❤GÜLHANYYM❤
26.12.2022 23:53
O günler şeýle bir tiz geçdi ýa-da,
Şeýlemikä bagtly günleñ ykbaly?
O günler şeýle bir tiz geçdi göýä
Tüpeňden atylyp çykan ok ýaly.

Köňül - ganatlary gyrylan guş deý,
Uçmaga hiç ýana edenok meýil.
Ol ajaýyp günler şeýle tiz geçdi,
Üstümden garlawaç kölgesi deýin.

Häzir meň şeýle bir sussum pes, hatda
Aglara agy ýok, gülere gülki.
Ýatlamalar galdy o günler hakda,
Ýürek sende galdy, göwräm özümki.

Şol şat günler hasrat bolup bu beýnä
Guýulyp, aklym has goýalan ýaly,
Gezip ýörün bir ajaýyp düýş görüp,
Iň oňat ýerinde oýanan ýaly.
13
61
gulshatayewa97
27 Dekabr 2022
Waheý..
Myhman Myhman
27 Dekabr 2022
Haladm👍👍👍
okayjy
26 Dekabr 2022
Yatlamalar galdy o gunler hakda....👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.