Ýaş şahyr 97
18.07.2023 20:25

Ýa Ýaradan Kadyr Allam

Gözledim bagtym tapmadym.

Medet bergin Jepbar Allam,

Gözledim bagtym tapmadym.


Ilki   söýgüm       taşlap gitdi,

Özgäň göwnün hoşlap gitdi.

Neçün  gözüm  ýaşlap gitdi.

Gözledim bagtym tapmadym.


Ýenede ýapyşdym güle,

Tiken bolup, çümdi  ele,

Durmuş gurdy özge bile,

Gözledim bagtym tapmadym.


Söýenme ýetip bilmedim

Golundan tutup bilmedim

Lebinden öpüp bilmedim

Gözledim bagtym tapmadym.


Asyl ýüregi päk ýaly,

Özgeden ýeketäk ýaly,

Bilmedim soňra zäk ýaly

Gözledim bagtym tapmadym.



Ýa bagt ýazmadyňmy Taňrym

Bärimden  köpmüdir     aňrym

Hangeldi   köpdürle    gaýgyň.

Gözledim bagtym tapmadym.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

17
42
Ýaş şahyr 97
03.07.2023 14:19

Synag üçin geldik, ýalançy dünýä,

Iman gazanmaklyk, derkardyr munda.

Kime wepa berdi, talaňçy dünýe,

Haka daýanmaklyk, derkardyr munda.


Çyn dostuň, ýüregiň, dertleşip bilseň,

Özge çekişjek ýok, bagryňy dilseň,

Ýamanlyk edip, il gözüne ilseň,

Toba eýlemeklik, derkardyr munda.


Namazy, kalp päklige, uý başarsaň,

Aýal netin, ýaşlykda duý başarsaň,

Yzyňda ýagşy at, goý başarsaň,

Zekat paýlamaklyk, derkardyr munda.


Eý, ynsan men-menlik har eder seni,

Nazar sal, Reb, ýokdan, bar eder seni,

Ýetimi ynjytma, zar eder seni,

Garyp sylamaklyk, derkardyr munda.


Garyp nana zardyr, ýeke dogana,

Duşman degmez eken, köplük bolana,

Ene - atasyz sarylyp solana,

Güler ýüz bermeklik, derkardyr munda.


Garrylyk nahaldyr, ýaşlyk derekdir,

Ozaldan ynsana edep gerekdir,

Pyragym, ýoluňdan ýazýan seýrekdir,

Hangeldi, ýazmaklyk, derkardyr munda.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

18
53
Ýaş şahyr 97
03.07.2023 14:17

Kimiň nähili arzuwy bar we kim şol eden arzuwyna ýetdi? Jogabyňy paýlaş

14
122
Ýaş şahyr 97
30.06.2023 13:37

Salam hemmäňize mekdepde iň gowy görýän sapaňňyz haýsy we haýsy boldy?Hökman jogap ýazyň!

39
404
Ýaş şahyr 97
23.06.2023 03:11

Üstüňden güler görüpler,

Öýde  agzybirlik     ýitse.

Salamyň  almaz garyplar,

Öýde    agzybirlik    ýitse.


Toýuňda çatmaň boş bolar,

Ýasyňda  dostuň  daş bolar,

Süýthorlar  saňa   baş bolar,

Öýde     agzybirlik        ýitse.


Hudaý  gargan  ýaly  borsuň,

Goýun  sürüň   maly  borsuň.

At     aýagnyň,   naly   borsuň.

Öýde      agzybirlik        ýitse.


Baýlygyňdan  nyşan  galmaz,

Doganyň   hem  ýada salmaz,

Myhman ýeriň, saçak ýazmaz,

Öýde       agzybirlik          ýitse.


Maşgalaň dargar her ýana,

Agyr şikes, ýeter jana,

Kimden geler kömek saňa,

Öýde agzybirlik ýitse.


Hangeldi Hudaýdan dile,

Muhammet Pygamber bile,

Ýüz bolmaz çykara ile,

Öýde agzybirlik ýitse.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

18
58
Ýaş şahyr 97
10.06.2023 13:10

Üstüňden güler görüpler,

Öýde agzybirlik ýitse.

Salamyň almaz garyplar,

Öýde agzybirlik ýitse.


Toýuňda çatmaň boş bolar,

Ýasyňda dostuň daş bolar,

Süýthorlar saňa baş bolar,

Öýde agzybirlik ýitse.


Hudaý gargan ýaly borsuň,

Goýun sürüň maly borsuň.

