa biçak gymmat düşer. Ölýänçä ini müňk-müňkde bolar.
Bu syry diňe mähek daşy gizligin saklap biler. Humaý özüni mähek daşyna deňemäge gaýrat tapmady. Ýaýdandy.
Bir syry, ýekeje syry içine sygdyryp bilmese, Humaýyň ojagy ýykylar. Maňlaýgara bolar. Oňa gargarlar. Humaýa hiç kim düşünmez.
Humaý bu syry o dünýä alyp gider. Aýtsa-da, şo taýda aýdar. Magşar gününde. Şondan bärde aýtmaz. Ol äht etdi. “Aýdan günüm taklap janym çykaýsyn” diýdi.
- Humaý!
- Hä?
- Oglan bolsa adyna näme dakarys?
- Waý, bilmedim men-ä. Pikirem etmändirin şony.
- Onda näme dakaly diýsene?! Neme dakaly. Şöhrat dakaýaly, hä?
Gowy ad-a şo?!
- Hawa.
- Wiý, ýa-da Daýanç dakaly. Men-ä gowy görýän şony. Erbet däl-ä. Sen nähili görýäň? Ejem dagam gowy görer şol ady. Ýa bolanokmy?
- Bolýa-la...
- ...Wi-iý, Humaý, birden ekiz oglumyz bolaýsa, hä! Hany elläp göreýin... Ep-eslije bar, how, şü. Ekiz bolaýmasyn?! Bir aýlyk diýdiňmi? Bir aýda şuňňaly bolsa, tüweleme, ganymat, bolubilýä.
Kyýas begenýär. Humaýyň garnyny gaýta-gaýta sypaýar. Häzir onuň gözleri gülýär. Gözedürtme garaňkylygam bolsa, onuň gözleriniň gülýändigini Humaý bilipjik ýatyr. Kyýasyň begenji ýürekden. Ol şu gije uklabam bilmez. Ol kesekiniň çagasyna guwanýar. Özüniňkidir öýdýär. Ol özüni erkek sanyna goşýar. Aýbyny bilmeýär.
Humaý ärini gözli kör saýdy. Onuň betbagtlygyna agysy tutdy. Asyl agladam. Özem ses etmän aglady. Aglan halatyň ses etmek hökmanmy diýsene?!
Ýassykdaşy aglar-da, Kyýas bilmezmi? Bildi. Eginlerini silkip-silkip ýatyşyndan çen tutup bildi. “Samsyjak” diýdi.
- Goý, how, aglabermeli bomy çagam bolýa diýip. Gaýtam begenmeli sen.

dowamy bar
12
103
0878
07.08.2024 01:52
Dowamy

gyz – diýip ýene güldi.
Humaý ýuwaşdan aýgytly gepledi:
- Bir zar diýdirmejek bolsaň, git, indi, gelneje, şu taýdan.
Nurtäç ýürekgysdyryjy ümsümlik bilen Humaýy ýeke goýup çykyp gitdi.
Humaýyň içi gysdy. Kyýasy küýsedi. “Torsuk ýaly oglanjyk dogursam” diýip arzuw etdi.
Humaý sabryna suw sepdi. Gaýtarma bolup gezilen ýigrimi alty gün welin asyl wagty bilen ötmänjik geçäýdi.
Ýüregi ýarylaýmanka ol Kyýasa gowuşdy.
Göwresinde çaga galmanlygyna-da kän bir gyýylyp durmady. Onuň ýanynda Kyýas bolsa bolýar. Çagadyr-da. Gyssap duran barmy nä?!
Humaý gaýynenesinden ýaşmagyny syrdy welin, olaryň rysgyny aýrylamak bilen boldular. Gaýnatasy bu işiň ugruna atly-ýaragly çykdy. Eýtdi-beýtdi, üçünji gatdan iki otagly jaý alyp berdi.
Täze jaý Humaýa aýratyn ýarady. Bu ýerde ýaşynmak aladaň ýok. Sopbaş özüň.
Her näçe ýüregi gyssa-da, ol gaýynlaryndan aýra ýaşanlaryny kem görmedi. Bu ýürekgysdyryjy ýekelik hemişe onuň başyny alyp durmaz. Basym çagalary bolar. Onsoň oalryň diýeni geler.
Täze jaýda ýedi aý töweregi ýaşanlaryndan soň, Humaýy ünji astynda alyp, göwrede bir düwünçejik emele geldi. Çaga galdy. Ýöne munuň özi birdenkä şeýle bolaýmady. Muňa çenli Humaýyň takaty agram baryny çekdi. Ahyram ýegşerildi.
. 2. Humaý Kyýasa sekiz aýlap çyn aýalyň hyzmatyny etdi. Sekiz aý!
Şunça wagtlap är-aýal bolup ýaşaňsoň, çaga galmasa o nähili bor?! Galjak bolsa, galarça wagt geçd-ä.
Humaýyň kellesine mojuk bir pikir geldi: “Erkegem däldir şu häli görseň”.
