ENE ÝÜREGI
Şu ömrüme göz ýetirdim bir zada,
Iň ullakan ýürek ene ýüregi.
«Balam» diýip, kaýyl geler bar zada,
Şol ene ýüregi, ene ýüregi.
Oglanlykda öte geçip hemmämiz,
Aşyk bilen, yşk bilen gümra biz,
Nirde bolsak ýanymyzda hemramyz,
Şol ene ýüregi, ene ýüregi.
Balasynyň dyrnagna-da maýyldyr,
Seniň üçin barja zada kaýyldyr,
Şirin janyn bermäge-de taýyndyr,
Şol ene ýüregi, ene ýüregi.
Ynjydaýsaň, ötülmejek ýa:zykdyr,
Keramatly kitapda-da ýazykdyr,
Hem-ä mertdir, hemem juda näzikdir,
Şol ene ýüregi, ene ýüregi.