𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
16.12.2021 14:46
Doňdurma (Buzgaýmak) hakynda gyzykly ertekidir bu! Has dogrusy, Porsche'niň maşynlaryndaky ýalňyşlygy wanilýaly doňdurma saýasynda çözüşiniň hekaýasy....


★★★★★★★★★★★★★★★★★★
Paýlaşan: Legend ("Öwrenmeli" agzasy)
★★★★★★★★★★★★★★★★★★

______________
German awtoulag şereketiniň häzir okajagyňyz hekaýasyna haýran galarsyňyz. Waka ýyllar öň bolup geçen bolsa-da, henizem okanlary geň galdyrmagy başarýar.

Müşderi hyzmatlaryna we ulanyjylardan gelen talaplara üns bermegi bilen tanalýan Porsche, 1983-nji ýylda täsin şykaýat haty alýar.

Täze model awtoulaglaryny hödürläninden soň gelen bu hat, Danny Troatman atly bir alyjy tarapyndan ýazylypdyr. Özüni tanadan adam, Porsche markaly awtoulagynyň her agşam gitýäni marketden wanilýaly doňdurma alanynda ýalňyşsyz işleýändigini belläp geçipdir.

Ýöne, haçanda miweli ýa-da şokolatly doňdurma alsa maşyny işlemeýär. Muny birnäçe gezek gaýtalap görýändigini ýöne netijäniň üýtgemeýändigini aýdan Troatmanyň haty firmanyň dykgatyny çekýär.

Derrew herekete geçen firma wakanyň barlanmagy üçin Danny Troatmanyň ýaşaýany New Jerseye bir işçisini iberýär.

Danny Troatman bilen gepleşen işçi, käbir agşam hatyň eýesi bilen şol markede doňdurma almaga gitýär. Maşyn çyndanam wanil tagamly doňdurma alanda işleýär, başga tagamly doňdurma alanda işlemeýär. Wakany çözmäge synanşýan işçi, birnäçe gezek Troatman bilen şol bir zady gaýtalaýar. We ahyr Wanil tagamly doňdurmanyň syryny çözýärler.

Aslynda täze modelleriň sowatma sistemasynda bir problema bar, bu da wanil tagamly doňdurma bilen Porsche arasyndaky baglanyşygy görkezýär.

Has takygy, wanil tagamly doňdurma iň köp satýan görnüşdir, şonuň üçinem wanil tagamly doňdurma satýan ýeriň öňi uzyn nobatdyr (oçur). Troatman nobatda durýarka motoryň yssysy düşýär we maşyn rahatlyk bilen işleýär.


Işçi munuň parhyna barýar we firma muny aýdýar. Firma hödürlän ulaglaryny ýygnap düzeldýär we ýene alyjylara yzyna berilýär.
__________
Ýokarda okanyňyz hekaýa bolan wakadyr. Paratic.com-dan alyndy we terjime edildi. Soragsyz paýlaşmak gadagan!
10
248
ideallider
19 Dekabr 2021
Hehe awtorluk hukuga hormat goýup başlapsyň🤗👍
Älem
16 Dekabr 2021
👍.....
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
16 Dekabr 2021
👍👍👍👍👍👏👏👏👏👏
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
16 Dekabr 2021
D.S, edip bolýan bolsa 𝐄𝐟𝐬𝐨 etseňä
Melikee
16 Dekabr 2021
Men -ä sen "Öwrenmelini" udalit edensiň öýtdim.😂Bar ekeniňä .
Myhman Myhman
16 Dekabr 2021
Like saña menden
𝐑𝐨𝐯𝐚☘︎
16 Dekabr 2021
D.S, adymy üýtgedip bilermiň
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.