❤GÜLHANYYM❤
❤GÜLHANYYM❤
12.01.2023 19:56
Ýitirdim Gitdiñ bu gün ykbalymdan sowrulyp Seni saklamana ýetmedi güýjüm. Dünýäm galdy öz başyma ýumrulyp, Ýitirdim umydym,utuldy bijäm. Kim diñlär ýüregmiñ zarynja sesin? Söndi arzuwlarym,çöken
❤GÜLHANYYM❤
26.12.2022 23:53
O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da,
Şeýlemikä bagtly günleñ ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi göýä
Tüpeňden atylyp çykan ok ýaly.

Köňül - ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.

Häzir meň şeýle bir sussum pes, hatda
Aglara agy ýok, gülere gülki.
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm özümki.

Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,
Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp,
Iň oňat ýerinde oýanan ýaly.
13
61
❤GÜLHANYYM❤
21.12.2022 19:31
Сиз гуйчли ягыш ягян гунинде,озинизин 2 адамлык машыныныз билен гидип барярсыныз.Онуниздаки дуралгада 3 адам-гарры яшулы,сизи олумден гутаран лукман,сизин копден бари танышмак ислап йорен гызыныз дур.Сиз бу 3 адамдан дине бирини улагыныза мундирип халас эдип билярсиниз.Сиз хайсыны халас эдердиниз?Надип 3-нинем говнини тапмалы?
19
387
❤GÜLHANYYM❤
21.12.2022 18:55
-Bilýäñmi,ol tüýs aklyndan azaşan,
Her günde jañ etýär on-on bäş ýola.
Hasabyn ýitirýän SMS-leñ-ä,
Edil şol dereje söýmelem däl-ä!

Her gezegem öwýär söz gutarýança,
Taryp etýär şahyrlardan zyýada.
Ýa-ha ol öñdenem şahyr bolmaly,
Ýa-da şony indi düwýär hyýala.

Her jañ her SMS eredip barýar,
Nädip beýle tapyp bilýär ugrumy?
Düşünýän,söýendir,ýöne söýse-de,
Edil beýdäýmeli däl-ä,dogrumy?

Diýip,gyz bir boýdaşynyñ ýanynda,
Irginsiz aşykdan şikaýat etdi.
Şikaýat etdi-de gysymyndaky,
Telefona umyt bilen seretdi.

Hatda düýşüne-de girdi şol zatlar,
Düýşünde-de diýdi:"Beýdäýmek bormy?"
Aýdylanlañ bary hyýal bolsa-da,
Oña gyzyñ özem ynanan borly!
21
115
❤GÜLHANYYM❤
07.11.2022 21:29
ÝAGŞY SÖÝÝÄN

Ýagsana ýene-de,uly ses edip!
Ýüzüm tutup seniñ bilen aglaýyn.
Geçen günlerimiñ gujagna gidip,
Bir pursatjyk ýaşlygymda galaýyn.

Misli ýagýan deýin,senli ýatlama,
Her damjasy ýüregimi dilip dur.
Goý dilse dilsin-le,dahyl zadym ýok,
Meni taşlap,kalbyñ bilen gezip ýör.

Ezileýin,şonda meni gorama!
Köşeşdirme,getirme-de gahary.
"-Näme derdiñ bar?"diýibem sorama,
Duýgularmy ýa:şa ezdiñ ahyry.

Ýagsana ýene-de,uly ses edip!
Ýüzüm tutup seniñ bilen aglaýyn.
Dymmaja dünýämi bir az terk edip,
Gara bulutlañda durman galgaýyn.

21:07
14
133
❤GÜLHANYYM❤
29.10.2022 22:22
EJEJAN!

Ejejan,ýene-de göresim geldi!
Şeýlebir küýsedim ýyly gujaññy,
Özgeleñ barlygy maña bilinmez,
Hiç zat tutup bilmez seniñ ýeriñi.

Ejejan,şeýlebir göresim geldi!
Mähriñi duýýaryn melhem sesiñde,
Öýkelejik gyzyñ ýene aglaýa,
Çete çykyp boýdaşlarnyñ deñinden.

Ejejan,şeýlebir göresim geldi!
Gül ýaglygñy ysgap-ysgap doýamok,
Bir pursat garşymda dikeläý eje!
Özgelerde hiç bir mähir duýamok.

Başymy sypasa mylaýym eliñ,
Uka gitsem gujagyñda ebedi.
Bu dünýäde,menden başga bagtly ýok,
Durmuş meni eleginde eledi.

22:15
17
100
❤GÜLHANYYM❤
01.10.2022 22:20
27
147
❤GÜLHANYYM❤
01.10.2022 18:18
32
162
❤GÜLHANYYM❤
❤GÜLHANYYM❤
01.10.2022 17:12
Diňle ynsan sypat!: “Daňdan dünýä inip agşam namazynda dünýeden ötýän adamlar bar. Güýçli, kuwwatly, paýhasly we dilewarsyň, ýöne nirede we nädip ulanmalydygyny bilmeseň, säher şemaly uçup gaýyp
❤GÜLHANYYM❤
❤GÜLHANYYM❤
07.09.2022 21:51
ENE ÝÜREGI Şu ömrüme göz ýetirdim bir zada, Iň ullakan ýürek ene ýüregi. «Balam» diýip, kaýyl geler bar zada, Şol ene ýüregi, ene ýüregi. Oglanlykda öte geçip hemmämiz, Aşyk bilen, yşk bilen gümra