At aýagnyň, naly borsuň.

Öýde agzybirlik ýitse.


Baýlygyňdan nyşan galmaz,

Doganyň hem ýada salmaz,

Myhman ýeriň, saçak ýazmaz,

Öýde agzybirlik ýitse.


Hangeldi Hudaýdan dile,

Muhammet Pygamber bile,

Ýüz bolmaz çykara ile,

Öýde agzybirlik ýitse.

12
47
Ýaş şahyr 97
02.06.2023 16:48

1: söýgi

2: Bolan waka

3: Öwüt-nesihat.

11
117
Ýaş şahyr 97
27.04.2023 20:44

Pyragym seret bu dünýä,

Ynsan derde duçar boldy.

Synamyz mazarda galyp,

Jan asmana uçar boldy.


Är köpeler, geňeş güni,

Hany pälwan, göreş güni,

Mert ýigitler, söweş güni,

Ganym görse, gaçar boldy.


Hatynda uýat galmady,

Gyzlarda zynat galmady,

Dillerde gybat galmady,

Kişiň syryn, açar boldy.


Baý maksady, baýlyk bilen,

Garyp günlik, aýlyk bilen,

Hassa bolsa, saglyk bilen,

Bu dünýeden, göçer boldy.


Ölümden heder edenler,

Myhmana hödür edenler,

Özgäni peder edenler,

Dillen şerin, saçar boldy.


Hangeldi hakykat sözle,

Piriňden ylhamyň gözle,

Saýlan käriň, soňun çözle,

Kimler aňsyz, öçer boldy.


Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

12
23
Ýaş şahyr 97
26.04.2023 12:43

Ýalňyşymy düzetmäge,

Il- günim, gerek siz maňa.

Täze goşgy, döretmäge,

Il-günim, gerek siz maňa.


Duşman daşym, gurşap alsa,

Meni öçmez, oda salsa,

Juwan kalbym, ýalňyz galsa,

Il-günim, gerek siz maňa.


Bir nahaly ekişmäge,

Hassa wagtym ýetişmäge,

Tabyt öňün çekişmäge,

Il-günim, gerek siz maňa.


Dogan gerek, bäş bolmaga,

Hyjuw gerek, ýaş bolmaga,

Toý-tomgada, baş bolmaga,

Il-günim, gerek siz maňa.


Arzuwym kändir sözlesem,

Pyrag ýoluny yzlasam,

Ejizläp haraý gözlesem,

Il-günim, gerek siz maňa.


Hangeldi, il-günsiz oňmaz,

Oňsada, aý-güni dogmaz,

Dost-ýarsyz ýaşaýyş bolmaz,

Il-günim, gerek siz maňa.


Ýaş şahyr: Hangeldi Orazmyradow.


9
50
Ýaş şahyr 97
25.04.2023 23:20
Käbämi aglatdyň perwaýsyz ýere
Durmuş gurup, soňra terk eden söýgüm.
Bilmedim, bagtym dolanarmy ýene,
Durmuş gurup, soňra, terk eden söýgüm.

Söýüşip, halaşyp, toýumyz etdik,
Sowky sapa sürüp maksada ýetdik,
Bu gün, herrimiz, aýry ýola gitdik.
Durmuş gurup, soňra, terk eden söýgüm.

Ýaradan, şatlygmyza, şatlyk. goşdy,
Bir gyzjagaz eçilip, bize joşdy.
Aramyza haýynlaň gepi düşdi,
Durmuş gurup, soñra, terk eden söýgüm.

Çagalar öýünde, maňa söwdüňiz,
Ýaş kakanyň, ýaş ýüregni döwdüňiz,
Gyzymy kakasyz, ýetim goýduňyz,
Durmuş gurup, soňra, terk eden söýgüm.

Gyzymy görkezmän, gizläp sakladyň,
Günämi aýtman, özüňi akladyň,
Maşgalaň mukaddes, borjun hakladym
Durmuş gurup, soñra terk eden söýgüm.

Goşuñ düwüp gitdiň, ataň öýüne,
Bilmedim, ne söwda, düşdi küýüňe,
Indi gelseňem, girmersiň törüme,
Durmuş gurup, soñra terk eden söýgüm.

Mendekäñ çekmediñ sütem-jepany,
Köp gördüň özüňe, zowky-sapany,
Hangeldi aýdar, ýakdyňla Wepany,
Durmuş gurup, soňra terk eden gelin.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow
18
42