1 bölum
Wah, ýaşlyk ýyllary, ýaşlyk ýyllary, saña dolanjak döwür barmyka?! Ýürekde dörän söýgini diñe ýaşlyk çekip çydaýar.
Onuñ otly alawlaryna döz gelip, gerdeninde göteren adam oña düşünip biler. Günler, aýlar, ýyllar geçer, dowür üýtgär, emma ýürekde dörän söýgi welin üýtgemeýär. Söýgüsine ýetip bilmedik adam üçin durmuşyñ duz-tagamy, lezzeti ýok. Asmanam, aý-günlerem, sähralaram, ähli tebigatam, daglardan şildiräp akýan bulaklaram, al-elwan güllerem söýgä baş egip, söýgüden güýç alýan ýaly, göwnüme"
...Gözel içgepletmelerini nähili daşyna çykaranynam duýman, garamyk gözlerini bir nokada dikip oturdy. Indi ýaş ortalap barýanam bolsa, ýüregindäki yşk ataşy köşeşdirerden agdykdy, ony gaýta-gaýta ýatlamalara gark edýärdi. Göz öñünden surat bolup geçýärdi.
Kakasy Gözel heniz kiçijikkä aradan çykdy. Maşgalanyñ labry Ogulnabat ejäniñ bir özüniñ başyna düşüpdi. Ýöne enäniñ kökenek bolup goran perzentleri ony dilgir etmediler. Edep-terbiýeli, päkize perzentler bolup ýetişdiler. Hersi özbaşyna bir uly maşgala bolup göçüp gitdiler. Ene bolsa öýde körpe gyzy Gözel bilen galdy. Ejesi Gözele haly dokamaga artele işe girmegini ündedi, gyzam ejesiniñ raýyny ýykmady. Gözel haly dokamagy öwrendi. Ol bir kiçijik halyçany öýünde-de ýüwürtdi, işi bilen has ysnyşyp gitdi. Işden boş wagtlary şol halyça güýmendi.
Şol gün gapy kakylanda, ol ejesi bilen nahar iýip otyrdy. Ogulnabat eje gapa ýöneldi. Ejesiniñ:
-Amanmy, oglanlar! Näme habar bilen geldiñiz?-diýip, ýüzleneni Gözeliñ häzirki ýaly ýadynda. Gapyda duran oglanlaryñ ikisi birden:
-Daýza, biz-ä ýaşamaga kireýine jaý gözläp geldik.
Ogulnabat eje kän ikirjiñlemedi.Göwni hiç kireñsiz olary öz öýüne kabul etdi. Oglanlar hem bu maşgala bilen tiz öwrenişip gitdiler. Olaryñ taryh ugrundan okaýany Kakamyrat üçin haly dokalyşy täsin bolup göründi. Ol Gözeliñ ýanyna gelip, onuñ haly dokaýşyny içgin synlady. Ol halyçy gyzyñ elleriniñ çalasynlygyndan gözlerini aýyrman seredýärdi. Bir günem onuñ:
-Gözel, maña-da haly dokamagy öwredäý-dä! -diýip ýüzlenmesi, gyzy geñ galdyrdy:
-Näme?! Heý, oglanam haly dokarmy?!
Kakamyradyñ welin çynydy.
-Ýok, ýok, men oýun edemok. Men gadymy döwürde-de biziñ halyçylarymyzyñ nähili ussat bolandyklaryny öwrenip ýörün. Nagyşlaryny çitip, bu işiñ syrlylygyna düşünesim gelýär. Bu meniñ ylmy işimi has ýeñilleşdirer, täsir eder diýip pikir edýän. Sen maña öwretsene!
Gözel garşy bolup durmady. Kakamyrat, Gözeliñ aýdyşy ýaly, çitimleri gaýtalap gördi. Halyça kiçijik bolansoñ, ikisi birek-birege örän ýakyn oturmaly bolýardylar. Eller ellere galtaşanda, ikisini-de ýyldyrym uran ýaly bolýardy. Heniz ýigit bilen beýle ýakyn oturyp görmedik Gözeli der basyp, başy çaşýardy. Elleri sandyrap gidýärdi. Ýöne Kakamyradyñ hem ýagdaýy onuñkydan ibaly däldi. Gözel bahana edip, aşhana girip, özüni dürsejek bolýardy. Ol özi bilmezden, nämälim duýguny başyndan geçirýärdi. Kakamyradam oba oglany bolansoñ, juda utanjañ. Ýöne ol, näme üçindir, bu halyçadan hiç daşlaşyp bilenokdy.
Dowamy bar