Bu pikir onuň ýüregine wehim saldy. Indi çaga dogurman ýaşamalymy? Ölen günüň tabydyňy egnine alyp, ses edere-de biri gerekdir. Sallançakda ýatan ak bäbegi ýanap emdirmek hakyndaky bolsadysy bitmese Humaý-a şu dünýeden gidibilmez. Gidäýse-de, gözüni açyp gider.
Humaý: “Göwnüme getirmäýin-le şuňňaly zady” diýdi. Tersine boldy. Şol mojuk pikire assa-ýuwaş ynamy artdy. Artyp-artyp, mizemez bir zada öwrüldi.
Humaý ýalňyşýan bolmaýyn diýmedi. Diýjekdi. Ynamyna müňkürlik etmäge delil tapmady.
Humaý Kyýasy ýigrenip-de bilmedi. Aslyýetinde ol ärini nämüçin ýigrenmeli? Onuň etmişi näme? Kyýasy Hudaý näletländir. Zürýatsyz ötmegi oňa Hudaýyň özi buýrandyr. Adama şundan çökder jeza berip nätjek?!
Başga birine äre barsa, Humaýyň çagasy bolar. Hökman! Şuňa däl diýip biljek ýok. Kyýasdan welin çaga önmez. Çaga erkek adamdan önýär-ä. Kyýas erkek däl. Kyýas betbagt adam.
Humaýyň ärine nebsi agyrdy.
* * *
Belanyň başlangyjy şu: Bir oglanjyk oňa aşyk boldy. Magazine baryp gelýärkä. Oglanjyk bolup, oglanjygam däl, Kyýasdan uly bolmasa, kiçi däldigi göz-görtele.
Oglan Humaýyň çörekli sumkasyny ýük gördi. “Getir göterşeýin” diýdi. Ýük görmedik bolsa beý diýmezdi. Humaý ýüz bermedi. Öz-özüne: “Bi ýerçeken nirden çykdy, gyz” diýdi. Dagy näderini bilmän, haýsydyr bir düşnüksiz hiňlenmä maýyl boldy.
- Ýaman gowy sesiň bar, aýdymçy bolmaly ekeniň sen.
Humaý dilini dişinden aňyrda saklady. Ýogsa, onuň jogaby taýyndy. “Seň ejeň aýdymçy bolmaly ekeni” diýýämelidi. Diýmedi. Haçana çenli onuň ýaly köçede gezip ýören işsiz bilen darkaş gurup ýörjek?!
Ol öýüne ýetmäge howlukdy.
Ikinji gezek Humaý oglan bilen bir hepdeden soň gabatlaşdy. Zibil döküp gelýärkä. Oglan hapa atylýan bedräni ýük görmedi. Ýük gören bolsa, getir, göterşeýin diýerdi. Diýmedi. Diýäýende-de Humaý oňa bedre götertmezdi.
Oglan adyny aýtdy. “Mergen” diýdi.
- Kim seň adyňy soraýa şumat?!
Oglan sarsmadam.
- Men seň adyňam bilýän. Aýdaýynmy? ...Humaý. Ýaman gowy adyň bar.
Humaý: “Meň adymy nirden bilip ýörkä bi ýerçeken. Masgara janym, biriniň dulunda otyrkam bir haýasyza sataşaýdym-da. Kyýas bilse öldir meni” diýdi.
Ol oglanyň yhlasyny zor gördi.
Mergen Humaýy gürletmäge ilgezik boldy. Pylan ugurdan okaýan, heniz öýlenemok, özüňiz ýaly meniklije maşgala bolsa öýlenäýmek hyýalymam ýok däl diýen ýaly Humaýyň teý gyzyklanmaýan zatlaryny aýdyşdyrdy. Ol welin sesini çykarmady, ne ýagşydan, ne ýamandan.
Ol Mergeni halamady.
Ertesi olar üçünji gezek duşuşdylar. Mergen olaryň göni öýlerine geldi. Günortanlar. Gelşine-de gapyny kakdy. Humaý gapyny sesini çykarman açdy. Kyýas gelendir öýtdi.


Dowamy bar
13
98
0878
06.08.2024 17:54
Humaýy “satdylar”.
Şäher içine.

Sähet bellenen güni ýeňňesi Nurtäç oňa pitjiň atdy:
- Şäherlä äre çykyp dişiň-ä ýyrşarmaz. Şon-a öňünden aýdyp goýaýyn. Obaň gara işinden gaçan bolýansyň welin, gör-de duruber. Ýene oba gowy bolup çykar. Obaň oglanlaram gaýratlydyr. Gara zähmeti gören-dä. Şäherlini är edinýänçäňem äňiň ýazyp gider. Iş görmedik oglany nädip är edinjek?!
- Beý diým-ä, gelneje! Nä meň bagtymy baglajak bolýaňmy?! “Maňlaýyň açyk bolsun” diýmel-ä sen.
Şeý diýip Humaý aglady. Ses edip aglady. Eginlerini silkip-silkip aglady.
Nurtäç ýakasyny tutdy:
- Goýaweri, gyz! Kim seň bagtyňy baglajak bolýa?! Ýamanlygymyz ýog-a saňa. Bagtyňy şäherden tapybilseň biz sendenem beter begenjek. Men-ä ýöne göwnümdäkini diýäýdim.
