𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
17.12.2021 13:07
Gije ýatyryn 😴,
dostum jaň edýä 📞:

+ How🙄?

- YouTube VPN-siz bolupdyr🤩

Derrew YouTube a girdim
Görsem çyndanam YouTube VPN-siz bolupdyr
Örän begendim,😀

Soň näme boldy diýýäňizmi 🤔?!

Oýandym 😅
10
227
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
16.12.2021 14:46
Doňdurma (Buzgaýmak) hakynda gyzykly ertekidir bu! Has dogrusy, Porsche'niň maşynlaryndaky ýalňyşlygy wanilýaly doňdurma saýasynda çözüşiniň hekaýasy....


★★★★★★★★★★★★★★★★★★
Paýlaşan: Legend ("Öwrenmeli" agzasy)
★★★★★★★★★★★★★★★★★★

______________
German awtoulag şereketiniň häzir okajagyňyz hekaýasyna haýran galarsyňyz. Waka ýyllar öň bolup geçen bolsa-da, henizem okanlary geň galdyrmagy başarýar.

Müşderi hyzmatlaryna we ulanyjylardan gelen talaplara üns bermegi bilen tanalýan Porsche, 1983-nji ýylda täsin şykaýat haty alýar.

Täze model awtoulaglaryny hödürläninden soň gelen bu hat, Danny Troatman atly bir alyjy tarapyndan ýazylypdyr. Özüni tanadan adam, Porsche markaly awtoulagynyň her agşam gitýäni marketden wanilýaly doňdurma alanynda ýalňyşsyz işleýändigini belläp geçipdir.

Ýöne, haçanda miweli ýa-da şokolatly doňdurma alsa maşyny işlemeýär. Muny birnäçe gezek gaýtalap görýändigini ýöne netijäniň üýtgemeýändigini aýdan Troatmanyň haty firmanyň dykgatyny çekýär.

Derrew herekete geçen firma wakanyň barlanmagy üçin Danny Troatmanyň ýaşaýany New Jerseye bir işçisini iberýär.

Danny Troatman bilen gepleşen işçi, käbir agşam hatyň eýesi bilen şol markede doňdurma almaga gitýär. Maşyn çyndanam wanil tagamly doňdurma alanda işleýär, başga tagamly doňdurma alanda işlemeýär. Wakany çözmäge synanşýan işçi, birnäçe gezek Troatman bilen şol bir zady gaýtalaýar. We ahyr Wanil tagamly doňdurmanyň syryny çözýärler.

Aslynda täze modelleriň sowatma sistemasynda bir problema bar, bu da wanil tagamly doňdurma bilen Porsche arasyndaky baglanyşygy görkezýär.

Has takygy, wanil tagamly doňdurma iň köp satýan görnüşdir, şonuň üçinem wanil tagamly doňdurma satýan ýeriň öňi uzyn nobatdyr (oçur). Troatman nobatda durýarka motoryň yssysy düşýär we maşyn rahatlyk bilen işleýär.


Işçi munuň parhyna barýar we firma muny aýdýar. Firma hödürlän ulaglaryny ýygnap düzeldýär we ýene alyjylara yzyna berilýär.
__________
Ýokarda okanyňyz hekaýa bolan wakadyr.
Paratic.com-dan alyndy we terjime edildi. Soragsyz paýlaşmak gadagan!
10
248
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
04.12.2021 22:31
Dünýäniň iň uly şereketleri barada täsin maglumatlar:

1) Google'da her aý 91.000.000.000 gözleg edilýär we bu san her gün köpelýär.

2) Google sözi googol diýen sandan gelip çykypdyr

3) Samsung ilki başda makaron öndüriji boldy.

4) Samsung sözi "3 ýyldyz" diýen manyny berýär

5) Facebook'yň gurujylary Mark Zuckerberg we
onuň iki sany dosdydyr

6) Facebook'y ösdürmek üçin Mark Zuckerbergiň maşgalasy 82.000 müň dollar harçlady.

7) Dünýäniň iň baý dokuzynjy markasy bolan McDonald's-y, Ilkinji gezek Familýalary McDonald bolan iki dogan çykarypdyr. Soňra 2.700.000 dollara başga biri satyn alypdyr.

8) Dünýäde 40.000-e golaý McDonald's restorany bar.

9) McDonald's restorany ilkinji gezek Gamburger däl-de Sandwiç satypdyr.

10) Adidas markasy, 1990-njy ýyllarda ýalňyş kararlary zerarly çökýärdi.

11) Adidas we Puma markasynyň gurujylary dogandylar. Ýöne ömrüniň ahyrlaryna çenli bir sebäpden uruşyklydylar.

12) Dünýäniň iň baý markasy Amazon, ilki-ilkiler diňe kitap satýardy.

