Degişmeler zynjyry 6: Comic
#31) Myrat kakasy bilen çöle gidýär, ýatmaly wagt bolanda çadyry gurýalar we ýatýalar.
3-4 sagatlardan Kakasy Myrady turuzýar we "ýokara gara näme görýäň" diýýär.
Myrat aýdyp başlaýar:
Millionlarça Ýyldyzy we Aýy görýän, olar örän owadan, aslynda Älem örän uly ýer, biz beýle ullakan...
Kakasy: Samsyk-samsyk gepleme, göreňokmy çadyry ogurlapdyrlar.
365&👑__365&👑__365&👑
#32) Är-aýal gürleşýärmiş
Ä-Ýadyňdamy, geçen gün maňa gymmat öýde ýaşasym gelýär diýdiň,
A-Hawa, ýadymda, ýogsa-da sen..
Ä-Hawa, men öý eýesi bilen gepleşdim, indi öňküden 2 esse köp pul töleýän, şeýdip gymmat öýde ýaşaýarys.
365&👑__365&👑__365&👑
#33) Bir adam kitap dükanyna barýar:
+Salam sizde "Uruşmaýan Erkeklerem bar" atly kitap barmy?
-Bagyşlarsyňyz, erteki kitaby satamyzok.
365&👑__365&👑__365&👑
#34) Bir adam kitap dükanyna barýar:
+Salam sizde "1 günde millioner bolmagyň syrlary" atly kitap barmy?
-Hawa,
___Adam kitaby alýar, içini açsa şeýle ýazgy bar____:
"Mümkin däl zatlary arzuw etmäň!"
365&👑__365&👑__365&👑
#35) Örän hor we örän semiz adam awtobusda gidýär:
Semiz aýdýar: Seni gören gytlyk bar öýder
Hor aýdýar: Seni görenem gytlygyň sebäbini biler
365&👑__365&👑__365&👑
Halan bolsaň 👍🏻 bas!!!
Legendiň ähli postlaryny görmek üçin şu ýere bas