Humaý azgyryldy:
- Diýme şony!
- Bi nä ýöne heňkirip duran boldu-la, gyz. Biz-ä muňa gowsuny etjek bolup... Bulara pylan zat diýerligem ýog-eý, Hudaýym.
Ýeňňesi hababaýlap çykyp gitdi.
Aglap durka Humaý öz-özüne göwünlik berdi: “Meň şäherli boljakdygyma gözi gidýä. Içini it ýyrtýandyr şumat. Köp bilýä bi heleý”.
Toýdan soňky ilkinji gijäniň Humaýyň gyz bolup ýaşan ömrüniň hakykatdan-da iň soňky günüdigine Kyýas şaýatlyk etdi. Kyýas onuň äri. Indi onuň galan ömri Kyýas bilen.
Bilip bolmaz, birden ikisiniň arasynda soňsuz dawa tursa nä? Nika bozuşmaga çenli baryp ýetseler näme? Kyýas kowsa nätmeli? Ataň öýüňe gitmelimi? Soňy nähili bolar?
Humaý goşlaryň paýlaşygyny göz öňüne getirip bilmedi.
Ilkinji gijäniň gyz bilen aýalyň aralygynda ýatan bir ejizje paýapyldygyna, ol paýapyldan bolsa bir ömürde bary-ýogy ýekeje gezek geçip bolýandygyna, garamatynyňam indiden beýläk gapdalynda ýatan hol kişiniň boýnundalygyna onuň akyly ýetmedi, düşünmedi. Düşünen bolsa, şol gije gözlerini gyrpman, bir burçda çugtduryp oturardy. Bir zatlaryň pikirini ederdi. Ähtimal, aglardam. Humaý aglamady.
Humaý çaga dogurmaga howlukdy. Sallançakda ýatan akja bäbegi ýanap emdirmäge höwes etdi. Eýse, hiç kesden ejap etmedi. Gyz wagty şu zatalry oýuna getirmäge-de utanardy, gyzarardy. Häzir dogurmak oňa adaty bir hadysajyk bolup duýuldy. Çagany dünýä indirmekde hiç hili agyry görmedi.
Humaý gijelerine ýatmady. Ärini söýdi, ezizledi. Onuň üçin Kyýas iň ýakyn adama öwrüldi. Ýürekdeş adama. Ol Kyýasy mähriban saýdy. Erkek adamy şeýle söýüp bolýandygyna, ony şu wagta çenli aňşyrman gelendigine oturyp-oturyp geň galdy. “Hakyky är şunuň ýaly bolmalydyr, özüni söýdürmelidir. Şeýledir” diýip pikir etdi.
Humaýyň atasy öýünde gaýtarma bolup gezesi-de gelmedi. Ony welin gaýtardylar. “Gaýdyp gitjekmi” diýip soramadylaram.
Baran güni Nurtäç:
- A gyz, sen-ä tanar ýaly bolmansyň – diýdi. – Näme bilen bakdylar?
Bu sowal Humaýyň süňňüne ýakyn çaýdy. Ýüzüne ýagty saçdy. Köňlündäki gussasyny gowzatdy. Ýüregini gürsüldetdi. Ol içki dabarasyny daşyna çykarmady. Uýat hasaplady.
- Göwnüňedir diýdi.
Nurtäç gyjyt bermäge gepbaşy gözledi.
- Şäherlileň ýaşaýşy nähili eken, gyz? Obaça bamy ýa şunça-da ýokmy?
- Obadan-a müň esse gowy.
- Hm... şeý diýýä. Gündeki iýjek nanyňyz-a magazinden satyn alýansyňyz, şeýlemi?
Humaý ýeňňesine düşündi. Ýöne azm urmady. Dişini gysdy. “Her zat-da bolsa gelnejemdir” diýdi. Giňlige saldy.
- Goýup otyr, gyz! Satyn alarysmy? Daýzamyň gül ýaljak tamdyry bar. Günaşadan nan ýapýa özi. Iliň ýanynda bir agzaýma!
Nurtäç iki elini bykynyna urdy. Otagyň ortarasynda abşarylyp durşuna-da, tumşugyny diň-göge tutup:
- Biz-ä tamdyr görmedik çagyrja baramyzda – diýdi. – Beýle tamdyrlary bar eken-ow. Gizlejek bolýa-da şonam. Bilmeýändir öýdýär.
Humaýyň çydamyna iňňe sanjyldy.
- Garagyň gapylandyr onda seň şony görmedik bolsaň.
- Beterem tamdyryňyz ýok. Hakykaty aýtsaň, janyňa batmaz, hä-ä.
- Garagym gapylarmy?! Magaziniň nanyny iýýäniziň hakykat-da sebäbi. Geple ýalan bolsa!
Humaý dilini dişledi.
Nurtäç çylkasyz gülüp başlady. Gülküsi tutmasa-da, güldi. Güle-güle çym-gyzyl boldy. Arasynda gözlerini süpürişdirip:
- Daýzam günaşadan nan ýapýa diýip göz-görtele edýä-de özem. Ýok tamdyrda nädip nan bişirilýänini bize-de öwretsene, gyz – diýip

Dowamy bar
13
92
0878
06.08.2024 12:53
2-nji bölümi.