13) Apple-da 300.000 işgäri bar. Muňa geň galmaýanlar bolup biler, ýöne Microsoftda 80.000 Samsungda 95.000 işgäriniň bolandygyny bilseler hökman geň galarlar

14) Apple'iň birinji nyşany Nýutonyň kellesine alma düşýänini şekillendirýär.

15) Hytaýda Apple markasyna garşy Pear atly marka döretdiler.

Okanyňyz üçin sagboluň,
Taýýarlan Legend
6
239
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
01.12.2021 20:20



Degişmeler zynjyry 6: Comic

#31) Myrat kakasy bilen çöle gidýär, ýatmaly wagt bolanda çadyry gurýalar we ýatýalar.
3-4 sagatlardan Kakasy Myrady turuzýar we "ýokara gara näme görýäň" diýýär.
Myrat aýdyp başlaýar:
Millionlarça Ýyldyzy we Aýy görýän, olar örän owadan, aslynda Älem örän uly ýer, biz beýle ullakan...

Kakasy: Samsyk-samsyk gepleme, göreňokmy çadyry ogurlapdyrlar.

365&👑__365&👑__365&👑

#32) Är-aýal gürleşýärmiş

Ä-Ýadyňdamy, geçen gün maňa gymmat öýde ýaşasym gelýär diýdiň,

A-Hawa, ýadymda, ýogsa-da sen..

Ä-Hawa, men öý eýesi bilen gepleşdim, indi öňküden 2 esse köp pul töleýän, şeýdip gymmat öýde ýaşaýarys.

365&👑__365&👑__365&👑

#33) Bir adam kitap dükanyna barýar:

+Salam sizde "Uruşmaýan Erkeklerem bar" atly kitap barmy?

-Bagyşlarsyňyz, erteki kitaby satamyzok.

365&👑__365&👑__365&👑

#34) Bir adam kitap dükanyna barýar:

+Salam sizde "1 günde millioner bolmagyň syrlary" atly kitap barmy?

-Hawa,

___Adam kitaby alýar, içini açsa şeýle ýazgy bar____:

"Mümkin däl zatlary arzuw etmäň!"

365&👑__365&👑__365&👑

#35) Örän hor we örän semiz adam awtobusda gidýär:

Semiz aýdýar: Seni gören gytlyk bar öýder

Hor aýdýar: Seni görenem gytlygyň sebäbini biler

365&👑__365&👑__365&👑

Halan bolsaň 👍🏻 bas!!!



Legendiň ähli postlaryny görmek üçin şu ýere bas
7
348
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
30.11.2021 22:38


Degişmeler zynjyry 5: :)))

#26) Bir adam öljek bolup ýatyrka sorap başlaýar:

+Söýgüli Aýalym, sen ýanymdamy?

-hawa, ýanyňda

+Uly oglum Meret senem ýanymdamy?

-Hawa kaka, ýanyňda

+Aýa güne taý gyzym, senem ýanymdamy?

-Hawa kaka, menem ýanyňda

+Kiçi oglum Myradam ýanymdamy?

-Hawa kaka, menem bärde

+(Gaty sesi bilen) HEMMÄŇIZ ÝANYMDA BOLSAŇYZ DÜKANA KIM GARAÝA?!

♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎

#27) Çaga aglaýarmyş:

-Kakam çekiç bilen elini urdy

+ Sen näme üçin aglaýaň?

-Ilki gülüpdim

♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎

#28) Myrat kakasynyň ýanyna baryp aýdýar:

+Kaka ýadyňdamy?, Sen bir gün maňa
"Kakamyň maşynyny sürýärkäm maşyny urup aldym" diýdiň!

-hawa, ýadymda

+Başga wagt bolsa, "Taryh gaýtalanýar" diýdiň

-hawa, näme boldy?

+Bu günem taryh gaýtalandy.

♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎

#29) Mugallym: Myrat, maňa 10 sany ýyrtyjy haýwan aýt

Myrat: Ýolbars, Gaplaň, Möjek, Aýy, 6 sany Bürgüt

♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎

#30) -Çaýçy, günde näçe çäýnek çaý satýaň,

+ Ortaça 10 sany

- 15 sany satasyň gelýämi?

+Elbetde,

-Onda bulgurlary doly doldur!

Ýylgyran bolsaň 👍🏻 bas



Legendiň ähli postlaryny görmek üçin şu ýere bas
13
568
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
29.11.2021 19:58

Degişmeler😂😂😂

★★★★★★★★★★★★★★★★

Aýaly adamsyndan soraýar:

-Men ölsem näme ederdiň

+Menem ölerdim

-Diýmek sen meni örän söýýäň hä?

