❤GÜLHANYYM❤
07.11.2022 21:29
ÝAGŞY SÖÝÝÄN

Ýagsana ýene-de,uly ses edip!
Ýüzüm tutup seniñ bilen aglaýyn.
Geçen günlerimiñ gujagna gidip,
Bir pursatjyk ýaşlygymda galaýyn.

Misli ýagýan deýin,senli ýatlama,
Her damjasy ýüregimi dilip dur.
Goý dilse dilsin-le,dahyl zadym ýok,
Meni taşlap,kalbyñ bilen gezip ýör.

Ezileýin,şonda meni gorama!
Köşeşdirme,getirme-de gahary.
"-Näme derdiñ bar?"diýibem sorama,
Duýgularmy ýa:şa ezdiñ ahyry.

Ýagsana ýene-de,uly ses edip!
Ýüzüm tutup seniñ bilen aglaýyn.
Dymmaja dünýämi bir az terk edip,
Gara bulutlañda durman galgaýyn.

21:07
14
133
ay_kiz_
8 Noýabr 2022
🥰🥰🥰🥰🥰
Myhman Myhman
7 Noýabr 2022
Yagysy gormegem bagt bolly inni.yagsa hakykam gosgu gosdurya😍
Девушка.
7 Noýabr 2022
Menä haladym 👏👏👏.
moonlight
7 Noýabr 2022
Oran gowy bolupdyr berekella👍. Su gun gosgyda aydylysy yaly yagysda ezilip yoruyse cykdym. Okap yadyma dusdi
Archi
7 Noýabr 2022
Berekella....menem gowy görýän ýagşy....
❤GÜLHANYYM❤
7 Noýabr 2022
Serwi,Я)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.