Günler kerwen gurap geçýärdi. Gün geçdigiçe juwanlar bir-birege has ýakynlaşýardylar.
Olaryñ ikisi-de tiz halyça münmäge alñasaýardylar. Hamala, haly dokamak olara adatylyk bolup galyberdi. Söýgi, ýaşajyk nahalyñ ýere kök urşy ýaly, gün-günden mäkämleşýärdi. Kakamyrt üçin Ogulnabat eje edil öz ejesi ýalydy, bu zenan hem ony öz ogly ýaly kabul etdi. Ýöne onuñ hiç haçan ene-atasy barada kelam agyz söz açmazlygy ony ünjä goýýardy. Kakamyrat ýalñyz bolsa, sorag bersem, göwnüni agyrdaryn diýip sowal hem bermeýärdi. Bir gün saçak başynda Ogulnabat ejäniñ: "Siziñem-ä gitmeli pursatlaryñyz ýakynlaşýar. Tüweleme, gowy okap, abraý aldyñyz. Indem sag-aman işlemek nesip etsin-dä" diýen sözleri Kakamyrady çuññur oýlara alyp gitdi.
Ogulnabat eje:
-Oglum, näme gaýga batdyñ, eneñ-atañ beri jany sagmy? Sen olar barada hiç wagt söz aýdañok!-diýdi.
Men ýeññemdir agamyñ elinde ösüp-ulaldym...
Kakamyrat şeý diýdi-de, birhili, gussalanyp, ýere bakdy. Öý eýesi sowal berenine ökündi.
-Waý-waý, oglum! Sen gamlanma, hemme adama dokuzy düzüwlik añsat däl. Seni öz oglumdan kem göremok, gelersiñ, gatnaşarys. Meni hakyky ejeñ ýaly göräý!-diýdi.
Ogulnabat eje Kakamyrada mähirli seretdi. Kakamyrat uludan demini alyp, assyrynlyk bilen Gözele gözüni aýlady.. Oglanlar gitdiler, ýöne Gözeliñ hem ýüregini özi bilen alyp gidendigini Kakamyrat duýmaýamyka?! Gidende-de gyza garap, syrly garaýşy bilen: "Wah, Gözel jan, maña beýle bagt ýetdirermikä?! Eger käbäm bolan bolsa, onda maña düşünerdi. Meniñ arzuwlarym boş hyýal bolmasa-da biridir" diýýän ýalydy.Şonda soñ Kakamyratdan habar bolmady. Sebäbi onuñ ýeññedir agasy uzakdady. Ara daşdy. Onuñ özdiýenli agasyna gepini düşündirip biljegi-de gümanady.
Kakamyrat öýlenipdi.
Onuñ ýürek sözüne asla pitiwa hem etmedik agasy Gözel şäher gyzy bolansoñ, oba düzgünine öwrenişmejegini pert aýdypdy. Gözel bu habary daş gulakdan eşidipdi. Gözel hem durmuşa çykdy. Kalbynda hemişe Kakamyrat ýaşaýan hem bolsa, özgäniñ bagtly bolmagy üçin yhlas etdi. Onuñ armanly ýüregi indi 25 ýyl bäri şol başky mähirli garaýyşlary küýsegläp syzlaýar.
Hawa, Gözeliñ özi agtykly, gelinli boldy, sataşan ýigidiniñ göze ilýän kemi görünmese-de, ol birjigem Kakamyradyñ ýürege salan söýgi oduny köşeşdirerden ejizdi. Onuñ mähirden doly uçganaklap duran gözleri, näme üçindir, sowuklaç görünýärdi. Gözel özüni ömürboýy ýalñyz duýdy. Soñ ol çyndanam, iliñ gözi bilenem ýalñyz galdy, ýanýoldaşy bäş onlugy arka atyp, uly maşgalany dökdi-de, ýurduny täzeledi.
Günleriñ birinde täsin bir waka boldy. Howlularyna gelip saklanan ulagdan düşen etli-ganly, ýüzi nurana, saçlaryna ak giren, nätanyş adamy görüp, Gözel doñup galdy. Ol Gözele şunça ýyllar ejir çekdiren, gijeler düýşi, gündizler huşy bolan Kakamyratdy.
Myhmany öýe salan Gözel onuñ diwardaky asylgy duran şo-ol halyçany synlap, ahmyrly gözlerinden gaýdan dür monjugy ýaly ýaşlaryna gyýyldy. Ol ýañadan örtendi. Kakamyradyñ özüni unutmandygyny bilip, şunça ýyllar biderek köýmändigine düşündi. Ol özi üçin dünýäde bir adamyñ, başky söýgüsiniñ, arzuw-armanynyñ bardygyna düşündi. Zenanlyk buýsanjy göwnüni telwaslandyryp, şygyr bolup owazlandy.
Maña goýup baş söýginiñ hesretin,
Nirelere alyp gitdi kysmatyñ?!
Aglaýan bolsañam, gülýän bolsañam,
Bir ýerlerden sesiñ gerdi ahbetin.

