0878
06.08.2024 12:53
2-nji bölümi.

Günler kerwen gurap geçýärdi. Gün geçdigiçe juwanlar bir-birege has ýakynlaşýardylar.
Olaryñ ikisi-de tiz halyça münmäge alñasaýardylar. Hamala, haly dokamak olara adatylyk bolup galyberdi. Söýgi, ýaşajyk nahalyñ ýere kök urşy ýaly, gün-günden mäkämleşýärdi. Kakamyrt üçin Ogulnabat eje edil öz ejesi ýalydy, bu zenan hem ony öz ogly ýaly kabul etdi. Ýöne onuñ hiç haçan ene-atasy barada kelam agyz söz açmazlygy ony ünjä goýýardy. Kakamyrat ýalñyz bolsa, sorag bersem, göwnüni agyrdaryn diýip sowal hem bermeýärdi. Bir gün saçak başynda Ogulnabat ejäniñ: "Siziñem-ä gitmeli pursatlaryñyz ýakynlaşýar. Tüweleme, gowy okap, abraý aldyñyz. Indem sag-aman işlemek nesip etsin-dä" diýen sözleri Kakamyrady çuññur oýlara alyp gitdi.
Ogulnabat eje:
-Oglum, näme gaýga batdyñ, eneñ-atañ beri jany sagmy? Sen olar barada hiç wagt söz aýdañok!-diýdi.
Men ýeññemdir agamyñ elinde ösüp-ulaldym...
Kakamyrat şeý diýdi-de, birhili, gussalanyp, ýere bakdy. Öý eýesi sowal berenine ökündi.
-Waý-waý, oglum! Sen gamlanma, hemme adama dokuzy düzüwlik añsat däl. Seni öz oglumdan kem göremok, gelersiñ, gatnaşarys. Meni hakyky ejeñ ýaly göräý!-diýdi.
Ogulnabat eje Kakamyrada mähirli seretdi. Kakamyrat uludan demini alyp, assyrynlyk bilen Gözele gözüni aýlady.. Oglanlar gitdiler, ýöne Gözeliñ hem ýüregini özi bilen alyp gidendigini Kakamyrat duýmaýamyka?! Gidende-de gyza garap, syrly garaýşy bilen: "Wah, Gözel jan, maña beýle bagt ýetdirermikä?! Eger käbäm bolan bolsa, onda maña düşünerdi. Meniñ arzuwlarym boş hyýal bolmasa-da biridir" diýýän ýalydy.Şonda soñ Kakamyratdan habar bolmady. Sebäbi onuñ ýeññedir agasy uzakdady. Ara daşdy. Onuñ özdiýenli agasyna gepini düşündirip biljegi-de gümanady.
Kakamyrat öýlenipdi.
Onuñ ýürek sözüne asla pitiwa hem etmedik agasy Gözel şäher gyzy bolansoñ, oba düzgünine öwrenişmejegini pert aýdypdy. Gözel bu habary daş gulakdan eşidipdi. Gözel hem durmuşa çykdy. Kalbynda hemişe Kakamyrat ýaşaýan hem bolsa, özgäniñ bagtly bolmagy üçin yhlas etdi. Onuñ armanly ýüregi indi 25 ýyl bäri şol başky mähirli garaýyşlary küýsegläp syzlaýar.
Hawa, Gözeliñ özi agtykly, gelinli boldy, sataşan ýigidiniñ göze ilýän kemi görünmese-de, ol birjigem Kakamyradyñ ýürege salan söýgi oduny köşeşdirerden ejizdi. Onuñ mähirden doly uçganaklap duran gözleri, näme üçindir, sowuklaç görünýärdi. Gözel özüni ömürboýy ýalñyz duýdy. Soñ ol çyndanam, iliñ gözi bilenem ýalñyz galdy, ýanýoldaşy bäş onlugy arka atyp, uly maşgalany dökdi-de, ýurduny täzeledi.
Günleriñ birinde täsin bir waka boldy. Howlularyna gelip saklanan ulagdan düşen etli-ganly, ýüzi nurana, saçlaryna ak giren, nätanyş adamy görüp, Gözel doñup galdy. Ol Gözele şunça ýyllar ejir çekdiren, gijeler düýşi, gündizler huşy bolan Kakamyratdy.
Myhmany öýe salan Gözel onuñ diwardaky asylgy duran şo-ol halyçany synlap, ahmyrly gözlerinden gaýdan dür monjugy ýaly ýaşlaryna gyýyldy. Ol ýañadan örtendi. Kakamyradyñ özüni unutmandygyny bilip, şunça ýyllar biderek köýmändigine düşündi. Ol özi üçin dünýäde bir adamyñ, başky söýgüsiniñ, arzuw-armanynyñ bardygyna düşündi. Zenanlyk buýsanjy göwnüni telwaslandyryp, şygyr bolup owazlandy.
Maña goýup baş söýginiñ hesretin,
Nirelere alyp gitdi kysmatyñ?!
Aglaýan bolsañam, gülýän bolsañam,
Bir ýerlerden sesiñ gerdi ahbetin.

Maral Agaýewa
18
101
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.