-Bilýäñmi,ol tüýs aklyndan azaşan,
Her günde jañ etýär on-on bäş ýola.
Hasabyn ýitirýän SMS-leñ-ä,
Edil şol dereje söýmelem däl-ä!
Her gezegem öwýär söz gutarýança,
Taryp etýär şahyrlardan zyýada.
Ýa-ha ol öñdenem şahyr bolmaly,
Ýa-da şony indi düwýär hyýala.
Her jañ her SMS eredip barýar,
Nädip beýle tapyp bilýär ugrumy?
Düşünýän,söýendir,ýöne söýse-de,
Edil beýdäýmeli däl-ä,dogrumy?
Diýip,gyz bir boýdaşynyñ ýanynda,
Irginsiz aşykdan şikaýat etdi.
Şikaýat etdi-de gysymyndaky,
Telefona umyt bilen seretdi.
Hatda düýşüne-de girdi şol zatlar,
Düýşünde-de diýdi:"Beýdäýmek bormy?"
Aýdylanlañ bary hyýal bolsa-da,
Oña gyzyñ özem ynanan borly!