Maral Agaýewa
18
101
0878
05.08.2024 20:41
1 bölum
Wah, ýaşlyk ýyllary, ýaşlyk ýyllary, saña dolanjak döwür barmyka?! Ýürekde dörän söýgini diñe ýaşlyk çekip çydaýar.
Onuñ otly alawlaryna döz gelip, gerdeninde göteren adam oña düşünip biler. Günler, aýlar, ýyllar geçer, dowür üýtgär, emma ýürekde dörän söýgi welin üýtgemeýär. Söýgüsine ýetip bilmedik adam üçin durmuşyñ duz-tagamy, lezzeti ýok. Asmanam, aý-günlerem, sähralaram, ähli tebigatam, daglardan şildiräp akýan bulaklaram, al-elwan güllerem söýgä baş egip, söýgüden güýç alýan ýaly, göwnüme"
...Gözel içgepletmelerini nähili daşyna çykaranynam duýman, garamyk gözlerini bir nokada dikip oturdy. Indi ýaş ortalap barýanam bolsa, ýüregindäki yşk ataşy köşeşdirerden agdykdy, ony gaýta-gaýta ýatlamalara gark edýärdi. Göz öñünden surat bolup geçýärdi.
Kakasy Gözel heniz kiçijikkä aradan çykdy. Maşgalanyñ labry Ogulnabat ejäniñ bir özüniñ başyna düşüpdi. Ýöne enäniñ kökenek bolup goran perzentleri ony dilgir etmediler. Edep-terbiýeli, päkize perzentler bolup ýetişdiler. Hersi özbaşyna bir uly maşgala bolup göçüp gitdiler. Ene bolsa öýde körpe gyzy Gözel bilen galdy. Ejesi Gözele haly dokamaga artele işe girmegini ündedi, gyzam ejesiniñ raýyny ýykmady. Gözel haly dokamagy öwrendi. Ol bir kiçijik halyçany öýünde-de ýüwürtdi, işi bilen has ysnyşyp gitdi. Işden boş wagtlary şol halyça güýmendi.
Şol gün gapy kakylanda, ol ejesi bilen nahar iýip otyrdy. Ogulnabat eje gapa ýöneldi. Ejesiniñ:
-Amanmy, oglanlar! Näme habar bilen geldiñiz?-diýip, ýüzleneni Gözeliñ häzirki ýaly ýadynda. Gapyda duran oglanlaryñ ikisi birden:
-Daýza, biz-ä ýaşamaga kireýine jaý gözläp geldik.
Ogulnabat eje kän ikirjiñlemedi.Göwni hiç kireñsiz olary öz öýüne kabul etdi. Oglanlar hem bu maşgala bilen tiz öwrenişip gitdiler. Olaryñ taryh ugrundan okaýany Kakamyrat üçin haly dokalyşy täsin bolup göründi. Ol Gözeliñ ýanyna gelip, onuñ haly dokaýşyny içgin synlady. Ol halyçy gyzyñ elleriniñ çalasynlygyndan gözlerini aýyrman seredýärdi. Bir günem onuñ:
-Gözel, maña-da haly dokamagy öwredäý-dä! -diýip ýüzlenmesi, gyzy geñ galdyrdy:
-Näme?! Heý, oglanam haly dokarmy?!
Kakamyradyñ welin çynydy.
-Ýok, ýok, men oýun edemok. Men gadymy döwürde-de biziñ halyçylarymyzyñ nähili ussat bolandyklaryny öwrenip ýörün. Nagyşlaryny çitip, bu işiñ syrlylygyna düşünesim gelýär. Bu meniñ ylmy işimi has ýeñilleşdirer, täsir eder diýip pikir edýän. Sen maña öwretsene!
Gözel garşy bolup durmady. Kakamyrat, Gözeliñ aýdyşy ýaly, çitimleri gaýtalap gördi. Halyça kiçijik bolansoñ, ikisi birek-birege örän ýakyn oturmaly bolýardylar. Eller ellere galtaşanda, ikisini-de ýyldyrym uran ýaly bolýardy. Heniz ýigit bilen beýle ýakyn oturyp görmedik Gözeli der basyp, başy çaşýardy. Elleri sandyrap gidýärdi. Ýöne Kakamyradyñ hem ýagdaýy onuñkydan ibaly däldi. Gözel bahana edip, aşhana girip, özüni dürsejek bolýardy. Ol özi bilmezden, nämälim duýguny başyndan geçirýärdi. Kakamyradam oba oglany bolansoñ, juda utanjañ. Ýöne ol, näme üçindir, bu halyçadan hiç daşlaşyp bilenokdy.
Dowamy bar
12
86
0878
05.08.2024 14:46
dowamy

(Bolan waka)
Daňdanky obaň Içiňdäki bu güýçli ýangyn tutyş oba ilatyn örüzdi
Aýşat bilen Bazar badabat jan berdi, emma welin wah emmasy bada Nazar jaýyň içinde galdy ahyry!?
Ot söndürjiler gelýançä jaý mazalyja ýandy.
