0878
07.08.2024 13:40
kim Kyýas gelendir öýtdi. Mergeni görübem içini çekdi.
- Ertirden bäri daş çykmadyň-la bir gezegem. Häliden bäri saňa garaşdym men. Içiň gysanokmy öýde?
Humaý ýakasyny tutup, oňa git diýdi.
- Kowmasana, seni görmesem ýüregim gysyp, ölüp barýan.
Humaý pyşyrdap gepledi:
- Utanaňokmy biriniň heleýiniň üstüne atalap durmaga... Bar, git, şu ýerden abraýyň barka. Ärim ýatyr öýde.
- Aldama! Ol-a işe gitdi häli. Öýlän bäşden bärde gelmeýä. Bilýän-ä men.
Mergen gapyny iç ýüzünden ýapdy. Arkasyny diwara ýaplady-da, Humaýa çiňerilip seretdi. Humaý dagy nätjegini bilmedi. Ýüzüni kese sowdy. Şunuň ýaly ýagdaý ýüze çykanda näme etmelidigi barada öňünden pikir edip Göwrede çaga galany çyn. Humaý muny Kyýasa ýorganyň aşagynda aýtdy. Gorka aýtdy: - Kyýas! - Hm? - Çaga galypdyr... - Ä?
Näme diýdiň?
Gara-gara, ümmülmez pikirler Kyýasyň ynjalyksyz beýnisinden bada-bat sypyrylaýyp bilmediler. Bilniksiz terk etdiler. Onuň ini jümşüldedi. Begenjinden. Görmese-de Humaý şuny duýdy.
Kyýas:
- Goýsan-aý, çynyňmy? – diýdi. – Çaga galypmy hakyt? Bildirýämi? Hany menem göreýin... Bir gatyja zat ba welin, şumy? Şudur. Bilýädim-ä men. Oglanjykmyka?
- Bilmedim men-ä.
- Oglandyr, men-ä oglan bolsa gowy görjek. Sen?
- Menem.
Kyýas Humaýy gujagyna gysdy. “Oglanjykdyr. Öňünden bilýän-ä men. Çaga galjakdygynam öňünden bildim. Mynam bilýän. Oglanjykdyr. Ine, gör-de duruber, meň diýenim dogry bolar” diýip, düşnüksiz hümürdi bilen aýtdy. Humaý oýkanjyrady:
- Gysmasana gaty. Demim gysýa.
Göwrede çaga galany hak. Sag-salamt ýaşalyp ýörülse, ol Humaýa çeker. Humaýa çekse-de, oglan bolar. Olaryň tohumynda gyz dogurýany seýrek. Şujagaz pikir onuň kalbyna umyt saldy, beýnisine ynjalyk berdi.
- Birden gyzjagaz bolaýsa.. Bu-uw, ejem bilen kakamyň-a gözüne görnübilmen. Birhili görülýä-dä birinji çagaň gyz bolsa. Utanylýamy, nämemi? Seň üçinem şeýlemi?.. Zyýany ýok, gyz bolsa-da. Bir zat bolup dursa boldu-da. Bu gezek gyz bolar, ikinji gezek ogul. Dogry dämi?.. Senem ýöne-e gyz dogrup ýörmersiň-ä. Arasynda... hany entek şuny bir göreli. Belki, Hudaý, ogul bolaýady-da. Süýşsene bärik!
Humaý gyz dogranda-da, oglan dogranda-da tapawudy ýok, onuň kakasy Mergen. Ýöne çaga dil açansoň, Mergene kaka diýmez, Kyýasa diýer. Ähtimal, ol Mergeni tanamazam.
Kyýas bu zatlary bilmez. Humaý bu barada hiç kime hiç zat aýtmaz. Içinde saklar.
Bu syry günä göteren kimin göterip ýörmek oňa biçak gymmat düşer. Ölýänçä ini müňk-müňkde bolar.
Bu syry diňe mähek daşy gizligin saklap biler. Humaý özüni mähek daşyna deňemäge gaýrat tapmady. Ýaýdandy.
Bir syry, ýekeje syry içine sygdyryp bilmese, Humaýyň ojagy ýykylar. Maňlaýgara bolar. Oňa gargarlar. Humaýa hiç kim düşünmez.
Humaý bu syry o dünýä alyp gider. Aýtsa-da, şo taýda aýdar. Magşar gününde. Şondan bärde aýtmaz. Ol äht etdi. “Aýdan günüm taklap janym çykaýsyn” diýdi.
- Humaý!
- Hä?
- Oglan bolsa adyna näme dakarys?
- Waý, bilmedim men-ä. Pikirem etmändirin şony.
- Onda näme dakaly diýsene?! Neme dakaly. Şöhrat dakaýaly, hä?
Gowy ad-a şo?!
- Hawa.
- Wiý, ýa-da Daýanç dakaly. Men-ä gowy görýän şony. Erbet däl-ä. Sen nähili görýäň? Ejem dagam gowy görer şol ady. Ýa bolanokmy?
- Bolýa-la...
- ...Wi-iý, Humaý, birden ekiz oglumyz bolaýsa, hä! Hany elläp göreýin... Ep-eslije bar, how, şü. Ekiz bolaýmasyn?! Bir aýlyk diýdiňmi? Bir aýda şuňňaly bolsa, tüweleme, ganymat, bolubilýä.
Kyýas begenýär. Humaýyň garnyny gaýta-gaýta sypaýar. Häzir onuň gözleri gülýär. Gözedürtme garaňkylygam bolsa, onuň gözleriniň gülýändigini Humaý bilipjik ýatyr. Kyýasyň begenji ýürekden. Ol şu gije uklabam bilmez. Ol kesekiniň çagasyna guwanýar. Özüniňkidir öýdýär. Ol özüni erkek sanyna goşýar. Aýbyny bilmeýär.
Humaý ärini gözli kör saýdy. Onuň betbagtlygyna agysy tutdy. Asyl agladam. Özem ses etmän aglady. Aglan halatyň ses etmek hökmanmy diýsene?!
Ýassykdaşy aglar-da, Kyýas bilmezmi? Bildi. Eginlerini silkip-silkip ýatyşyndan çen tutup bildi. “Samsyjak” diýdi.
- Goý, how, aglabermeli bomy çagam bolýa diýip. Gaýtam begenmeli sen.

dowamy bar
12
103
ayymsha
7 Awgust 2024
Dowamyna garasyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.