+Ýoklaý, söýýänimden däl, begenjimden ölerdim😂😂😂

★★★★★★★★★★★★★★★★★

Mugallym: Ikiýüzli diýip kimlere aýdylýar

Myrat: Okuwa gülerýüzli gelen okuwçylara😂😂😂

★★★★★★★★★★★★★★★★★

Halan bolsaň 👍🏻 bas
10
314
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
27.11.2021 08:15
Ýazgy pozuldy

8
567
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
25.11.2021 00:19
Salam agzalar👋🏻

Men her hepde, hepdäniň dowamynda paýlaşylan degişmelerden, iň köp like alanyny, iň köp teswirlini, hem-de iň köp okalanyny saýlap, size görkezmekçi, belki indiki postlar köp ses getirse, degişmesi çykanlara kiçijik baýrak hem beriler👍🏻

Bu hepdäniň iň köp like alan degişmelerini okamak üçin, aşakdaky çyzykdan soň ýazylan sözleriň üstüne basyp bilersiňiz👇🏻
______________________________________

1-nji orun, Iň köp like alan

Salam orun Iň köp teswirli

3-nji orun Iň köp okalan
______________________________________

Degişmeler diňe bir orna eýe bolup biler.

Eger şeýle ýaryşlaryň geçirilip durmagyny isleseňiz teswirlerde belläň
11
604
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
24.11.2021 19:31
°°°°


❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁

İnsan hiç görmek için gözlerini kapatır mı?
Ben kapatıyorum.
Onu rüyamda 10 saniye görebilmek için,
Uykuya kapatıyorum gözlerimi…
Ama bu sefer sonsuzluğa kapatıyorum gözlerimi,
Dindirebilmek için sonsuza kadar özlemimi…

❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁

Dostluk dediğin güzel bir kitap
Hava gibi
Su gibi
Ekmek gibi
Vazgeçilmez bir tad
Sonuna kadar dayanmak şart
Dostluk dediğin eşsiz bir kitap
Sevmediğin sayfaları varsa atla
Sayfayı kökünden yırtmak şart mı

❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁❁

üstüne bas
9
244
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
24.11.2021 18:00
🤣👉𝙳𝚎𝚐ェş𝚖𝚎𝚕𝚎𝚛 𝚣𝚢𝚗𝚓𝚢𝚛𝚢 4: Gülesiň gelýämi?
_____________________
Dünýäniň iň gülkünç degişmesi we beýleki gülküli degişmeler:
_______________________________
21. Myrat we Batyr aw awlamaga çykýar. Birden Myrat ýere ýykylýar, Batyr ilki Myrady turuzjak bolýar, ýöne turuzyp bilmänsoň derrew lukmana jaň edýär. Lukman Batyra "Ilki öldümi, ölmedimi anyk bilmeli" diýýär, Batyram "bolýa, 5 minut garaşyň" diýýär we
tüpeňi bilen Myrady atýar, soňra "öldi, indi näme etmeli" diýip lukmandan soraýar...
_____________________
22. Kiçijik köşejik ejesinden soraýardy, ejesi jogaplaýardy:

+Eje, biziň boýunlarymyz näme üçin uzyn?

-ÇÖLDE ýetişýän otlary rahatlyk bilen iýmek üçin

+Eje, Biziň näme üçin örküçlerimiz bar?

-ÇÖLDE suwsuzlyga çydamak üçin

+Eje, biz näme üçin beýle iri?

-ÇÖLDÄKI gumly şemallara garşy duryp bilmek üçin

+Eje, men bir zada düşünemok

-Nämä düşüneňok

+Biziň Aşgabat Zoo parkynda näme işimiz bar...
_______________________
23. Bir adam pulsuzlykdan gedaýçylyk edip başlaýa:

+ Haýyş edýän adamlar şu LAL'a bir manat
________________________________
24. Bir gün adamsy gülüp otyrmyş, aýaly soraýar, adamsy jogap berýär:

+ Näme üçin gülüp dursuň,

- Goňşymyz Meretlere lotodan 1.000.000 manat çykypmyş,

+Munuň nämesi gülkünç

- Gülme goňşyňa, geler başyňa diýýäler, belki meniň başymada geler.
_______________________
25. Bir gün Ahmet restoranda otyrka dosdy Gadam gelip Ahmediň kofesini içýär we "gowmy dost?" diýip soraýar.
Ahmet birden aglap başlaýar. Gadam köşeşdirmek üçin "Nätdiňäý dos?!, Diňe kofeňi içdim, puly näme bolsa tölarin" diýýär. Soňra Ahmet "düşüneňok" diýýär we sözüni dowam edýär "Bu gün giç turanym üçin işe giç galdym, başlyk meni kowdy, öýe gaýdýarkam maşynymy başga biriniň maşynyna urup aldym, maşyn görer ýaly bolmady, öýe gaýdamda aýalymyň maňa ikilik edýänini gördüm, soňra zäher alyp kofe gardym, onam sen içdiň...

Dowamy bar...
12
398