Ody gowy söndirensoň oba adamlary Nazaryň ýanyp kul bolan bölek sünklerin çöplap bir ýerik üşürdiler, wah ölüm bar ölüm ,ölüm hem bolsa ýagşysyn etsindä hernä Allajanlarym
Şum hawar oba tüweleý dek aýlandy.
Ogulkeýik eje bilen Durdymuhammet aganyň yzyndan maşyn ugradyp toý ýerden alyp geldiler
Olar öýe geldiler ýöne olaň düşen ýagdaýyny söz bilen beýan edere söz ýok .Dünki kaşaň jaý gara köýik bolyp ýatyr, o jaý bilen wah o jaý bilen ilkinji perzenti nowbahar ogly Nazaryň jesedi hem küle öwrüldi
Ogulkeýik eje bu ahwala ýüregi çydam etmedi, ýanyn ýere berdi, ýene-de erkek adamda Durdymuhammet aga çydamly eken.
Gara başyn aşak salyp wah utuldymow bu durmyşdan diýip diňe başyn ýaýkady, dyza çökdi, erkek adamyň aglaýşy aýal adamyňkydan has elhençdi, gara köýik bolyp duran toprakdan gysymlap alyp, balam sen bu giden köýügiň niresinde diýip bagyrdy, her kim ony köşeşdirjek bolyp daşynda ýeke goýmadylar.
Bir günde bir öýden üç adamyň ölümine ýüregiň çydamagy mümkin däldi. Ýöne adam başy daşdan gaty diýleni ýaly, ýokardan gelene alaç ýokdy.
Alla gerekletse bir alajyn tapaýýar.
Ene ata diri wagty balasyn jaýlamak her bir ene ata agyr degýar
Ene balam diýip aglady
Ata tabyt başyn tutmaly boldy.
Üç balasynyň özinden öñürti iň soňky ýolyna ugratmak juda agyrdy, ýöne alaç hem ýokdy, natjek kysmatda
Öz balasyn iň soňky ýolyna ugradyp barýan ata gölegçiler gelensoň ondan hiç hili ses çykmady.Diňe gelene gidene baş atyp yzy ýarasyn kabul bolsun diýenlerinde jogap bererdi
Ýene-de oba ilaty agzybirdi.
Il gün bir gowy zat her kim bulara ony muny getirdi biri düşek getirdi, biri ýassyk, biri palas keçe getirse biri çäýnek käse getirdi.Pul kömek berildi
Obadaşlarynyň goldawy bilen sagaman aladalaryn sowdylar
Il güniň kömegi bilen kiçijek jaý saldylar. Ikijigi ýaşap başladylar
Bu iki garra goňşy golam her gün özleri nahar iýjek wagtlary olara hem bir okara berýardiler
Aýraçylyga öwrenşip gitdiler.
Dogry ondan bäri dört bäş ýyl geçsede Ogulkeýik ejäniň bili bükülip zordan ädimläp gelýän ädimini gören her bir oba ilaty, onyň ýanyndan başyn ýaýkap salam berip geçip giderdiler
Bu gün ol bir ýerik alakjap barýardy, ýöne nirä!?
Bu gün adamsynyň ýeke aýal doganynyň uly ogly bulara göçüp gelýardi.
Bu hawary eşden Ogulkeýik eje olaryň göçüp gelerine hem garaşman özi olara gidip özi bilen alyp gaýtjakdy. Olaryň hem edil öz çagalary ýaly bir gyz iki ogly bardy
Olar bu öýe göçüp gelensoň göýa öz çagalary kiçijek adamjyklar ýaly dolanyp gelen ýalydy
Uly maşyn bilen öý goşlary soň çagalary getirende üç çaga üç ýerden atada ene bolyp bularyň hiç içini gysdyrmadylar
Öýe gün şöhlesi düşen ýaly, bu öýe güniň nury düşdi
Allajan her kime ýagşydan ýagşy ömür bersindä hernä
Ene atany öz balasyn aýyrmasyn.
Ene balam diýip aglamasyn
Atada tabyt başyn götermeli etmesin
Allajan diňe saglyk boʻlaversin.
10
90
0878
04.08.2024 22:22
(Bolan waka)
Dogry ondan bäri dört bäş ýyl geçsede Ogulkeýik ejäniň bili bükülip zordan ädimläp gelýän ädimini gören her bir oba ilaty, onyň ýanyndan başyn ýaýkap salam berip geçip giderdiler
Ogulkeýik eje we Durdymuhammet aganyň agzybir maşgalasy bardy
Olaryň iki ogly bir gyzy bady
Çagalaryny mahir bilen kemela getirdiler.
Olar obada daýhan maşgalasynda ýaşansoň oglanlary mekdebi tamamlap yokary okuw jaýyna gitjek bolyp hem dyzamadylar.Obada galanlaryny kem görmediler
Oglanlary obada karende ýerde pagta ekdiler, bugdaý ekdiler.
