🤣👉𝙳𝚎𝚐ェş𝚖𝚎𝚕𝚎𝚛 𝚣𝚢𝚗𝚓𝚢𝚛𝚢 4: Gülesiň gelýämi?
_____________________
Dünýäniň iň gülkünç degişmesi we beýleki gülküli degişmeler:
_______________________________
21. Myrat we Batyr aw awlamaga çykýar. Birden Myrat ýere ýykylýar, Batyr ilki Myrady turuzjak bolýar, ýöne turuzyp bilmänsoň derrew lukmana jaň edýär. Lukman Batyra "Ilki öldümi, ölmedimi anyk bilmeli" diýýär, Batyram "bolýa, 5 minut garaşyň" diýýär we
tüpeňi bilen Myrady atýar, soňra "öldi, indi näme etmeli" diýip lukmandan soraýar...
_____________________
22. Kiçijik köşejik ejesinden soraýardy, ejesi jogaplaýardy:
+Eje, biziň boýunlarymyz näme üçin uzyn?
-ÇÖLDE ýetişýän otlary rahatlyk bilen iýmek üçin
+Eje, Biziň näme üçin örküçlerimiz bar?
-ÇÖLDE suwsuzlyga çydamak üçin
+Eje, biz näme üçin beýle iri?
-ÇÖLDÄKI gumly şemallara garşy duryp bilmek üçin
+Eje, men bir zada düşünemok
-Nämä düşüneňok
+Biziň Aşgabat Zoo parkynda näme işimiz bar...
_______________________
23. Bir adam pulsuzlykdan gedaýçylyk edip başlaýa:
+ Haýyş edýän adamlar şu LAL'a bir manat
________________________________
24. Bir gün adamsy gülüp otyrmyş, aýaly soraýar, adamsy jogap berýär:
+ Näme üçin gülüp dursuň,
- Goňşymyz Meretlere lotodan 1.000.000 manat çykypmyş,
+Munuň nämesi gülkünç
- Gülme goňşyňa, geler başyňa diýýäler, belki meniň başymada geler.
_______________________
25. Bir gün Ahmet restoranda otyrka dosdy Gadam gelip Ahmediň kofesini içýär we "gowmy dost?" diýip soraýar.
Ahmet birden aglap başlaýar. Gadam köşeşdirmek üçin "Nätdiňäý dos?!, Diňe kofeňi içdim, puly näme bolsa tölarin" diýýär. Soňra Ahmet "düşüneňok" diýýär we sözüni dowam edýär "Bu gün giç turanym üçin işe giç galdym, başlyk meni kowdy, öýe gaýdýarkam maşynymy başga biriniň maşynyna urup aldym, maşyn görer ýaly bolmady, öýe gaýdamda aýalymyň maňa ikilik edýänini gördüm, soňra zäher alyp kofe gardym, onam sen içdiň...
Dowamy bar...