Dowamy
gyz – diýip ýene güldi.
Humaý ýuwaşdan aýgytly gepledi:
- Bir zar diýdirmejek bolsaň, git, indi, gelneje, şu taýdan.
Nurtäç ýürekgysdyryjy ümsümlik bilen Humaýy ýeke goýup çykyp gitdi.
Humaýyň içi gysdy. Kyýasy küýsedi. “Torsuk ýaly oglanjyk dogursam” diýip arzuw etdi.
Humaý sabryna suw sepdi. Gaýtarma bolup gezilen ýigrimi alty gün welin asyl wagty bilen ötmänjik geçäýdi.
Ýüregi ýarylaýmanka ol Kyýasa gowuşdy.
Göwresinde çaga galmanlygyna-da kän bir gyýylyp durmady. Onuň ýanynda Kyýas bolsa bolýar. Çagadyr-da. Gyssap duran barmy nä?!
Humaý gaýynenesinden ýaşmagyny syrdy welin, olaryň rysgyny aýrylamak bilen boldular. Gaýnatasy bu işiň ugruna atly-ýaragly çykdy. Eýtdi-beýtdi, üçünji gatdan iki otagly jaý alyp berdi.
Täze jaý Humaýa aýratyn ýarady. Bu ýerde ýaşynmak aladaň ýok. Sopbaş özüň.
Her näçe ýüregi gyssa-da, ol gaýynlaryndan aýra ýaşanlaryny kem görmedi. Bu ýürekgysdyryjy ýekelik hemişe onuň başyny alyp durmaz. Basym çagalary bolar. Onsoň oalryň diýeni geler.
Täze jaýda ýedi aý töweregi ýaşanlaryndan soň, Humaýy ünji astynda alyp, göwrede bir düwünçejik emele geldi. Çaga galdy. Ýöne munuň özi birdenkä şeýle bolaýmady. Muňa çenli Humaýyň takaty agram baryny çekdi. Ahyram ýegşerildi.
. 2. Humaý Kyýasa sekiz aýlap çyn aýalyň hyzmatyny etdi. Sekiz aý!
Şunça wagtlap är-aýal bolup ýaşaňsoň, çaga galmasa o nähili bor?! Galjak bolsa, galarça wagt geçd-ä.
Humaýyň kellesine mojuk bir pikir geldi: “Erkegem däldir şu häli görseň”.
Bu pikir onuň ýüregine wehim saldy. Indi çaga dogurman ýaşamalymy? Ölen günüň tabydyňy egnine alyp, ses edere-de biri gerekdir. Sallançakda ýatan ak bäbegi ýanap emdirmek hakyndaky bolsadysy bitmese Humaý-a şu dünýeden gidibilmez. Gidäýse-de, gözüni açyp gider.
Humaý: “Göwnüme getirmäýin-le şuňňaly zady” diýdi. Tersine boldy. Şol mojuk pikire assa-ýuwaş ynamy artdy. Artyp-artyp, mizemez bir zada öwrüldi.
Humaý ýalňyşýan bolmaýyn diýmedi. Diýjekdi. Ynamyna müňkürlik etmäge delil tapmady.
Humaý Kyýasy ýigrenip-de bilmedi. Aslyýetinde ol ärini nämüçin ýigrenmeli? Onuň etmişi näme? Kyýasy Hudaý näletländir. Zürýatsyz ötmegi oňa Hudaýyň özi buýrandyr. Adama şundan çökder jeza berip nätjek?!
Başga birine äre barsa, Humaýyň çagasy bolar. Hökman! Şuňa däl diýip biljek ýok. Kyýasdan welin çaga önmez. Çaga erkek adamdan önýär-ä. Kyýas erkek däl. Kyýas betbagt adam.
Humaýyň ärine nebsi agyrdy.
* * *
Belanyň başlangyjy şu: Bir oglanjyk oňa aşyk boldy. Magazine baryp gelýärkä. Oglanjyk bolup, oglanjygam däl, Kyýasdan uly bolmasa, kiçi däldigi göz-görtele.
Oglan Humaýyň çörekli sumkasyny ýük gördi. “Getir göterşeýin” diýdi. Ýük görmedik bolsa beý diýmezdi. Humaý ýüz bermedi. Öz-özüne: “Bi ýerçeken nirden çykdy, gyz” diýdi. Dagy näderini bilmän, haýsydyr bir düşnüksiz hiňlenmä maýyl boldy.
- Ýaman gowy sesiň bar, aýdymçy bolmaly ekeniň sen.
Humaý dilini dişinden aňyrda saklady. Ýogsa, onuň jogaby taýyndy. “Seň ejeň aýdymçy bolmaly ekeni” diýýämelidi. Diýmedi. Haçana çenli onuň ýaly köçede gezip ýören işsiz bilen darkaş gurup ýörjek?!
Ol öýüne ýetmäge howlukdy.
Ikinji gezek Humaý oglan bilen bir hepdeden soň gabatlaşdy. Zibil döküp gelýärkä. Oglan hapa atylýan bedräni ýük görmedi. Ýük gören bolsa, getir, göterşeýin diýerdi. Diýmedi. Diýäýende-de Humaý oňa bedre götertmezdi.
Oglan adyny aýtdy. “Mergen” diýdi.
- Kim seň adyňy soraýa şumat?!
Oglan sarsmadam.
- Men seň adyňam bilýän. Aýdaýynmy? ...Humaý. Ýaman gowy adyň bar.
Humaý: “Meň adymy nirden bilip ýörkä bi ýerçeken. Masgara janym, biriniň dulunda otyrkam bir haýasyza sataşaýdym-da. Kyýas bilse öldir meni” diýdi.
Ol oglanyň yhlasyny zor gördi.
Mergen Humaýy gürletmäge ilgezik boldy. Pylan ugurdan okaýan, heniz öýlenemok, özüňiz ýaly meniklije maşgala bolsa öýlenäýmek hyýalymam ýok däl diýen ýaly Humaýyň teý gyzyklanmaýan zatlaryny aýdyşdyrdy. Ol welin sesini çykarmady, ne ýagşydan, ne ýamandan.
Ol Mergeni halamady.
Ertesi olar üçünji gezek duşuşdylar. Mergen olaryň göni öýlerine geldi. Günortanlar. Gelşine-de gapyny kakdy. Humaý gapyny sesini çykarman açdy. Kyýas gelendir öýtdi.
Dowamy bar