Ogulkeýik eje bilen Durdymuhammet aga ýyl ahyrda gowja lomaýja pul gelse ulylarny öýermek we il hataryna goşmagy maksat edinipdi
Öýe gelin gelse elinden işlerin alyp öýe seretse, menem agtyjaklarym alyp doganlaryma aýlamaga gitsem diýip arzuw ederdi
Ýöne hemme zat arzuw edişiň yaly bolaýanok
Günlerde bir gun Ogulkeýik eje bilen Durdymuhammet aga daşky garyndaşlaryň biri ogul öýerýan diýensoň toýa gitdiler
Öýde bolsa üç sany ýaşy ýeten çagalary bolansoň olar arkaýyn gitdiler
Uly ogly Nazar 23 ýaşyndady, ikinji ogly Bazar 20 ýaşyndady a gyzy Aýşat bolsa 17 ýaşyndady
Gyz jigleri doganlarny naharlap öýe ýatmaga gelen jorasyn alyp öz otagyna girip, soňky çykan ýakalar bilen başagaý bolyp daňa golaý ýatdy
Gije doganlarnyň naçede ýatanyny hem bilenokdy. Olar daňdan karende ýerlerini sürdürmek üçin ir turmalydy
Howa bolsa gyş günleri bolansoň gaty sowukdy
Aýşat ýerinden turmaga ýaltansada olary hökman tuzuryp işe yollamalydy. Ol egnine daşda içde geýýan halatyn geýip,doganlary gijä galaýmasyn diýip daňdan alagaraňkyda azan wagty turyp doganlaryny tuzurmak üçin olaryň ýatan otagyna bardy
Işigi naçe kaksada turuzyp bilmedi. Ol sowukda duryp soňa baka gygyryp turuzjak boldy,bolmady
Ahyr bolmajagyn bilip ol işigi açdy
Öýe girip işik agyzda duran çyrany açdy welin,öýden bir güýçli partlama boldy Aýşat işigiň agzyndan atylyp zyňyldy. Otagyň aýnalary çympytrak boldy. Bu güýçli partlama öýde aýnaň öňünde ýatan Bazary hem daşary zyňdy.Howa gaty sowuk bolansoň gije peçi haýallatmak ýadyna düşman ýatan bu iki dogany tebigy gazyñ gurbany boldy otyryberdi
Gije gazyň öçenini hem bilmändirler. Peç hem emeli peç bolansoň, gaz öçüp soň ýanansoň guýçli gaz öýiň içine ýaýrap durup-durupdyr.
Öýiň içini gaz tutypdyr
Aýşadyň işigi açmagy bilen gaz bilen howa alşyp,çyrany ýakanda lampyçka kül bolyp atylyp, öýe ot düşýar Nazar jaýyň içinde galýar
Daňdanky obaň Içiňdäki bu güýçli ýangyn tutyş oba ilatyn örüzdi
Aýşat bilen Bazar badabat jan berdi, emma welin wah emmasy bada Nazar jaýyň içinde galdy ahyry!?
Ot söndürjiler gelýançä jaý mazalyja ýandy.
Ody gowy söndirensoň oba adamlary Nazaryň ýanyp kul bolan bölek sünklerin çöplap bir ýerik üşürdiler, wah ölüm bar ölüm ,ölüm hem bolsa ýagşysyn etsindä hernä Allajanlarym
Şum hawar oba tüweleý dek aýlandy.
Ogulkeýik eje bilen Durdymuhammet aganyň yzyndan maşyn ugradyp toý ýerden alyp geldiler
Olar öýe geldiler ýöne olaň düşen ýagdaýyny söz bilen beýan edere söz ýok .Dünki kaşaň jaý gara köýik bolyp ýatyr, o jaý bilen wah o jaý bilen ilkinji perzenti nowbahar ogly Nazaryň jesedi hem küle öwrüldi

dowamy bar
13
85
0878
04.08.2024 14:45
Biziň bilşimiz ýaly gülmek peýdaly. Alymlaryň anyklamagyna görä gülmek immuniteti güýçlendirýär, aglamak bolsa saglygyňy berkedýär.
Beýik Britaniýada we ABŞ-da gülmek we aglamagyň peýdasy barada işler geçirildi. Işler bir wagtyň özünde iki Uniwersitetde geçirilýär. Amerikada Minnesota we Britaniýada Lankaster atly uniwersitetda geçirilýär. Şol geçirilen işleriň netijesinde aglamak hatda gülmekden hem peýdaly ekenligi hakynda aýdylar.
Aglan adamyň özüni duýuşy 88,8% gowulanýar. Agy adamyň organizmindäki zyýanly suwuklyklary çykarýar we ýürek pristupyny bejerýär, adamy çukur dem almaga mejbur edýär.
Hiç wagt gözleriňizden ajy gözýaş damjalary akmasyn! Gözleriňiz mydama şatlykdan, buýsançdan doly bolsun!!!

