Degişmeler zynjyry 5: :)))
#26) Bir adam öljek bolup ýatyrka sorap başlaýar:
+Söýgüli Aýalym, sen ýanymdamy?
-hawa, ýanyňda
+Uly oglum Meret senem ýanymdamy?
-Hawa kaka, ýanyňda
+Aýa güne taý gyzym, senem ýanymdamy?
-Hawa kaka, menem ýanyňda
+Kiçi oglum Myradam ýanymdamy?
-Hawa kaka, menem bärde
+(Gaty sesi bilen) HEMMÄŇIZ ÝANYMDA BOLSAŇYZ DÜKANA KIM GARAÝA?!
♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎
#27) Çaga aglaýarmyş:
-Kakam çekiç bilen elini urdy
+ Sen näme üçin aglaýaň?
-Ilki gülüpdim
♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎
#28) Myrat kakasynyň ýanyna baryp aýdýar:
+Kaka ýadyňdamy?, Sen bir gün maňa
"Kakamyň maşynyny sürýärkäm maşyny urup aldym" diýdiň!
-hawa, ýadymda
+Başga wagt bolsa, "Taryh gaýtalanýar" diýdiň
-hawa, näme boldy?
+Bu günem taryh gaýtalandy.
♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎
#29) Mugallym: Myrat, maňa 10 sany ýyrtyjy haýwan aýt
Myrat: Ýolbars, Gaplaň, Möjek, Aýy, 6 sany Bürgüt
♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎♕︎
#30) -Çaýçy, günde näçe çäýnek çaý satýaň,
+ Ortaça 10 sany
- 15 sany satasyň gelýämi?
+Elbetde,
-Onda bulgurlary doly doldur!
Ýylgyran bolsaň 👍🏻 bas
Legendiň ähli postlaryny görmek üçin şu ýere bas