Bägül
12
132
0878
04.08.2024 09:20
dowamy
-Biz gürleşmeli diýdim. Ol gaharly:
-Men seniñ bilen gürleşemok diýdi ýanyndaky jorasy "Bu kim?" diýip sorady. Ol bolsa, "Tanamok" diýip jogap berdi. Men onyñ bu jogabyna gaty haýran galdym. Soñ olar "Taksa müneli" boluşyp, ýoluñ gyrasyna ýörediler. Menem yzlary bilen ýöredim. Olar taksi saklap gitmeli ýerini aýtdylar, taksi "Bolýa" diýdi. Menem taksiça, "Menem şo ýere barýan agam" diýip öñüne mündim. Ol gaharly maña seredýärdi. Ine-de umumy ýaşaýyş jaýyna ýetdik. Ol derrew pulyny berip düşüp gitdi. Men pulumy berip düşýänçäm ol eýýäm girip gidipdir. Men oña sms ýazdym, "Men seniñ bilen ýöne gürleşjekdim, telefonyñy alaý, aýtjak zatlarym bar". Jañ etdim ahyry alyp:
-Näme aýtjak bolsañ çalt aýt. Onsoñam ýene ýañky ýaly etseñ, bujagaz günüñdenem dynarsyñ diýdi. Men:
Sen näme üçin meni bagyşlañok. Men senden ötünç soradyma, bilýän günämi, şeý diýmeli däldim bagyşlaýda janym. Ol:
-Ýok bagyşlajak däl, ýogsa-da maña asla jañ etmesene men seni ýigrenýän. Men:
-Ýigrenme janym, maña şans ber. Sen meni söýýäñä. Ol göwünsiz:
-Ýok men seni hijem söýmändim.
Meniñ ýüregim sanjyp gitdi, meniñ söýgülimiñ gürleýşi, özüni alyp barşy gaty ütgäpdir. Men oña:
-Çynyñmy? Men onda iki ýyllap saña aldanyp gezipdirinmi? Ol:
-Hawa şeýle. Men seni ýigrenýän!
Men:
-Näme üçin, sebäbi näme?
Ol:
-Bilemok, men seniñ ýüzüñem göresim gelenok. Seni ýigrenşim ýaly adam ýigrenip görmändim. Seni söýemok. Meni günüme goý. Men adagly!
Soñky aýdan zadyny eşdip gaty erbet boldum. Men:
-Söýmeýän bolsañ näme üçin meni aldadyñ? diýdim. Ol:
-Bilemok men. Seni şeýlebir ýigrenipdirin. Seniñ ýigrenji ýüzüñem göresim gelenok. Meniñ aýagyma çolaşma, meniñ bagtymy ýatyrma. Men seni SÖÝEMOK!
Meniñ kellämde diñe "Nädip" diýen sorag aýlanyp durdy. Men bu zatlaryñ anygyna ýetmeli diýen netijä geldim. Onyñ bir garyndaş jorasy bardy. Men oña kömek etmegni soradym. Ol maña onyñ hakykatdanam adaglanandygny aýtdy. Men ondan kime adaglananyny soradym. Ol garyndaş oglanlañ birinedigini aýtdy. Men ondan şol oglanyñ nomerini bilip bermegni haýyş etdim. Ol "Bolýa, tapan wagtym jañ edern" diýdi. Ertesi gün tapanyny aýtdy we nomerini berdi. Men şol bada ol oglana jañ etdim. Aldy, men:
-Salam Döwlet senmi?
Ol:
-Hawa men. Kim bu?
Men:
-Meni tanamarsyñ dost, adym Nurýagdy. Seniñ bilen görşip bilernmi?
Ol:
-Näme üçin görüşmeli?
Men:
-Erbet niýetim ýok dost. Bir zat hakda gürleşäýjekdim.
Ol:
-Telefonda aýdyber.
M:
-Bolýa. Sen Ogulnury tanaýañmy, ol seniñ nämäñ?
Ol:
-Hawa tanaýan, garyndaşym.
Men:
Hmm, siz ikiñiz adagly diýip eştdim, şo çynmy?
Ol:
-Hawa çyn, sekiz Aý boldy.
Men içimde "Näme, sekiz aý? Men ol wagtlar onyñ bilen aram gowydy ahyryn. Näme üçin maña öñ aýtmadyka?!" diýip gaty geñ galdym. Men:
-Dost men şol gyzyñ söýgülsi. Özem iki ýyl boldy. Sen ondan "söýgüliñ barmy?" diýip soradyñmy?
Ol:
-Hawa soradym, "Ýok" diýdi. Men ony çagalykdan bäri tanaýan.
Men geñ galyp:
Ol saña men barada hiç zat aýtmadymy? Ol seni söýmeýän bolaýmasyn sorap gördiñmi?
Ol:
-Soradym, "Söýýän" diýdi, menem ony söýýän.
Men şeýlebir erbet boldum we oña:
-Dost şo gyzy maña ber, sen maña şu wagt düşineñok, men häzir kyn ýagdaýda.
Ol bolsa:
-Ýogow näme diýäñ? Biz eýýäm guda boldyk. Olam meni, menem ony söýýän.
Meniñ dilim tutylan ýaly bolup, "Bolýa dost Soñ gürleşers" diýip goýdym.
Bu nähili beýle boldy? Öñler men diýip aglap söýüp ýören gyz indi başga adam bolupdyr. Näme üçin meni başda "Söýýän" diýip aldadyka? Ýa çyndanam söýüp, soñ başga zat onyñ üýtgemegne sebäp boldymyka? Onyñ öñki boluşlary meni söýmeýäne meñzänokdy. Menä hiç zada düşünmedim. Nädip beýle boldy? Nädi
15
106